Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w14 15/1 sah. 12—16
  • Patyşalygyň 100 ýyl bäri höküm sürmegi size nähili täsir edýär?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Patyşalygyň 100 ýyl bäri höküm sürmegi size nähili täsir edýär?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ÝEHOWANYŇ BELLÄN PATYŞASY HÖKÜM SÜRÝÄR
  • PATYŞA RAÝATLARYNY ARASSALAÝAR
  • PATYŞA RAÝATLARYNA TÄLIM BERÝÄR
  • PATYŞA RAÝATLARYNY ULY IŞE TAÝÝARLAÝAR
  • MESIHI PATYŞALYGYŇ GETIRJEK BEREKETLERI
  • Hudaýyň patyşalygy höküm sürýär
    Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
  • Patyşalyk «hiç haçan ýok bolmaz»
    Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
  • Hudaýyň Patyşalygy näme?
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Hoş habarçylar — Höwes bilen gulluk edýän wagyzçylar
    Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
w14 15/1 sah. 12—16

Patyşalygyň 100 ýyl bäri höküm sürmegi size nähili täsir edýär?

«Seniň işleriň uly hem geňdir. Eý milletler patyşasy». YLH. 15:3

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • 1914-nji ýylda Ýehowa haýsy manyda Patyşa boldy we Patyşalyk ilki nähili işleri amala aşyrdy?

  • Isa Patyşalygyň wepaly raýatlaryny nädip arassalady, tälim berdi we guramaçylykly hereket etmäge taýýarlady?

  • Biz «Patyşalygyň gelsin» diýip, edýän dogamyza haçan doly jogap alarys we ol nämäni aňladýar?

1, 2. Hudaýyň Patyşalygy näme eder we biz Patyşalygyň geljekdigine näme üçin ynanýarys?

ISA MESIH b. e. 31-nji ýylynda Kapernaumyň golaýyndaky dagda şägirtlerine: «Patyşalygyň gelsin» diýip, doga etmegi öwretdi (Mat. 6:10). Şu günler köp adamlar Patyşalygyň geljekdigine şübhelenýärler. Emma biz Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegi barada ak ýürekden edýän dogamyza jogap aljakdygymyza ynanýarys.

2 Ýehowa Patyşalygy arkaly gökdäki we ýerdäki gullukçylaryny bir agzybir maşgala eder. Hudaýyň bu niýeti hökman amala aşar (Iş. 55:10, 11). Geçen 100 ýylyň dowamynda bolan ajaýyp wakalar Ýehowanyň hökümdarlyk edýändigini tassyklaýar we Ol millionlarça wepaly raýatlary üçin uly we täsin işleri edýär (Zak. 14:9; Ylh. 15:3). Emma Ýehowanyň Patyşa bolmagy bilen Onuň Patyşalygynyň gelmegi barada edýän dogamyzyň arasynda tapawut bar. Olar nämede tapawutlanýar we bize nähili täsir edýär?

ÝEHOWANYŇ BELLÄN PATYŞASY HÖKÜM SÜRÝÄR

3. a) Isa haçan we nirede Patyşa boldy? b) Siz 1914-nji ýylda Patyşalygyň berkarar bolandygyny nädip subut edersiňiz? (Çykgyda serediň).

3 XIX asyryň ahyrlarynda Hudaýyň gullukçylary 2 500 ýyl mundan ozal ýazylan Danyýeliň şu pygamberligine düşünip başladylar: «Şol patyşalaryň döwründe gökdäki Hudaý hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar» (Dan. 2:44). Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlar 1914-nji ýylyň wajypdygy barada birnäçe ýyl öňünden nygtaýardylar. Bir ýazyjy şeýle diýdi: «1914-nji ýylda bütin dünýä gelejege umyt bilen garaýardy». Emma Birinji Jahan urşundan bir ýyl geçende, Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlik ýerine ýetip başlady. Açlyk, ýer-titremeler, gyrgynçylyk ýaly welilikleriň ýerine ýetmegi Isa Mesihiň 1914-nji ýylda gökde Patyşa bolandygyny subut etdia. Şeýlelikde, Ýehowa hökümdarlyk edýändigini täze usul, ýagny Ogly Isanyň tagta çykmagy bilen görkezdi.

