Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/12 sah. 22—26
  • «Muny meni ýada salmak üçin berjaý ediň»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Muny meni ýada salmak üçin berjaý ediň»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • NYŞANLAR
  • NYŞANLAR NÄMÄNI AŇLADÝAR?
  • MESIHIŇ ÖLÜMINI HORMAT BILEN ÝATLALYŇ
  • Biz näme üçin Ýatlama agşamyny belleýäris?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • Hudaýy şöhratlandyrýan Halypamyzyň agşam nahary
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Ýehowanyň Şaýatlarynyň Isa pygamberiň ölen gününi belleýşi näme üçin beýleki dinlerden tapawutlanýar?
    Ýehowanyň Şaýatlary barada köplenç berilýän soraglar
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/12 sah. 22—26

«Muny meni ýada salmak üçin berjaý ediň»

«Şükür edeninden soň, ony (çöregi) bölüp diýdi: „Alyň, iýiň, bu meniň siziň üçin döwlen bedenimdir; muny meni ýada salmak üçin berjaý ediň“». 1 KOR. 11:24

NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

Biz Ýatlama Agşamynyň bellenilmeli senesini nireden bilýäris?

Rebbiň Agşam naharynda ulanylýan çörek we şerap nämäni aňladýar?

Umydymyzyň nähilidigine garamazdan, Ýatlama Agşamyna barmak näme üçin wajyp?

1, 2. Iýerusalime barýan resullar näme barada pikir eden bolmaly?

IÝERUSALIMIŇ garawullary orak şekilli täze dogan Aýy gördüler. Bu barada mejlis bilen badyna, nisan aýynyň başlandygyny yglan etdi. Soňra habarçylar bu täzeligi ýyldyrym çaltlygynda ähli ýere ýetirdiler. Resullar Isanyň Iýerusalime Pasha baýramyndan öň barjak bolýandygyna düşünýärdiler.

2 Şol wagt Isa resullary bilen Iordan derýasynyň aňyrsynda ýerleşýän Pereýadan soňky gezek Iýerusalime gidip barýardy (Mat. 19:1; 20:17, 29; Mar. 10:1, 32, 46). Bu nisan aýynyň 1-idi. Gün ýaşandan soň 14-nji nisanda Pasha baýramyny bellärler. Oňa ýene 13 gün galypdy.

3. Mesihçileri Pashanyň senesi näme üçin gyzyklandyrýar?

3 Rebbiň Agşam nahary 2014-nji ýylyň 14-nji aprelinde gün ýaşandan soň belleniler. Ol gün gadymy Pasha baýramynyň senesine gabat gelýär. Bu sene ähli mesihçiler we Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän adamlar üçin örän wajypdyr. Näme üçin? Sebäbi 1 Korintoslylar 11:23—25-nji aýatlarda şeýle diýilýär: «Isa Özüniň tutulyp berlen gijesi çörek alyp, şükür edeninden soň, ony bölüp diýdi: „Alyň, iýiň, bu meniň siziň üçin döwlen bedenimdir; muny meni ýada salmak üçin berjaý ediň“. Şonuň ýaly-da, nahardan soň käsäni aldy».

4. a) Ýatlama Agşamy babatda nähili soraglar ýüze çykmagy mümkin? b) Biz Ýatlama Agşamynyň bellenilmeli senesini nireden bilýäris? («2014-nji ýylyň Ýatlama Agşamy» diýen çarçuwa serediň).

4 Elbetde, siz hem Isanyň tabşyrygyny berjaý etmek üçin ýygnanyşýan adamlaryň arasynda bolmak islärsiňiz. Şol sebäpli özüňize şeýle soraglary beriň: «Ýatlama Agşamyna nädip taýýarlanmaly? Onda nähili nyşanlar ulanylar? Ol nähili geçiriler? Ýatlama Agşamynyň we onda ulanyljak nyşanlaryň maňa nähili degişli ýeri bar?»

NYŞANLAR

5. Isa resullaryna Pasha taýýarlyk görmek üçin näme etmelidigini aýtdy?

5 Isa resullaryna Pashalyk nahary üçin otag taýýarlaň diýende, otagy bezemegi göz öňünde tutmady. Ol resullary bilen oturar ýaly, ýönekeýje we arassa otagyň bolmagyny isledi (Markus 14:12—16-njy aýatlary okaň). Olar Pasha nahary üçin gerekli zatlaryň, şol sanda hamyrmaýasyz çöregiň we gyrmyzy şerabyň bolmagynyň aladasyny etmelidiler. Isa Pashalyk naharyndan soň, bu iki nyşana aýratyn üns berer.

6. a) Isa Pasha baýramyny belläninden soň, çörek babatda näme diýdi? b) Ýatlama Agşamynda nähili çörek ulanylmaly?

6 Şol duşuşykda bolan Matta resul şeýle ýazdy: «Isa çörek alyp, şükür etdi-de, ony döwüp şägirtlere berdi, diýdi: „Alyň, iýiň“» (Mat. 26:26). Pasha baýramynda ulanylan «çörek» hamyrmaýasyzdy (Müs. çyk. 12:8; Kan. tag. 16:3). Ony taýýarlamak üçin bugdaý ununy suwa garyp, hamyr etmelidi we oňa duz hem-de tagam beriji ýaly zatlar goşulmaly däldi. Sebäbi olar hamyry çişirip, ajadyp bilýärdi. Ol çörek ýönekeý, guradylan ýukajyk kökä meňzeş we aňsatlyk bilen döwülýän bolmalydy. Şu günler Ýatlama Agşamynda tejribeli ýygnak ýaşululary kimdir birinden şeýle çöregi bişirmegi haýyş edip bilerler. Ony taýýarlamak üçin bugdaý ununy suwa garyp, hamyr etmeli, soňra saja biraz ýag guýup, ony bişirmeli (eger bugdaý uny bolmasa, ony tüwi, arpa, mekgejöwen we şuňa meňzeş galla önümleriň unundan taýýarlasa bolýar).

7. Isa nähili şeraby ulanypdyr we şu günler Ýatlama Agşamynda nähili şeraby ulansa bolýar?

7 Matta sözüni şeýle dowam edýär: «(Isa) käsäni aldy, şükür edeninden soň, olara berip, şeýle diýdi: „Şundan hemmäňiz içiň“» (Mat. 26:27, 28). Isa eline gyrmyzy şeraply käsäni alypdy. (Bu üzüm şiresi däldi, çünki üzüm hasylyny ýygnamaga entek wagt kändi). Müsürde bellenilen ilkinji Pasha baýramynda şerap ulanylmasa-da, Isa onuň Pashada içilmegini nädogry hasaplamady. Ol hatda şeraby Rebbiň Agşam naharynda-da ulanypdyr. Şu günler hem mesihçiler ony Ýatlama Agşamynda ulanýarlar. Isanyň ganynyň gymmatyny artdyrmagyň gerek bolmaýşy ýaly, şeraba hem güýçlendiriji ýa-da tagam beriji garyndylar goşulmaýar. Ýatlama Agşamynda öýde taýýarlanylýan ýönekeý şeraby ýa-da božole, burgund we kýanti ýaly dükanlarda satylýan gyrmyzy şeraby hem ulansa bolýar.

NYŞANLAR NÄMÄNI AŇLADÝAR?

8. Mesihçiler çöregiň we şerabyň näme aňladýandygy bilen näme üçin gyzyklanýarlar?

8 Pawlus resul Rebbiň Agşam naharyny resul bolmadyk beýleki mesihçileriň hem belländigini aýtdy. Ol Korintosdaky imandaşlaryna şeýle ýazdy: «Men Rebden alanymy size tabşyrdym. Reb Isa Özüniň tutulyp berlen gijesi çörek alyp, şükür edeninden soň, ony bölüp: „Alyň, iýiň, bu meniň siziň üçin döwlen bedenimdir, muny meni ýada salmak üçin berjaý ediň“ diýdi» (1 Kor. 11:23, 24). Şu günler hem Ýatlama Agşamy her ýyl bellenilýär. Şonuň üçin mesihçiler çöregiň we şerabyň näme aňladýandygy bilen gyzyklanýarlar.

9. Käbirleri Isanyň çörek barada aýdan haýsy sözlerine nädogry düşünýärler?

9 Hudaýhon adamlaryň käbiri Isanyň «bu meniň... bedenimdir» diýen sözlerine göni manyda düşünýärler. Şol sebäpli olar çöregiň gudrat bilen Isanyň hakyky bedenine öwrülendigine ynanýarlar. Emma bu hakykata garşy gelýära. Isa wepaly resullarynyň ýanynda otyrdy, şol sebäpli olar öňündäki hamyrmaýasyz çörekden iýdiler. Isa köplenç deňeşdirme sözleri ulanyp tälim berýärdi. Onuň bu gezek hem göçme manyda aýdandygy şübhesizdir (Ýahýa 2:19—21; 4:13, 14; 10:7; 15:1).

10. Ýatlama Agşamyndaky çörek nämäni aňladýar?

10 Resullaryň iýmeli çöregi Isanyň bedenini aňladýardy. Haýsy bedenini? Şol gije Isa çöregi bölüpdi, onuň süňkleri bolsa döwülmändi. Şonuň üçin bir wagtlar Hudaýyň gullukçylary çörek bu ýygnagyň mesh edilen agzalaryny aňladýandyr öýdüpdirler. Mukaddes Ýazgylarda-da mesh edilenlere «Mesihiň bedeni» diýilýär (Efes. 4:12; Rim. 12:4, 5; 1 Kor. 10:16, 17; 12:27). Emma wagtyň geçmegi bilen ýokarda agzalanlary hem-de Mukaddes Ýazgylary çuňňur özleşdirip, çörek bu Isanyň ynsan bedenini aňladýandygy aýdyň boldy. Mukaddes Ýazgylarda Isanyň «tende görgi görendigi», hatda pürsde öldürilendigi aýdylýar. Şol sebäpli Ýatlama Agşamyndaky çörek Isanyň «biziň günälerimiz» üçin gurban beren ynsan bedenini aňladýar (1 Pet. 2:21—24; 4:1; Ýahýa 19:33—36; Ýew. 10:5—7).

11, 12. a) Isa şerap babatda näme diýdi? b) Ýatlama Agşamynda ulanylýan şerap nämäni aňladýar?

11 Çöregiň näme aňladýandygyny bilmek Isanyň şerap barada aýdanlaryna düşünmäge kömek edýär. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Şonuň ýaly-da, nahardan soň (Isa) käsäni alyp diýdi: „Bu käse meniň ganym bilen berkidilen täze ähtdir; her gezek içeňizde, meni ýada salmak üçin muny berjaý ediň“» (1 Kor. 11:25). Dogrudan-da, Isanyň elindäki käse täze ähti aňladýarmy? Ýok. «Käse» sözi onuň içindäki şeraby suratlandyrýar. Isanyň aýtmagyna görä, şerap onuň dökülen ganyny aňladýar.

12 Biz Markusyň Hoş habarynda Isanyň şeýle sözlerini okaýarys: «Bu Meniň ganym, täze ähtiň köp adamlar üçin dökülen ganydyr» (Mar. 14:24). Hawa, Isanyň gany «günäleriň bagyşlanmagy üçin köp adamlaryň hatyrasyna dökülmelidi» (Mat. 26:28). Şol sebäpli gyrmyzy şerap Isanyň ganyny ýerlikli suratlandyrýar. Biz bu «gan», ýagny töleg arkaly «ýazyklarymyzyň bagyşlanmagyna eýe» bolup bileris (Efesliler 1:8-i okaň).

MESIHIŇ ÖLÜMINI HORMAT BILEN ÝATLALYŇ

13. Ýatlama Agşamynyň geçirilişini gürrüň beriň.

13 Eger sizi Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýatlama Agşamyna çagyran bolsalar, ony nähili göz öňüne getirýärsiňiz? Olar ýönekeý, arassa we amatly jaýda ýygnanyşarlar. Ol ýer göwnaçma üçin guralýan oturylyşyklara meňzemez we gelen adamlaryň ünsi sowulmaz ýaly, otagy birgiden bezegler bilen däl-de, sadaja güller bilen bezärler. Tejribeli ýygnak ýaşulusy Mukaddes Ýazgylara esaslanan nutuk bilen mynasyp tärde çykyş eder. Ol Mesihiň biziň ebedi ýaşamagymyz üçin janyny gurban edendigini düşündirer (Rimliler 5:8—10-njy aýatlary okaň).

14. Ýatlama Agşamynda haýsy iki umyt barada gürrüň berilýär?

14 Nutuk bilen çykyş edýän dogan Mukaddes Ýazgylarda aýdylýan mesihçileriň iki umydy barada gürrüň berer. Mesihçileriň käbiri Isa bilen gökde höküm sürmäge umyt edýärler. Olar wepaly resullar ýaly az sanly adamdan ybaratdyr (Luka 12:32; 22:19, 20; Ylh. 14:1). Hudaýa wepaly gulluk edýän mesihçileriň köpüsi bolsa, ýer ýüzündäki Jennetde ebedi ýaşamaga umyt edýärler. Şonda Hudaýyň islegi gökde bolşy ýaly ýerde-de amala aşar. Bu barada mesihçiler hemişe doga edýärler (Mat. 6:10). Mukaddes Ýazgylarda olaryň lezzet alyp ýaşajak bagtly durmuşy barada gürrüň berilýär (Iş. 11:6—9; 35:5, 6; 65:21—23).

15, 16. Rebbiň Agşam naharyndaky çörek nädip ulanylýar?

15 Çykyş edýän dogan nyşanlaryň näme aňladýandygyny düşündirip, soňra Isanyň resullara beren tabşyrygyny berjaý etmegiň wagtynyň gelendigini aýdar. Ýokarda agzalyşy ýaly, Ýatlama Agşamynda iki nyşan, ýagny hamyrmaýasyz çörek we gyrmyzy şerap ulanylar. Nyşanlar çykyş edýän dogana golaý stoluň üstünde durar. Dogan Isanyň bu däbi girizen wagtynda aýdan sözlerine üns berer. Meselem, ol Mukaddes Ýazgylardan şu sözleri okar: «Isa çörek alyp, şükür etdi-de, ony döwüp şägirtlere berdi, diýdi: „Alyň, iýiň, bu Meniň bedenimdir“» (Mat. 26:26). Isa hamyrmaýasyz çöregi döwüp, käbir resullaryna berdi, soňra olar hem biri-birine geçirdiler. Siz hem 14-nji aprelde hamyrmaýasyz çörekli tarelkalary görersiňiz.

16 Hamyrmaýasyz çörekli tarelkalar ýeterlik möçberde bolmaly. Şonda olary oturanlaryň ählisi gysga wagtyň içinde belli bir tertip boýunça bir-birine arkaýyn geçirip bilerler. Muny ýerli ýagdaýa görä etmeli. Çörek geçirilmezden öň çykyş edýän dogan gysgaça doga eder. 2013-nji ýylda geçirilen Ýatlama Agşamynda bolşy ýaly, ýygnaklaryň köpüsinde çörekden sanlyja adam dadar ýa-da hiç kim datmaz.

17. Isanyň görkezmesine görä, Ýatlama Agşamynda şerap nädip ulanylýar?

17 Soňra çykyş edýän dogan Mattanyň şu sözlerine üns berer: «(Isa) käsäni aldy, şükür edeninden soň, olara berip diýdi: „Şundan hemmäňiz içiň. Çünki bu Meniň ganym, günäleriň bagyşlanmagy üçin köp adamlaryň hatyrasyna dökülen täze ähtiň ganydyr“» (Mat. 26:27, 28). Isanyň görkezmesine görä, ýene bir gezek doga ediler, soňra oturanlar gyrmyzy şeraply käsäni biri-birine geçirerler.

18. Ýatlama Agşamynda nyşanlardan sanlyja adam datsa-da ýa-da hiç kim datmasa-da, oňa barmak näme üçin wajyp?

18 Duşuşyga gelenleriň köpüsi nyşanlardan datman, olary diňe biri-birine geçirerler. Sebäbi Isanyň aýtmagyna görä, nyşanlardan diňe gökdäki Patyşalykda höküm sürjek mesh edilen mesihçiler datmaly (Luka 22:28—30-njy aýatlary okaň; 2 Tim. 4:18). Ýatlama Agşamyna gelen başga adamlar bolsa, nyşanlardan datmasalar-da, ol güne sarpa goýýarlar. Muňa garamazdan, Rebbiň Agşam naharyna barmak wajypdyr, çünki oňa gelýän adamlar Isanyň tölegini gymmat saýýandygyny görkezýärler. Olar Ýatlama Agşamynda Isanyň töleg gurbanynyň berýän bereketleri barada oýlanyp bilerler. Şeýle adamlaryň «agyr muşakgatda» diri galjak «uly märekäniň» arasynda bolmaga mümkinçiligi bar. Hudaýyň bu gullukçylary «donlaryny Guzynyň gany bilen ýuwup, çuw ak etdiler», ýagny Isanyň töleg gurbanyna iman edýändikleri üçin Hudaýyň öňünde dogry hasaplanarlar (Ylh. 7:9, 14—17).

19. Rebbiň Agşam naharyna taýýarlanmak we ondan peýda almak üçin näme etmeli?

19 Bütin dünýäde ýaşaýan Ýehowanyň Şaýatlary Ýatlama Agşamyna taýýarlyk görýärler. Biz birnäçe hepde öňünden, mümkin boldugyndan, oňa has köp adamy çagyrmak üçin yhlas ederis. Şeýle-de biz Ýatlama Agşamy golaýlaýan günlerde b. e. 33-nji ýylynda Isanyň eden işleri we başga-da bolan wakalar barada Mukaddes Ýazgylardan okarys. Biz şol duşuşyga barar ýaly ähli işlerimizi öňünden gowy planlaşdyrmaly. Aýdymdan we doga edilmezinden öň gelsek, çagyrylan myhmanlary garşy alsak hem-de duşuşyga doly gatnaşsak gowy bolardy. Çykyş edýän dogan Mukaddes Ýazgylardan aýatlary okap, olary düşündirende, öz kitabymyzdan yzarlasak, ählimize, ýagny ýygnagyň agzalaryna-da, myhmanlara-da peýdaly bolar. Galyberse-de, biz Ýatlama Agşamyna gelip, Isanyň töleg gurbanyna ýürekden minnetdardygymyzy we onuň: «Muny meni ýada salmak üçin berjaý ediň» diýen tabşyrygyna gulak asýandygymyzy görkezeris (1 Kor. 11:24).

[Çykgyt]

a Nemes alymy Genrih Maýeriň aýtmagyna görä, resullar Isanyň bedenini iýmeli we ganyny içmelidiris öýtmändirler. Sebäbi «onuň bedeni bölünmändi (ol diridi)». Şeýle-de ol çöregiň we şerabyň näme aňladýandygyna resullar düşüner ýaly, Isanyň ýönekeý sözleri ulanandygyny aýdýar. Ýogsam, olar Isanyň nämäni göz öňünde tutandygyny bilmezdiler.

[22-nji sahypadaky surat]

[23-nji sahypadaky çarçuwa]

2014-NJI ÝYLYŇ ÝATLAMA AGŞAMY

Ýeriň hemrasy Aý biziň planetamyzyň daşyndan her aýda bir aýlaw edýär. Her aýlawynyň belli bir pursatynda Aý ýer bilen Günüň arasynda durýar. Astronomiýada muňa «täze aý» diýilýär. Şol wagt Aý ýerden seredeniňde görünmeýär, şeýle ýagdaý 18—30 sagatlap dowam edip bilýär.

2014-nji ýylyň mart aýynyň 30-ynda sagat 20:45-de Iýerusalimde gije-gündiz deňleşer. Şonda asmanda orak şekilli täze Aý dogar we takmynan 21 sagatdan soň ýene-de gün batar (31-nji mart). Emma şol gün 1-nji nisan başlanmaýar. Näme üçin? Sebäbi täze Aý görünmese gerek. Täze Aý Iýerusalimde gün batandan soň 1-nji aprelde görnüp başlar. Diýmek, 2014-nji ýylda gadymy ýehudylaryň hasaby boýunça nisan aýynyň 1-i 1-nji aprelde gün batandan soň başlar.

Bütin dünýäde ýaşaýan Ýehowanyň Şaýatlary 14-nji nisanyň 2014-nji ýylyň 14-nji aprelinde duşenbe güni gün batandan soň başlajakdygyny bilýärler. Şonda asmanda dolan aýy görse bolar.

[24-nji sahypadaky surat]

Resullar täze ähtiň nyşany bolan şerapdan datdylar (11, 12-nji abzaslara serediň)

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş