Siz Hudaýyň görkezmesini görýärmisiňiz?
BEÝLE ahwalaty ne ysraýyllylar görüpdi, ne-de müsürliler. Ysraýyllylar Müsürden çykanda, bulut sütüni olar bilendi. Gijesine ol ot sütüni bolup durýardy. Ol örän haýbatly görünýärdi! Bu sütün nireden peýda boldy? Onuň maksady nämedi? Ondan bäri 3 500 ýyl geçse-de, biz ysraýyllylaryň «ot we bulut sütünine» bolan garaýşyndan näme öwrenip bileris? (Müs. çyk. 14:24).
Hudaýyň Sözünde sütüniň nireden we näme maksat bilen peýda bolandygy şeýle düşündirilýär: «Reb olaryň öňünden ýol görkezip, gündizine bulut sütüni bolup, gijesine bolsa ot sütüni bolup, olaryň ýollaryny ýagtyldýardy. Şonda olar gündiz hem, gije hem ýol ýöräp bilýärdiler» (Müs. çyk. 13:21, 22). Ýehowa Hudaý ot hem bulut sütüni arkaly halkyny Müsürden çykaryp, çölde ýol görkezdi. Olar sütüniň yzyna eýermäge hemişe taýyn bolmalydylar. Müsür goşuny Hudaýyň halkynyň yzyndan ýetdim-ýetdim diýende, bulut sütüni olaryň arasynda durup, ysraýyllylary gorapdy (Müs. çyk. 14:19, 20). Sütün olary göni ýoldan alyp barmasa-da, Wada edilen diýara ýetmek üçin, ysraýyl halky onuň görkezen ýolundan ýöremelidi.
Ysraýyllylar bulut sütünini görüp, Ýehowanyň öz aralaryndadygyny bilýärdiler. Ýehowa halky bilen käte sütün arkaly gepleşýärdi (San. 14:14; Zeb. 99:7). Şeýle-de Ýehowa bulut arkaly öz halkyna baştutan edip Musany belledi (Müs. çyk. 33:9). Bulut soňky sapar peýda bolanda, Musa derek Ýeşuw bellenilipdi (Kan. tag. 31:14, 15). Hawa, ysraýyllylar Müsürden sag-aman çykmak üçin Hudaýyň aýdyň görkezmesine eýermelidiler.
Olar Hudaýyň görkezmesini görmediler
Ysraýyllylar sütüni ilkinji sapar görenlerinde, olarda Hudaýa hormat we gorky dörän bolmaly. Gynansak-da, olar şeýle gudraty her gün görseler-de, Ýehowa ýürekden bil baglamagy öwrenip bilmediler. Olar telim sapar Hudaýyň görkezmesine garşy gitdiler. Olar yzyndan ýetip gelýän müsürli esgerleri görende, Ýehowanyň halas etjekdigine ynanmadylar. Gaýtam, Hudaýyň wepaly gullukçysy Musany aýyplap, ol «bizi çölde ölmegimiz üçin alyp gaýtdy» diýdiler (Müs. çyk. 14:10—12). Olar Gyzyl deňzinden geçenden soň, iýere-içere zat ýok diýip, Musa, Haruna we Ýehowa igendiler (Müs. çyk. 15:22—24; 16:1—3; 17:1—3, 7). Birnäçe hepde geçip-geçmänkä, olar Haruny altyn göle ýasamaga yrdylar. Oýlanyp görüň, ysraýyllylar düşelgäniň bir çetinde Müsürden çykaran Ýehowanyň gudratyny, ýagny ot we bulut sütünini görüp durlar, beýleki çetinde bolsa, jansyz buta sežde edip: «Eý Ysraýyl, ynha, sizi Müsürden çykaran hudaýlaryňyz şudur» diýişýärler. Gör, nähili äsgermezçilik! (Müs. çyk. 32:4; Neh. 9:18).
Ysraýylyň turzan pitnesi olaryň Ýehowanyň görkezmesini asla sylamaýandygyny aýan etdi. Olaryň gözleri bardy, emma ruhy taýdan kördüler. Olar sütüni görseler-de, Ýehowanyň ol arkaly görkezme berýändigini unutdylar. Olar «Ysraýylyň Mukaddesini ynjatdylar». Ýöne Ýehowa şonda-da rehimdarlyk edip, Wada edilen diýara çenli şol sütün arkaly görkezme berdi (Zeb. 78:40—42, 52—54; Neh. 9:19).
Hudaýyň şu günki görkezmesi
Şu günler hem Ýehowa halkyny aýdyň görkezmesiz goýmaýar. Ol ysraýyllylara Wada edilen diýara özüňiz ýol tapyp baryň diýmedi. Bize-de täze dünýä özüňiz baryň diýmeýär. Ýehowa bize ýol görkezmek üçin Isa Mesihi ýygnagyň Başy edip belledi (Mat. 23:10; Efes. 5:23). Isa Mesih mesh edilen mesihçilerden ybarat bolan sadyk hyzmatkär arkaly ýygnaga gözegçilik edýär. Sadyk hyzmatkär bolsa her bir ýygnaga ýaşululary belleýär (Mat. 24:45—47; Titus 1:5—9).
Biz sadyk hyzmatkäri, ýagny iş dolandyryjyny nädip tanap bileris? Isa Mesih ony şeýle suratlandyrdy: «Wagtly-wagtynda hyzmatkärlere nahar paýlaryny bermek üçin, agasynyň olaryň üstünden goýan sadyk hem akylly iş dolandyryjysy kim? Agasy gelende, onuň şeýle edip ýörenini görjek hyzmatkäri ne bagtly!» (Luka 12:42, 43).
