Hudaýyň Sözi öwretmek üçin peýdalydyr
1. 2014-nji ýylyň etrap kongresiniň ady näme we onda haýsy soraga serediler?
1 Beýik «mugallymymyz» Ýehowa Älemde iň ökde halypa (Iş. 30:20, 21). Ýehowa bize nädip öwredýär? Ol bize iň gowy kitaby Mukaddes Ýazgylary berdi. Hudaýyň bilimi bize nädip beden, akyl, duýgy we ruhy taýdan peýdaly bolup biler? Bu soraga 2014-nji ýylyň etrap kongresinde serediler. Kongresiň ady 2 Timoteos 3:16, 17-nji aýatlara esaslanyp, «Hudaýyň Sözi öwretmek üçin peýdalydyr» diýler.
2. Kongresde haýsy esasy soraglara jogap berler?
2 Şu esasy soraglara serediler. Programmada şu aşakdaky esasy soraglara jogap berler:
• Hudaýyň bilimi durmuşymyza nähili täsir edýär? (Iş. 48:17, 18)
• Biz Hudaýa doly wagt gulluk etmek üçin özgerişler etsek, nämä ynanyp bileris? (Mal. 3:10)
• «Özge taglymatlara» eýermez ýaly näme etmeli? (Ýew. 13:9)
• Biz Isanyň öwredişinden näme öwrenip bileris? (Mat. 7:28, 29)
• Ýygnakda öwredýän doganlar näme üçin özüne hem tälim bermeli? (Rim. 2:21)
• Hudaýyň Sözi näme üçin peýdaly? (2 Tim. 3:16, 17)
• Milletleriň «sarsdyrylmagy» adamlara nähili täsir etdi? (Hag. 2:6, 7)
• Ýehowa näme üçin bize ynanýar? (Efes. 5:1)
• Näme üçin biz Ýehowanyň öwredişi ýaly ýaşamak üçin jan etmeli? (Luka 13:24)
3. Näme üçin öz wagtynda taýýarlanan kongres programmasyna barmaly we ony ünsli diňlemeli?
3 Pawlus resul 2 Timoteos 3-nji babyň başynda soňky günlerde kyn pursatlaryň boljakdygyny ýazypdy. Ol: «Erbet, kezzap adamlar aldap hem aldanyp, erbetlikde ýene ilerlär» diýdi (2 Tim. 3:13). Biz aldanmaz ýaly, Hudaýyň taglymatyny diňlemeli we oňa eýermeli! Şol sebäpli biz öz wagtynda taýýarlanan kongres programmasyna barmagy we ony ünsli diňlemegi berk ýüregimize düwüp bileris.