Olar Ekwadorda höwes bilen gulluk edýärler
ITALIÝALY Bruno atly dogan kyn ýagdaýa düşüpdi. Ol orta mekdebi üstünlikli tamamlan badyna dogan-garyndaşlary we mugallymlary ýokary bilim almagy maslahat berýär. Mundan birnäçe ýyl öň, ol özüni Ýehowa bagyş edip, durmuşynda Hudaýyň islegini birinji orunda goýmagy wada beripdi. Şol sebäpli ol nähili karara geldi? Bruno şeýle gürrüň berýär: «Men Ýehowa doga edip, beren wadama görä, ony birinji orunda goýmak isleýändigimi aýtdym. Şeýle-de oňa gulluk edip, ýürekgysgynç däl-de, gyzykly ýaşamak isleýändigimi hem aýtdym».
Birnäçe ýyldan Bruno Günorta Amerikadaky Ekwadora gitdi. Ol: «Ýehowa meniň dogalaryma isleýşim ýaly jogap berdi» diýdi. Bruno Ekwadora baranda, köpräk gulluk etmek üçin şol ýere göçen başga ýaş dogan-uýalar bilen hem tanyşdy.
«ÝEHOWANY SYNAP GÖREN ÝAŞLAR»
Bruno bütin dünýädäki müňlerçe ýaşlar ýaly Ýehowanyň: «Haýyş edýärin, meni synap görüň... seniň üçin gökleriň böwetlerini açyp, hiç zada mätäç bolmaz ýaly bol bereketler eçmerinmi?» diýen çakylygyny kabul etdi (Mal. 3:10). Olar Ýehowany söýýändigi üçin, wagyzçylaryň ýetmeýän ýurtlarynda gulluk eder ýaly, bar wagtyny, güýjüni we serişdesini sarp edip, «Ýehowany synap görmegi» ýüregine düwdüler.
Şeýle ýaşlar täze ýere baranda, «hasylyň boldugyna, ýöne işçiniň azdygyna» derrew göz ýetirýärler (Mat. 9:37). Meselem, germaniýaly Ýaklen atly uýa Ekwadordaky filiala şeýle hat ýazdy: «Men Ekwadorda iki ýyldan gowrak gulluk etsem-de, eýýäm 13 sany Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýärin, olaryň dördüsi yzygider ýygnak duşuşyklaryna barýarlar. Men muňa örän begenýärin!» Kanadaly Şantel atly uýa şeýle diýýär: «Men 2008-nji ýylda Ekwadoryň deňiz kenaryna göçdüm. Şol wagt ol ýerde bir ýygnak bardy. Häzir bolsa üç ýygnak bar we 30-dan gowrak pioner gulluk edýär. Köp adamlaryň ruhy taýdan ösüşini görüp, men örän ruhlanýaryn. Ýaňy-ýakynda bolsa, And daglarynyň 2 743 metr beýikliginde ýerleşýän şähere göçdüm. Şäheriň 75 müňden gowrak ýaşaýjysy bolsa-da, ol ýerde diňe bir ýygnak bar. Bu ýer hem örän hasylly! Men şatlyk bilen wagyz edýärin».
KYNÇYLYKLAR
Elbetde, daşary ýurtda wagyz edeniňde her hili kynçylyklara duşýarsyň. Käbir mesihçiler göçmezinden öň kynçylyklara uçrapdy. ABŞ-ly Kaýla uýa şeýle diýýär: «Men entek daşary ýurda gitmänkäm, käbir dogan-uýalaryň gowy niýet bilen aýdan sözleri meni ruhdan düşürdi. Olar näme üçin meniň daşary ýurtda pioner bolup gulluk edesim gelýänine düşünmeýärdi. Käte men: «Dogry karara geldimmikäm?» diýip oýlanýardym. Emma şonda-da Kaýla daşary ýurda gitmegi ýüregine düwdi». Ol şeýle diýýär: «Men Ýehowa köp doga edip, ruhy taýdan ýetişen dogan-uýalar bilen gürleşenimden soň, Ýehowanyň yhlasyma ak pata berýändigine düşündim».
Meselem, käbirlerine täze dili öwrenmek kyn bolýar. Irlandiýaly Şabon atly uýa şeýle diýýär: «Maňa pikirimi aýtmak örän kyndy. Men sabyrly bolmagy, täze dili erjellik bilen öwrenmegi we ýalňyşanymda üstümden gülmegi öwrendim». Estoniýaly Anna şeýle diýýär: «Maňa ispan dilini öwrenmek, tropiki yssa, tozana, suwa düşer ýaly gyzgyn suwuň ýoklugyna öwrenişmekden kyn boldy. Käte meniň başymy alyp gidesim gelýärdi. Men eden ýalňyşlyklaryma däl-de, gazanan üstünliklerime üns bermegi öwrendim».
Şeýle-de öýi küýsäp ruhdan düşýärsiň. ABŞ-ly Jonatan şeýle diýýär: «Men Ekwadora gelenimde, dogan-garyndaşlarymdan we dost-ýarlarymdan aýra düşenim sebäpli ýüregim gysýardy. Şonuň üçin men şahsy okuwa we wagza has köp üns berdim. Tizden wagyzda bolan gyzykly wakalar we ýygnakdaky täze dostlarym göwnümi göterdi».
