Wagtly-wagtynda berilýän nahar paýlary
1. Bir günlük ýörite kongresi saňa we başgalara nähili täsir etdi?
1 Bir günlük ýörite kongresine gatnaşanymyzdan soň, biz köplenç: «Bu kongres tüýs wagtynda boldy» diýýäris. Bir etrap gözegçisi etrabynyň käbir wagyzçylarynyň kongresden soň wagza köpräk gatnaşasy gelýändikleri hakynda habar berdi. Aýlanýan gözegçileriň başga biri şeýle diýýär: «Kongersler durmuşda ýol saýlanymyzda haýsy döwürde ýaşaýandygymyza aýdyň düşünmäge kömek edýär». Ýene bir gözegçi: «Wagyzçylaryň birnäçesi kongresiň gowy ýatlatma berendigini we wagyz işiniň juda wajypdygyna göz ýetirendiklerini aýtdylar» diýýär. Bir günlük ýörite kongres saňa nähili kömek etdi?
2. Täze gulluk ýylynda geçiriljek ýörite kongresinde nämeler hakynda gürrüň ediler?
2 Täze gulluk ýylynda geçiriljek ýörite kongresi hem peýdaly bolar. «Rebbe sygynmak gowudyr» atly kongres Zebur 118:8, 9-njy aýatlara esaslanar. Kongresde «Muşakgatly çaglarda Ýehowa bizi nädip goldaýar», «Adamlara Ýehowanyň ganatlarynyň astyna sygynmaga kömek et», «Ýehowanyň göreldesine eýerip, adamlary golda», «Ýaşlar, goý, Ýehowa siziň penaňyz bolsun!» şeýle-de «Ýehowa bizi goldamak üçin ruhy jenneti berýär» atly temalar hakynda gürrüň ediler.
3. Kongres peýdaly bolar ýaly näme etmeli?
3 Kongresiň peýdasy. Kongresiň boljak wagtyny bilip, oňa gitmegi jikme-jik planlaşdyr. Eger Mukaddes Ýazgylardan okuw geçýän ynamdar we hakykat bilen çyn ýürekden gyzyklanýan bar bolsa, ony hem gitmäge höweslendir. «Sabyr bilen miwe» alar ýaly, eşidýän zatlarymyzy ýatda saklamaly (Luka 8:15). Şonuň üçin ünsli diňläp, esasy pikirleri hem-de durmuşyňda we wagyzda ulanjak zatlaryňy gysgaça bellik et. Kongresden soň, olar hakynda maşgalaň bilen pikir alyş we eşiden zatlaryňyzy maşgala bolup nädip ulanyp biljekdigiňize serediň.
4. Tizden boljak ýörite kongresine näme üçin sabyrsyzlyk bilen garaşýarys?
4 Tagamly we ýokumly naharyň taýýarlanyşy ýaly, bir günlik ýörite kongresi hem çuňňur söýgi bilen hem-de birnäçe wagt öňünden taýýarlanar. Goý, Ýehowa siziň «wagtly-wagtynda nahar paýlaryny» almak üçin kongrese baryp, ondan peýda alar ýaly edýän tagallalaryňyzy patalasyn! (Mat. 24:45).