Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w12 15/6 sah. 7—11
  • Ýehowa «syrlary açýan» Hudaý

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa «syrlary açýan» Hudaý
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ÝYLANYŇ «TOHUMY» WE WAGŞY HAÝWAN
  • BIRINJI WE IKINJI KELLE — MÜSÜR WE ASSIRIÝA
  • ÜÇÜNJI KELLE — BABYL
  • DÖRDÜNJI KELLE — MIDIÝA-PARS PATYŞALYGY
  • BÄŞINJI KELLE — GRESIÝA
  • ALTYNJY KELLE, «ELHENÇ HEM GORKUNÇ» JANAWAR — RIM
  • Ýehowa «ýakynda bolmaly zatlary» aýan edýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Ylham kitabynda Hudaýyň duşmanlary hakda nähili pygamberlik aýdylýar?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Sekiz patyşa aýan boldy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
w12 15/6 sah. 7—11

Ýehowa «syrlary açýan» Hudaý

«Siziň Hudaýyňyz, dogrudan-da, hudaýlaryň Hudaýy, patyşalaryň Hökümdary we syrlary açýar» (DAN. 2:47).

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Ýehowa gelejek barada nämeleri aýan edýär?

  • Janawaryň alty kellesi kimleri aňladýar?

  • Janawar bilen Nebukadnezaryň gören heýkeliniň näme baglanyşygy bar?

1, 2. Ýehowa bize nämäni açýar we näme üçin?

HUDAÝYŇ PATYŞALYGY ynsan hökümetlerini ýok etjek mahaly, ýer ýüzünde haýsy hökümet iň güýçlüsi bolar? Biz munuň jogabyny bilýäris, sebäbi «syrlary açýan» Ýehowa Hudaý Daniýel pygambere we Ýahýa resula beren pygamberliklerinde şol hökümetler hakda gürrüň berýär.

2 Ýehowa Daniýele we Ýahýa wagşy haýwan barada birnäçe görnüş berýär. Onsoňam, Hudaý Daniýele äpet heýkel barada düýş berip, manysyny düşündirýär. Ýehowa Daniýele we Ýahýa şol görnüşleri ýazdyrypdyr, sebäbi Mukaddes Ýazgylardan şolar barada bilmegimizi isleýär (Rim. 15:4). Şol pygamberlikleri içgin öwrensek, Hudaýyň Patyşalygynyň ähli ynsan hökümetlerini ýok etjekdigine ynamymyz berkär (Dan. 2:44).

3. Mukaddes Ýazgylarda ýazylan pygamberliklere düşünmek üçin, ilki bilen, nämä düşünmeli? Näme üçin?

3 Daniýeliň we Ýahýanyň pygamberliklerinde sekiz patyşa, ýagny ynsan hökümdarlygy we olaryň nähili yzygiderlikde peýda boljagy barada aýdylýar. Ýöne şol pygamberliklere düşünmek üçin, ilki bilen Mukaddes Ýazgylarda ýazylan birinji pygamberlige düşünmeli. Näme üçin? Sebäbi tutuş Mukaddes Ýazgylar we ähli pygamberlikler şol ilkinji pygamberlik bilen baglanyşyklydyr.

ÝYLANYŇ «TOHUMY» WE WAGŞY HAÝWAN

4. Kimler aýalyň nesli we şol nesil näme eder?

4 Erem bagynda bolan pitneden soňra, Ýehowa «aýalyň» «tohumy», ýagny nesli hakda pygamberlik aýtdya (Gelip çykyş 3:15-i okaň)b. Ahyry şol nesil ýylanyň, ýagny Şeýtanyň kellesini owradar. Wagtyň geçmegi bilen, Ýehowa şol nesliň Ybraýymyň neberelerinden, Ysraýyl halkynyň ýehudy taýpasynda we Dawut patyşanyň maşgalasynda dünýä injegini aýtdy (Gel. çyk. 22:15—18; 49:10; Zeb. 89:3, 4; Luka 1:30—33). Şol nesil Isa Mesihdir (Gal. 3:16). Mesh edilen mesihçileriň ýygnagy hem aýalyň neslidir (Gal. 3:26—29). Hudaýyň Patyşalygy hem Isa Mesihden we mesh edilen mesihçilerden ybarat. Hudaý şol Patyşalygyň kömegi bilen Şeýtany ýok eder (Luka 12:32; Rim. 16:20).

5, 6. a) Daniýeliň we Ýahýanyň görnüşlerinde näçe sany hökümet agzalýar? b) Ylham kitabyndaky janawaryň başlary näme aňladýar?

5 Erem bagynda aýdylan ilkinji pygamberlikde Şeýtanyň «tohumy» barada-da aýdylýar. Şeýtanyň tohumy aýalyň tohumyny ýigrenýär. Ýylanyň tohumy kim? Şeýtan ýaly Hudaýy ýigrenýän we Hudaýyň halkyna garşylyk görkezýän ähli adamlar. Asyrlaryň dowamynda Şeýtan we nesli diňe dini we harby guramalary döretmek bilen çäklenmän, eýsem, dürli hökümetleri, ýagny patyşalyklary hem döretdi (Luka 4:5, 6). Şol hökümetleriň diňe käbiri Hudaýyň halkyna, ýagny Ysraýyl halkyna ýa-da mesh edilen mesihçileriň ýygnagyna gös-göni azar berdi. Şol sebäpli-de Daniýele we Ýahýa berlen pygamberliklerde diňe sekiz patyşalyk hakynda aýdylýar. Ýöne taryhda başga-da ençeme güýçli patyşalyklar bolupdyr.

6 B. e. I asyrynyň soňunda direlen Isa Ýahýa resula birnäçe täsin görnüşler görkezýär (Ylh. 1:1). Şolaryň birinde Ýahýa uly deňziň kenarynda duran aždarha meňzedilýän Iblisi görýär (Ylham 13:1, 2-nji aýatlary okaň). Ýahýa görnen täsin wagşy haýwan şol deňizden çykyp, Iblisden uly ygtyýar alýar. Biraz soňra Ýahýa ýedi başly gyzyl janawary görýär. Ol Ylham 13:1-däki wagşy haýwanyň buty. Perişde Ýahýa şol gyzyl janawaryň ýedi başy ýedi patyşalar, ýagny hökümetlerdigini düşündirýär (Ylh. 13:14, 15; 17:3, 9, 10). Ýahýa Ylham kitabyny ýazýarka, şol patyşalaryň bäşisi indi höküm sürmeýärdi, biri höküm sürýärdi, «biri entek gelenokdy». Olar haýsy patyşalyklardy? Geliň, Ylham kitabynda agzalýan «janawaryň» her başy, ýagny kellesi barada gürrüň edeliň. Daniýeliň kitabyndan hem şol hökümetler barada, käte olar peýda bolmanka, birnäçe asyr öňünden köp zatlar aýdylypdyr.

BIRINJI WE IKINJI KELLE — MÜSÜR WE ASSIRIÝA

7. Birinji kelle näme aňladýar we näme üçin?

7 Janawaryň birinji kellesi Müsüri aňladýar. Näme üçin? Sebäbi Hudaýyň halkyny ilki ýigrenen dünýä şalygy Müsürdi. Hudaý şol aýalyň tohumynyň Ybraýymyň maşgalasynda dünýä injekdigini aýtdy. Ysraýyllylar bolsa Ybraýymyň neslidi. Olar Müsürde ýaşaýarkalar barha köpeldiler. Müsürliler olara azar berip başladylar. Şeýtan şol «tohumyň» dünýä inmegini islemeýärdi, şonuň üçin Hudaýyň halkyny ýok etmäge çalyşdy. Şeýlelikde ol faraonyň kömegi bilen ysraýyllylarda doglan ähli oglan bäbekleri gyrmaga synanyşdy. Emma Ýehowa muňa ýol bermedi we halkyny Müsürden azatlyga çykardy (Müs. çyk. 1:15—20; 14:13). Wagtyň geçmegi bilen, Ýehowa ysraýyllylary wada edilen diýarda ýerleşdirdi.

