Bir günlük ýörite kongresiň meýilnamasy
1 2009-njy gulluk ýylynyň bir günlük ýörite kongresiniň meýilnamasy Koloseliler 4:17-däki «Dykgat et,.. hyzmatyňy bitirjek bol» diýen aýada esaslanýar. Mesihçiler hökmünde biz, bu maslahata çynlakaý garaýarys. Biz gullugymyzy Isa ýaly wepaly ýerine ýetirmek isleýäris (Ýahýa 17:4). Bu babatda Pawlus resul hem bize ajaýyp görelde galdyrdy. Ol gullugyny soňuna çenli bitirmegi ýüregine düwdi (Res. iş. 20:24).
2 Biz etrap gözegçiniň nutgyndan wagyzçylaryň gullukda duş gelýän kynçylyklara nädip döz gelýändigini bileris. Soňra ol «Ekeniňi ösdür» diýen nutkda biziň «ebedi ýaşaýyş üçin bellenenlere» nädip iş ýüzünde kömek edip biljekdigimizi nygtap geçer (Res. iş. 13:48). Çagyrylan nutkçy «Hudaýyň gullukçylary hökmünde özümizi maslahat berýäris» diýen nutkda 2 Korintoslylar 6:1—10-njy aýatlara aýatma-aýat sereder. Nahar arakesmesinden soň, «Gullugyňy çuňňur hormatla» diýen nutk bilen çykyş eder. Siz «Ýaşlar we garrylar gullugyndan şatlanýarlar» we «Gullugyny ýerine ýetirýän ýaşlar» diýen nutklardan hökman ruhlanarsyňyz. Suwda çokundyrylmak isleýän wagyzçylar, mümkin boldugyndan, baş gözegçä öňünden ýüz tutmaly. Biziň ähli kongreslerimiziň wajyp bölümleriniň biri — «Garawul diňi» žurnalyny öwrenmek. Şol sebäpli bir günlük ýörite kongresiň hepdesinde geçiljek «Garawul diňi» žurnalyny getiriň.
3 Biz gullugymyzy berjaý etmek üçin Ýehowanyň bize ynanan işinden ünsümizi hiç zada sowman dykgatly bolarys. Bir günlük ýörite kongres bizi ruhlandyrar we maksadymyzy ýatdan çykarman, gullugymyzy doly ýerine ýetirer ýaly elimizden gelenini edýändigimize ynanmaga kömek eder.