Siz Makedoniýa gelip bilermisiňiz?
1. Pawlus we onuň ýoldaşlary näme üçin Makedoniýa gitdiler?
1 Takmynan b. e. 49-njy ýylynda Pawlus resul Siriýanyň Antakiýa şäherinden ikinji missioner syýahatyna ugrady. Ol Efesosa we Kiçi Aziýanyň beýleki şäherlerine barmakçydy. Emma Pawlus mukaddes ruh arkaly: «Makedoniýa gel!» diýen çakylygy alýar. Pawlus we onuň ýoldaşlary bu çakylygy höwes bilen kabul edýärler. Şeýdip, olar Makedoniýada ilkinji ýygnagyň düýbüni tutup, uly hormata eýe boldular (Res. iş. 16:9, 10; 17:1, 2, 4). Şu günler hem dünýäniň käbir künjeklerinde hasyl ýygymyna işçi ýetmezçilik edýär (Mat. 9:37, 38). Siz bu işe kömek edip bilermisiňiz?
2. Näme üçin käbirleri wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine göçmäge ýaýdanýarlar?
2 Mümkin, siz hem Pawlus ýaly missioner bolmak isleýänsiňiz. Emma siz başga ýurda, ýagny wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine gitmek barada çynlakaý oýlanan dälsiňiz. Belki, gartaşanlygyňyz, durmuş gurmandygyňyz ýa-da çagalaryňyzyň ýaşdygy sebäpli, siziň Gilead mekdebinde okamaga mümkinçiligiňiz ýokdur. Belki-de, siz daşary ýurt dilini öwrenip bilmerin öýdüp gorkýansyňyz. Ýa-da ykdysady ýetmezçilik sebäpli daşary ýurtda ýaşap, indi başga ýere göçmäge ýaýdanýansyňyz. Emma bu barada doga etseňiz, wagyzçylaryň ýetmeýän ýurduna göçmäge ýagdaýyňyzyň bardygyna göz ýetirersiňiz.
3. Daşary ýurtda wagyz etmek üçin ýörite bilim almak zerurmy?
3 Ýörite bilim almak zerurmy? Pawlusa we onuň ýoldaşlaryna üstünlikli wagyz etmäge näme kömek etdi? Olar Ýehowa we Onuň mukaddes ruhuna bil bagladylar (2 Kor. 3:1—5). Şonuň ýaly siziň hem ýörite bilim almaga mümkinçiligiňiz bolmasa, daşary ýurtda üstünlikli wagyz edip bilersiňiz. Şeýle-de Teokratik gulluk mekdebinde we Gulluk duşuşygynda bilim alýandygyňyzy unutmaň. Eger siz Gilead ýa-da şuňa meňzeş mekdeplerde bilim almakçy bolaýan ýagdaýyňyzda-da, başga ýere gidip ýa-da öz ýurduňyzda — wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde wagyz edip bilersiňiz. Sizi okuwa çagyraýanlarynda-da, toplan tejribäňiz, size soň hem kömek eder.
4. Näme üçin gartaşan wagyzçylar daşary ýurtda wagyz edip bilmerin öýtmeli däl?
4 Gartaşan wagyzçylar. Ruhy taýdan berk gartaşan dogan-uýalaryň saglyk ýagdaýy gowy bolsa, olar wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde wagyz edip, uly goşant goşup bilerler. Siz pensiýa çykdyňyzmy? Käbir wagyzçylar az pensiýa alsalar-da, ösüp barýan ýurtlara gidip wagyz edip bilerler, çünki şeýle ýerlerde özüňi ekläp, hatda ýaşaýan ýeriňe garanyňda, arzan bejergi alyp bolýar.
5. Wagyz etmek üçin başga ýurda göçen pensiýadaky doganymyz barada gürrüň beriň.
5 Pensiýa çykan bir doganymyz pioner we ýaşuly bolup gulluk edýär. Ol iňlis dilini bilýändigi üçin Günorta-Gündogar Aziýada turistleriň köp bolýan ýerine gidip, dokuz wagyzçydan ybarat bolan iňlis toparyna kömek edýär. Bu topar daşary ýurtdan gelen 30 000 adama wagyz edýärdi. Iki ýylyň içinde ýygnak duşuşygyna 50 adam gatnaşyp başlaýar. Doganymyz şeýle gürrüň berýär: «Men bu ýurda gelip, ençeme ajaýyp bereketleriň eýesi boldum. Olar sanardan-da köp!»
6. Wagyzçylaryň ýetmeýän ýurdunda wagyz eden uýa barada gürrüň beriň.
6 Durmuş gurmadyk uýalar. Ýehowa wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine hoş habary ýetirmek üçin uýalara aýratyn orun berdi (Zeb. 68:11). Durmuş gurmadyk bir ýaş uýa köpräk wagyz etmek üçin başga ýurda gitmegi maksat edinýär. Ýöne ata-enesi gyzynyň howpsuzlygy barada alada edýärdi. Şol sebäpli uýamyz syýasy we ykdysady taýdan durnukly bir ýurdy göz öňünde tutup, peýdaly hem gerekli maglumatlary bilmek üçin filiala hat ýazýar. Uýamyz ol ýurtda alty ýyl wagyz edip, bol bereketler alýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men öz ýurdumda birki sany Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýärdim. Emma wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine gidip, men köp adamlar bilen okuw geçdim we mugallymçylyk ukyplaryny ösdürdim».
7. Daşary ýurda göçen bir maşgala barada gürrüň beriň.
7 Maşgalalylar. Çagaly maşgalalar wagyz etmek üçin daşary ýurda gidip bilermi? Bir maşgalanyň sekiz we on ýaşly iki çagasy bardy. Olar daşary ýurtda wagyz etmegi ýüregine düwdüler. Ejesi şeýle gürrüň berýär: «Biz çagalarymyzyň şu ýerde ulalanyna begenýäris. Sebäbi olar ýörite pionerler we missionerler bilen köp gürrüňdeş boldular. Wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde wagyz edip, biziň maşgalamyz ruhy taýdan baýady».
8. Daşary ýurtda wagyz etmek üçin dil öwrenmek hökmanmy? Düşündiriň.
8 Dil. Siz daşary ýurtda wagyz etmek üçin ol ýeriň dilini öwrenmeli bolaryn diýip çekinýärmisiňiz? Megerem, wagyzçylaryň ýetmeýän käbir ýerlerinde siziň ene diliňizde gepleýän adamlar hem bardyr. Iňlis dilini bilýän bir är-aýal ispan dilinde gepleýän ýurda gidip, iňlisçe gepleýän daşary ýurtly adamlara wagyz edýärler. Olar filial arkaly iňlis ýygnaklaryň haýsysyna kömek gerekdigini bilýärler we bir ýygnaga iki sapar baryp görýärler. Olar öýlerine dolananda soňra, çykdajylaryny tygşytlap, daşary ýurtda bir ýyl ýaşamaga pul süýşürýärler. Haçan-da olar göçmäge taýýar bolanlarynda, ol ýerdäki doganlar elýeterli jaý tapmaga kömek etdiler.
9, 10. Öz ýurdundan giden adamlar näme barada oýlanyp bilerler we näme üçin?
9 Başga ýurtdan gelenler. Siz daşary ýurda ýaşamaga gideniňizde, hakykaty bildiňizmi? Belki-de, siziň ýurduňyzda hasyl ýygymyna işçi ýetýän däldir. Siz kömek etmek üçin yzyňyza dolanyp bilermisiňiz? Başga ýurtdan gelen adama garanda, size iş we ýaşaýyş jaýyny tapmak aňsat bolar. Siz ýerli halkyň dilini-de bilýänsiňiz. Şeýle-de adamlar Patyşalyk baradaky habary gelmişekden däl-de, sizden eşitse gowy diňlärler.
10 Albaniýaly bir gaçgak adam Italiýada ýaşaýardy. Ol gowy iş tapyp, Albaniýadaky dogan-garyndaşlaryna pul iberýärdi. Ol Ýehowanyň Güwäçisi bolanda, italiýaly ýörite pionerlere alban dilini öwredýärdi. Sebäbi olar wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine gitmekçidiler. Doganymyz şeýle ýazýar: «Olar meniň terk edip gaýdan ýerime barýardy. Alban dilini bilmeseler-de, olar şol ýere gitmegi höwes edýärdi. Meniň milletim alban, öz dilimi we medeniýetimi gowy bilip-de, Italiýada näme işläp ýörün diýsene!» Doganymyz hoş habary wagyz etmek üçin Albaniýa dolanmagy ýüregine düwdi. Ol şeýle diýýär: «Italiýadaky işimi we gazanjymy taşlap gaýdanyma men asla ökünmeýärin! Öz ýurdumda men has gowy iş tapdym. Ýehowa barym bilen gulluk edip, hakykatdan-da, wajyp işi ýerine ýetirýärin, bu maňa tükeniksiz şatlyk berýär!»
11, 12. Daşary ýurda gitmek isleýänler näme etmeli?
11 Ýene näme etmeli? Pawlus we onuň ýoldaşlary Makedoniýa çagyrylmazdan öň, günbatara gitmekçidiler, emma «Mukaddes Ruh tarapyndan bökdelensoň», demirgazyga dolandylar (Res. iş. 16:6). Olar Bitiniýa gitjek bolanlarynda, Isa olara rugsat bermedi (Res. iş. 16:7). Ýehowa şu günlerem Isa arkaly wagyz işine ýolbaşçylyk edýär (Mat. 28:20). Eger siz hem daşary ýurda gitmekçi bolsaňyz, Ýehowa doga edip, ýol görkezmegi soraň (Luka 14:28—30; Ýakup 1:5).
