Bir günlük täze ýörite kongresiň programmasy
Mukaddes ruhuň kömegi bilen irki mesihçiler güýjüni gaýgyrman hoş habary bütin dünýä wagyz etdiler (Res. iş. 1:8; Kol. 1:23). «Bütinleý sözüň yglanyna beril» atly bir günlük ýörite kongres bize olaryň ajaýyp göreldesine eýermäge kömek eder (Res. iş. 18:5, çykgyda seret).
Hudaýyň sözi barada pikirlenip, Dawut patyşa şeýle diýdi: «Rebbiň şaýatlygy [ýatlatmalary, TD] ygtybarlydyr, ol mön adamy hem akyldar edýändir» (Zeb. 19:7). Yhlas bilen taýýarlanylan 2007-nji gulluk ýylyň bir günlük ýörite kongresiniň programmasy, bizi «ýola getirýän» Mukaddes Ýazgylary gymmatly saýmaga hem-de wagtyň azlygyna düşünip, wagyz edende we şägirt taýýarlanda Hudaýyň Sözüni ulanmaga höweslendirer (2 Tim. 3:16, 17). Täze programma bize duzaga düşmezlige hem-de Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleri gündelik durmuşymyzda üstünlikli ulanmaga kömek eder. Şeýle-de Hudaýyň Sözi arkaly ýaş mesihçilere we hakykaty ýaňy bilen adamlara ruhy taýdan ösmäge nädip ýardam edip biljekdigimizi bileris.
Kongresiň programmasy başlamazyndan öň barmaga jan et we ünsli bol. Durmuşyňda ulanjak pikirleri ýazyp al. Beriljek tälimleri we ýatlatmalary minnetdarlyk bilen kabul et hem-de alan bilimleriňi nädip ulanyp biljekdigiň barada oýlan.
Bir günlük ýörite kongres bizi Hudaýyň Sözüni has gymmatly saýmaga, Patyşalyk baradaky hoş habary tutanýerli we yhlasly wagyz etmäge hem-de şu babatda beýlekilere-de kömek etmäge höweslendirer. Geliň, «Beýik Mugallymymyz» Ýehowanyň görkezmesine doly gulak asar ýaly, programmadaky her bir pikiri ünsden düşürmän diňlejek bolalyň! (Iş. 30:20, 21).