«Özüňizi fariseýleriň hamyrmaýasyndan... goraň»
Isa şägirtlerine: «Özüňizi fariseýleriň hamyrmaýasyndan, ýagny ikiýüzlülikden goraň» diýdi (Luka 12:1). Parallel aýatdaky Isanyň sözlerinden fariseýleriň «taglymatlaryny» ýazgarandygy aýdyň görünýär (Mat. 16:12).
Mukaddes Ýazgylarda ulanylýan «hamyrmaýa» sözi käte zaýalygy aňladýar. Dogrudanam, fariseýleriň taglymatlary we garaýyşlary adamlara erbet täsir edýärdi. Näme üçin fariseýleriň taglymatlary howpludy?
1 Fariseýler tekepbirlik bilen özlerini dogry saýyp, sada adamlary hasap etmeýärdiler.
Özüni dogry saýýan adamlar barada Isa bir tymsal aýtdy. Ol şeýle diýdi: «Fariseý durup, öz içinden şeýle doga edýär: „Eý Hudaý! Men başga adamlar kimin talaňçy, egri, zynagär we bu salgytçy ýaly-da däldigime şükür edýärin. Men hepdede iki gezek oraza tutýaryn, bütin girdejimden zekat berýärin“. Salgytçy bolsa daşda durýar. Ol gabagyny Göge galdyrmaga hem ýürek etmeýär, ýöne gursagyna urup: „Eý Hudaý! Men günäkäre rehim et!“ diýýär» (Luka 18:11—13).
Isa salgytçyny kiçigöwünlidigi üçin öwüp: «Size aýdýaryn, fariseý däl, şu adam aklanyp, öýüne gidýär, çünki her kim özüni beýgeltse, peseler, özüni peseltse, beýgeler» diýdi (Luka 18:14). Salgytçylaryň dogruçyl bolmandygy üçin at-abraýy gowy bolmasa-da, Isa olaryň arasyndan özüni diňleýän adamlara kömek etmek isledi. Şol sebäpli iki salgytçy, Matta we Zakkaý onuň şägirdi boldy.
Hudaýyň bize beren ukyby we ýygnakda jogapkärçilikli işi edýändigimiz üçin ýa-da beýlekileriň ýalňyşlyklary we kemçilikleri sebäpli, özümizi olardan ýokary saýsak näme? Biz şeýle pikir etmeli däl. Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda: «Söýgi sabyrlydyr, şepagatlydyr, söýgi göripçilik edýän däldir, söýgi öwünip, tekepbirlik edýän däldir. Biabraýçylykly iş edýän däldir, öz nepini gözleýän däldir, gaharlanýan däldir, içinde hylt saklaýan däldir. Adalatsyzlyga şatlanman, hakykata şatlanýandyr» diýilýär (1 Kor. 13:4—6).
Biz Pawlus resulyňky ýaly garaýyşda bolmaly. Ol: «Mesih Isa günäkärleri gutarmak üçin dünýä geldi» diýdi. Soňra: «Ol günäkärleriň iň erbedi mendirin» diýip, sözüni jemledi (1 Tim. 1:15).
Oýlanmak üçin sowallar
Men günälidigime we gutulyşymyň Ýehowanyň merhemetine baglydygyna düşünýärinmi? Ýa-da men ençeme ýyl wepaly gulluk edip, Hudaýyň guramasynda jogapkärli işi ýerine ýetirýändigim ýa-da ukyplydygym üçin, özümi başgalardan ýokary tutýarynmy?
2 Fariseýler edýän işlerini adamlaryň öňünde göz üçin edip, özleriniň dogrulygyny görkezjek boldular. Olar öwgüli tituly almak üçin özlerini ýokary saýdylar.
