Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/8 sah. 6—7
  • Maşgala we şahsy okuwy üçin käbir teklipler

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Maşgala we şahsy okuwy üçin käbir teklipler
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Meňzeş maglumat
  • Maşgalalar üçin berlen sowgat
    Hudaýa gullugymyz — 2011
  • Şahsy we maşgala okuwy üçin teklipler
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Maşgala okuwy näme üçin geçirilýär?
    Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
  • Hudaýa sežde etmek üçin ýygnanyşýarys
    Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/8 sah. 6—7

Maşgala we şahsy okuwy üçin käbir teklipler

2009-njy ýyldan başlap Ýehowanyň Güwäçileriniň ýygnaklary hepde-de üç gezek däl-de, iki gezek duşuşýar. Biz her hepde bir agşam maşgala ýa şahsy okuwyny geçirip biler ýaly, Ýolbaşçylyk maslahaty şeýle özgerişik girizdi. Siz şol wagty peýdaly geçirýärsiňizmi? Şol agşam özüňize we maşgalaňyza peýdaly bolar ýaly näme edýärsiňiz?

Biz maşgala okuwynda näme geçmeli? Ýolbaşçylyk maslahaty maşgalalara her hepde näme öwrenmelidigini aýtmaýar. Her maşgalanyň zerurlygy biri-birinden tapawutlanýar. Şol sebäpli maşgalabaşy maşgalasynyň zerurlyklary hakynda oýlanyp, nämäniň has peýdaly boljagyny özi çözýär. Maşgala gurmadyk mesihçiler hem wagtyny nädip has peýdaly geçirmelidigini özleri çözýär.

Maşgala okuwynda käbir maşgalalar bile ýygnak duşuşyklaryna taýýarlanýar. Emma bu ýeterlikli däl. Käbir maşgalalar Mukaddes Ýazgylary ýa-da edebiýatlarymyzy okap, bile pikir alyşýarlar. Käbirleri bolsa, Mukaddes Ýazgylardaky wakalardan sahna taýýarlaýarlar. Bu esasanam ýaş çagalar üçin peýdaly. Maşgala okuwyny ýygnak duşuşyklaryndaky ýaly abzaslary okap, sorag berip geçirmeli däl. Ony her bir adam ýüregindäkini aýdyp hem-de gürrüň berip biler ýaly geçirmeli. Biz maşgala okuwynda Mukaddes Ýazgylarda okan zatlarymyzy göz öňüne getirip, gyzykly gürrüň berip bileris. Şonda maşgala okuwy geçirilýän wagt her birimiz üçin şatlykly bolar.

Üç çagaly bir dogan maşgala okuwyny nähili geçirýändigi barada ýazdy. Onuň Keýtlin atly gyzy we Deýwid hem Maýkl atly iki ogly bar. Keýtlin 15 ýaşynda, Deýwid 13, Maýkl bolsa 7 ýaşynda. Maşgala okuwynda olar köplenç Mukaddes Ýazgylardan her hepde berilýän aýatlary okaýarlar. Ilki bilen, olaryň her biri baplary okaýar. Soňra çagalar has gowy gören zatlaryny öwrenmek üçin saýlaýar. Şondan soň olar ata-enesine öwrenen zadyny gürrüň berýärler. Maýkl köplenç okan zadynyň suratyny çekmegi ýa-da şol barada ýazmagy gowy görýär. Käte Deýwid bilen Keýtlin Mukaddes Ýazgylardan okan wakalaryny gören ýaly beýan edýärler. Meselem, bir gezek şol maşgala Gelip çykyş kitabynyň 40-njy babyny okaýar. Şol bapda Ýusubyň faraonyň hyzmatkärleriniň düýşüni ýorandygy hakda gürrüň berilýär. Keýtlin özüni tussagda ýaly göz öňüne getirip, şol wakany gören ýaly ýazýar.

Bu maşgala okuwyny nähili geçirmelidigi hakyndaky mysallaryň diňe biri. Her bir adam we maşgala biri-birinden tapawutlanýar, şol sebäpli olar üçin nämäniň has gowy boljakdygyny özleri çözýär. Şu makalanyň çarçuwasynda maşgala ýa-da şahsy okuwy üçin käbir teklipler bar. Siz başga-da birnäçe teklipler barada oýlanyp bilersiňiz.

[7-nji sahypadaky çarçuwa]

Ýetginjekli maşgalalar üçin:

• «Ýaşlaryň sowallary we peýdaly maslahatlar» kitabynyň bir babyny okap, pikir alşyň.

• Gadymy döwürde ýaşaýandygyňyzy göz öňüne getiriň. («Garawul diňi» (rus.) 15 maý, 1996 ý. sah 14, abz 17, 18 ).

• Ýehowa gullukda häzir näme edýändigiňiz we gelejekde näme etjekdigiňiz barada pikir alşyň.

• Wideofilmlerimizi görüp, pikir alşyň.

• «Garawul diňiniň» (rus.) «Ýaş okyjylar üçin» diýen bölümini öwreniň.

Çagasyz maşgalalar üçin:

• «Maşgala bagtynyň syry» kitabynyň 1, 3, 11—16-njy baplary barada pikir alşyň.

• Mukaddes Ýazgylaryň käbir baplaryny okap, öwreniň we bilen zatlaryňyz hakynda pikir alşyň.

• Mukaddes Ýazgylary öwrenmek ýa-da «Garawul diňi» öwrenilýän duşuşyklaryna taýýarlyk görüň.

• Ýehowa nädip köpräk gulluk edip biljekdigiňiz hakynda gürleşip bilersiňiz.

Durmuş gurmadyklar üçin:

• Welaýat kongresinde berlen täze edebiýatlary öwreniň.

• Şu ýylyň we başga ýyllaryň «Ýyllyk kitabyny» okaň.

• Wagyzda adamlaryň berýän soraglaryna nähili jogap bermelidigini öwreniň.

• Wagyz etmek üçin käbir hödürleri taýýarlaň.

Ýaş çagaly maşgalalar üçin:

• Mukaddes Ýazgylardan hekaýalary sahnalaşdyrar ýaly taýýarlanyň.

• «Oýanyň!» žurnalynyň (rus.) 31-nji sahypasyndaky oýunlary oýnaň.

• Çagalaryňyza okaýan zadyny göz öňüne getirmäge kömek ediň (Mysal üçin, «Oýanyň!» (rus.) 1996 ý. 8 mart, 16—19 sahypadaky «Mukaddes Ýazgylary haýwanat bagynda öwrenmek» diýen makala serediň).

• «Garawul diňiniň» (rus.) «Çagalaryňyza öwrediň» diýen bölümini bile okaň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş