Interneti paýhasly ulanmak
INTERNET arkaly ähli ýerde, islendik wagtda, hemme zady diýen ýaly bilip bolýar. Şol sebäpli bütin dünýäde Internet arkaly adamlaryň gepleşýändigi haýran galdyrmaýar.
Gepleşmek ukyby Ýaradyjymyzyň beren ajaýyp sowgady. Ol arkaly biz başgalar bilen pikir alşyp we habarlaşyp bilýäris. Ilki başda Ýehowanyň özi ynsan maşgalasy bilen gepleşipdi. Adamlaryň durmuşy manyly bolar ýaly, ol aýdyň maglumat beripdi (Gel. çyk. 1:28—30). Emma adamzat taryhynyň başlangyjynda Hudaýyň sowgady, ýagny gepleşmek ukyby nädogry ulanyldy. Şeýtan How enä nädogry maglumat berdi. How ene muňa ynanyp, ony Adam ata aýtdy. Adam ata nädogry maglumata ynanyp, ähli adamlaryň jebir çekmegine sebäp boldy (Gel. çyk. 3:1—6; Rim. 5:12).
Biz Internetden wajyp maglumat alýarys we onuň kömegi bilen işlerimizi çalt edýäris. Emma onda ýalan maglumatlar hem berilýär, aňsatlyk bilen ahlaksyz zatlary görüp bolýar we oňa köp wagtyň gidýär. Geliň, Interneti nähili paýhasly ulanyp bolýandygy hakynda gürrüň edeliň.
Bu maglumat dogrumy ýa-da nädogry?
Internetdäki ähli maglumatlar gowudyr öýtmeli däl. Internetden bir zat gözlänimizde, örän gowy ýa-da juda erbet maglumata gözümiz düşýär. Şonda biz ýagşyny ýamandan saýgarar ýaly paýhasly bolmaly.
Şu günler Internetde islendik adam özüni ökde we köp bilýän ýaly görkezip biler. Olar hatda adyny hem aýtmaýarlar. Her bir adam Internete teklibini, maglumatyny, suratyny we maslahatyny çykaryp bilýär.
Ähli maglumata derrew ynanma. Öňürti özüňe şeýle soraglary ber: 1) Bu maglumaty kim ýazdy? Ýazan adama ynanyp bolýarmy? 2) Bu näme üçin çap edildikä? Näme maksat bilen ýazyldyka? Ol adam dogruçylmy ýa-da öz pikirini ýaýratjak bolýar? 3) Ol maglumaty nireden aldy? Maglumatyny barlap görer ýaly, nireden alandygyny aýdýarmy? 4) Bu maglumat täzemi? Birinji asyrda Pawlus resulyň Timoteosa beren käbir maslahaty biziň üçin hem wajyp. Pawlus: «Özüňe ynanylyp berleni gora. Ýaramaz, boş sözlerden, ýalan ýere bilim diýilýän gapma-garşylyklardan ýüz dönder» diýdi (1 Tim. 6:20).
Internet wagtyňy alýarmy ýa-da tygşytlaýar?
Interneti paýhasly ulansak, onda oňa wagtymyzy, güýjümizi we pulumyzy az sarp ederis. Biz käbir zatlary öýden çykman Internet arkaly satyn alyp bilýäris. Ol arkaly arzan bahaly haryt tapyp bolýar. Adamlar öýünde oturan ýerinde banka barman, hasabatyny töleýär, pul iberýär we şuňa meňzeş başga işleri hem edýär. Internet arkaly gezelenje gitmegi planlaşdyryp, bilet satyn alyp bolýar. Şeýle-de ondan aňsatlyk bilen telefon belgilerini, adresleri we barmaly ýeriň ýollaryny tapyp bolýar. Bütin dünýäde Ýehowanyň Güwäçileriniň filiallary bu ençeme hyzmatlardan peýdalanýar.
Emma Internetiň käbir howply taraplary hem bar. Meselem, biz Interneti näçe wagt ulanmalydygy hakynda oýlanýandyrys. Käbir adamlar Internet arkaly oýun oýnamak, çatda gepleşmek, elektron hat ýazyşmak, bir zat gözlemek üçin wagtyny köp geçirýär. Käte olar maşgalasyny, dostlaryny we ýygnagyny unudyp, Internetiň guly bolýarlar.
Ýehowanyň Güwäçileriniň filialyna özüni Internetiň guly hasaplan bir dogan hat ýazdy. Ol käte günüň dowamynda on sagatlap Internetde oturýardy. Ol şeýle diýýär: «Başda munuň hiç hili zyýany ýok ýaly görünýärdi». Emma soňra ol ýygnak duşuşyklaryny sypdyrýar, doga-da etmeýär. Ýygnaga taýýarlanman barýar we diňe «Internete girmek» hakynda oýlanýar. Wagtyň geçmegi bilen, ol duzaga düşendigine düşünip, özgerişler edýär. Biz hem Internetiň guly bolmaz ýaly, oňa hiç haçan köp wagt sarp etmeli däldiris.
Sen nämä seredýärsiň?
1 Selanikliler 5:21, 22-de: «Her zady synap görüň. Gowy zady gaýym saklaň. Her hili erbetlikden gaça duruň» diýilýär. Internetde bir zada seredenimizde, bu barada Ýehowanyň näme pikir edýändigini unutmaly däl. Seredýän zatlarymyz ahlak taýdan arassa we mesihçilere ýaraşykly bolmaly. Internetde pornografiýa gitdigiçe giňden ýaýraýar. Biz hem seresap bolmasak, duýdansyz onuň duzagyna düşeris.
Internetde nämä seretmeli, nämä seretmeli däldigini kesgitlär ýaly, özüňe şeýle sorag ber: «Internetde bir zada seredip oturan mahalym ýanýoldaşym, kakam ýa ejem, imandaşym otaga girende, derrew ony ýapmak bilen bolýarynmy?» Eger şeýle edýän bolsaň, Interneti ulananyňda ýanyňda biri bolsa gowy bolar. Internet adamlaryň gepleşigini we alyş-beriş işlerini düýbünden üýtgedýär. Emma Internet adamlaryň ýüreginde zyna etmegiň täze usulyny hem döredýär (Mat. 5:27, 28).
Biz adamlara nähili garaýyşda bolmaly?
Biz köplenç Internet arkaly adamlar bilen maglumatlary paýlaşýarys. Biz ýazýan maglumatymyzyň ýa-da biri barada aýdýan sözlerimiziň dogrudygyna, ahlaksyz däldigine göz ýetirmeli we ony adamyň razylygy bilen bermelia. Biz şu zatlar hakynda oýlanmaly: bu maglumat adamlara peýdaly bolarmy? Biz näme üçin ony gürrüň bermek isleýäris? Biz muny birinde täsir galdyrjak bolup edýärismi?
Elektron poçtasyny hem dogry ulansak, örän peýdaly bolar. Emma ol arkaly hem köp biderek habarlary alyp bolýar. Biz adamlara birgiden hat ýazsak, olaryň gereginden artyk wagtyny almarysmy? Haty ibermezden öň: «Näme üçin men ony iberýärin?» diýip oýlanmaly. Gadymy döwürde adamlar durmuşynda bolan wakalar hakynda gürrüň bermek üçin maşgalasyna we dostlaryna hat ýazýardylar. Biz hem elektron poçtasyny esasanam şeýle maksat bilen ulanmaly. Bir zadyň dogrudygyna göz ýetirip, soňra iberseň gowy bolar.
Diýmek, siz Internete nähili garamaly? Siz ony asla ulanmaly dälmi? Käbir mesihçiler ony zerur mahaly ulanyp biler. Öň Internetiň guly bolan ýokarda agzalan dogan hem ony gerekli wagty ulanýar. «Düşünje saňa gözegçilik etse», Internet seniň üçin peýdaly bolar (Sül. tym. 2:10—12).
a Bu taýda suratlar barada gürrüň gidýär. Biz özümiz üçin kimdir biri bilen surata düşmegimiz mümkin. Emma biz şol suratlary hemmelere görkezmäge ýa-da olaryň adyny we nirede ýaşaýanyny aýtmaga hakymyz ýok.