Bir günlük täze ýörite kongresiň meýilnamasy
2008-nji gulluk ýylynyň bir günlük ýörite kongresiň meýilnamasy Işaýa 64:8-däki «Biz toýun, Ýehowa bolsa biziň Küýzegärimiz» diýen aýada esaslanýar. Kongresde beriljek Mukaddes Ýazgylara esaslanan nesihatlar arkaly Beýik Küýzegär Ýehowanyň şöhratly häsiýetlerine, ýagny akyldarlygyna, adalatlylygyna, güýjüne we söýgüsine minnetdarlygymyz has-da artar.
Etrap gözegçisiniň «Wagyzda abraýly işlerde ulanylýan gap boluň» diýen nutgyndan ençeme adamlaryň hakykaty bilip, başgalara gürrüň bermek bilen bol bereketleri alýandygyny bileris. «Pikir ýöretmek seni gorar» diýen nutk Ýehowanyň dogry prinsipleri barada çuňňur pikir ýöretmegiň nädip goraýandygyny bilmäge kömek eder. Çagyrylan nutkçy «Bu dünýä meňzeş bolmaň» we «Goý, seni Beýik Küýzegär ýasasyn!» diýen mowzuklara çykyş eder. Ata-eneleri we ýaşlary «Ýehowa ýaraýan ýaşlar» hem-de «Terbiýe bermekde ata-enäniň wajyp roly» diýen nutklar ruhlandyrar. Tolgundyryjy sahnalardan we interwýulardan dogan-uýalaryň wagyz gullugyny nähili ýerine ýetirýändigini görüp hem-de diňläp bileris. Hudaýa özüni bagyş edip, suwda çokundyrylmak isleýänler, mümkin boldugyndan, baş gözegçä öňünden ýüz tutmaly. «Garawul diňi» žurnalynyň bir günlük ýörite kongresde geçiljek sanyny getirmegi ýadyňyzdan çykarmaň.
Beýik Küýzegär niýetini hemişe amala aşyrýar. Emma ol bizi ýasar ýaly, özümizi onuň eline bermegi her kimiň özi çözýär. Ýehowanyň ýasamagyna we arassalamagyna ýol berýän adamy küýzegäriň elindäki toýna meňzedip bolýar: Ýehowa olary ýasap, ýylmanak edýär we bişirip, peýdaly gaba öwürýär. Eger biz Ýehowanyň elinde ýumşak toýun bolsak, onuň hökümdarlygyny beýgelder we bize köp bereket getirer.