Sowally bukja
◼ Nätanyş adam bilen Internet arkaly gepleşmek näme üçin howply?
Internet sahypalaryň köpüsi adam bilen tanşyp, olar bilen gatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýär. Şeýle sahypalarda suratyňy we özüň barada başga-da maglumatlary ýerleşdirip bolýar. Adamlar şeýle maglumatly sahypalara seredip, seniň bilen tanyşmak islese habarlaşyp bilýärler. Internet sahypalary, aýratynam, ýaşlaryň arasynda giňden ýaýran we ýaş mesihçileriň käbiri olary ulanyp, özüni Ýehowanyň Güwäçileri edip görkezýän adamlar bilen gepleşýärler.
Internet arkaly tanşan adama özüniň nähili adamdygyny, ruhy ýagdaýyny we niýetini gizlemek aňsat bolýar (Zeb. 26:4). Ýehowanyň Güwäçisi diýýän adam, aslynda, Hudaýa iman etmeýän, gatnaşykdan kesilen, hatda Ýehowadan dänen adam bolup biler (Gal. 2:4). Maglumatlara görä, çagalary azdyrýan adamlar internet sahypalaryny ulanyp, öz pidasyny gözleýärler.
Hat alyşýan adamyň göreldeli mesihçidigine gözümiz ýetse-de, şeýle ýagdaýda gepleşmeklik aňsatlyk bilen çäkden çykaryp biler. Sebäbi gözi bilen görüp tanyşmadyk adam özüni arkaýyn duýup gepleşýär. Şeýle-de internet arkaly näme gepleşenimi başgalar, meselem, ata-enem ýa-da ýygnak ýaşululary bilmez diýip pikir edýärler. Gynansak-da, mesihçi maşgaladaky ýaşlaryň käbiri gowşaklyk edip, ýaramaz gürrüňdeşlige goşuldylar (Efes. 5:3, 4; Kol. 3:8). Başgalary bolsa internet sahypalaryna jynsy höwesleri oýarýan suratlaryny, ýerliksiz lakamlaryny we jynsy ahlaksyz wideoklipli aýdymlary ýerleşdirdiler.
Ýokarda agzalanlary göz öňünde tutup, ata-eneler çagalarynyň kompýuter ulanyşyna gözegçilik etmeli (Sül. tym. 29:15). Nätanyş adamy öýe çagyryp, çagalar bilen ýeke galdyryp gitmek howply bolardy. Şonuň ýaly-da kimdir biri bilen, hatda özüni Ýehowanyň Güwäçisi edip görkezýän adam bilen internet arkaly tanyşmak biziň üçin hem, çagalarymyz üçin hem howpludyr (Sül. tym. 22:3).