8. Ikinji kelle näme aňladýar we ol näme etjek boldy?

8 Janawaryň ikinji kellesi Assiriýany aňladýar. Bu dünýä şalygy hem Hudaýyň halkyny gyrjak boldy. Dogry, Ýehowa Ysraýylyň butlara sežde eden we pitne turzan on taýpasyna temmi bermek üçin Assiriýany ulandy. Emma soňra Assiriýa Iýerusalime hüjüm etdi. Megerem, Şeýtan Iýerusalimde ýaşan patyşa maşgalasyny ýok etmek isländir, sebäbi Isa şol nesilden gelmelidi. Şonuň üçin Ýehowa Iýerusalimiň weýran edilmegini islemeýärdi. Şeýlelikde, Hudaý Assiriýany derbi-dagyn edip, halkyny gudrat bilen halas etdi (2 Pat. 19:32—35; Iş. 10:5, 6, 12—15).

ÜÇÜNJI KELLE — BABYL

9, 10. a) Ýehowa babyllylara näme etmäge ýol berdi? b) Pygamberligiň ýerine ýetmegi üçin näme bolmalydy?

9 Ýahýanyň gören janawarynyň üçünji kellesi Babyly aňladýar. Ýehowa babyllylara Iýerusalimi weýran edip, halkyny ýesirlige äkitmäge ýol berdi. Hudaý pitneçi ysraýyllylara weýrançylygyň boljagyny öňünden duýdurypdy (2 Pat. 20:16—18). Onsoňam, Hudaý indi Iýerusalimde «Ýehowanyň tagtynda» patyşa nesliniň höküm sürmejekdigini aýtdy (1 Tar. 29:23). Emma Ýehowa Dawut patyşanyň neslinden kanuny hukugy bolan birine patyşalyk häkimiýetini berjekdigini wada berdi (Iş. 11:1).

10 Başga bir pygamberlikde bolsa wada edilen Mesih gelende ýehudylaryň Iýerusalimdäki ybadathanada entek sežde etjekdikleri aýdylýar (Dan. 9:24—27). Ysraýyllylar Babyla ýesirlige äkidilmänkä aýdylan bir pygamberlikde Mesihiň Beýtullahamda dünýä injegi agzalýar (Mika 5:2). Şol pygamberlikleriň ýerine ýetmegi üçin ýehudylar ýesirlikden boşap, watanyna dolanmalydy we ybadathanany täzeden gurmalydy. Emma Babyl ýesirleri hiç haçan boşatmaýardy. Eýsem, Hudaýyň halky nädip ýurduna dolanardy? Ýehowa muny pygamberlerine aýan etdi (Amos 3:7).

11. Babyl şalygy nähili suratlandyrylýar? (Çykgyda serediň).

11 Daniýel pygamber Babyla äkidilen ýesirleriň biridi (Dan. 1:1—6). Ýehowa Daniýel pygambere Babyldan soňra yzly-yzyna peýda boljak dünýä şalyklaryny aýan etdi. Ýehowa boljak zatlary dürli nyşanlar arkaly görkezýär. Meselem, ol Babyl patyşasy Nebukadnezara äpet heýkel barada düýş berýär (Dan. 2:1, 19, 31—38). Ýehowa şol heýkeliň altyn kellesiniň Babyl şalygydygyny Daniýele aýan etdic. Heýkeliň kümüş döşi we elleri Babyldan soňra peýda boljak dünýä şalygyny suratlandyrýar. Ol haýsy dünýä şalygy we Hudaýyň halkyna nähili garar?

DÖRDÜNJI KELLE — MIDIÝA-PARS PATYŞALYGY

12, 13. a) Ýehowa Babylyň ýykylyşy barada näme aýan etdi? b) Midiýa-Pars şalygyna näme üçin «janawaryň» dördünji kellesi diýse bolar?

12 Daniýeliň ýaşan döwründen bir asyrdan gowrak ozal, Ýehowa Işaýa pygamber arkaly Babyly basyp aljak dünýä şalygy barada käbir zatlary aýan etdi. Ýehowa Babyl şäheriniň diňe nähili ýykyljagyny däl-de, eýsem, kimiň basyp aljagyny hem aýtdy. Ol pars patyşasy Kir (Kureş) (Iş. 44:28—45:2). Daniýele Midiýa-Pars dünýä şalygy hakda başga-da iki görnüş berildi. Olaryň birinde şol şalyk bir ýanynda duran aýa meňzedilýär. Oňa: «Köp et iý» diýilýär (Dan. 7:5). Başga bir görnüşde bolsa, Daniýel iki halkdan ybarat dünýä şalygyny iki şahly goç hökmünde görýär (Dan. 8:3, 20).