Ýene-de bir kynçylyk ýaşaýyş şertleri bolup bilýär. Ol ýeriň ýaşaýyş şertleri biziňkiden tapawutlanmagy mümkin. Kanadaly Bo şeýle gürrüň berýär: «Ýurduňda togy we suw akýan krany bolmalysy ýaly kabul edýärsiň. Emma bu ýerde suw bilen toguň haçan berlip-berilmejegini bilmeýärsiň». Ösýän ýurtlaryň köpüsinde adamlaryň garyp ýaşamagy, sowatsyzlygy we amatsyz ulag hem kynçylyk döredýär. Awstriýaly Ines atly uýa ýerli adamlaryň gowy häsiýetlerine üns berýär. Ol: «Adamlar myhmansöýer, ýumşak, mähirli we kiçigöwünli. Olaryň köpüsi Hudaý barada köpräk biljek bolup, höwes edýärler» diýýär.
«HIÇ ZADA MÄTÄÇ BOLMAZ ÝALY EÇILEN BEREKETLER»
Ýaş dogan-uýalar köp zatlardan geçip, Ekwadorda gulluk edýändigi üçin, Ýehowa olara isläninden hem «has ýokary zatlary» berdi (Efes. 3:20). Dogrudan-da, olar «hiç zada mätäç bolmaz ýaly bereketler eçildi» (Mal. 3:10). Olar alan bereketleri barada şeýle gürrüň berýär:
Bruno: «Men Ekwadora gelenimde, Amazonkada gulluk edip başladym. Soňra Ekwadordaky filialyň gurluşyk işine kömek etdim. Häzir bolsa Beýtelde gulluk edýärin. Öň Italiýada wagtym Ýehowanyň islegini durmuşymda birinji orunda goýmagy ýüregime düwüpdim. Ýehowa hem ýüregimde beslän arzuwlarymy berjaý edip, durmuşymy gyzykly etdi».
Bo: «Men Ekwadorda Ýehowa bilen has ýakyn dostlaşdym, çünki bütin gün Ýehowa gulluk edýärdim. Şeýle-de hemişe arzuw edişim ýaly, owadan ýerleri gördüm».
Anna: «Men durmuşa çykmandygym üçin, missioner ýaly gulluk edip bilerin öýtmeýärdim. Emma indi munuň mümkindigine göz ýetirdim. Men şägirt taýýarlamak, Patyşalyk zallaryny gurmak we täze dost edinmek ýaly Ýehowanyň eçen bereketlerine şükür edýärin».
Elke: «Men Awstriýada öýdekäm, köplenç Ýehowa iň bolmanda bir sany Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmek barada doga edýärdim. Bu ýerde men 15 sany Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýärin! Ruhy taýdan ösýän gyzyklanýan adamlaryň şadyýan ýüzlerini görüp, begenýärin».
Joýel: «Nätanyş ýerde Ýehowa gulluk edip tejribeli bolýarsyň. Ýehowa has köp bil baglamagy öwrenýärsiň we edýän tagallaňa onuň nähili ak pata berýändigini görüp, örän tolgunýarsyň! Men ABŞ-dan gelen ilkinji ýylym gulluk edýän toparymda 6 wagyzçy bardy, häzir bolsa 21 wagyzçy bar. Ýatlama agşamyna 110 adam geldi».
SEN NÄME EDERSIŇ?
Ýaş dogan-uýalar, ýurduňyzda ýa-da daşary ýurtda wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde wagyz etmäge siziň mümkinçiligiňiz barmy?! Elbetde, şeýle wajyp karara gelmek üçin, öňünden planlaşdyrmaly. Şeýle-de Ýehowany we ýakynyňy güýçli söýmeli. Sizde şeýle söýgi we höwes bar bolsa, başga ýerlerde gulluk etmek üçin Ýehowa dyngysyz doga ediň. Galyberse-de, mesihçi ata-eneleriňize we ýygnak ýaşulularyna bu islegiňiz barada gürrüň beriň. Şonda siz hem şeýle gyzykly we kanagatlandyryjy mukaddes gullugyň bu görnüşine gatnaşyp bilerin diýen netijä gelersiňiz.
[3-nji sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]
«Men Ýehowa köp doga edip, ruhy taýdan ýetişen dogan-uýalar bilen gürleşenimden soň, Ýehowanyň yhlasyma ak pata berýändigine düşündim». (ABŞ-ly Kaýla)
Başga ýerde gulluk etmäge nädip taýýarlyk görmeli?
• Şahsy okuw geçmegi endik etmeli
• 2011-nji ýylyň awgust aýynyň «Hudaýa gullugymyzyň» 4—6-njy sahypalaryna seret
• Daşary ýurtda we başga ýerlerde gulluk etmek barada dogan-uýalar bilen gürleş
• Şol ýurduň medeniýetini we taryhyny öwren
• Dilini öwrenip başla
[6-njy sahypadaky çarçuwa/surat]
Daşary ýurtda gulluk edýänleriň käbiri özlerini eklemek üçin...
• her ýyl birnäçe aý öz ýurdunda işleýärler
• jaýyny we ş. m. zatlaryny kireýine berýärler
• Internet arkaly işleýärler
[4-nji we 5-nji sahypalardaky suratlar]
1 Germaniýaly Ýaklen
2 Italiýaly Bruno
3 Kanadaly Bo
4 Irlandiýaly Şabon
5 ABŞ-ly Joýel
6 ABŞ-ly Jonatan
7 Estoniýaly Anna
8 Awstriýaly Elke
9 Kanadaly Şantel
10 Awstriýaly Ines