Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/5 sah. 21—25
  • Hudaýyň akyldarlygy çuňdur!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýyň akyldarlygy çuňdur!
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowanyň maksady
  • Pygamberlik edilen nesil hakynda Ýehowanyň maksady
  • Patyşalygyň «ruhanylary»
  • Göçme manydaky zeýtun agajy
  • «Tutuş Ysraýyl gutular»
  • Zeýtun agajy baradaky mysal
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2019
  • Çapylan agaç ýene gögerermi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/5 sah. 21—25

Hudaýyň akyldarlygy çuňdur!

«Hudaýyň baýlygy, akyldarlygy, bilimi çuňdur! Onuň hökümleri akyla sygmaz, ýollary bilinmezdir!» (RIM. 11:33).

1. Suwda çokundyrylan mesihçiler nähili iň uly hormata eýe?

SIZ nähili iň uly hormata eýedigiňizi bilýärsiňizmi? Ilki bilen, käbir borçlaryňyz we nähili hormata mynasyp bolandygyňyz barada oýlanyň. Emma suwda çokundyrylan mesihçiler üçin ýeke-täk hak Hudaý Ýehowa bilen ýakyn gatnaşykda bolmak iň uly hormat. Şol sebäpli Ýehowa-da bizi «tanaýar» (1 Kor. 8:3; Gal. 4:9).

2. Näme üçin Hudaýy tanamak we Ýehowa tarapyndan tanalmak uly hormat?

2 Näme üçin Hudaýy tanamak we Ýehowa tarapyndan tanalmak uly hormat? Sebäbi ol bütin Älemde diňe bir iň wajyp Şahsyýet bolman, eýsem, söýýän adamlaryny hem goraýar. Naum pygamber şeýle diýdi: «Ýehowa ýagşydyr, ol muşakgat gününde galadyr. Oňa sygynýanlary, ol tanaýar» (Nah. 1:7; Zeb. 1:6). Biz ebedi ýaşaýyş sylagyny almak üçin hak Hudaýy we onuň iberen Ogly Isa Mesihi tanamaly (Ýahýa 17:3).

3. Hudaýy tanamak näme?

3 Hudaýy tanamak üçin diňe onuň adyny bilmek ýeterlikli däl. Biz ony Dost ýaly tanamaly we gowy görýän hem ýigrenýän zatlaryny bilmeli. Biz alan bilimimize görä ýaşasak, Hudaýy tanaýandygymyzy görkezeris (1 Ýahýa 2:4). Emma, hakykatdanam, Ýehowany tanamak islesek, bizden ýene-de bir zat talap edilýär. Biz onuň diňe bir edýän işlerini däl, eýsem, nädip we näme üçin edýänini bilmeli. Biz Ýehowanyň niýetlerine näçe gowy düşündigimizçe, şonça-da «onuň akyldarlygyna» haýran galarys (Rim. 11:33).

Ýehowanyň maksady

4, 5. a) Mukaddes Ýazgylardaky «maksat» diýen söz nämäni aňladýar? b) Nädip birnäçe usul bilen maksada ýetip bolýandygyny mysal arkaly düşündiriň.

4 Ýehowa maksatly Hudaý we Mukaddes Ýazgylara görä, onuň ebedi «maksady» bar diýilýär (Efes. 3:10, 11). Maksat diýen söz näme aňladýar? Mukaddes Ýazgylarda «maksat» diýen söz birnäçe usul bilen ýetilýän belli bir maksady ýa-da niýeti aňladýar.

5 Aýdaly, bir adam öý gurmakçy bolýar. Ol öýi nädip gurmalydygynyň birnäçe usulyny we nähili gurluşyk materiallary ulanmalydygyny bilýär. Öýi gurup başlanda, duýdansyz, gerekli materiallary gutarýar we ol başga materiallary ulanmaly bolýar. Ol ulanýan materialyny üýtgetse-de, jaýy gurup gutaryp, maksadyna ýetýär.

6. Ýehowa maksadyny amala aşyryp bilýändigini nädip görkezdi?

6 Ýehowa ebedi maksadyny amala aşyrmak üçin gurluşykçy ýaly uly özgerişler edýär. Ol ynsanyň erkinligini göz öňünde tutup, maksadyna ýeter ýaly özgerişikler etmäge taýyn. Mysal üçin, wada edilen nesil babatda nädip maksadyny amala aşyrandygyna seredeliň. Başda Ýehowa Adam ata bilen How enä: «Örňäp, köpelip, ýer ýüzüni dolduryň we oňa eýeçilik ediň» diýdi (Gel. çyk. 1:28). Erem bagynda turan pitne Ýehowanyň maksadynyň amala aşmagyna päsgel berdimi? Ýok, bermedi! Ýehowa bu ýagdaýa derrew çäre görüp, maksadyny amala aşyrmagynyň başga «usulyny» tapdy. Ol pitneçileri ýok etjek «nesliň» peýda boljagyny pygamberlik etdi (Gel. çyk. 3:15; Ýew. 2:14—17; 1 Ýahýa 3:8).