13 Ýehowa Midiýa-Pars şalygynyň kömegi bilen Babyly ýykdy we ysraýyllylara watanyna dolanmaga mümkinçilik berdi. Şeýdip pygamberlik ýerine ýetdi (2 Tar. 36:22, 23). Soňy bilen, Midiýa-Pars patyşalygy hem Hudaýyň halkyny ýok etjek boldy. Mukaddes Ýazgylaryň Ester kitabynda aýdylmagyna görä, pars patyşasynyň weziri Haman şol patyşalykda ýaşan ähli ýehudylary öldürmek isleýär. Haman bellenen bir güni ähli ýehudylary gyrmagy tabşyrýar. Emma Ýehowa halkyna kömege ýetişip, olary Şeýtanyň «tohumynyň» hüjüminden goraýar (Est. 1:1—3; 3:8, 9; 8:3, 9—14). Diýmek, Midiýa-Pars şalygy Ylham kitabyndaky «janawaryň» dördünji kellesi.

BÄŞINJI KELLE — GRESIÝA

14, 15. Ýehowa gadymy Gresiýa şalygy hakda nämeleri öňünden aýtdy?

14 Ylham kitabynda agzalýan janawaryň bäşinji kellesi Gresiýany aňladýar. Daniýeliň Nebukadnezara ýorup beren düýşünde Gresiýa şalygy heýkeliň mis garny hem budy hökmünde suratlandyrylýar. Ýehowa Daniýele beren beýleki iki görnüşinde Gresiýa şalygy we onuň iň görnükli hökümdary hakda käbir zatlary aýan edýär.

15 Bir görnüşde Daniýel dört ganatly gaplaňy görýär. Gaplaň beýleki halklary derrew basyp aljak Gresiýany aňladýar (Dan. 7:6). Başga bir görnüşde Daniýel ullakan bir şahly tekäni görýär. Teke Midiýa-Pars şalygyny aňladýan iki şahly goçy süsüp öldürýär. Ýehowa Daniýele tekäniň Gresiýany aňladýandygyny we ullakan bir şahynyň bolsa onuň patyşasydygyny aýdýar. Soňra Daniýel uly şahyň döwlüp, ýerine dört sany kiçiräk şahyň çykjagy barada ýazýar. Bu pygamberlik Gresiýa dünýä şalygy bolmazyndan birnäçe asyr öňünden aýdylsa-da, jikme-jik ýerine ýetdi. Isgender Zülkarneýin şol ullakan şah, sebäbi ol gadymy Gresiýanyň iň görnükli hökümdarydy we ol Midiýa-Pars şalygyna garşy söweşdi. Isgenderiň duýdansyz aradan çykmagy bilen, ullakan şah döwüldi. Şonda ol bary-ýogy 32 ýaşyndady we abraýly hökümdardy. Onuň deregine dört goşunbaşysy öz aralarynda patyşalygy paýlaşdylar (Daniýel 8:20—22-nji aýatlary okaň)d.

16. Antioh IV näme etdi?

16 Gresiýa Pars patyşalygyny basyp alyp, Hudaýyň halkynyň üstünden höküm sürüp başlady. Ýehudylar eýýäm watanyna dolanyp, Iýerusalimdäki ybadathanany täzeden gurupdylar. Ysraýyllylar entegem Hudaýyň halkydy we şol ybadathana hakyky seždäniň merkezi hasaplaýardy. B. e. öň II asyrda janawaryň bäşinji kellesi Gresiýa Hudaýyň halkyna hüjüm etdi. Isgenderiň şalygynyň bir bölegini miras alan Antioh IV Iýerusalimdäki ybadathanada butparazlar üçin gurban berilýän ýeri gurup, ýehudy dinini gadagan etdi. Bu kanuny bozana ölüm jezasy berilýärdi. Şeýtanyň «tohumy» ýene-de Hudaýyň halkyna topuldy! Ýöne tizden Gresiýanyň deregine başga bir şalyk gelmelidi. Janawaryň altynjy kellesi kimi aňladýarka?

ALTYNJY KELLE, «ELHENÇ HEM GORKUNÇ» JANAWAR — RIM

17. Gelip çykyş 3:15-de ýazylan pygamberligiň ýerine ýetmegine altynjy kelle nähili täsir etdi?

17 Ýahýa resul görnüş görende Rim dünýä şalygynda höküm sürýärdi (Ylh. 17:10). Altynjy kelle Gelip çykyş 3:15-de ýazylan pygamberligiň ýerine ýetmegine güýçli täsir etdi. Şeýtan Rimiň wekillerini ulanyp, aýalyň «tohumynyň» dabanyndan çakdy. Rimliler Isany döwlete garşy gozgalaň turuzmakda aýyplap, oňa ölüm jezasyny berdiler (Mat. 27:26). Emma dabanyň ýarasy çalt bitdi, sebäbi Ýehowa Isany direltdi.

18. a) Ýehowa nähili täze halky saýlady we näme üçin? b) Ýylanyň tohumy aýalyň tohumyny yzarlamagyny nädip dowam etdi?

18 Ysraýylyň dini ýolbaşçylary Rim hökümdarlary bilen Isa garşy dil düwüşdiler. Ysraýyllylaryň köpüsi-de Isany kabul etmedi. Şol sebäpli Ýehowa tebigy Ysraýyldan ýüz öwrüp, indi olary öz halky hasaplamaýar (Mat. 23:38; Res. iş. 2:22, 23). Ol täze halky, «Hudaýyň Ysraýylyny» saýlady (Gal. 3:26—29; 6:16). Ol halk ýehudy we özge milletli mesh edilen mesihçileriň ýygnagyndan ybarat (Efes. 2:11—18). Isanyň ölüminden we direlişinden soňam, ýylanyň tohumy aýalyň tohumyny yzarlamagyny dowam etdi. Rim şalygy ençeme sapar aýalyň tohumyna degişli bolan mesihçiler ýygnagyny ýok etmäge synanyşdye.

19. a) Daniýel altynjy dünýä şalygyny nähili suratlandyrýar? b) Indiki makalada näme serediler?

19 Daniýeliň Nebukadnezara ýoran düýşündäki heýkeliň demir aýagy Rim şalygyny aňladýar (Dan. 2:33). Şeýle-de Daniýeliň gören görnüşinde diňe Rim şalygy däl-de, Rimden dörejek indiki dünýä şalygy hem suratlandyrylýar (Dan. 7:7, 8). Asyrlaryň dowamynda Rim «gorkunç, elhenç we örän güýçli» hasaplanýardy. Emma pygamberlige laýyklykda, bu şalykdan on şah ösüp çykýar, şahlaryň biri has-da tapawutlanýar. On şah we kiçiräk şah kimi aňladýar? Bu Nebukadnezaryň gören heýkeliniň haýsy bölegini aňladýar? Muňa indiki makalada serederis.

a Bu aýal Ýehowanyň gökdäki gullukçylaryndan ybarat guramasyny aňladýar (Iş. 54:1; Gal. 4:26; Ylh. 12:1, 2).

b Gelip çykyş 3:15 Seniň bilen aýalyň, Seniň tohumyň bilen aýalyň tohumynyň arasyna, Duşmançylyk salaryn Men. Onuň nesli seniň kelläňi owradar, Sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň» diýdi.

c Babyl şalygy Daniýeliň kitabynda heýkeliň kellesi we Ylham kitabynda janawaryň üçünji kellesi hökmünde suratlandyrylýar. 12, 13-nji sahypalardaky çarçuwa serediň.

d Daniýel 8:20 Seniň gören iki şahly goçyň, bu Midiýa hem-de Pars patyşalarydyr. 21 Tüýlek teke bolsa — Gresiýanyň patyşasy, onuň iki gözüniň ortarasyndaky uly şah bolsa — onuň birinji patyşasy; 22 ol döwüldi we onuň ýerine beýleki dördüsi çykdy: ýagny ol halkdan dört patyşalyk aýaga galar, emma güýji onuňkyça bolmaz.

e Rimliler b. e. 70 ýylynda Iýerusalimi weýran etseler-de, munuň bilen Gelip çykyş 3:15 ýerine ýetmeýär. Şol wagt tebigy ysraýyllylar Hudaýyň saýlan halky hasaplanmaýardy.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş