Erkek adamlara ruhy taýdan ösmäge kömek ediň
«Sen mundan beýläk ynsanlary tutarsyň» (LUKA 5:10).
1, 2. a) Isanyň wagzyna erkek adamlar nähili seslenýärdi? b) Şu makalada nämä serediler?
JELILEDE wagyz edýän mahaly Isa we şägirtleri gaýyga münüp, bir çola ýere gitdi. Ýöne märeke onuň yzyndan galmady. Şol gün Isany diňlemäge gelenleriň sany «aýallardyr çagalardan başga bäş müňe golaý adamdy» (Mat. 14:21). Başga bir gezek Isany diňlemäge we özüni bejertmäge gelenleriň sany «aýallardyr çagalardan başga dört müň adamdy» (Mat. 15:38). Görşümiz ýaly, Isanyň wagyz eden taglymaty bilen gyzyklanan adamlaryň arasynda erkek adamlar köpdi. Onsoňam, Isa şägirtlerine gudrat bilen balyk tutmaga kömek edip, olaryň birine şeýle diýdi: «Sen mundan beýläk ynsanlary tutarsyň» (Luka 5:10). Diýmek, hakykaty başga-da köp adam kabul etmelidi. Onuň şägirtleri toruny adamzat deňzine zyňyp, her hili adamlary, şol sanda ençeme erkek adamlary «tutmalydylar».
2 Şu gunler hem erkek adamlar hoş habar bilen gyzyklanyp, ony kabul edýärler (Mat. 5:3). Emma erkek adamlar Mukaddes Ýazgylary öwrenseler-de, köp ýagdaýlarda ruhy taýdan ösmeýärler. Biz olara nädip kömek edip bileris? Isa erkek adamlary ýörite gözläp, wagyz etmedi, emma şol wagtky erkekleri alada goýýan meseleler barada aýdypdy. Geliň, biz hem Isanyň göreldesine eýerip, häzirki erkek adamlaryň köp alada edýän üç zadyna seredeliň: 1) gazanç etmek, 2) il-günden çekinmek we 3) özüňi mynasyp görmezlik.
Gazanç etmek
3, 4. a) Köp erkek adamlar nämäni wajyp hasaplaýarlar? b) Käbir adamlar näme üçin gazanç etmegi ruhy maksatlardan ileri tutýarlar?
3 Bir kanunçy Isa: «Sen nirä gitseň, men-de Seniň yzyňa düşjek» diýdi. Isa oňa: «Ynsan Oglunyň başyny ýassyga goýara-da ýeri ýokdur» diýende welin, kanunçy ikirjeňlenip başlady. Ol indiki sapar nirede nahar iýjegi ýa-da ýatjagy barada alada eden bolmaly, sebäbi Injilde onuň Isanyň şägirdi bolandygy barada aýdylmaýar (Mat. 8:19, 20).
4 Köplenç erkek adamlar gazanç etmegi ruhy maksatlardan ileri tutýarlar. Olaryň köpüsi ýokary bilim edinmegi we aýlykly işe girmegi iň wajyp zat hasaplaýarlar. Olaryň düşünjesine görä, Mukaddes Ýazgylary öwrenip, Hudaý bilen dost bolmak däl-de, pul gazanmak has gowy hem ähmiýetli. Belki, olar Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlary bilen gyzyklanýandyr, emma «dünýäniň gaýgylary, baýlygyň aldawçylygy» bar höwesini gaçyrýar (Mar. 4:18, 19). Geliň, Isanyň şägirtlerine wajyp zatlary durmuşda birinji orunda goýmagy öwredişine seredeliň.
5, 6. Andreasa, Petrusa, Ýakuba we Ýahýa wajyp zatlary durmuşda birinji orunda goýmaga näme kömek etdi?
5 Andreas we dogany Simun Petrus balykçylardy. Ýahýa, dogany Ýakup we kakalary Zebedeý hem balyk tutmak bilen meşgullanýardylar. Balykçylykdan gowy gazanç eden bolmaly, sebäbi olar hatda hakyna günlükçileri tutýarlar (Mar. 1:16—20). Ýahýa çokundyryjy Isa barada ilkinji sapar Andreasa we Ýahýa gürrüň berende, olar Mesihi tapandygyna berk ynandylar. Soňra bu habary Andreas dogany Simun Petrusa, Ýahýa bolsa dogany Ýakuba buşlaýar (Ýahýa 1:29, 35—41). Olaryň dördüsi birnäçe aýlap Isa bilen Jelilede, Ýahudada we Samariýada wagyz edýärler. Soňra olar ýene-de balykçylyk işine dolanýarlar. Olar Isanyň öwredýän taglymatlaryny halaýardy, emma wagyz etmegi wajyp hasaplamaýardy.