Hawa, iş dolandyryjy hyzmatkär «sadyk», ol Ýehowa, Isa, Mukaddes Ýazgylardaky hakykata we Hudaýyň halkyna dönüklik etmän, wepalylygyny görkezýär. Şeýle-de iş dolandyryjy hyzmatkär «akylly», bu onuň «Patyşalyk baradaky... Hoş Habary» wagyz etmek we «bütin milletlerden şägirt» taýýarlamak işine paýhasly ýolbaşçylyk edýändigini görkezýär (Mat. 24:14; 28:19, 20). Bu hyzmatkär peýdaly we ýokumly ruhy iýmiti «wagtly-wagtynda» paýlaýar. Ýehowanyň sadyk hyzmatkärden razydygyny şu zatlardan görse bolýar: halkynyň köpelmegine pata berýär, wajyp meseleleri çözmäge görkezme berýär, Mukaddes Ýazgylary çuňňur düşünmäge kömek edýär, bütin halkynyň ölmegine ýol bermeýär we kalbymyza rahatlyk berýär (Iş. 54:17; Flp. 4:7).
Hudaýyň görkezmesine eýeriň
Biz Hudaýyň görkezmesine minnetdarlygymyzy nädip görkezip bileris? Pawlus resul: «Ýolbaşçylaryňyzyň sözüne gulak asyň... tabyn boluň» diýdi (Ýew. 13:17). Elbetde, bu hemişe aňsat däl. Aýdaly, sen Musanyň döwründe ýaşaýarsyň. Birnäçe wagt ýol sökenden soň, sütün çadyryň depesinde saklanýar. Ol näçe wagt saklanarka? Bir günmi? Bir hepdemi? Bir aýmy? Şonda sen: «Men ähli goşumy çykarsammykam?» diýersiň. Emma birnäçe gün geçýär, sen gerekli zadyňy tapmak üçin ähli goşuňy çykarýarsyň. Ýöne sen ähli zadyňy çykaryp, tertipleşdireniňden soň, sütün çadyryň üstünden göterilýär. Indi sen goşuňy täzeden ýygnamalysyň. Elbetde, bu ýeňil iş däl! Şeýle ýagdaýda ysraýyllylar «dessine ýola düşerdiler» (San. 9:17—22, TD).
Hudaý görkezme berende biz näme edýäris? Biz ony «dessine» berjaý etmäge çalyşýarysmy ýa-da öňki endigimize görä ýaşaýarys? Biz Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirende, daşary ýurt dilinde gepleýän adamlara wagyz edende, maşgala okuwy geçirilende, keselhana bilen bagly komitet bilen işleşende we kongreslerde özümizi alyp barmak babatda berlen görkezmä eýerýärismi? Eger biz berlen maslahaty kabul etsek, Ýehowanyň görkezmesine minnetdardygymyzy bildireris. Bir wajyp meseläni çözmeli bolanda-da, biz öz düşünjämize daýanman, Ýehowanyň we onuň guramasynyň berýän görkezmesini agtararys. Tupan turanda çaganyň kakasy bilen ejesinden pena gözleýşi ýaly, biz hem dünýäniň kynçylyklary üstümize abananda, Ýehowanyň guramasyndan gorag gözlemeli.
Elbetde, Ýehowanyň ýerdäki guramasyna gözegçilik edýän doganlar kämil däl. Musa-da kämil däldi. Ýöne şonda-da, ot hem bulut sütüni Musany Hudaýyň belländigini we ondan razydygyny görkezýärdi. Üns beren bolsaňyz, başga ýere haçan göçmegi ysraýyllylaryň özi çözmändir. Bütin halk «Rebbiň Musa arkaly berýän buýruklaryny berjaý etdiler» (San. 9:23). Megerem, ysraýyllylara ýola düşmegi Hudaýyň wekili Musa aýdan bolsa gerek.
Şu günler hem Ýehowanyň iş dolandyryjysy bize haýsy tarapa ýola düşmelidigimizi aýdýar. Nädip? Meselem: «Garawul diňi», «Hudaýa gullugymyz», täze edebiýatlar we kongresler arkaly. Şeýle-de ýygnaklara hatlar, aýlanýan gözegçiler we jogapkär doganlar üçin gurnalan mekdepler arkaly görkezme berilýär.
Sen hem Hudaýyň görkezmesini görýärmiň? Şu soňky günlerde, Şeýtanyň howply çöle meňzeýän zalym dünýäsinde, Ýehowa bize guramasy arkaly ýol görkezýär. Şol sebäpli Hudaýyň gullukçylary biri-birini söýüp, agzybirlikde we howpsuzlykda ýaşaýar.
Ysraýyl halky Wada edilen diýara ýetende, Ýeşuw şeýle diýdi: «Hudaýyňyz Ýehowanyň size aýdan ähli ýagşy sözleriniň ýerine ýetendigini bütin ýüregiňiz we janyňyz bilen bilýärsiňiz, olaryň bary ýerine ýetdi» (Ýeşuw 23:14). Hudaýyň häzirki halky hem ýer ýüzünde boljak täze dünýäni hökman miras alar. Munuň üçin her birimiz Hudaýyň görkezmesine kiçigöwünlilik we höwes bilen eýermeli. Geliň, Ýehowanyň görkezmesini hemişe göreliň!