Kämil ýolbaşçy Isa Mesihe eýeriň
YNSAN ýolbaşçylaryna eýerýän adamlar köplenç lapykeç bolýar. Emma Isa Mesihiň ýolbaşçylygyna tabyn bolýan adamlar lapykeç bolmaýar. Isa şeýle diýdi: «Eý argynlar, agyr ýüklüler, Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin. Meniň boýuntyrygymy dakynyň-da, Menden öwreniň; çünki Men mylaýym hem pes göwünlidirin, janlaryňyz dynçlyk tapar» (Mat. 11:28, 29). Isanyň ýolbaşçylygy adamlara dynçlyk berýär hem ruhlandyrýar. Ol garamaýak we ezilen adamlar barada ýürekden alada edip, olary boýuntyrygyny dakynmaga çagyrýar. Isanyň ýolbaşçylygyna eýermek näme aňladýar?
Petrus resul: «Mesih hem Öz yzyny alyp götermegiňiz üçin görgi görüp, size bir nusga galdyrdy» diýdi (1 Pet. 2:21). Näme üçin Isanyň yzyna eýermek wajyp? Aýdaly, ýaşaýan ýeriňizde ençeme adam we siz agyr käselläp, keselhana düşdüňiz. Emma bir lukman keseliňizi bejerip biljekdigini aýdýar. Siz onuň her bir maslahatyny ünsli diňläp, berjaý edersiňizmi? Biz hem gelejekde halas bolmak üçin, Isanyň göreldesine eýermeli. Şeýle-de biz Isanyň wekilleriniň görkezmesine gulak asmaly, berjaý etmeli we olar bilen işleşmeli.
Diňlemek we berjaý etmek
Isa Dagdaky wagzyny şeýle sözler bilen jemledi: «Men bu sözlerimi eşidip, olary berjaý edýän kişini öýüni gaýanyň üstünde salan akylly adama meňzedýärin. Ýagyş ýagyp siller geldi, ýeller öwsüp ol öýe urdy, emma öý ýykylmady, çünki ol gaýanyň üstünde gurlupdy» (Mat. 7:24, 25).
Isa sözlerini diňläp, berjaý edýän adama «akylly» diýýär. Biz Isanyň sözlerine ýürekden gulak asyp, oňa hormat goýup, gadyryny bilýändigimizi görkezýärismi ýa-da özüňe berjaý etmek aňsat we amatly bolan Isanyň tabşyryklaryny saýlaýarysmy? Isa: «Men hemişe Oňa (Ýehowa) ýaraýan zatlary edýärin» diýdi (Ýahýa 8:29). Geliň, Isanyň göreldesine eýermäge çalşalyň.
Birinji asyrda resullar Isanyň ýolbaşçylygyna tabyn bolup, ajaýyp görelde görkezdiler. Bir gezek Petrus Isa: «Ine, biz ähli zadymyzy taşlap, Seniň yzyňa düşdük» diýdi (Mar. 10:28). Hakykatdan-da, resullar Isanyň ýolbaşçylygyny şeýle wajyp hasaplaýardylar welin, ähli zadyny taşlap, onuň yzyna eýerdiler (Mat. 4:18—22).
Isa Mesihiň wekilleri bilen işleşmek
Isa ölüminiň öňüsyrasy ýolbaşçylygyna eýermek üçin ýene-de näme etmelidigimizi aýtdy: «Meniň iberen adamymy kabul eden Meni kabul edýändir» (Ýahýa 13:20). Isa mesh edilen wekillerine hatda «doganlarym» diýdi (Mat. 25:40). Isa direlip göge galansoň, «doganlary» «Mesihiň ilçileri» hökmünde bellenildi we olar adamlary Ýehowa Hudaý bilen ýaraşmaga çagyrýarlar (2 Kor. 5:18—20). Biz Isanyň «doganlaryna» tabyn bolup, onuň ýolbaşçylygyna boýun bolýarys.
Biz Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlarda wagtly-wagtynda berilýän maslahatlara eýerişimiz barada oýlansak, gowy bolar. Biz Mukaddes Ýazgylary okap, ýygnak duşuşyklaryna baryp, Isanyň sözlerini ýatlaýarys (2 Pet. 3:1, 2). Ruhy iýmit bilen yzygiderli iýmitlenip, ýürekden minnetdarlygymyzy bildirýäris. Käbir maslahatlaryň wagtal-wagtal gaýtalanýandygyna nähili garamaly? Meselem, Hudaýyň Sözünde mesihçilere diňe «Rebde» maşgala gurmak maslahat berilýär (1 Kor. 7:39). Bu barada «Garawul diňi» žurnalynda ýüz ýyldan gowrak bäri ençeme gezek aýdyldy. Isanyň doganlary şeýle makalalary çap edip we Mukaddes Ýazgylara esaslanan maslahatlary berip, Ýehowa bilen gatnaşygymyz barada söýgi bilen alada edýär. Biz şol maslahatlara ünsli bolup, kämil ýolbaşçy Isa Mesihe eýerýäris.
Süleýmanyň tymsallary 4:18-de: «Dogrularyň ýodasy bolsa ýaňy dogan Gün ýalydyr, bütinleý gündiz bolana deňeç gitdigiçe parlar» diýilýär. Hawa, Isanyň ýolbaşçylygy bir durkuna durman, gülläp ösýär we öňe gidýär. Şeýle-de «sadyk hem akylly hyzmatkär» Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty has aýdyň düşündirende, dogry garaýyşda bolsak, Isanyň «doganlary» bilen işleşýäris (Mat. 24:45).
Şeýle-de biz ýygnakdaky gözegçiler bilen işleşip, Isanyň «doganlaryna» tabyn bolýarys. Pawlus resul: «Ýolbaşçylaryňyzyň sözüne gulak asyň, olara janyňyz hakda hasabat berjekler hökmünde tabyn boluň. Çünki olar gözegçilik edýändir» diýdi (Ýew. 13:17). Meselem, ýygnagyň ýaşulusy bize maşgala okuwyny yzygiderli geçirmegi ýa-da wagyz bilen baglanyşykly maslahat berýär. Aýlanýan gözegçi bolsa, bize mesihçi durmuşymyzyň käbir taraplary babatda Mukaddes Ýazgylaryň esasynda maslahat berip biler. Biz şeýle maslahatlara höwes bilen gulak asyp, Ýolbaşçymyz Isa eýerýäris.
Gynansak-da, häzirki dünýäde göwnejaý ýolbaşçy ýok. Emma Isanyň söýgi bilen ýolbaşçylyk etmegi kalbyňa rahatlyk berýär! Geliň, Ýolbaşçymyza gulak asalyň we häzirki wekilleri bilen işleşeliň.