7. Biz Müsürden çykyş 3:14-de Ýehowanyň özi barada aýdan sözlerinden näme bilýäris?

7 Ýehowa dörän ýagdaýa görä, özi barada aýdan sözleri boýunça maksadyny amala aşyrdy. Musa pygamber Ýehowanyň beren ýumşuny berjaý etmäge päsgel berjek zatlar hakynda aýdanda, Hudaý oňa: «Men kim bolmak islesem bolaryn. Ysraýyllylaryň ýanyna baryp: «Meni siziň ýanyňyza kim bolmak islese, bolup bilýän iberdi» diýip aýt» diýdi» (Müs. çyk. 3:14, TD). Hawa, Ýehowa maksadyny doly amala aşyrmak üçin kim bolasy gelse, bolup bilýär! Muny Pawlus resul Rimlilere ýazan hatynyň 11-nji babynda gowy mysal arkaly düşündirýär. Ol ýerde Pawlus resul göçme manydaky zeýtun agajy barada aýdýar. Bu mysala seretsek, gökde ýa-da ýerde ýaşamaga umyt edýändigimize garamazdan, Ýehowanyň akyldarlygyna minnetdarlygymyz artar.

Pygamberlik edilen nesil hakynda Ýehowanyň maksady

8, 9. a) Zeýtun agajy hakyndaky mysala düşünmäge bize haýsy dört zat kömek edýär? b) Haýsy soragyň jogaby Ýehowanyň islegini paýhasly amala aşyrýandygyny aýan edýär?

8 Zeýtun agajy hakyndaky mysala düşünmek üçin, Ýehowanyň maksadynyň amala aşmagy bilen bagly pygamberlik edilen nesil babatda dört zady bilmeli. Birinjiden, Ýehowa Ybraýyma: «Ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesilleriňden pata alarlar» diýdi (Gel. çyk. 22:17, 18). Ikinjiden, Ybraýymdan dörän ysraýyl halky patyşalygyň «ruhanylary» bolmalydy (Müs. çyk. 19:5, 6). Üçünjiden, ysraýyllylaryň köpüsi Mesihi inkär edende, Ýehowa patyşalygyň «ruhanylaryny» saýlamak üçin başga ädimler ätdi (Mat. 21:43; Rim. 9:27—29). Iň soňy Isa Ybraýymyň esasy nesli bolsa-da, başga adamlar hem nesle degişli bolmak hormatyna mynasyp boldy (Gal. 3:16, 29).

9 Biz bu esasy dört zada esaslanyp, Ylham kitabyndan 144 müň adamyň gökde Isa bilen patyşa we ruhany bolup höküm sürjekdigini bilýäris (Ylh. 14:1—4). Şeýle-de olara «Ysraýyl ogullary» diýilýär (Ylh. 7:4—8). Ýöne 144 müň adamlaryň ählisi ysraýyl halkyndanmy? Bu soragyň jogaby Ýehowanyň ýagdaýy göz öňünde tutup, maksadyny amala aşyryp bilýändigini görkezýär. Geliň, Pawlus resulyň Rimlilere ýazan hatynyň bu soraga nähili jogap berýändigine seredeliň.

Patyşalygyň «ruhanylary»

10. Ýehowa ysraýyl halkyny näme üçin goraýardy?

10 Ýokarda aýdylyşy ýaly, Ýehowa diňe ysraýyl halkyny «ruhanylar... mukaddes halk» etmek üçin goraýardy (Rimliler 9:4, 5-nji aýatlary okaň). Emma wada edilen Nesil gelende näme boldy? Ybraýymyň nesline degişli 144 müň ruhy ysraýyllylaryň ählisi ýewreýlerden bolarmy?

11, 12. a) Gökdäki Patyşalyga adamlar haçan saýlanyp başlandy we şol wagt ýewreýleriň köpüsi çakylyga nähili seslendi? b) Ýehowa Ybraýymyň nesliniň sanyny nädip «tamamlady»?

11 Rimliler 11:7—10-njy aýatlary okaň. Birinji asyrda ýewreýler Isany inkär etdiler. Şol sebäpli, Ybraýymyň nesli diňe ýewreýlerden saýlanmady. Emma gökdäki patyşalygyň «ruhanylary» b. e. 33-nji ýylynda saýlanyp başlanda, käbir hudaýhon ýewreýler çakylygy kabul etdiler. Tutuş ysraýyl halky bilen deňeşdireniňde, bu birnäçe müň ýewreýlere «galyndy» diýse bolar (Rim. 11:5).

12 Ybraýymyň nesliniň sanyny Ýehowa nädip «tamamlar»? (Rim. 11:12, 25). Pawlus resul bu soraga nähili jogap berendigine üns beriň: «Bu Hudaýyň sözi ýalana çykdy diýmek däldir. Sebäbi Ysraýyldan bolanlaryň bary ysraýylly däldir. Ybraýymyň neslinden bolsalar-da, hemmesi onuň perzendi däldir... ýagny ten boýunça Ybraýymyň perzendi bolanlar Hudaýyň perzendi däl, eýsem wada arkaly perzent bolanlar nesil diýip hasaplanýandyr» (Rim. 9:6—8). Şol sebäpli, Ýehowa Ybraýymyň nesline degişli bolmak üçin ten boýunça onuň neslinden bolmagy talap etmeýär.

Göçme manydaky zeýtun agajy

13. a) Zeýtun agajy, b) onuň köki, ç) düýbi, d) baldagy näme aňladýar?

13 Pawlus resul Ybraýymyň neslinden bolanlary göçme manydaky zeýtun agajynyň baldaklaryna meňzedýära (Rim. 11:21). Oňat zeýtun agajy Ybraýymyň ähti babatda Hudaýyň niýetiniň amala aşmagyny aňladýar. Agajyň köki mukaddes we ol ruhy Ysraýyla ýaşaýyş berýän Ýehowany aňladýar (Iş. 10:20; Rim. 11:16). Agajyň düýbi Ybraýymyň esasy nesli Isany aňladýar. Aýratyn baldaklar bolsa, Ybraýymyň nesline degişli adamlaryň doly sanyny aňladýar.

14, 15. Oňat zeýtun agajynyň «döwlen» baldaklary kim we oňa kim sapyldy?

14 Zeýtun agaç baradaky mysalda, Isany inkär eden ýewreýler, «döwlen» baldaklara meňzedilýär (Rim. 11:17). Şeýdip, olar Ybraýymyň nesli bolmak mümkinçiligini ýitirdiler. Ýewreýlere derek kimler saýlandy? Bu soragyň jogaby ten boýunça Ybraýymyň neslinden bolan ýewreýleri haýran galdyran bolmaly. Emma çokundyryjy Ýahýa olara Ýehowa islese, daşlardan-da Ybraýyma perzent ýaratmagy başarýandygyny bireýýäm duýdurypdy (Luka 3:8).

15 Ýehowa maksadyny nädip amala aşyrdy? Pawlus resul ýabany zeýtun agajynyň baldaklary oňat zeýtun agajynyň «döwlen» baldaklaryna derek sapylandygyny aýdýar (Rimliler 11:17—18-nji aýatlary okaň). Şol sebäpli, Rimdäki ýygnagyň mesh edilen mesihçileriniň käbiri göçme manydaky zeýtun agajyna sapylypdy. Şeýdip, olar Ybraýymyň nesli boldy. Başda olar ýabany zeýtun agajynyň baldaklary bolany üçin, Ybraýymyň ähtine degişli däldiler. Emma Ýehowa olara ruhy Ysraýyl bolmaga ýol açdy (Rim. 2:28, 29).

16. Petrus resul täze ruhy ysraýylyň döreýşini nädip düşündirdi?

16 Petrus resul täze ruhy ysraýylyň döreýşini şeýle düşündirdi: «Bu gymmat zat (Isa Mesih) siz (ruhy ysraýyl, şol sanda ýewreý däl mesihçiler) iman edenler üçindir, ýöne iman etmedikler üçin: «Ussalaryň taşlan daşy burç daşy, «büdreme daşy, taýma gaýasy boldy». . . Emma siz özüňizi tümlükden ajaýyp nuruna çagyran Hudaýyň şöhratly işlerini yglan etmäge saýlanan nesil, Patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz. Siz bir wagtlar halk däldiňiz, ýöne şindi Hudaýyň halkysyňyz; rehime gowuşmandyňyz, ýöne şindi gowuşdyňyz» (1 Pet. 2:7—10).

17. Ýehowa «tebigatyň tersine» näme etdi?

17 Ýehowa köp adamlaryň asla garaşmadyk zadyny etdi. Pawlus resul Ýehowanyň eden işini «tebigatyň tersine» diýip düşündirdi (Rim. 11:24). Bu nädip beýle boldy? Ýabany zeýtun agajynyň baldagynyň oňat zeýtun agajyna sapylmagy tebigy däl ýaly görünse-de, I asyrda käbir daýhanlar şeýle edýärdib. Ýehowa hem üýtgeşik zat etdi. Ýewreýleriň garaýşyna görä, ýewreý däl adamlar, gowy miwe berip bilmeýärdi. Emma Ýehowa olary Patyşalygyň miwelerini öndürjek «milletiň» agzalary etdi (Mat. 21:43). B. e. 36-njy ýylynda ilkinji sünnetlenmedik Korneliusyň mesh edilmeginden başlap, sünnetlenmedik ýewreý däl adamlaryň ählisine göçme manydaky zeýtun agajyna sapylmaga mümkinçilik berildi (Res. iş. 10:44—48)c.

18. B. e. 36-njy ýylyndan soň ýewreýleriň nähili mümkinçiligi bardy?

18 B. e. 36-njy ýylyndan soň, ýewreýleriň Ybraýymyň nesline degişli bolmaga mümkinçiligi bolmadymy? Ýok, beýle däl. Pawlus resul: «Olar (ýewreýler) hem imansyzlykda galmasalar, täzeden sapylarlar; çünki Hudaý olary sapmagy başarýandyr. Çünki sen tebigaty boýunça ýabany zeýtun agajyndan kesilip, tebigatyň tersine, oňat zeýtun agajyna sapylan bolsaň, bu tebigy baldaklar öz zeýtun agaçlaryna has gowy sapylar!» diýdi (Rim. 11:23, 24).

«Tutuş Ysraýyl gutular»

19, 20. Ýehowanyň maksadyny amala aşyrjakdygyny göçme manydaky zeýtun agajynyň mysaly nädip görkezýär?

19 «Hudaýyň Ysraýyly» babatda Ýehowanyň niýeti gudrat arkaly amala aşdy (Gal. 6:16). Pawlus resul: «tutuş Ysraýyl gutular» diýdi (Rim. 11:27). Ýehowanyň anyk bellän wagtynda «tutuş Ysraýyl», ýagny ruhy Ysraýylyň doly sany gökde patyşalar, ruhanylar bolup, gulluk eder. Ýehowanyň maksadynyň amala aşmagyna hiç zat päsgel berip bilmez!

20 Pygamberlik edilişi ýaly, Ybraýymyň neslinden — Isa Mesih bilen 144 müň adamlardan ýer ýüzüniň ähli «milletler» pata alar (Rim. 11:12; Gel. çyk. 22:18). Şeýdip, Hudaýyň halkynyň ählisi Isa Mesih we mesh edilenler arkaly bereket tapar. Dogrudan-da, biz Ýehowanyň ebedi maksadyny nädip amala aşyrýandygyna seredip, «Hudaýyň baýlygy, akyldarlygy, bilimi çuňdugyna» haýran galýarys (Rim. 11:33).

a Zeýtun agajy ysraýyl halkyny aňlatmaýar. Ysraýyl halkynda patyşalar we ruhanylar bolsa-da, bu halk patyşalygyň «ruhanylary» bolmady. Musanyň kanunyna görä, ysraýylyň patyşalaryndan ruhanylar bellenilmeýärdi. Şol sebäpli, zeýtun agajy ysraýyl halkyny aňlatmaýar. Pawlus bu mysal arkaly patyşalygyň «ruhanylary» babatda Hudaýyň niýeti nädip ruhy Ysraýylda berjaý boljakdygyny görkezýär. Pawlusyň bu mysaly öň 1983-nji ýylyň 15-nji awgustynda çykan «Garawul diňiniň» (rus.) 14—19-njy sahypalarynda düşündirildi.

b «Näme üçin ýabany zeýtun agajyň baldaklary sapylýar?» diýen bukja seret.

c Üç ýarym ýylyň ahyrynda ýewreýlere täze dörän ruhy Ysraýylyň agzalary bolmaga mümkinçilik berildi. Bu 70 ýyllyk hepde hakyndaky pygamberlikde öňünden aýdylypdy (Dan. 9:27).

Ýadyňyzdamy?

• Biz Ýehowanyň maksadyny amala aşyrýandygyndan näme öwrendik?

• Rimliler kitabynyň 11-nji babyndaky...

zeýtun agajy

onuň köki

düýbi

baldaklary näme aňladýar?

• Sapmak näme üçin «tebigatyň tersine» gelýär?

[24-nji sahypadaky çarçuwa]

Näme üçin ýabany zeýtun agajyň baldaklary sapylýar?

▪ Lusiý Kolumella b. e. I asyrynda ýaşan rim esgeri we daýhanydy. Ol ýurdunyň ýaşaýşy we ekerançylygy hakynda 12 kitap ýazyp, meşhur boldy.

Ol bäşinji kitabynda şeýle gadymy nakyly ýazýar: «Kiçiräk zeýtun tokaýyň ýerini sürýän adam — miwäni dileýär, dökün dökýän — miwe barada ýalbarýar, ownuk şahalaryny kesýän — miwe alýar».

Şeýle-de ol gülläp, miwesi dökülýän zeýtun agajy barada şeýle maslahat berýär: «Agaç has köp miwe berer ýaly, onuň düýbüni gural bilen deşip, ýabany zeýtun agajyň gök şahalaryny oňa berk daňmaly»

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş