Hudaýyň Sözi täsirlidir
1. 2014-nji gulluk ýylynyň bir günlük ýörite kongresiniň ady näme?
1 Bikämil adamlaryň ýazan kitaplaryndan tapawutlykda, Mukaddes Ýazgylar bize täsir edip, pikirimizi we ýollarymyzy Hudaýyň islegine görä üýtgedip bilýär. Hudaýyň Sözi nähili täsir edýär? Mukaddes Ýazgylar durmuşymyza täsir eder ýaly, nädip oňa doly eýerip bileris? Hudaýyň Sözi arkaly nädip adamlara has gowy kömek edip bileris? Biz 2014-nji gulluk ýyly üçin taýýarlanan bir günlük ýörite kongresiň programmasynda serediljek şu soraglaryň ruhy taýdan berkitjekdigine ynanýarys. Kongresiň ady Ýewreýler 4:12-nji aýada esaslanyp, «Hudaýyň Sözi täsirlidir» diýler.
2. Biz näme üçin soraglaryň jogabyny diňlemeli?
2 Şu soraglaryň jogabyny bilersiň. Kongresiň programmasyny diňläniňde, şu aşakdaky soraglaryň jogabyny ýaz:
• Biz näme üçin Ýehowanyň Cözüne ynanmaly? (Zeb. 29:4)
• Hudaýyň Sözüniň durmuşymyza täsir edýändigini nädip duýup bileris? (Zeb. 34:8)
• Sen Hudaýyň Sözüniň täsiri bilen nädip wagyz edip bilersiň? (2 Tim. 3:16, 17)
• Şeýtanyň ýalançy dünýäsiniň toruna düşmez ýaly näme edip bileris? (1 Ýahýa 5:19)
• Siz, ýaşlar nädip ruhy taýdan üstünlik gazanyp bilersiňiz? (Ýer. 17:7)
• Ejizlesek-de, nädip güýçli bolup bileris? (2 Kor. 12:10)
• Biziň erbet endigimiz we nädogry garaýşymyz bolsa-da, durmuşymyzy üýtgeder ýaly näme etmeli? (Efes. 4:23)
3. Bir günlük ýörite kongresde, bize ýene-de nämeler peýdaly bolar?
3 Kongresde eşitjek wajyp maglumatlar biziň üçin örän peýdaly bolar! Şeýle-de bir günlük ýörite kongresde, etrap we welaýat kongreslerindäki ýaly toparymyzdaky dogan-uýalar bilen tanyşmaga hem-de gürrüňdeşlikden lezzet almaga gowy mümkinçilik bolar (Zeb. 133:1—3; 2 Kor. 6:11—13). Şeýdip, köne dostlar bilen gürleşeris, başga-da dogan-uýalar bilen dostlaşyp bileris. Eger bir günlük ýörite kongresi görmek üçin toparyňyza täze dogan-uýa ýa-da gyzyklanýan adam gelse, ony güler ýüz bilen garşy alyp, tanşyp bilersiňiz. Dogrudan-da, bizde bir günlük ýörite kongrese sabyrsyzlyk bilen garaşmaga ençeme sebäpler bar!