Hudaýyň islegi amala aşsyn
1. 2012-nji gulluk ýylynda geçiriljek bir günlük ýörite kongresiň temasy näme we bu tema näme üçin wajyp?
1 Biz Ýehowanyň islegine görä ýaradyldyk (Ylh. 4:11). Eger biz Hudaýyň islegini bilmesek we ony ýerine ýetirmesek, ýaşaýşyň manysyna düşünmeris. Elbetde, Hudaýyň islegini ýerine ýetirmek aňsat däl, sebäbi biz «teniň, akylyň islegine» we «milletleriň halaýan zatlaryna» garşy göreşmeli bolýarys (Efes. 2:3; 1 Pet. 4:3; 2 Pet. 2:10). Hudaýyň kömegi bolmasa, biz «iblisiň duzagyna» diri düşüp, onuň «islegini ýerine ýetirmegimiz» mümkin (2 Tim. 2:26). 2012-nji gulluk ýylynda geçiriljek bir günlük ýörite kongres biziň her birimize nusgalyk doganyň üçinji dilegine görä ýaşamaga kömek eder (Mat. 6:9, 10). Kongresiň temasy: «Hudaýyň islegi amala aşsyn».
2. Kongresiň dowamynda haýsy soraglaryň jogabyny bileris?
2 Kongresde nämeleri bileris. Biz kongresde şeýle soraglaryň jogabyna serederis: Hudaýyň Sözüni diňlemek ýeterliklimi? Hudaýyň islegine düşünmek üçin näme etmeli? Näme üçin biz dürli milletdäki adamlara kömek etmäge çalyşmaly? Biz nädip hakykatdan bagtly ýaşap bileris? Ýaşlar, siz Ýehowa nämäni subut etmeli? Hudaýyň islegini berjaý edýänlere nähili sylag garaşýar? Adamlary güýçlendirmek we ruhlandyrmak näme üçin wajyp?
3. Siz ruhy toýdan nädip peýdalanyp bilersiňiz?
3 Kongrese gelip, ony ünsli diňlemegi planlaşdyryň. Kongresde doklad bilen çykyş etmäge Beýteliň wekili ýa-da aýlanýan gözegçi çagyrylar. Kongresden öň ýa-da soň dokladçynyň özi ýa-da öýlenen bolsa aýaly bilen gürrüňdeş bolmaga çekinmäň. Öýe dolananyňyzdan soňra, Hudaýyň islegini has-da gowy ýerine ýetirer ýaly, kongresde aýdylan zatlar hakynda ähli maşgala agzalaryňyz bilen pikir alyşyň we oýlanyň. Şonda siz «huşsuz diňleýji» bolmarsyňyz (Ýakup 1:25).
4. Näme üçin Hudaýyň islegini birinji ýerde goýmak wajyp?
4 Hudaý öz höwesleriniň yzynda bolýan we Onuň islegini inkär edýän adamlary ýok eder (1 Ýahýa 2:17). Ýehowanyň öz wagtynda taýýarlap berýän maglumatlaryna minnetdar bolmaly, çünki olar Hudaýyň isleginni birinji ýerde goýmaga kömek edýär!