12 Siz bu barada ýaşululardan we ruhy taýdan ýetişen mesihçilerden maslahat sorap bilersiňiz. Başga ýurtda wagyz eden ýa-da ýaşan wagyzçylar bilen gepleşip görüň (Sül. tym. 11:14; 15:22). Şeýle-de biziň edebiýatlarymyzda berilýän makalalary okaň we gitjek ýurduňyz hakda köpräk maglumat toplaň. Eger ol ýerde siziň ene diliňizde wagyz etmäge rugsat berilýän bolsa, onda ol ýerde siziň diliňizde näçeräk adamyň gepleýändigini Internet we şuňa meňzeş ýollar arkaly biljek boluň.
13. Filial nähili kömek berip biler, emma wagyzçynyň özi näme etmeli?
13 Filial size gitjek ýurduňyz barada peýdaly maglumatlary habar berip, dogry karara gelmäge kömek eder. Emma filial çykdajyny, çakylyk hatyny, wizany, ýaşaýyş jaýyny we şuňa meňzeş zatlary öz üstüne almaz. Bu meseleleri gitmezden öň özüňiz çözmeli bolarsyňyz. Şeýle-de ilçihana ýa-da wiza we iş barada maglumat berýän wekiller bilen özüňiz gepleşmelisiňiz. Daşary ýurda göçmek isleýän wagyzçylar öz aladasyny özleri edip, hökümetiň talaplaryny berjaý etmelidirler (Gal. 6:5).
14. Wagyz işi çäklendirilen ýurtlara gitmekçi bolýan wagyzçylar nämäni unutmaly däl?
14 Wagyz işi çäklendirilen ýurtlar. Käbir ýurtlarda ýaşaýan dogan-uýalar örän seresap bolýarlar (Mat. 10:16). Şeýle ýurtlara barýan ýa-da göçýän wagyzçylar çendenaşa göze düşüp wagyz etseler, ýerli doganlary howp astyna salmaklary mümkin. Eger siz şeýle ýurda gitmekçi bolsaňyz, ilki ýygnagyň ýaşululary arkaly filiala hat ýazmagyňyzy haýyş edýäris.
15. Daşary ýurda gitmäge mümkinçiligi bolmadyk wagyzçylar ýaşaýan ýerinde nädip köpräk gulluk edip bilerler?
15 Göçmäge mümkinçilik bolmasa. Eger siziň daşary ýurda gitmäge mümkinçiligiňiz bolmasa, ruhdan düşmäň. Belki, size başga «uly, iş bitiriji bir gapy açylar» (1 Kor. 16:8, 9). Etrap gözegçisi siziň ýaşaýan ýeriňizde nähili kömegiň gerekdigini aýdyp biler. Belki-de, siz daşary ýurt dilinde gepleýän goňşy ýygnaga ýa-da topara kömek edip bilersiňiz. Ýa-da öz ýygnagyňyzda köpräk gulluk etjek bolarsyňyz. Nähili ýagdaý bolaýanda-da, esasy zat — Ýehowa bütin janyň bilen gulluk etmek (Kol. 3:24).
16. Wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine gitmekçi bolýan doganlara nähili garamaly?
16 Belki-de, siz daşary ýurda gitmekçi bolýan ruhy taýdan ýetişen mesihçini bilýänsiňiz? Onda ony goldaň hem ruhlandyryň! Pawlus Siriýanyň Antakiýa şäherinden gaýdanynda, ol şäher Rim imperiýasynda ululygy boýunça (Rim we Isgenderiýadan soň) üçünji ýeri eýeleýärdi. Şeýle uly territoriýadaky, ýagny Antakiýadaky ýygnaga Pawlusyň kömegi gerek bolandyr. Elbetde, doganlar ony küýsärdiler. Emma Mukaddes Ýazgylarda doganlaryň Pawlusy galdyrmak üçin yrjak bolandyklary barada aýdylmaýar. Sebäbi olar diňe özi barada alada etmeýärdiler we «ekin meýdanyň» bütin dünýädigine düşünýärdiler (Mat. 13:38).
17. Näme üçin «Makedoniýa geliň» diýen çakylyga seslenmek barada oýlanmaly?
17 Pawlus we onuň ýoldaşlary «Makedoniýa geliň!» diýen çakylyga seslenip, bol bereket aldylar. Olar Makedoniýanyň Filipi şäherinde Lidiýa atly bir aýala duşup, oňa wagyz edýärler. «Pawlusyň aýdýanlaryna üns bermegi Reb onuň ýüregine guýupdy» (Res. iş. 16:14). Lidiýa öý-içersi bilen suwda çokundyrylanda, Pawlus we onuň missioner ýoldaşlarynyň nähili begenendiklerini göz öňüne getirip görüň! Şu günler hem köp ýurtlarda Lidiýa ýaly hoş habary eşitmedik akýürekli adamlar bar. Eger siz hem «Makedoniýa gelseňiz», ýagny wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine gitseňiz şeýle adamlara kömek edip, şatlyk taparsyňyz.