Emma Isa: «Olar edýän ähli zatlaryny göz üçin edýändirler. Doga gutularyny giňeldip, geýimleriniň pürçügini uzaldýandyrlar. Zyýapatlarda töri, sinagogalarda baş kürsüleri, bazar ýerinde salam almagy, adamlaryň özlerine „mugallym“ diýmegini söýýändirler» diýdi (Mat. 23:5—7). Fariseýleriň garaýşy bilen Isanyňkyny deňeşdiriň. Isa Hudaýyň kämil Ogly bolsa-da, pesgöwünlidi. Bir adam oňa «ýagşy» diýende, Isa oňa: «Näme üçin Maňa ýagşy diýýärsiň? Bir Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir» diýip, jogap berdi (Mar. 10:18). Başga bir gezek, şägirtleriniň aýagyny ýuwup, olara kiçigöwünli bolmaklygyň wajypdygyny görkezdi (Ýahýa 13:1—15).
Mesihçiler imandaşlaryna gulluk etmeli (Gal. 5:13). Aýratynam, bu ýygnakda gözegçi bolup gulluk etmek isleýänlere degişli. Elbetde, «gözegçi bolmaga jan çekmeli», ýöne olarda dogan-uýalara kömek etmek islegi bolmaly. Şeýle jogapkärlik abraýly we ygtyýarly bolmagy aňlatmaýar. Gözegçi bolup gulluk edýän doganlar Isa ýaly pesgöwünli bolmaly (1 Tim. 3:1, 6; Mat. 11:29).
Oýlanmak üçin sowallar
Men ýygnakda goşmaça jogapkärligi almak niýeti bilen, jogapkärli doganlara gowy görünjek bolýarynmy? Men, esasanam, sylag-hormata we öwgä mynasyp bolmak üçin, Hudaýa gulluk edýärinmi? Başgalardan tapawutlanjak bolýarynmy?
3 Fariseýleriň düzgünleri we däp-dessurlary sebäpli, sada adamlara kanuny berjaý etmek kyn boldy.
Musanyň kanunynda Ysraýyl halkynyň Ýehowa nähili sežde etmelidigi barada aýdyň düşündirilýärdi. Emma kanunda jikme-jiklikler agzalmaýardy. Meselem, kanunda Sabat güni işlemeli däldigi aýdylýardy. Ýöne haýsy iş etmeli ýa-da etmeli däldigi düşündirilmeýärdi (Müs. çyk. 20:10). Fariseýler bolsa, öz düzgünleri we däp-dessurlary bilen kanuna käbir zatlary goşdular. Isa fariseýleriň zalym düzgünlerine eýermese-de, Musanyň kanunyny berjaý edýärdi (Mat. 5:17, 18; 23:23). Isa diňe kanundaky ýazylan zatlary däl, eýsem, onuň düýp manysyna düşünip, rehimdarlyk we duýgudaşlyk bildirýärdi. Hatda şägirtleri onuň ynamyny ödemeseler-de, ol özüni paýhasly alyp bardy. Meselem, tussag edilen gijesi üç resulyna oýa bolmagy haýyş eden-de, olar üç sapar hem ukladylar. Muňa garamazdan, Isa rehimlilik bilen: «Ruh islegli, ýöne beden ejizdir» diýdi (Mar. 14:34—42).
Oýlanmak üçin sowallar
Men öz gödek düzgünlerimi ýa-da garaýşymy kanun hökmünde etdirjek bolýarynmy? Men başgalardan köp zada garaşman, özümi paýhasly alyp barýarynmy?
Isanyň taglymatlary bilen fariseýleriň taglymatlarynyň arasyndaky uly tapawut barada oýlanyň. Bu babatda garaýşyňy üýtgetmelidigine düşünýärsiňmi? Düşünýän bolsaň, garaýşyňy üýtgetseň, gowy bolar.
[28-nji sahypadaky surat]
Fariseýler doga gutularyny giňeldýärdiler (Mat. 23:2, 5)
[29-njy sahypadaky surat]
Tekepbir fariseýlerden tapawutlylykda, pesgöwünli ýaşulular dogan-uýalara hyzmat edýärler
[30-njy sahypadaky surat]
Sen Isa ýaly, başgalardan köp zada garaşman, özüňi paýhasly alyp barýarmyň?