Ýanýoldaşyňyz aradan çykanda...
Mukaddes Ýazgylarda: «(Ärler) aýalyňyzy özüňiz ýaly söýüň, aýal hem ärini sylasyn» diýilýär. Olaryň ikisi «bir ten» bolup, öz borçlaryny ýerine ýetirýärler (Efes. 5:33; Gel. çyk. 2:23, 24). Wagtyň geçmegi bilen, är-aýal has-da ysnyşyp, olaryň birek-birege bolan söýgüsi artýar. Bagtly är-aýalyň bir-birine bolan duýgularyny düýpleri bir-biri bilen sepleşen iki agaja meňzetse bolýar.
Eger ýanýoldaşyň aradan çyksa näme? Onda är-aýalyň ysnyşykly gatnaşyklary üzülýär. Dul galan erkek adam ýa-da aýal maşgala dürli duýgulary başdan geçirýärler. Olar ýekelik duýgusyndan ejir çekýärler, käte olaryň gaharlanýan ýa-da özüni günäkärleýän wagtlary-da bolýandyr. Durmuş guranyna 58 ýyl bolan Danýela ýanýoldaşyny ýitiren ençeme adamlary tanaýardya. Emma öz ýanýoldaşy aradan çykanda, ol şeýle diýdi: «Men öň hiç wagt şeýle duýgulara düşünmändirin. Özüň başyňdan geçirmeseň, oňa düşünip bolmaýan eken».
UZAGA ÇEKEN HASRAT
Käbir alymlaryň aýtmagyna görä, söýýän ýanýoldaşyňyň ölümi sebäpli hasrat çekmek ýaly erbet zat ýokdur. Ýanýoldaşyny ýitiren adamlaryň köpüsi munuň bilen razylaşýarlar. Milliniň ýanýoldaşynyň aradan çykanyna ençeme ýyl boldy. Bu dul aýal ýaşaýşyny şeýle beýan edýär: «Men özümi maýyp ýaly duýýaryn». Ol bu sözleri aýdanda, ýanýoldaşynyň aýrylanyna 25 ýyl geçipdi.
Sýuzan ýanýoldaşyny ýitiren dul aýallaryň ençeme ýyllap hasrat çekmeginiň ýerliksizdigini aýdypdy. Soňra onuň ýanýoldaşy 38 ýaşyndaka aradan çykýar. 20 ýyl geçenden soň, ol şeýle diýýär: «Men ony her gün ýatlaýaryn». Sýuzanyň dökýän gözýaşlary ýanýoldaşyny küýseýändigini görkezýär.
Mukaddes Ýazgylarda-da ýanýoldaşyňy ýitirmekligiň aýylgançdygy we bu hasratyň örän uzaga çekýändigi aýdylýar. Meselem, Sara aradan çykanda, ýanýoldaşy Ybraýym «(onuň) üçin matam tutup, ýas baglamaga gelipdi» (Gel. çyk. 23:1, 2). Ybraýym direlişe iman etse-de, söýgüli aýaly aradan çykanda agyr hasrat çekdi (Ýew. 11:17—19). Ýakubyň mähriban aýaly Rahel aradan çykanda, ol ony uzak wagtlap ýatdan çykaryp bilmedi. Ol ogullaryna aradan çykan aýaly barada mähirli sözleri aýdypdy (Gel. çyk. 44:27; 48:7).
Biz Mukaddes Ýazgylarda gürrüň berilýän bu wakalardan näme öwrenip bileris? Ýanýoldaşyny ýitiren adam köp ýyllap hasrat çekýär. Biz şeýle adamlaryň dökýän gözýaşyny we çekýän gam-gussasyny ejizlik hasaplamaly däl-de, gaýtam, olaryň uly ýitgä sezewar bolandygyna düşünmeli. Olar ençeme wagtlap duýgudaşlyga we goldawa mätäç bolýarlar.
HER GÜN
Ýanýoldaşy aradan çykandan soň, adama durmuş gurmadyk ýaly ýaşaýmak aňsat däl. Durmuş guranlaryndan soň, ýyllar geçdigi saýyn köplenç erkek adam gam çekýän aýalyna nädip teselli bermelidigini bilýär. Eger ýanýoldaşy aýrylsa, onda aýaly söýgüden we teselliden mahrum bolýar. Şonuň ýaly-da, aýaly ýanýoldaşyna özüni ynamly we bagtly duýmaga ýardam edýär. Aýalyň mährini, teselli beriji sözlerini, islegleriň we zerurlyklaryň barada alada edişini hiç zat bilen deňäp bolmaýar. Aýaly aradan çykanda, ýanýoldaşynyň durmuşy boşap galan ýaly bolýar. Şol sebäpli ýanýoldaşyny ýitiren adamyň gelejege bolan ynamy gaçýar we ol gorkuda ýaşaýar. Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri şeýle adamlara özüni ynamly duýmaga we rahatlyk tapmaga nädip kömek edip biler?
Mukaddes Ýazgylarda: «Ertiri gaýgy etmäň, çünki ertir öz gaýgysyny özi eder. Her günüň derdi özüne ýeterlikdir» diýilýär (Mat. 6:34). Isanyň bu sözleri maddy zatlara degişli bolsa-da, olar ýanýoldaşyny ýitiren adama agyr hasratyň hötdesinden gelmäge-de kömek edýär. Çarlz aýalynyň aradan çykanyna birnäçe aý geçenden soňra, şeýle ýazdy: «Men Monikany henizem şeýle küýseýärin welin, käte bu hasratyň hötdesinden gelip bilmerin öýdýärin. Emma men bu duýgularyň adaty zatdygyna we wagtyň geçmegi bilen ahyrsoňy az-kem köşeşjekdigime düşündim».
Hawa, Çarlz hasrata döz gelip bildi. Oňa näme kömek etdikä? Ol şeýle gürrüň berýär: «Ýehowa maňa her gün kömek edýärdi». Çarlz gam-gussa ýanbermedi. Onuň gaýgy-gamy birden ýok bolmasa-da, ol muňa özüni aldyrtmady. Eger siziň ýanýoldaşyňyz aradan çykan bolsa, munuň hötdesinden gelmek üçin her gün göreşiň. Siz täze günüň nähili ruhlandyryjy we peýdaly boljakdygyny duýman galarsyňyz.
Eger siz dul galan bolsaňyz, özüňizi günäkärlemäň. Ynsan bikämillik sebäpli aradan çykýar. Ine, şonuň üçin-de siz ýanýoldaşyňyzy ýitirip, ejir çekýärsiňiz. Ölüm Ýehowanyň ilkibaşdaky niýetine däl-de, «iblisiň işlerine» degişlidir (1 Ýahýa 3:8; Rim. 6:23). Şeýtan ölüm gorkusy zerarly ençeme adamlary gul edip, olary gelejege bolan umytdan mahrum edýär (Ýew. 2:14, 15). Käbirleri hatda Hudaýyň täze dünýäsinde-de hakyky bagty we lezzeti tapyp boljakdygyna şübhelenýärler. Şeýle ýagdaýda Şeýtan begenýär. Görşümiz ýaly, Adam atanyň günäsi we Şeýtanyň hileleri zerarly ynsan ýanýoldaşyny ýitirip, ejir çekýär (Rim. 5:12). Ýehowa Şeýtanyň zalym ýaragy bolan ölümi ýeňip, onuň ýetiren zyýanyny doly düzeder. Şeýtanyň salýan gorkusyndan ähli adamlar, şol sanda ýanýoldaşyny ýitiren adamlar hem azat bolarlar. Eger siziň hem ýanýoldaşyňyz aradan çykan bolsa, gorkudan azat boljakdygyňyza şübhelenmän bilersiňiz.
Ýer ýüzünde boljak täze dünýäde ölen adamlar direlende, olaryň bir-biri bilen gatnaşyklary özgerer. Oýlanyp görüň, ata-eneler we olaryň ata-babalary direlip, çagalary hem-de agtyk-çowluklary bilen birlikde kämillige ýeterler. Adamlar garramaz. Ýaşlar öz ata-babalaryna häzirki garaýşyndan başgaça garamagy öwrenerlermi? Biz şeýle özgerişlikleriň ynsan maşgalasyny has-da berkitjekdigine ynanýarysmy?
Direljek adamlar babatda ençeme soraglar döräp biler. Meselem, bir ýa-da iki gezek ýanýoldaşyny ýitiren adamlara näme bolar? Saddukeýler ýedi gezek maşgala guran bir aýal barada sorag beripdiler. Ol aýal her gezek ýanýoldaşy ölende, başga biri bilen maşgala gurýardy (Luka 20:27—33). Ölüler direlende, şeýle adamlaryň gatnaşygy nähili bolar? Biz muny bilmeýäris. Ýöne şuňa meňzeş zatlar barada çak etmegiň ýa-da biynjalyk bolmagyň geregi ýok. Esasy zat — Hudaýa bil baglamaly. Ýehowanyň gelejekde etjek ähli zatlary ajaýyp bolar. Biz olardan gorkmaly däl-de, gaýtam, sabyrsyzlyk bilen garaşmaly.
DIRELIŞ TESELLI BERÝÄR
Hudaýyň Sözi aradan çykan dogan-garyndaşlarymyzyň direljekdigini aýdyň görkezýär. Ondaky direlen adamlar barada gürrüň berilýän wakalar «gabyrdakylaryň hemmesiniň Onuň (Isanyň) sesini eşitjek wagtlary geljekdigini» subut edýär (Ýahýa 5:28, 29). Adamlar ölüm penjesinden azat bolan dogan-garyndaşlaryna gowşarlar. Biz direlen adamlaryň özlerini nähili bagtly duýjakdygyny hatda göz öňüne-de getirip bilmeýäris.
Milliardlarça adamlar direlip, ölmän diri galan adamlaryň arasynda ýaşarlar. Şonda şatlykly duýgularyň çägi bolmaz (Mar. 5:39—42; Ylh. 20:13). Söýgüli dogan-garyndaşlaryny ýitiren adamlaryň ählisi gelejekde boljak gudratlar barada oýlansalar, teselli taparlar.
Ölüler direlende, gaýgylanmaga sebäp bolarmy? Mukaddes Ýazgylar «ýok» diýip jogap berýär. Işaýa 25:8-e görä, Ýehowa «ölümi ebedilik ýuwdar». Şeýle-de ölümiň getirýän hasraty-da doly ýok ediler, çünki pygamberlikde «gözýaşlary süpürer Hökmürowan Reb» diýilýär. Eger siz häzir ýanýoldaşyňyzyň ölümi sebäpli gam-gussa çekýän bolsaňyz, onda direlişde özüňizi bagtly duýjakdygyňyza şübhelenmän bilersiňiz.
Biziň hiç birimiz Hudaýyň täze dünýäde etjek işlerine häzir doly düşünip bilmeris. Ýehowa şeýle diýýär: «Gökler ýerden nähili beýiklikde bolsa, Meniň ýollarym-da siziň ýollaryňyzdan, Meniň pikirlerim-de siziň pikirleriňizden beýikdir» (Iş. 55:9). Isanyň direliş baradaky wadasy bize Ybraýym pygamber ýaly Ýehowa bil baglamaga kömek edýär. Häzirlikçe bolsa, Hudaýyň bizden talap edýän zatlaryny etmeli. Şonda biz «direlişe ýetmäge mynasyp görlen» adamlaryň arasynda bolarys (Luka 20:35).
UMYDYŇYZY ÜZMÄŇ
Eger siz ajaýyp umydy ünsden sowmasaňyz, bu size gelejek barada biynjalyklanmazlyga kömek eder. Köp adamlara gelejek garaňky bolup görünýär. Emma Ýehowa bize iň gowy zatlary wada edýär. Biz Ýehowanyň gelejekde ähli zerurlyklarymyzy we isleglerimizi nädip kanagatlandyrjakdygyny doly bilmeýäris. Ýöne biz bu zatlaryň boljakdygyna şübhelenmeli däl. Pawlus resul şeýle ýazdy: «Görünýän umyt umyt däldir; görýän zadyna kim umyt baglar? Ýöne görmedik zadymyza umyt baglasak, şonda sabyrly garaşarys» (Rim. 8:24, 25). Siz Hudaýyň wadasyna berk umyt baglasaňyz, bu size çydamly bolmaga kömek eder. Çydamlylyk bolsa, size gelejekdäki ajaýyp zatlardan lezzet almaga mümkinçilik döreder, çünki Ýehowa «ýüregiň arzuwlaryny... berer». Ol «ähli dirileri islegleri boýunça doýrar» (Zeb. 37:4; 145:16; Luka 21:19).
Isanyň ölüm sagady golaýlaşanda, resullar gam-gussa batdylar. Isa olara göwünlik berip, şeýle diýdi: «Ýüregiňiz gysmasyn. Hudaýa iman ediň, Maňa iman ediň». Soňra bolsa: «Men sizi ýetim galdyrmaryn, ýanyňyza gaýdyp gelerin» diýdi (Ýahýa 14:1—4, 18, 27). Onuň bu sözleri mesh edilen şägirtlerine asyrlar boýy umyt baglamaga we çydamly bolmaga kömek etmelidi. Ölen dogan-garyndaşlaryny küýseýän adamlar hem olary direlişde görjekdigine umydyny üzmeli däl, çünki muňa hiç hili sebäp ýok. Ýehowa we Onuň Ogly olary ýatdan çykarmaz. Tizden siz olara gowşarsyňyz!
[Çykgyt]
a Atlary üýtgedildi.
[27-nji sahypadaky surat]
[28-nji sahypadaky surat]
Hudaý size ölüm hasratyna döz gelmäge kömek eder
[29-njy sahypadaky çarçuwa]
Ýaslylary ruhlandyryň
Mesihçiniň ýanýoldaşy aradan çykandan soň, köp adamlar onuň öýüne gelip, göwünlik berýärler we oňa her ugurdan kömek bermek isleýärler. Meselem, dul aýal maşgala agzalaryna we dost-ýarlaryna beren hemaýaty üçin minnetdarlyk bildirip biler. Emma ýitginiň hasraty uzak wagt dowam etmegi mümkin. Şeýle ýagdaýda ol birnäçe wagtlap tesellä we goldawa mätäç bolýar. Mukaddes Ýazgylarda: «Dost her wagt söýýändir; dogan bolsa aladaly gün üçin doglandyr» diýilýär (Sül. tym. 17:17).
Siz hasrat çekýän adam bilen görşeniňizde näme diýip bilersiňiz? Mukaddes Ýazgylarda şeýle maslahat berilýär: «Mahlasy, baryňyz pikirdeş, dertdeş, dogansöýer, rehimdar, kiçigöwünli boluň» (1 Pet. 3:8). Ýanýoldaşy aradan çykandan soň, adam özüni erbet duýmagy mümkin. Siz şeýle adama kömek etmek üçin, ondan: «Ýagdaýlaryňyz nähili?» ýa-da «Özüňizi duýşuňyz gowumy?» diýip sorarsyňyz. Ýöne bu sözleriň oňa kömek etmezligi ahmal. Ýanýoldaşyny ýitiren adam: «Siz meniň ýagdaýyma düşünmersiňiz» ýa-da «Şeýle wagt men özümi gowy duýup bilerinmi?» diýip, pikir etmegi mümkin. Emma siz: «Men sizi görmäge örän şat» ýa-da «Sizi ýygnakda görmek meni ruhlandyrýar» diýen ýaly sözleri ak ýürekden aýtsaňyz, has peýdaly bolar.
Siz gam-gussa çekýän adamy myhmançylyga ýa-da gezelenç etmäge çagyryp bilersiňiz. Ýanýoldaşy aradan çykan Markosa dostlary öýüne gelip, köp teselli beripdirler. Olar näme barada gürrüň etdiler? Ol şeýle diýýär: «Biz meniň başyma düşen betbagtçylyk barada köp gürrüň etmän, ruhlandyryjy zatlar hakda pikir alyşardyk». Nina atly dul aýal şeýle gürrüň berýär: «Meniň ýakyn joralarym ýerlikli sözleri öz wagtynda aýdardylar. Käte olar hiç zat diýmän, ýöne ýanymda bolýardylar».
Eger hasrat çekýän adam kynçylygy barada gürrüň bermek islese, ony duýgudaşlyk bilen we sabyrly diňläň. Bilesigelijilik bilen her dürli soraglary bermäň. Ýazgarmaň. Ýaslylara gam-gussanyň näçe wagt we nähili bolmalydygy barada maslahat bermeseňiz gowy bolar. Eger ol ýeke galmak islese, öýkelemäň. Siz onuň ýanyna başga wagt gelip, söýýändigiňizi görkezip bilersiňiz (Ýahýa 13:34, 35).
[30-njy sahypadaky çarçuwa]
Sizde gelejek babatda soraglar ýüze çykýarmy?
Ýehowanyň wadalarynyň nädip amala aşjakdygy barada gyzyklanmaklyk ýerliklidir. Meselem, Ybraýym pygamber Hudaýyň ogul berjek diýen wadasy hakda köp oýlanypdyr. Ýehowa onuň sabyrly bolmalydygyny aýdypdyr we ol ruhdan düşmändir (Gel. çyk. 15:2—5; Ýew. 6:10—15).
Ýakup ogly Ýusubyň ölümi baradaky habara ynananda, ol ýitgi hasratyny çekdi. Wagtyň geçmegi bilen, ol Ýusuby ýene-de görjekdigine umydyny ýitiripdir. Emma Ýehowa wepaly gullukçysy Ýakubyň garaşmadyk berekedini eçýär. Birnäçe wagtdan Ýakup ogly Ýusuba gowuşýar, hatda onuň çagalaryny-da görýär. Ol şeýle diýýär: «Men seniň didaryňy görmekden umydymy üzüpdim, ýöne Reb maňa seniň çagalaryňy-da görkezdi» (Gel. çyk. 37:33—35; 48:11).
Biz Mukaddes Ýazgylarda gürrüň berilýän bu wakalardan nähili sapak edinip bileris? Birinjiden, Gudratygüýçli Hudaýyň isleginiň amala aşmagyna hiç zadyň päsgel bermejekdigine ynanyp bileris. Ikinjiden, biz Ýehowa doga edip, Onuň islegine görä ýaşasak, Ol häzir biziň aladamyzy eder, gelejekde bolsa, ähli zerurlyklarymyzy we isleglerimizi doly kanagatlandyrar. Pawlus şeýle ýazdy: «Bizde işleýän gudratyna görä, her haýyşymyzdan, oýlanyşymyzdan hem has ýokary zatlary etmegi başarýan Hudaýa, Imanlylar ýygnagynda, Mesih Isada bütin nesillerden nesillere ebedilik şöhrat bolsun! Omyn» (Efes. 3:20, 21).
[31-nji sahypadaky surat]
Şatlykly gelejegi wada berýän Ýehowa bil baglaň