Gadymy döwürde Hudaýyň ruhuna eýeren wepaly adamlar
«Hökmürowan Reb meni we Ruhuny iberdi» (IŞ. 48:16).
1, 2. Iman etmek üçin näme etmeli? Gadymy döwürdäki Hudaýyň wepaly gullukçylarynyň mysalyna seretmek näme üçin peýdaly?
HABYLYŇ döwründen bäri ençeme adamlar Hudaýa ynanýan bolsa-da, Mukaddes Ýazgylarda: «Hemmesi iman getiren däldir» diýilýär (2 Sel. 3:2). Hudaýa nädip iman etmeli we oňa wepaly bolmaga näme kömek eder? Biz iman etmek üçin Hudaýyň Sözünden bilim almalydygyny bilýäris, sebäbi Mukaddes Ýazgylarda: «Iman eşitmek arkaly» diýilýär (Rim. 10:17). Iman — Hudaýyň mukaddes ruhunyň miwesidir (Gal. 5:22, 23). Şonuň üçin berk iman eder ýaly, bize mukaddes ruh gerek.
2 Adamlar Hudaýa dogabitdi iman etmeýär. Mukaddes Ýazgylarda aýdylan Hudaýyň wepaly gullukçylarynyň hem «biziňki ýaly duýgulary» bardy (Ýakup 5:17). Olar ikirjiňlenýärdi, gorkýardy, şeýle-de kemçilikleri bardy. Emma Hudaýyň ruhy olara kyn ýagdaýlarda çydamaga güýç berýärdi (Ýew. 11:34). Ýehowanyň ruhy olara nädip kömek edendigini bilsek, bize-de Hudaýa wepaly gulluk etmäge ýardam eder. Bu bize şu günler örän wajyp, sebäbi imanymyzy gowşadýan zatlar kän.
Hudaýyň ruhy Musa pygambere güýç berdi
3—5. a) Musa pygamberiň mukaddes ruhuň kömegi arkaly jogapkärli ýumşy ýerine ýetirendigini nireden bilýäris? b) Ýehowanyň ruhuny berýändigi babatda Musanyň mysalyndan näme öwrenýäris?
3 Musa pygamber döwürdeşleriniň arasynda iň ýumşak adamdy (San. 12:3). Ýehowa oňa jogapkärli işi, ýagny ysraýyl halky barada alada etmegi tabşyrdy. Musa pygamber Hudaýyň ruhunyň kömegi bilen pygamber, kazy, ýolbaşçy bolmagy, Mukaddes Ýazgylary ýazmagy we gudratlar görkezmegi başardy (Işaýa 63:11-i okaň)a. Emma bir sapar Musa pygamber Hudaýyň beren ýumşuny ýerine ýetirmek örän kyndygyny aýtdy (San. 11:14, 15). Şonda Ýehowa oňa «beren ruhundan alyp», 70 ýaşula berdi, olar oňa kömek etmelidi (San. 11:16, 17). Musa pygamber jogapkärli borjy ýerine ýetirmeli bolsa-da, ýeke däldi. Oňa kömek edýän 70 ýaşuly hem ýeke däldi.
4 Musa pygamber borjuny ýerine ýetirip biler ýaly, Ýehowa oňa mukaddes ruhy ýeterlikli berdi. Ýehowa mukaddes ruhy 70 ýaşula berenden soň hem, Musa pygamberde mukaddes ruh az däldi, ýeterliklidi. 70 ýaşulyda hem mukaddes ruh onçakly kän däldi. Ýehowa bize-de ýagdaýymyza we zerurlyklarymyza görä, ruhuny ýeterlikli berýär. Ol «ruhuny ölçeg bilen» däl, bolelin berýär (Ýahýa 1:16; 3:34).
5 Belki, sen synaga uçraýansyň? Ýa-da wajyp işlere wagtyň köp gidýändir? Belki, sen çykdajylaryň artsa-da, saglygyň biynjalyk etse-de, maşgalaň ruhy we fiziki zerurlygynyň aladasyny edýänsiň? Ýa-da sen ýygnakda uly jogapkärli borjy ýerine ýetirýänsiň? Muňa garamazdan, Hudaý saňa ruhy arkaly islendik kynçylyga döz gelmäge güýç berjekdigine ynanyp bilersiň (Rim. 15:13).
Mukaddes ruh Besalele kömek etdi
6—8. a) Besalel we Ohalyýab Ýehowanyň ruhunyň kömegi arkaly näme etdi? b) Besalel we Ohalyýabyň Hudaýyň ruhuna eýerendigi nämeden görünýär? ç) Besaleliň mysaly näme üçin bizi ruhlandyrýar?
6 Musanyň döwründe ýaşan we Hudaýyň ruhunyň kömegini alan Ýehowanyň ýene bir gullukçysynyň ady Besaleldi. Biz onuň mysalyndan Hudaýyň ruhunyň kömek edýändigi barada köp zatlary öwrenýäris (Müsürden çykyş 35:30, 31-nji aýatlary okaň)b. Ýehowa çadyra gerekli zatlary ýasamaga gözegçilik eder ýaly, Besaleli belledi. Besalel bu uly işe başlamazdan öň, şeýle işi edipmidi? Belki edendir. Emma ol soňky gezek müsürliler üçin kerpiç ýasapdy (Müs. çyk. 1:13, 14). Besalel oňa ynynylan agyr işi nädip ýerine ýetirdikä? Ýehowa «ony Öz ruhy bilen dolduryp, oňa dürli hili senetçilik işlerinde ukyp, akyl-paýhas we başarjaňlyk berdi». Bu oňa «dürli hili senetçilik işlerinde ukyp berdi». Besalel we Ohalyýap Hudaýyň ruhunyň kömegi bilen ukyplaryny gowulandyrdy. Olar öz işini diňe bir ussatlyk bilen berjaý etmän, eýsem, başgalara hem öwretdiler. Hawa, Hudaý olaryň ýüregine öwretmek ukybyny guýdy.
7 Besalele we Ohalyýaba Hudaýyň ruhunyň kömek edendigi, olaryň ýasan zatlarynyň uzak wagtlap ulanylandygyndan görünýär. Olaryň ýasan zatlary 500 ýyla golaý hyzmat etdi (2 Tar. 1:2—6). Şu günler adamlaryň köpüsi edýän işleri üçin at-abraý gazanmak isleýär. Besalel we Ohalyýab bolsa, Ýehowany şöhratlandyrmak islediler (Müs. çyk. 36:1, 2).
8 Şu günler bize gurluşyk işlerinde, edebiýat çap edende, kongresler gurnanda, tebigy betbagtçylykda kömek edende, lukmanlar we keselhana işgärleri bilen gan barada Mukaddes Ýazgylaryň esasynda garaýşymyzy düşündirende, aýratyn ukyp gerek bolýan jogapkärli iş berilmegi mümkin. Käte şeýle işler şol ugurdan käri bolan dogan-uýalara berilýär. Emma köplenç şeýle işleri bu ugurdan okamadyk meýletinçiler ýerine ýetirýär. Hudaýyň ruhy olara şeýle işleri gowy berjaý etmäge kömek edýär. Ýehowanyň guramasynda saňa ýumuş berlende, başga biri muny senden gowy eder diýip, inkär edipmidiň? Sen Ýehowanyň ruhunyň kömegi bilen islendik ýumşy berjaý eder ýaly, bilimiňi artdyryp we ukybyňy ösdürip bilýändigiňi unutma.
Ýeşuw Hudaýyň ruhy arkaly halka ýolbaşçylyk etdi
9. Ysraýyllylar Müsürden çykan badyna näme boldy we nähili sorag ýüze çykýar?
9 Musanyň we Besaleliň döwründe ýaşan ýene-de bir adam Ýehowanyň ruhuna eýeripdi. Müsürden çykan badyna, Hudaýyň halkyna amalikler hüjüm etdi. Ysraýyllylar söweşmäge taýyn bolmasa-da, indi azat halk hökmünde ilkinji gezek söweşmelidi (Müs. çyk. 13:17; 17:8). Kimdir biri goşuna baştutanlyk etmelidi. Ol kim?
10. Ysraýyllylar Ýeşuwyň baştutanlygynda näme üçin ýeňiş gazandy?
10 Ýehowa Ýeşuwy saýlady. Emma ol öň goşuna baştutanlyk etmändi. Ol söweş barada näme bilýärdi? Ýeşuw gul bolan wagty kerpiç ýasaýardy. Çölde bolsa her gün manna ýygnaýardy. Dogrudan-da, Ýeşuwyň atasy Elişama efraýym taýpasynyň we onuň bir ýüz sekiz müň ýüz adamdan ybarat goşunyň baştutanydy (San. 2:18, 24; 1 Tar. 7:26, 27). Emma Ýehowa Musa pygambere Elişamany we onuň ogly Nuny saýla diýmedi. Ýehowa goşuna Ýeşuw baştutanlyk edip, duşmany derbi-dagyn eder diýdi. Söweş uzak güne çekdi. Ýeşuw Hudaýa gulak asyp, onuň ruhunyň görkezmesine eýerendigi üçin, ysraýyllylar ýeňiş gazandy (Müs. çyk. 17:9—13).
11. Biz mukaddes gullugymyzy Ýeşuw ýaly nädip gowy ýerine ýetirip bileris?
11 Soňra Ýeşuw «paýhaslylyk ruhundan dolup», Musa pygamberiň işini dowam etdirdi (Kan. tag. 34:9). Mukaddes ruh oňa Musa ýaly pygamberlik etmäge we gudrat görkezmäge ukyp bermese-de, söweşde ysraýyllylara baştutanlyk etmäge hem-de Kengan ýurduny basyp almaga kömek etdi. Şu günler biz hem özümizi mukaddes gullukda käbir borçlary ýerine ýetirmäge ukypsyz we tejribesiz duýýandyrys. Onda Ýeşuw ýaly Hudaýyň görkezmesine doly eýersek, onuň kömek etjekdigine ynanyp bileris (Ýeşuw 1:7—9).
«Ýehowanyň ruhy Gideony gurşap aldy»
12—14. a) Biz ysraýyllylaryň kiçi goşunynyň midýanlaryň uly goşunyny ýeňendiginden näme öwrenýäris? b) Ýehowa Gideonyň imanyny nädip berkitdi? ç) Şu günler Hudaý bize nädip kömek edýär?
12 Ýeşuw ölensoň hem, Ýehowa wepaly adamlaryna ruhy arkaly güýç berýärdi. Kazylar kitabyndan köp adamlaryň «ejizlikden güýç alandygyny» bilýäris (Ýew. 11:34). Hudaý mukaddes ruhy arkaly ysraýyllylar üçin söweşmäge Gideona güýç berdi (Kaz. 6:34). Gideonyň goşuny midýanlaryň goşunyna garanyňda örän kiçidi. Her bir ysraýylly esgere dört midýan esgeri düşýärdi. Emma şonda-da Ýehowa esgerleriň sanyny azalt diýdi. Ol iki sapar Gideona esgerleri öýüne iber diýdi. Netijede, her bir ysraýyl esgere 450 midýan esgeri düşýärdi (Kaz. 7:2—8; 8:10). Şonda Ýehowa razy boldy. Şeýlelikde, ysraýyllylar ýeňiş gazansa, hiç kim buýsanyp, ynsan güýji we akyldarlygy bilen ýeňdik diýip bilmezdi.
13 Gideon we onuň goşuny söweşmäge taýyndy. Eger sen şol goşunyň arasynda bolsaň, gorkmaýan iň batyr adamlar galdy diýip, özüňi ynamly duýarmydyň? Ýa-da indi näme bolarka diýip gorkarmydyň? Biz Gideonyň Hudaýa bil baglandygyna ynanyp bileris. Ol Ýehowanyň ähli diýen zadyny etdi (Kazylar 7:9-y okaň)c. Gideon Hudaýyň kömek etjekdigi hakynda alamat görkezmegi haýyş edende, Hudaý ony ýazgarmady (Kaz. 6:36—40). Gaýtam, Ýehowa Gideonyň imanyny berkitdi.
14 Ýehowa halas edip bilýär, çünki onuň güýji çäksiz. Ol halkyny çykgynsyz ýagdaýdan-da halas edip bilýär. Ýehowa ejiz we başarnyksyz ýaly görünýän adamlara hem kömek edip bilýär. Käte biz köp adamlaryň bize garşy bolýandygyny duýýandyrys ýa-da çykgynsyz ýagdaýa düşýändiris. Biz Ýehowanyň Gideona alamat görkezişi ýaly, bize-de görkezer öýtmeýäris. Emma ol bize Mukaddes Ýazgylar we Hudaýyň ruhuna eýerýän ýygnak arkaly teselli hem görkezme berýär (Rim. 8:31, 32). Ýehowa söýgi bilen imanymyzy berkitjekdigini wada berýär. Biz hem Hudaýyň güýjüne bil baglasak kömek eder.
«Ýehowanyň ruhy Ýeftaha indi»
15, 16. Näme üçin Ýeftahyň gyzynda janaýamazlyk ruhy bardy we bu ata-enelere nähili göwünlik berýär?
15 Geliň, ýene bir mysala seredeliň. Ysraýyllylar ammonlyllar bilen söweşende, «Ýehowanyň ruhy Ýeftaha indi». Ýeftah Ýehowany şöhratlandyrmak üçin ýeňiş gazanmak isleýärdi, şol sebäpli ol şeýle wada berýär. Eger Ýehowa Ýeftaha ammonlyllary ýeňmäge kömek etse, onda öýüne baranda ilkinji öňünden çykan adamy Ýehowa berjekdigini aýtdy. Ýeftah ammonlyllary ýeňip, öýüne gelende, öňünden gyzy çykýar (Kaz. 11:29—31, 34). Ýeftah muňa haýran galdymyka? Haýran galan däldir, sebäbi ol onuň ýekeje perzendidi. Ol gyzyny Ýehowanyň Şilodaky çadyrynda mukaddes gulluk etmäge berip, wadasyny berjaý etdi. Ýeftahyň gyzy hem Ýehowanyň wepaly gullukçysydy, şol sebäpli atasynyň beren wadasyny ýerine ýetirmelidigine düşünýärdi (Kazylar 11:36-ny okaň)d. Ýehowanyň ruhy olaryň ikisine-de, ýeterlikli güýç berdi.
16 Näme üçin Ýeftahyň gyzynda şeýle janaýamazlyk ruhy bardy? Elbetde, onuň kakasynyň yhlasyny we hudaýhonlygyny synlap, imany berkändir. Ata-eneler, siziň göreldäňiz çagalaryňyza täsir edýär. Siziň gelýän kararlaryňyz aýdýan zatlaryňyza ynanýandygyňyzy görkezýär. Olar siziň ýürekden edýän dogalaryňyzy diňleýärler, okuw geçirişiňize üns berýärler hem-de Ýehowa janyňyz-teniňiz bilen gulluk edýäniňizi görýärler. Çagalaryňyz bu zatlary edýändigiňizi görse, Ýehowa gulluk etmek islegi has-da artar. Şonda siziň şatlygyňyzyň çägi bolmaz.
Ýehowanyň ruhy Şimşona täsir edip başlaýar
17. Şimşon Hudaýyň ruhunyň kömegi bilen näme etdi?
17 Ýene bir mysala seredeliň. Ysraýyllylar filistililere ýesir düşüpdi. «Biraz wagtdan Ýehowanyň ruhy» ysraýyllylary halas etmek üçin «Şimşony aýaga galdyrdy» (Kaz. 13:24, 25). Şimşon üýtgeşik, öň görlüp-eşidilmedik işleri etmäge güýç aldy. Filistililer ysraýyllylara Şimşony tutdyranda, «Ýehowanyň ruhy oňa täsir edip başlady welin, onuň ellerindäki ýüpler oda ýanan ýüplük kimin boldy, ellerindäki daňy çözüldi» (Kaz. 15:14). Soňra Şimşon eden ýalňyşy sebäpli güýjüni ýitirdi, hatda gowşak mahaly-da, ol «iman arkaly» güýç aldy (Ýew. 11:32—34; Kaz. 16:18—21, 28—30). Şimşon örän kyn ýagdaýa düşendigi sebäpli, Ýehowanyň ruhy oňa üýtgeşik güýç berdi. Şeýle wakalar bizi, hakykatdan-da, örän ruhlandyrýar. Näme üçin?