4. Täze Patyşa tagta çykandan derrew näme etdi we soňra näme edip başlady?

4 Ilki bilen, Hudaýyň täze Patyşasy Atasynyň esasy duşmany bolan Şeýtana garşy söweşdi. Isa we onuň perişdeleri Iblisi hem-de onuň jynlaryny gökden ýere zyňdy. Bu waka gökdäkilere uly şatlyk, ýer ýüzüne bolsa görlüp-eşidilmedik betbagtçylyk getirdi (Ylham 12:7—9, 12-nji aýatlary okaň). Soňra Isa ýer ýüzünde ýaşaýan raýatlaryny Hudaýyň islegini ýerine ýetirmekleri üçin, olary arassalap, tälim berip we taýýarlap başlady. Geliň, häzir olaryň bu zatlara gowy seslenip, bize galdyran göreldesine seredeliň.

PATYŞA RAÝATLARYNY ARASSALAÝAR

5. 1914-nji we 1919-njy ýyl aralygynda nämeler boldy?

5 Isa gögi Şeýtanyň we onuň jynlarynyň ýaramaz täsirinden arassalandan soňra, ýer ýüzündäki şägirtlerini barlap, olary hem arassalady. Bu barada Malaky pygamberlik edipdi (Mal. 3:1—3). Taryhy wakalar muňuň 1914-nji ýyldan 1919-njy ýylyň ahyryna çenli dowam edendigini görkezýärb. Biz Ýehowanyň maşgalasynyň agzasy bolmak üçin arassa, ýagny mukaddes bolmaly (1 Pet. 1:15, 16). Biz ýalan dine we dünýäniň syýasy işlerine goşulmaly däl.

6. Ruhy iýmit nädip paýlanylýar we ol näme üçin wajyp?

6 Isa Patyşalyk ygtyýaryny ulanyp, «sadyk hem akylly hyzmatkäri» belledi. Bu hyzmatkär Isanyň «bir sürüsine» degişli adamlaryň ählisini wagtly-wagtynda ruhy iýmit bilen üpjün etmelidi (Mat. 24:45—47; Ýahýa 10:16). Sadyk hem akylly hyzmatkär 1919-njy ýyldan bäri «öýdäki hyzmatkärleri» iýmitlendirmek babatda jogapkärli ýumşy ýerine ýetirip gelýär. Bolluk bilen berilýän ruhy iýmit biziň imanymyzy berkidýär. Ol bize ruhy, ahlak, aň we beden taýdan arassa galmaga kömek edýär. Şeýle-de ýer ýüzünde alnyp barylýan iň wajyp işe doly gatnaşmagymyz üçin ähli gerekli zatlar bilen üpjün edýär. Siz bu ruhy iýmitlerden doly peýdalanýarmysyňyz?

PATYŞA RAÝATLARYNA TÄLIM BERÝÄR

7. Isa ýer ýüzündekä nähili wajyp işe başlady we ol haçana çenli dowam eder?

7 Isa ýer ýüzündäki gullugyna başlanda şeýle diýdi: «Hudaýyň Patyşalygynyň Hoş Habaryny Men beýleki şäherlere-de bildirmeli. Çünki Men munuň üçin wagyz etdim» (Luka 4:43). Isa wagyz işine bary-ýogy üç ýarym ýyl sarp etse-de, bu iş onuň durmuşynda möhüm orun eýeläpdir. Ol şägirtlerine şeýle görkezme berdi: «Barýarkaňyz Gökleriň Patyşalygynyň golaýdygyny wagyz ediň» (Mat. 10:7). Isa göge gitmezden öň, hoş habaryň «ýeriň tä soňuna çenli» wagyz ediljekdigini pygamberlik etdi (Res. iş. 1:8). Ol bu wajyp işde şägirtlerini dünýäniň soňuna çenli goldajakdygyny wada berdi (Mat. 28:19, 20).

8. Patyşa ýer ýüzündäki raýatlaryny wagyz etmäge nädip höweslendirdi?

8 1919-njy ýyldan bäri «Patyşalyk baradaky... Hoş Habar» möhüm orun eýeläp başlady (Mat. 24:14). Patyşa gökden höküm sürüp, ýer ýüzündäki arassalanan raýatlaryndan kiçi topary ýygnady. Olar Isanyň şu tabşyrygyna ak ýürekden seslendiler: Gökde berkarar edilen Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary bütin ýer ýüzünde wagyz ediň! (Res. iş. 10:42). Meselem, 1922-nji ýylyň sentýabr aýynda 20 000-e golaý adam Sidar-Poýntda (ABŞ, Ogaýo ştaty) halkara kongresini geçirmek üçin ýygnanyşdylar. Şonda Ruterford doganymyz «Patyşalyk» atly nutuk bilen çykyş etdi. Soňra ol diňleýjilere ýüzlenip: «Bu iň gowy gündür. Ynha, patyşa höküm sürýär. Siz onuň jarçylary. Şonuň üçin Patyşany we onuň patyşalygyny wagyz ediň, wagyz ediň, wagyz ediň!» diýende, olaryň nähili tolgunandyklaryny göz öňüne getiriň! Bu çakylyga seslenen iki müň adam şol günüň ertesi wagyz etmäge gitdiler. Hatda olaryň käbiri kongres geçirilýän ýerden 72 km uzaklyga çenli ýol ýörediler. Bir dogan tolgunyp, şeýle diýdi: «Men Patyşalygy yglan etmek baradaky çakylygy we märekäniň yhlasyny hiç haçan unutmaryn!» Şeýle sözleri aýdan adamlar az däldi.

9, 10. a) Patyşalygyň wagyzçylaryna tälim bermek üçin näme edilýär? b) Size şeýle tälim nähili peýda berýär?

9 1922-nji ýylda 17 000-den gowrak Patyşalygyň wagyzçylary dünýäniň 58 ýurdunda yhlasly güwälik edýärdiler. Emma olara tälim bermelidi. I asyrda Isa şägirtlerine näme hakda, nirede we nädip wagyz etmelidigi barada aýdyň görkezme berýärdi (Mat. 10:5—7; Luka 9:1—6; 10:1—11). Şu günlerem Isa Patyşalygyň wagyzçylary ökde wagyz edip biler ýaly, olara görkezme berýär we başga-da gerekli zatlar bilen üpjün edýär (2 Tim. 3:17). Isa olara mesihçiler ýygnagy, esasan-da, Wagyz mekdebi duşuşygy arkaly tälim berýär. Bu duşuşyk ýer ýüzünde 111 000-den gowrak ýygnaklarda geçirilýär. Şeýlelikde, ýedi milliondan gowrak wagyzçylar «her kese» wagyz etmegi we olara tälim bermegi öwrenýärler (1 Korintoslylar 9:20—23-nji aýatlary okaň).

10 Şeýle-de ýygnak ýaşulularyna, pionerlere, sallah doganlara, mesihçi är-aýallara, Beýtel komitetiniň agzalaryna hem-de olaryň aýallaryna, aýlanýan gözegçilere hem-de olaryň aýallaryna we missionerlere tälim berýän ýörite mekdepler barc. Mesihçi är-aýallar üçin mekdebi tamamlan talyplaryň käbiri minnetdarlyk bildirip, şeýle diýdiler: «Bu okuw biziň Ýehowa bolan söýgimizi çuňlaşdyrdy we başgalara has gowy kömek etmegi öwretdi».

11. Patyşalygyň wagyzçylary garşylyklara garamazdan näme edýärler?

11 Hoş habary wagyz etmek we adamlara tälim bermek üçin alnyp barylýan tagallalar duşmanymyz Şeýtanyň gözüne ilmän galmady. Ol wagyz işini togtatmak üçin hoş habara we ony wagyz edýänlere aç-açan topulýar hem-de mekir hileleri ulanýar. Emma duşmanyň bu tagallalary üstünlikli bolmaz. Ýehowa Ogluny «her hökümdarlykdan, ygtyýarlylykdan, gudrat we häkimiýetden» has belentde goýdy (Efes. 1:20—22). Isa Patyşalyk ygtyýaryny ulanyp, şägirtlerini goraýar we olara görkezme berýär. Sebäbi ol Atasynyň isleginiň berjaý edilmegini isleýärd. Hawa, hoş habar üznüksiz wagyz edilýär we millionlarça akýürekli adamlar Ýehowanyň ýolundan ýöremegi öwrenýärler. Bu ajaýyp işe gatnaşmak, biziň üçin uly hormat!

PATYŞA RAÝATLARYNY ULY IŞE TAÝÝARLAÝAR

12. Patyşalyk berkarar bolandan bäri, Hudaýyň gullukçylarynyň guramaçylykly hereket edişini gürrüň beriň.

12 1914-nji ýylda Patyşalyk gökde berkarar edilenden bäri, Isa şägirtlerini Atasynyň islegini berjaý edip bilmekleri üçin arassalady (Işaýa 60:17-ni okaň)e. 1919-njy ýylda her ýygnakda wagyz işine ýolbaşçylyk eder ýaly, wagyz gözegçisi bellenildi. 1927-nji ýylda bolsa, her ýekşenbe güni öýden-öýe wagyz etmeklik ýola goýuldy. 1931-nji ýylda Patyşalygyň wagyzçylary Mukaddes Ýazgylara esaslanan Ýehowanyň Şaýatlary diýen ady kabul etdiler. Bu olary has köp wagyz etmäge höweslendirdi (Iş. 43:10—12). 1938-nji ýylda jogapkärli doganlar sese goýmak ýoly bilen däl-de, Mukaddes Ýazgylaryň talaplaryna görä saýlanyp başlandy. 1972-nji ýylda ýygnaga bir ýaşuly däl-de, ýaşulular maslahaty gözegçilik edip başlady. Tejribeli doganlaryň ählisi «Hudaýyň sürüsine... gözegçilik etmäge» çagyrylýardy (1 Pet. 5:2). 1976-njy ýylda Ýolbaşçylyk maslahatynyň alty sany komiteti döredildi. Şondan bäri olar bütin dünýäde guramanyň işlerine gözegçilik edýärler. Görşümiz ýaly, Ýehowanyň bellän Patyşasy ýer ýüzündäki raýatlaryny kem-kemden guramaçylykly hereket etmäge taýýarlady.

13. Patyşalygyň 100 ýyldan bäri edýän işleri size nähili täsir edýär?

13 Mesihi Patyşa Isanyň 100 ýyldan bäri eden işleri hakda oýlanyp görüň! Ol Ýehowanyň adyny göterjek halky arassalady. Şeýle-de Isa 239 döwletde alnyp barylýan wagyz işine we millionlarça adamlaryň Ýehowa barada bilim almagyna ýolbaşçylyk edýär. Ol ýedi milliondan gowrak wepaly raýatlaryny jebisleşdirip, agzybir etdi; olar Atasynyň islegini höwes bilen berjaý edýärler (Zeb. 110:3). Dogrudan-da, Ýehowanyň Mesihi Patyşalyk arkaly edýän işleri uly hem geňdir! Gelejekde bolsa, Ol has-da täsin işleri amala aşyrar!

MESIHI PATYŞALYGYŇ GETIRJEK BEREKETLERI

14. a) Biz näme üçin «Patyşalygyň gelsin» diýip doga edýäris? b) 2014-nji ýyl üçin haýsy aýat saýlandy we ol näme üçin ýerlikli?

