Ebedi ýaşaýşa gowuşmak üçin ruha görä geziň
«Tene görä däl, Ruha görä geziň» (RIM. 8:4).
1, 2. a) Sürüjiniň ünsi sowulsa, näme bolar? b) Ýehowa gullugymyz ünsden düşse, näme bolar?
ABŞ-ly bir döwlet işgäriniň aýtmagyna görä, sürüjiniň ünsüniň sowulmagy sebäpli döreýän heläkçilikler ýylsaýyn köpelýär. Meselem, sürüji el telefonyny ulansa, ünsi sowulmagy mümkin. Köp adamlar başga bir sürüjiniň el telefony boýunça gürleşýändigi sebäpli heläkçilige uçrandygyny ýa-da başga kynçylyklaryň dörändigini gürrüň berýärler. Sürüji el telefonda gepleşip, wagtyny tygşytlaýandyryn öýtse-de, heläkçiligiň üstünden barmagy ahmal.
2 Ünsi sowlan sürüji ýoluň ugrundaky howplary görmeýär. Ýehowa bilen dostlugymyz babatda-da şeýle bolup biler. Käbir zatlara ünsümiz sowulsa, bize howp abanyp biler. Pawlusyň aýtmagyna görä, biziň imanymyz hem gämi kimin batyp biler (1 Tim. 1:18, 19). Ol rimli doganlara hem şeýle howp babatda duýdurýar: «Tene daýanýan pikir ölüm, Ruha daýanýan pikir ýaşaýyşdyr, parahatlykdyr» (Rim. 8:6). Pawlusyň sözleri näme aňladýar? Biz nädip «tene daýanýan pikirden» gaça durmaly we «Ruha daýanýan pikirde» bolmaga tagalla etmeli?
Olara «hiç hili iş kesme ýok»
3, 4. a) Pawlus özünde bolýan nähili söweş barada ýazdy? b) Biz näme üçin Pawlusyň düşen ýagdaýy bilen gyzyklanmaly?
3 Pawlus rimlilere ýazan hatynda beden agzalarynyň pikirine garşy söweşýändigini aýtdy (Rimliler 7:21—23-nji aýatlary okaň). Pawlus muny edýän ýalňyşlaryna bahana gözläp ýa-da özüne haýpy gelip aýtmady. Şeýle-de ol dogry zady etmegi başarmaýaryn diýmekçi hem bolmady. Pawlus mesh edilen, tejribeli mesihçidi we «özge milletleriň resuly» hökmünde saýlanypdy (Rim. 1:1; 11:13). Eýsem, Pawlus bu söweş barada näme üçin ýazdyka?
4 Pawlus isleýşi ýaly Hudaýyň kanunyny berjaý edip bilmeýändigini aýtdy. Näme üçin beýlekä? Ol şeýle düşündirýär: «Çünki hiç bir parh ýok, sebäbi bary günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldy» (Rim. 3:23). Adam atanyň ähli nesli ýaly Pawlus hem bikämildi, erbet höwesleriň guludy. Biz onuň ýagdaýyna gowy düşünýäris, sebäbi her gün bikämillige we erbet höweslere garşy göreşýäris. Onsoňam, Hudaýa sežde etmekden ünsümizi sowup, ebedi ýaşaýşa eltýän insiz ýoldan çykarjak bolýan zatlar köp (Mat. 7:14). Ýöne biz hem Pawlus ýaly çykgynsyz ýagdaýda däldiris.
5. Pawlusa näme kömek edýärdi we göwünlik berýärdi?
5 Pawlus kim meni halas eder diýýär-de, soňra: «Rebbimiz Isa Mesih arkaly Hudaýa şükür edýärin» diýip jogap berýär (Rim. 7:24, 25). Soňra ol «Mesih Isada bolanlara», ýagny mesh edilen mesihçilere ýüzlenýär (Rimliler 8:1, 2-nji aýatlary okaň). Ýehowa olary mukaddes ruhy arkaly ogullyga alyp, «Mesihiň mirasdaşlary» etdi (Rim. 8:14—17). Mesh edilen mesihçiler Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen we Isanyň töleg gurbanyna iman edip, Pawlusyň aýdan söweşinde ýeňiş gazanýarlar. Şeýlelikde, Hudaý indi olara bikämilligi üçin iş kesmeýär, olary «günä hem ölüm kanunyndan» azat etdi.
6. Näme üçin Hudaýyň ähli gullukçylary Pawlusyň sözlerine düşünjek bolmaly?
6 Pawlus mesh edilen mesihçiler barada aýtsa-da, Hudaýyň ruhy we Isanyň töleg gurbany Ýehowanyň hemme gullukçylaryna gökde ýa-da ýerde ýaşamaga umyt edýändigine garamazdan, peýdaly bolup biler. Pawlusyň beren maslahaty Hudaýyň ylhamy bilen ýazylýar, şol sebäpli oňa Hudaýyň ähli gullukçylary düşünip, gulak asmaly.
Hudaý nädip «tende günä iş kesdi»
7, 8. a) Näme üçin kanun «günäli ten zerarly» güýçsüzdi? b) Hudaý mukaddes ruhy we töleg gurbany arkaly näme etdi?
7 Pawlus rimlilere hatynyň 7-nji babynda bikämil adamlaryň üstünden günäniň agalyk edýändigini ýazýar. 8-nji babynda bolsa, mukaddes ruhuň güýji barada aýdýar. Ol mesihçileriň Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen günäniň agalygyna garşy söweşip biljekdigini düşündirýär. Şeýdip, olar Ýehowa ýaraýan işleri edip, razylygyny gazanyp bilerler. Pawlusyň aýtmagyna görä, Hudaý mukaddes ruhunyň we Isanyň töleg gurbanynyň kömegi bilen Musanyň kanunynyň başarmadyk zadyny hem etdi.
8 Musanyň kanuny günäkärlere iş kesýärdi, sebäbi adamlar kanunyň ähli tabşyryklaryny berjaý edip bilmeýärdi. Şeýlelikde, Musanyň kanuny günäni aradan aýryp ýa-da adamlary günä etmekden saklap bilmedi. Hudaý Ogluny «günäli tene meňzeşlikde» iberip, töleg gurbany arkaly «tende günä iş kesdi». Isanyň töleg gurbany adamlary günäden azat edýär. Mesh edilen mesihçiler Isanyň töleg gurbanyna iman edýändigi üçin, Ýehowa olary dogry adam hasaplaýar. Pawlus mesh edilen mesihçilere «tene görä däl-de, Ruha görä gezmegi» maslahat berdi (Rimliler 8:3, 4-nji aýatlary okaň). Olar şol maslahata ömrüniň ahyryna çenli eýerip, wepaly galsalar, «ýaşaýyş täjini» alarlar (Ylh. 2:10).
9. Rimliler 8:2-däki «kanun» sözüniň manysy näme?
9 Şeýle-de Pawlus «ýaşaýyş Ruhunyň kanuny» we «günä hem ölüm kanuny» barada ýazýar (Rim. 8:2). Bu nähili kanunlar? Şol aýatdaky «kanun» diýen söz tabşyryklardan ybarat bolan Musanyňky ýaly kanuny aňlatmaýar. Bir ensiklopediýa görä, şol aýatda «kanun» diýip terjime edilen grek sözi adamlara kanun ýaly agalyk edýän ýagşy we ýaman zatlary aňladýar. Şeýle-de bu olaryň saýlan ýaşaýyş ýoluny aňladýar.
10. Biziň üstümizden günä we ölüm kanuny nädip agalyk edýär?
10 Pawlus resul şeýle ýazýar: «Bir adam arkaly günäniň we günä arkaly ölümiň peýda bolşy ýaly, ölüm hem ähli adamlara geçdi, çünki olaryň hemmesi günä etdi» (Rim. 5:12). Biziň ählimiz Adam atanyň nesli, şol sebäpli günä we ölüm kanuny üstümizden agalyk edýär. Biziň günäli tenimiz Hudaýa ýaramaýan işleri etmäge iterýär. Şeýle işler ölüme eltýär. Pawlus galatýalylara ýazan hatynda şol günäli höweslere we endiklere «ten işleri» diýip, «bulary edýänler Hudaýyň Patyşalygyny miras almaz» diýýär (Gal. 5:19—21). Şeýle işleri edýän adamlar «tene görä gezýärler». Olar ten höweslerine kowalaşýarlar (Rim. 8:4). Ten höweslerine kowalaşýan adamlara diňe ahlaksyzlyk, butparazlyk we spiritizm bilen meşgullanýanlar degişlimi? Ýok. Galatýalylarda agzalan ten işlerine köp adamlaryň ýöne bir kemçilik hasaplaýan zatlary hem girýär. Meselem, göripçilik, içigaraçylyk, gahar-gazap, dawa-jenjel hem ten işlerine degişlidir. Biz bikämil ten höweslerine garşy göreşmelidigimizi hiç haçan unutmaly däl.
11, 12. Ýehowa bizi günä we ölüm kanunyndan azat etmek üçin näme etdi? Biz Hudaýy razy etmek üçin näme etmeli?
11 Ýehowanyň bizi günä we ölüm kanunyndan azat edendigine begenýäris! Isa şeýle diýdi: «Hudaý dünýäni köp söýýänligi üçin, Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşsyn diýip, Özüniň ýekeje Ogluny berdi». Eger biz Hudaýy söýüp we Isanyň töleg gurbanyna iman edip ýaşasak, onda günäniň jezasyndan azat bolarys (Ýahýa 3:16-18). Biz hem Pawlus ýaly, «Rebbimiz Isa Mesih arkaly Hudaýa şükür edýärin» diýeris!
12 Biziň ýagdaýymyz agyr keselini bejerdýän syrkawyňka meňzeýär. Biz doly sagalmak üçin lukmanyň her bir aýdan zadyny etmeli. Töleg gurbanyna bolan iman günä we ölüm kanunyndan azat etse-de, biz bikämil hem-de günäli. Mundan beýläk-de, Ýehowa bilen doslugymyzy berkidip, ony razy etmek üçin Pawlusyň aýdyşy ýaly, biz ruha görä gezmeli. Şonda bikämillik keselinden doly saplanarys.
Biz nädip Hudaýyň ruhuna görä gezmeli?
13. Hudaýyň ruhuna görä gezmek näme aňladýar?
13 Biz ýola düşenimizde, tä barmaly ýerimize baryp ýetýänçäk ýöreýäris. Biz ruha görä gezenimizde hem ruhy taýdan hemişe ösmeli (1 Tim. 4:15). Käte ýalňyşsak-da, her gün Hudaýyň ruhunyň görkezmesine eýermek üçin elimizden gelenini etmeli. Biz «ruha görä gezsek», Ýehowany razy ederis (Gal. 5:16).
14. «Tene görä» ýaşaýan adamlar nähili pikir edýär we hereket edýär?
14 Soňra Pawlus rimlilere ýazan hatynda iki hili pikir edýän adamlar barada aýtdy (Rimliler 8:5-i okaň). Bu aýatda «ten» diýen söz göni manyda bedeni aňlatmaýar. Mukaddes Ýazgylarda «ten» diýen söz käte biziň bikämilligimizi aňladýar. Pawlusyň aýtmagyna görä, günälidigimiz sebäpli, ten bilen pikiriň arasynda göreş gidýär. Pawlus tene, ýagny bikämillige garşy göreşýärdi. Emma şu günler adamlaryň köpüsi «tene görä» ýaşap, erbet höweslerine erk etmäge çalyşmaýarlar. Olar Hudaýyň näme talap edýändigi hakynda hem oýlanmaýar we erbet höweslere garşy durmak üçin ondan kömek hem dilemeýär. Köplenç olar «tene görä» pikir edip, ten ýa-da günäli höwesleriň ýesiri bolýar. Ýöne «Ruha görä» ýaşaýanlar bolsa, Ýehowanyň görkezmesine eýerýärler.
15, 16. a) Ünsümizi jemlän zadymyz, pikirimize nähili täsir eder? b) Şu günler adamlaryň köpüsini näme gyzyklandyrýar?
15 Rimliler 8:6-ny okaň. Adamlar ýagşylyk ýa-da ýamanlyk etmezden öň, ilki bilen, etjek işi barada pikir edýär. Eger adam tene degişli zatlar barada pikir etse, ten işlerini hem eder. Adatça, onuň bar pikiri, höwesi we ýüregi şol zatlarda bolar.
16 Şu günler adamlaryň köpüsi näme bilen gyzyklanýar? Ýahýa resul şeýle diýdi: «Dünýäde bolan ähli zatlary: ten höwesleri, göz höwesi we ýaşaýyş tekepbirligi Atadan däl, dünýädendir» (1 Ýahýa 2:16). Ýahýanyň ýazan ten höweslerine ahlaksyzlyk, at-abraýa we baýlyga kowalaşmak degişli. Kitaplar, žurnallar, filmler, telegepleşikler we Internet hemişe ten höweslerini oýarýar. Adamlaryň köpüsi şol zatlar barada pikir edýändigi üçin, ahlaksyzlyk etmek, at-abraý gazanmak we baýlyga kowalaşmak isleýär. Pawlus resul: «Tene daýanýan pikir ölümdir» diýdi. Bu Hudaý bilen dostlugymyzy ýitirmegi we gelejekde ýaşaýyşdan mahrum bolmagy aňladýar. Näme üçin? «Sebäbi tene daýanýan pikir Hudaýa duşmançylykdyr, Hudaýyň kanunyna tabyn bolýan däldir, muny başarýan hem däldir. Şonuň üçin teniň hökümi astyndakylar Hudaýyň göwnünden turmagy başarmaz» (Rim. 8:7, 8).
17, 18. Hudaýyň ruhunyň görkezmesine nädip eýerip bileris we munuň näme peýdasy bar?
17 «Ruha daýanýan pikir ýaşaýyşdyr, parahatlykdyr». Bu gelejekde ebedi ýaşaýşy, häzir bolsa, kalbymyzdaky, pikirimizdäki rahatlygy we Hudaý bilen dostlugy aňladýar. «Ruha daýanýan pikirde» bolmak üçin näme etmeli? Biz hemişe Hudaýyň we onuň Mukaddes ruhunyň görkezmesine eýersek, gitdigiçe pikirimiz Hudaýyň pikirine gabat geler. Biz pikirimizi «Hudaýyň kanunyna tabyn etmek» we Hudaýyň ruhunyň görkezmesine eýermek isleýäris.
18 Şol sebäpli ruha görä pikir etmek wajyp. Munuň üçin yzgyderli doga edýäris, Mukaddes Ýazgylary okaýarys we öwrenýäris, ýygnak duşuşyklaryna gatnaşýarys hem-de wagyz edýäris (1 Pet. 1:13). Biz günäli höwesleriň ýesiri bolman, eýsem Hudaýyň ruhunyň görkezmesine eýerip, Hudaýyňky ýaly pikirde bolmaly. Şeýle etsek, bol bereketler alarys we parahat hem ebedi ýaşarys (Gal. 6:7, 8).
Siz nähili düşündirersiňiz?
• Musanyň kanuny nämäni başarmady we Hudaý muny nädip etdi?
• «Günä hem ölüm kanuny» näme? Biz nädip ondan azat bolup bileris?
• Biz «ruha daýanýan pikirde» bolmak üçin näme etmeli?
[12, 13-nji sahypadaky suratlar]
Sen tene görä gezýärsiňmi ýa-da ruha görä?