18, 19. a) Şimşonyň mysaly bizi nämä ynandyrýar? b) Şu makalada agzalan Hudaýyň wepaly gullukçylarynyň mysalyndan näme öwrendiň?
18 Biz hem Şimşonyň bil baglan mukaddes ruhuna bil baglaýarys. Esasanam, Isanyň: «Halka wagyz edip, güwä geçiň» diýen tabşyrygyny berjaý etmek üçin şeýle güýç gerek bolýar (Res. iş. 10:42). Şol tabşyrygy berjaý etmek käte aňsat däl. Biz Ýehowa mukaddes ruh arkaly her hili ýumuşlary berjaý etmäge kömek edýändigi üçin örän minnetdar! Şeýlelikde, berlen ýumşy ýerine ýetirip, biz hem Işaýa pygamber ýaly: «Hökmürowan Reb meni we Ruhuny iberdi» diýip bileris (Iş. 48:16). Hawa, Hudaý bizi iberende, ruhuny hem berýär! Ýehowanyň Musa, Besalele hem-de Ýeşuwa ukyp berşi ýaly, bize-de berer diýip, tabşyrylan işe ýürekden ýapyşýarys. Biz «Hudaýyň sözi bolan Ruhuň gylyjyny» ele alýarys, sebäbi Ýehowanyň Gideona, Ýeftaha we Şimşona güýç berşi ýaly, bize-de berjegini bilýäris (Efes. 6:17, 18). Eger kynçylyklarda Ýehowanyň kömegine bil baglasak, Şimşonyň güýçli bolşy ýaly, biz hem ruhy taýdan güýçli bolarys.
19 Diýmek, Ýehowa hakyky seždä berk ýapyşýan adamlary ýalkaýar. Biz hem Hudaýyň mukaddes ruhunyň täsirine tabyn bolsak, onda imanymyz has-da berkär. Onsoňam, Injilde gürrüň berilýän käbir wakalara seretsek, has-da ruhlanarys. Biz b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününden öň we soňra Ýehowanyň ruhunyň wepaly gullukçylaryna täsir edişini bileris. Geliň, şol wakalara indiki makalada seredeliň.
a Işaýa 63:11. Hudaýyň halky geçmişi, Rebbiň guly Musany ýatlady. Sürüsiniň çopanlary bilen bile olary deňizden geçiren nirede? Öz Mukaddes Ruhuny içlerine salan nirede?
b Müsürden çykyş 35:30. Musa ysraýyllara şeýle diýdi: «Ynha, Reb ýahuda tiresinden Huruň agtygy, Urynyň ogly Besaleli saýlady. 31. Ol ony Öz ruhy bilen dolduryp, oňa dürli hili senetçilik işlerinde ukyp, akyl-paýhas we başarjaňlyk berdi».
c Kazylar 7:9. Şol gije Ýehowa Gideona şeýle diýdi: «Tur-da, aşak düşüp, düşelgä hüjüm et, çünki men olary seniň eliňe berdim».
d Kazylar 11:36. Emma gyzy oňa şeýle diýdi: «Kaka, sen Ýehowa söz beren bolsaň, onda ony berjaý et. Çünki Ýehowa duşmanlaryň ammon ogullaryndan seniň aryňy alyp berdi».
Ýehowanyň ruhunyň... täsir edişini bilmek seni näme üçin ruhlandyrýar?
• Musa
• Besalela
• Ýeşuwa
• Gideona
• Ýeftaha
• Şimşona
[22-nji sahypadaky sitata]
Hudaýyň ruhy Şimşona güýç berişi ýaly, bize hem ruhy taýdan güýç berýär
[21-nji sahypadaky surat]
Ata-eneler, siziň yhlasyňyz çagalaryňyza täsir edýär