6 Biraz wagtdan Isa Petrusy we Andreasy yzyna düşmäge we «ynsan tutýan balykçylar» bolmaga çagyrýar. Olar Isanyň çakylygyny kabul etdimikä? Elbetde, «olar derrew torlaryny taşlap, Onuň yzyna düşdüler». Ýakup bilen Ýahýa hem «derrew gaýykdyr kakalaryny taşlap, Onuň yzyna düşdüler» (Mat. 4:18—22). Eýsem, uzynly gün Isa bilen wagyz etmäge olary näme höweslendirdi? Olar ýüzugruna, oýlanman şeýle karara geldilermi? Ýok, beýle däl. Olar birnäçe aýlap, Isany diňlediler, gudratlaryny gördüler, dogrulyga yhlasyny synladylar we adamlaryň hoş habary höwes bilen kabul edişine şaýat boldular. Şol sebäpli-de, olaryň Ýehowa imany berkäp, has-da köp bil baglap başladylar.
7. Şägirtlere Ýehowa bil baglamagy nädip öwredip bileris?
7 Biz hem Isanyň göreldesine eýerip, şägirtlere Ýehowa bil baglamagy nädip öwredip bileris? (Sül. tym. 3:5, 6). Köp zat biziň öwredişimize bagly. Eger ruhy işleri birinji orunda goýsa, onda Hudaýyň bol bereket berjekdigini okuw mahaly belläp geç (Malaki 3:10; Matta 6:33-nji aýatlary okaň)a. Ýehowanyň halky barada alada edýändigini dürli aýatlaryň üsti bilen görkezsek-de, biz öz göreldämiziň ähmiýetini unutmaly däl. Öz durmuşymyzda bolan wakalary gürrüň bersek, şägirtlere Ýehowa bil baglamaga kömek eder. Şeýle-de olara edebiýatlarymyzdan ruhlandyryjy wakalary gürrüň berip bilerisb.
8. a) Şägirt näme üçin Ýehowanyň ýagşylygyny dadyp görmeli? b) Biz şägirde Ýehowanyň ýagşylygyny datmaga nädip kömek edip bileris?
8 Imanyň berk bolmagy üçin Ýehowanyň bereket berişi barada okamak we eşitmek ýeterlik däl. Şägirdiň özi-de Ýehowanyň ýagşylygyny dadyp görmeli. Mezmurçy: «Rebbiň ýagşylygyny dadyp görüň! Oňa sygynýan adam nähili bagtly!» diýýär (Zebur 34:8). Biz şägirde Ýehowanyň ýagşylygyny datmaga nädip kömek edip bileris? Aýdaly, şägirdiň pul kynçylygy bar, üstesine-de, çilim çekmegi, humarly oýunlary oýnamagy ýa-da köp içmegi halaýar (Sül. tym. 23:20, 21; 2 Kor. 7:1; 1 Tim. 6:10). Eger oňa erbet endigini goýmak üçin Hudaýdan kömek dilemegi öwretsek, Ýehowanyň ýagşylygyny datmaga mümkinçilik döremezmi? Şeýle-de ony ruhy zatlary birinji orunda goýmagy öwredip bileris. Munuň üçin her hepde Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmegi, ýygnaga taýýarlanmaga we gatnaşmaga höweslendiriň. Ol edýän tagallasyna Ýehowanyň pata berýändigini görse, imany has-da berkär!
Il-günden çekinmek
9, 10. a) Nikodimos we arimatiýaly Ýusup Isanyň şägirdi bolandygyny näme üçin ýaşyrdylar? b) Käbir erkek adamlar näme üçin Isanyň yzyna eýermäge çekinýärler?
9 Käbir erkek adamlar il-günüň gepinden çekinip, Mesihiň yzyna doly eýermeýärler. Nikodimos we arimatiýaly Ýusup ýaşyryn Isanyň şägirdi boldular, sebäbi ýehudylar bir zat diýer ýa eder öýdüp gorkýardylar (Ýahýa 3:1, 2; 19:38). Olar ýöne ýere gorkanokdylar. Dini ýolbaşçylar Isany şeýle güýçli ýigrenýärdiler welin, oňa iman eden her kesi sinagogadan kowýardylar (Ýahýa 9:22).
10 Şu günler hem käbir ýurtlarda erkek adam Hudaý, Mukaddes Ýazgylar ýa-da din bilen gyzyklansa, işdeşleri, dost-ýarlary we dogan-garyndaşlary üstünden gülmegi mümkin. Başga ýurtlarda bolsa, hatda diniňi üýtgetmek barada agzamak hem howply. Eger erkek adam harby işgär bolsa, syýasy ýa-da jemgyýetçilik işlerine gatnaşýan bolsa, onda oňa güýçli garşylyk görkezmekleri mümkin. Meselem, Germaniýada ýaşaýan bir adam şeýle diýýär: «Ýehowanyň Güwäçileriniň Mukaddes Ýazgylar barada aýdýany dogry. Emma men Ýehowa gulluk edip başlasam, bu barada ähli adamlar biler. Şonda işdeşlerim, goňşy-golam we tanyşlarym men barada näme pikir ederler? Men utanjymdan ýaňa girere ýer tapmaryn».
11. Isa şägirtlerine adamlardan gorkyny ýeňmäge nädip kömek etdi?
11 Isanyň resullary gorkak däldi, ýöne şonda-da olarda adamdan gorky bardy (Mar. 14:50, 66—72). Isa olara deň-duşlarynyň täsirine garamazdan ruhy taýdan ösmäge nädip kömek etdi? Isa şägirtlerini boljak yzarlamalara taýýarlaýardy. Isa olara: «Ynsan Ogly sebäpli adamlar sizi ýigrenip, aralaryndan kowan wagtlary, size sögüp, adyňyzy ýamana çykaran wagtlary siz bagtlysyňyz!» diýdi (Luka 6:22). Ol şägirtlerine sögüljekdigini öňünden duýdurdy. Ýöne olar «Ynsan Ogly sebäpli» şeýle yzarlanmalydy. Şeýle-de olar Ýehowanyň kömegine we güýjüne bil baglasalar, onda Hudaýyň olaryň dadyna ýetişjekdigini aýtdy (Luka 12:4—12). Onsoňam, Isa täze şägirtlerini beýleki şägirtleri bilen gatnaşmaga we olar bilen dostlaşmaga höweslendirdi (Mar. 10:29, 30).
12. Biz täze şägirtlere adamlardan gorkmaz ýaly nädip kömek edip bileris?
12 Biz hem şägirtlere adamlardan gorkmaz ýaly kömek etmeli. Eger olary adamlaryň garşylygyna taýýarlasak, onda köplenç özüni ynamly duýarlar (Ýahýa 15:19). Meselem, işdeşleri ýa-da başga biri onuň täze dini ynançlary bilen ylalaşmazlygy ýa-da oňa käbir soraglary bermegi mümkin. Biz oňa şeýle ýagdaýlarda Mukaddes Ýazgylar esasynda ýönekeý jogaplary bermegi öwredip bileris. Onsoňam, diňe özümiz onuň dosty bolmak bilen çäklenmän, eýsem ýygnagyň beýleki agzalary bilen, esasanam, ýagdaýy ýa gyzyklanýan zatlary meňzeş doganlar bilen tanyşdyryp bileris. Mundan başga-da, biz oňa Ýehowa yzygiderli hem ýürekden doga etmegi öwretmeli. Şonda ol Ýehowa bilen has-da dostlaşyp, ony özüne Gala hem Gaýa ediner (Zebur 94:21—23; Ýakup 4:8-nji aýatlary okaň).
Özüňi mynasyp görmezlik
13. Eger adam özüni mynasyp görmese, ruhy işlere gatnaşmaga nädip päsgel berip biler?
13 Käbir erkekler ruhy işlere kän gatnaşmaýarlar, sebäbi gowy okap, owadan gürläp bilmeýärler ýa-da çekinjeň bolýarlar. Käbir erkek adamlar köpçüligiň öňünde pikirini aýtmagy we çykyş etmegi halamaýarlar. Olar üçin okamak, ýygnaklarda jogap bermek ýa-da wagyz etmek örän kyn bolýar. Bir dogan munuň şeýledigini boýun alyp: «Men ýaşkam, ýuwaşjadan gapynyň öňüne baryp, ony hamala kakan kişi bolup, soňra hiç kim meni eşitmänkä ýa-da görmänkä, ökjämi göterýärdim... Öýden-öýe wagyz etmek barada pikir etsem, bar keýpim gaçýardy» diýýär.
14. Isanyň şägirtleri näme üçin tutgaýly oglany sagaldyp bilmediler?
14 Isanyň şägirtleri hem tutgaýly oglany sagaldyp bilmändigi sebäpli, özlerine ynamy gaçan bolsa gerek. Şol oglanyň atasy Isanyň ýanyna gelip: «Meniň oglum... tutgaýly, köp ezýet çekýär, ýygy-ýygydan özüni oda, suwa urýar. Men ony Seniň şägirtleriňe getirdim, ýöne olar sagaldyp bilmediler» diýdi. Isa oglandan jyny çykaryp, ony sagaldýar. Biraz wagtdan şägirtleri Isanyň ýanyna gelip: «Biz näme üçin ony çykaryp bilmedik?» diýdiler. Isa hem olara diýdi: «Imanyňyzyň azlygy üçin. Men size dogrusyny aýdýaryn, bir gorçisa dänesi ýaly-da imanyňyz bolup, şu daga: «Bu ýerden ol ýere göç» diýseňiz, ol göçer, size başartmajak zat bolmaz» (Matta 17:14—20). Dag ýaly päsgelçilikleri ýeňip geçmek üçin, Ýehowa iman etmek wajypdyr. Eger biri muny unudyp, öz ukybyna bil baglasa näme bolar? Ol ruhy taýdan ösüp bilmez we özüne ynamy gaçar.
15, 16. Şägirt özüni mynasyp görmese, biz oňa nädip kömek edip bileris?
15 Şägirt özüni mynasyp görmese, biz oňa özüne däl-de, Ýehowa bil baglamagy öwretmeli. Petrus şeýle ýazýar: «Hudaý sizi öz wagtynda beýgelder ýaly, Onuň güýçli elleri astynda pälleriňizi pes tutuň. Ähli gam-gussaňyzy Onuň üstüne atyň» (1 Petrus 5:6, 7). Şonuň üçin biz şägirtlere ruhy taýdan ösmäge kömek etmeli. Ruhy garaýyşly adam ruhy zatlaryň gadyryny bilýär, Hudaýyň Sözüni söýýär we durmuşynda «ruhuň miwesini» görkezýär (Gal. 5:22, 23). Ol Ýehowa hemişe doga etmegi wajyp hasaplaýar (Flp. 4:6, 7). Şeýle-de ol Ýehowadan batyrgaýlyk hem güýç diläp, her hili kynçylyga döz gelýär ýa-da berlen ýumşuny üstünlikli ýerine ýetirýär (2 Timoteos 1:7, 8-nji aýatlary okaň).
16 Käbir şägirtlere okamak, gürrüňdeşlik geçirmek we çykyş etmek babatda kömek etmeli. Belki, käbir adamlar Ýehowany tanamanka, eden erbet işleri sebäpli özüni Hudaýa gulluk etmäge mynasyp görýän däldir. Nähili ýagdaý bolaýanda-da, biz mähirli hem sabyr-takatly bolsak, olara köp kömek edip bileris. Isanyň aýdyşy ýaly, «tebip saglara däl-de, syrkawlara gerekdir» (Mat. 9:12).
Erkek adamlara wagyz ediň
17, 18. a) Biz erkek adamlara nädip köpräk wagyz edip bileris? b) Indiki makalada nämä serederis?
17 Diňe Mukaddes Ýazgylaryň maslahatlary bagtly bolmaga kömek edip biler. Biz köpräk erkek adamlaryň muňa düşünip, hoş habary kabul etmegini isleýäris (2 Tim. 3:16, 17). Biz erkek adamlara köpräk wagyz etmek üçin näme edip bileris? Munuň üçin olaryň öýde bolýan wagtlary, meselem, agşamlaryna, dynç günleri, öýlän ýa-da baýramçylyk günleri köpräk wagyz edip bileris. Mümkin bolsa, doganlar öýdäki erkek adamlar bilen gürleşmek isleýändigini aýdyp biler. Geliň, mümkinçilikden peýdalanyp, işdäki erkek adamlara we ýygnakdaky uýalaryň ýanýoldaşlaryna wagyz edeliň.
18 Biz her bir adama wagyz edýäris hem-de minnetdar ýürekli adamlaryň hoş habary kabul etjekdigini bilýäris. Geliň, hakykat bilen ýürekden gyzyklanýanlaryň ählisine sabyr-takat bilen kömek edeliň. Eýsem, biz suwda çokundyrylan doganlara öňünde ruhy maksatlar goýmaga we ýygnakda jogapkärli borjy almaga nädip kömek edip bileris? Indiki makalada şu soraga serederis.
a Malaki 3:10. «Meniň öýümde iýere zat bolar ýaly, ammaryma ähli zatdan ondan birini getiriň-de, meni synap görüň» diýip, gökleriň häkimi Ýehowa aýdýar. «Eýsem, gökleriň böwetlerini açyp, size gereginden hem artyk bereketleri eçilmerinmi?»
b «Garawul diňi» žurnalynda çap edilýän wakalara serediň.
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Biz erkek adamlara ruhy zatlary birinji orunda goýmagy nädip öwredip bileris?
• Täze şägirtler il-günden gorkmaz ýaly nädip kömek etmeli?
• Özüni mynasyp görmeýän adamlara nädip kömek edip bileris?
[25-nji sahypadaky surat]
Sen erkek adamlara wagyz etmek üçin mümkinçilik tapýarsyňmy?
[26-nji sahypadaky surat]
Sen okuw geçýän şägirdi nädip synaglara taýýarlap bilersiň?