Sen «haýyr işe» gatnaşýarmyň?
FILIPILI mesihçiler hakyky seždäni jomartlyk bilen goldaýardy. Pawlus olara ýazan ylhamly hatynda: «Men sizi her gezek ýatlanymda, Hudaýyma şükür edip, ilkinji günden tä şu wagta çenli Hoş Habary ýaýratmakda eden hyzmatdaşlygyňyz sebäpli, hemişe, her dogamda baryňyz üçin şatlyk bilen dileg edýärin» diýdi (Flp. 1:3—5). Pawlus Lidiýanyň we onuň öý-içersiniň suwda çokundyrylyşyny hem-de doganlary öýüne çagyryp, bildiren myhmansöýerligini unutmady (Res. iş. 16:14, 15).
Şondan köp wagt geçmänkä, Filipi şäherinde döredilen täze ýygnak Pawlusa iki sapar kömek iberýär. Pawlus takmynan 160 kilometr uzaklykda ýerleşýän Selanik şäherine birnäçe hepdelik imandaşlarynyňka barypdy (Flp. 4:15, 16). Onsoňam, filipili we makedoniýaly doganlar «aşa garyp» ýaşasa-da, Iýerusalimde yzarlanýan mesihçileriň mätäçligini eşidip, olara kömek etmek isleýärler. Pawlus olaryň «öz ýagdaýlaryndan aşa sahylyk edendiklerini» aýdyp, «olar bu haýyr işe... özleriniň gatnaşmagyny köp ýalbaryp, bizden haýyş etdiler» diýýär (2 Kor. 8:1—4; Rim. 15:26).
Filipilileriň hakykaty kabul edenine on ýyl töweregi bolupdy. Olar öňküsi ýaly sahy hem jomartdy. Olar Pawlusyň türmede oturandygy barada eşidip, Epafroditi iberýärler. Ol Pawlusyň ýanyna maddy kömegi eltmek üçin deňiz hem ýer üsti bilen 1 287 kilometr töweregi geçmeli bolýar. Hakykatdan-da, filipili doganlar Pawlusyň türmede oturandygyna garamazdan, onuň imandaşlaryny ruhlandyrmagyny we wagyz etmegini isleýärdiler (Flp. 1:12—14; 2:25—30; 4:18).
Häzirki mesihçiler hem Patyşalyk barada hoş habary ýaýratmak we şägirt taýýarlamak işini goldaýarlar (Mat. 28:19, 20). Munuň üçin olar wagtyny, güýjüni we serişdelerini gaýgyrmaýarlar. Hudaýyň tabşyran işini goldamagyň käbir ýollary barada aşakdaky çarçuwadan okap bilersiňiz.
[22, 23-nji sahypadaky çarçuwa]
SADAKA BERMEGIŇ ÝOLLARY
BÜTINDÜNÝÄ WAGYZ IŞI ÜÇIN PUL SADAKASY
Köp adamlar «Hudaýyň Patyşalygynyň bütindünýä wagyz işi üçin sadaka» diýen guta pul atar ýaly, belli bir mukdarda pul süýşürýärler (Matta 24:14).
Ýygnaklar pul sadakasyny her aý ýerli filiala ugradýarlar. Siziň özüňiz hem pul sadakalaryny ýurduňyza gözegçilik edýän filiala iberip bilersiňiz. Şeýle ýagdaýda gysgaça hat ýazyp, puly sowgat berýändigiňizi habar bermegi haýyş edýäris.
SADAKA BERMEGIŇ BAŞGA GÖRNÜŞLERI
Pul sadakasy bilen birlikde, käbir ýurtlarda bütindünýä işini goldamagyň başga-da mümkinçilikleri bar. Olaryň käbiri barada aşakda aýdylýar.
Gozgalmaýan emläk. Satyp bolýan gozgalmaýan emlägi gönüden-göni sadaka hökmünde filiala berse bolýar ýa-da emlägiň eýesi ömrüniň ahyryna çenli ondan peýdalanyp, soňra filiala geçiriler ýaly edip biler. Emlägi filiala sowgat bermek üçin resminamalary taýýarlamaga başlamankaňyz, filial bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris.
Wesýetnama. Emlägi ýa-da puly kanunda bellenen tertipde wesýetnama ýazyp, filiala geçirse bolýar. Şeýle ýagdaýda wesýetnamanyň bir nusgasyny filiala ibermegiňizi haýyş edýäris.