14 Ýehowa Ogly Isa Mesihi 1914-nji ýylda Patyşa edip bellese-de, biz «Patyşalygyň gelsin» diýip, edýän dogamyza heniz doly jogap almadyk (Mat. 6:10). Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda Isanyň «duşmanlarynyň ortasynda höküm sürjekdigi» aýdylypdy (Zeb. 110:2). Şeýtanyň goly astyndaky ynsan hökümetleri Patyşalyga garşy çykmagyny dowam edýär. Biz Hudaýdan Patyşalygynyň gelmegi barada doga edenimizde, ynsan hökümetleriniň hem-de Patyşalygyň duşmanlarynyň ýok edilmegini dileýäris. Şonda Danyýel 2:44-däki: «Patyşalyk beýleki patyşalyklaryň ählisini ýok eder» diýen sözler ýerine ýeter. Syýasy duşmanlar ýok ediler (Ylh. 6:1, 2; 13:1—18; 19:11—21). Bu wakalar ýakyn wagtda bolar. Hudaýyň Patyşalygynyň berkarar bolandygyna 100 ýyl boldy! Şol sebäpli 2014-nji ýylyň ýyllyk aýady hökmünde Matta 6:10-daky: «Patyşalygyň gelsin» diýen sözleriň saýlanmagy örän ýerliklidir!

2014-nji ýylyň aýady: «Patyşalygyň gelsin» (Matta 6:10)

15, 16. a) Müňýyllyk hökümdarlykda nämeler bolar? b) Isa müň ýylyň ahyrynda näme eder we bu Ýehowanyň ähli ýaradan çagalary üçin nämäni aňladar?

15 Mesihi Patyşa Isa Hudaýyň duşmanlaryny ýok edenden soňra, ol Şeýtany we onuň jynlaryny baglap, müň ýyla düýpsüz çuňluga zyňar (Ylh. 20:1—3). Adamlar erbet täsirden azat bolarlar. Olar Isanyň töleg gurbanyndan peýdalanarlar we Adam atanyň günäsiniň galdyran täsiri hemişelik ýok ediler. Patyşa ölüm ukusynda ýatan millionlarça adamlary direldip, olaryň Ýehowa barada bilim almagynyň aladasyny eder (Ylh. 20:12, 13). Bütin ýer ýüzi Erem bagy ýaly Jennete öwrüler. Ähli adamlar kämil bolarlar.

16 Isa Mesih Müňýyllyk hökümdarlygynyň ahyrynda Hudaýyň niýetini doly amala aşyrar. Soňra ol Patyşalygy Atasyna gaýtaryp berer (1 Korintoslylar 15:24—28-nji aýatlary okaň). Indi Ýehowa bilen ýer ýüzündäki adamlaryň arasynda töwellaçy gerek bolmaz. Patyşalygyň gökdäki we ýerdäki raýatlary bir agzybir maşgala bolup, Atasy bilen ýakyn gatnaşykda bolarlar.

17. Siz Patyşalyk babatda näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz?

17 Hudaýyň Patyşalygy 100 ýylyň içinde ajaýyp işleri etdi. Bu Ýehowanyň ähli zada gözegçilik edýändigini we Onuň ýer ýüzi babatdaky niýetiniň amala aşjakdygyny subut edýär. Geliň, Mesihi Patyşanyň we onuň Patyşalygynyň wepaly raýatlary bolalyň! Biz: «Patyşalygyň gelsin» diýip, edýän dogamyza Ýehowanyň tizden doly jogap berjekdigine ýürekden ynanýarys!

a «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» kitabynyň 88—92-nji sahypalaryna serediň.

b 2013-nji ýylyň 15-nji iýulynda çykan «Garawul diňine» serediň (sah. 22, 23, abz. 12).

c 2012-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda çykan «Garawul diňi» žurnalyndaky «Teokratik mekdepler Ýehowanyň söýgüsini görkezýär» (sah. 13—17) atly makala serediň.

d 2013-nji ýylyň 15-nji awgustynda çykan «Garawul diňi» žurnalyna serediň (sah. 30). Onda Ýehowanyň gullukçylarynyň dürli ýurtlarda kazyýetde gazanan ýeňişleri barada gürrüň berilýär.

e Işaýa 60:17 Bürünç ýerine altyn, demir ýerine kümüş bererin Men; agaç ýerine bürünç, demir bererin daş ýerine. Parahatçylygy baştutanyň, dogrulygy gözegçiň edip bellärin.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş