TERJIMEHAL
Ýehowa meni, hakykatdan-da, goldady
Men aýalym bilen Kanadanyň Ontario welaýatynyň demirgazygynda ýerleşýän Hornpeýn atly seýrek agaçly we gyrymsy ösümlikli şäherçede säher bilen otludan düşdüm. Howa gaty sowukdy. Şol ýerde ýaşaýan bir dogan bizi öz öýüne äkitdi. Biz şol dogan, onuň aýaly hem-de ogly bilen ertirlik edindik. Soňra garly ýoldan ýöräp, öýden-öýe wagyz etmäge gitdik. Şol gün günortan men aýlanýan gözegçi hökmünde ilkinji jemagat nutugym bilen çykyş etdim. Nutugy diňlemäge bäş adamdan, ýagny bizden başga hiç kim gelmedi.
DOGRYMY aýtsam, 1957-nji ýylda nutuk bilen çykyş edenimde az adamyň gelendigine gynanmadym. Sebäbi men gaty utanjaňdym. Men çagakam öýümize hatda tanyş adamlar myhmançylyga gelse-de, olardan gizlenerdim.
Emma Ýehowanyň guramasynda maňa ynanylan jogapkärçilikler meni ençeme adamlar, ýagny dostlarym we nätanyş adamlar bilen işleşmegi öwretdi. Ýöne men şonda-da utanjaňlyk we özüme ynamsyzlyk bilen göreşýärdim. Elbetde, men ynanylan işleri hiç haçan öz güýjüm bilen ýerine ýetirip bilmezdim. Men Ýehowanyň beren şu wadasynyň hakykatdygyna doly göz ýetirdim: «Men size güýç bererin, ýardam ederin, sadyk sag golum bilen söýget bererin» (Iş. 41:10). Ýehowa meni, esasan-da, dogan-uýalaryň üsti bilen goldady. Geliň, men size olaryň käbiri barada gürrüň bereýin. Bu wakalar meniň çagalyk ýyllarymda başlapdy.
OL MUKADDES ÝAZGYLARY WE KIÇIJIK GARA KITABY ULANÝARDY
Ontarionyň günorta-günbatarynda ýerleşýän fermamyzda
1940-njy ýyllaryň güneşli ýekşenbe güni irden Elsi Hantingford atly bir aýal Ontarionyň günorta-günbatarynda ýerleşýän fermamyzyň gapysyny kakdy. Şonda ejem gapyny açdy. Kakam bolsa meniň ýanymda oturyp, olaryň gürrüňini diňledi. Ol hem meniň ýaly utanjaň adamdy. Kakam ol aýal bir zatlary satýandyr öýdüp we ejem ondan gerekmejek zatlary satyn alaýmasyn diýip, gapynyň ýanyna bardy-da, bu zatlaryň bizi gyzyklandyrmaýandygyny aýtdy. Şonda Elsi uýa kakamdan: «Sizi Mukaddes Ýazgylar okuwy gyzyklandyrmaýarmy?» diýip sorady. Kakam bolsa: «Elbetde, gyzyklandyrýar» diýip jogap berdi.
Elsi uýa bize tüýs wagtynda gelipdi. Kakam bilen ejem Kanadanyň «Birleşen buthanasynyň» yhlasly agzalarydy. Emma olar şol wagtlar bu buthanadan çykmagy ýüregine düwüpdiler. Näme üçin? Sebäbi bir ruhany buthananyň girelgesinde meýletin sowgatlary berýän adamlaryň spisogyny goýupdyr. Şol spisokda köp pul berýän adamlaryň ady ilkinji nobatda ýazylýardy. Biziň maşgalamyz bolsa sada ýaşaýandygy sebäpli, adymyz, köplenç, spisogyň aşagynda ýazylýardy. Buthananyň ruhanylary bizi köpräk sowgatlar bermäge iterýärdiler. Başga bir ruhany bolsa, işini ýitirmejek bolup, özüniň ynanmaýan zatlaryny öwredýändigini boýun aldy. Şol sebäpli ejem bilen kakam buthanadan çykdylar, ýöne olar ruhy zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin hakykaty gözleýärdiler.
Şol döwür Kanadada Ýehowanyň Şaýatlarynyň wagyz işi gadagandy. Şol sebäpli Elsi uýa biziň maşgalamyz bilen diňe Mukaddes Ýazgylar we kiçijik gara kitabyndaky bellikler arkaly okuw geçýärdi. Emma biraz wagtdan soň, biziň ony döwlet işgärlerine ýamanlamajakdygymyza göz ýetirende, ol bize Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary hem getirdi. Biz her gezek okuw geçenimizden soň, şol edebiýatlary gowy gizleýärdika.
Kakam bilen ejem öýden-öýe wagyz edilende hoş habary kabul etdiler we 1948-nji ýylda suwda çokundyryldylar
Yzarlamalara we kynçylyklara garamazdan, Elsi uýa hoş habary yhlasly wagyz edýärdi. Onuň şeýle yhlasly gulluk edýändigi maňa-da güýçli täsir edip, hakykata ýapyşmaga höweslendirdi. Kakam bilen ejemiň suwda çokundyrylanyna bir ýyl geçenden soň, men hem özümi Hudaýa bagyş edip, suwda çokundyryldym. Men 1949-njy ýylyň 27-nji fewralynda mallara suw berilýän demir legeniň içinde suwda çokundyryldym. Şonda men 17 ýaşymdadym. Birnäçe wagtdan soň, men pioner gullugyna başlamagy ýüregime düwdüm.
ÝEHOWA BATYRGAÝ BOLMAGA KÖMEK ETDI
1952-nji ýylda meni Beýtele çagyranlarynda örän geň galdym
Men, ilkibada, pioner gullugyna başlamaga gaty çekindim. Soňra pioner gullugyny başlamak üçin pul ýygnamaly diýen pikir bilen bankda işläp başladym. Men ýaş we tejribesizdigim sebäpli, gazanan pulumy şol bada sowýardym. Şonda Ted Sarjent atly dogan meni batyrgaý bolmaga we Ýehowa bil baglamaga höweslendirdi (1 Ýyl. 28:10). Men Ted doganyň ýumşaklyk bilen beren maslahatyna eýerip, 1951-nji ýylyň noýabrynda pioner gullugyna başladym. Şonda meniň bary-ýogy 40 dollarym, tigirim we täze portfelim bardy. Emma Ýehowa meni hemişe gerek zadym bilen üpjün edýärdi. Men Ted doganyň pioner gullugyna başlamaga höweslendirendigine diýseň minnetdar! Sebäbi pioner gullugy başga-da bereketlere ýol açdy.
Bir gün 1952-nji ýylyň awgust aýynyň ahyrynda maňa Torontodan jaň geldi. Şonda maňa Ýehowanyň Şaýatlarynyň Kanadadaky filialynda sentýabrda gulluga başlamagy teklip etdiler. Men bu teklipden örän çekindim, sebäbi men filiala hiç haçan baryp görmändim. Emma başga pionerleriň Beýtel barada eden ajaýyp gürrüňleri meni örän begendirdi. Şol sebäpli men Beýtelde özümi öýümde ýaly duýup başladym.
«DOGANLARYŇ ALADASYNY EDÝÄNDIGIŇI GÖRKEZ»
Beýtele baranyma 2 ýyl geçende, meni Bill Ýakosa derek Torontodaky bir ýygnagyň gullukçysy (häzirki ýaşulular maslahatynyň koordinatory) edip bellediler. Men şonda 23 ýaşly sada oba oglanydym. Emma Ýakos dogan näme etmelidigini maňa kiçigöwünlilik we söýgi bilen düşündirdi. Şonda Ýehowa meni, hakykatdan-da, goldady.
Ýakos dogan kelte boýly, eginlek we güler ýüzli adamdy. Ol adamlar bilen ýürekden gyzyklanýardy. Ol dogan-uýalary söýýärdi, dogan-uýalar hem ony gowy görýärdi. Bill Ýakos olary diňe kynçylyklara duş gelenlerinde däl, eýsem, hemişe idäp durýardy. Ol meni-de dogan-uýalary idemäge we olar bilen wagza çykyp, işleşmäge höweslendirdi. Bir gezek Ýakos dogan maňa: «Ken, sen doganlaryň aladasyny edýändigiňi görkez. Bu ähli kemçilikleriň üstüni örter» diýdi.
AÝALYM WEPALYLYGYNY GÖRKEZÝÄR
1957-nji ýylyň ýanwaryndan başlap Ýehowa meni has-da goldap başlady. Şol aý men Ewelin atly uýa öýlendim. Ol Gilead mekdebiniň 14-nji klasynda okapdy. Biz durmuş gurmankak, ol Kwebek welaýatynda, ýagny fransuz dilinde gepleýän adamlaryň arasynda gulluk edýärdi. Şol döwür Kwebege Rim katolik buthanasy gözegçilik edýärdi. Şol sebäpli Eweline ol ýerde gulluk etmek aňsat däldi. Emma ol şonda-da Ýehowa wepaly gulluk edýärdi.
Ewelin bilen toý tutan günümiz (1957-nji ýyl)
Ewelin maňa-da wepalylygyny görkezýärdi (Efes. 5:31). Onuň maňa bolan wepalylygy toýumyzyň yz ýany synaldy. Biz toýdan soň Florida ştatyna (ABŞ) gezelenje gitmekçidik. Emma filial meni Kanadadaky Beýtelde boljak bir hepdelik duşuşyga çagyrdy. Elbetde, bu çakylyk biziň planlaşdyran gezelenjimize päsgel berdi. Emma biz Ýehowanyň tabşyran islendik işini berjaý etmek isleýärdik. Şol sebäpli biz gezelenje gitmegi goýbolsun etdik. Kanadada geçirilen bir hepdelik duşuşyk döwri Ewelin Beýteliň töwereklerinde gulluk edýärdi. Ol ýer Kwebekden düýpgöter tapawutlansa-da, Ewelin erjellik bilen wagyz edýärdi.
Bir hepdelik duşuşygyň ahyrynda meni Ontarionyň demirgazygyna etrap gözegçisi edip bellänlerinde, men diýseň haýran galdym. Sebäbi men ýaňy öýlenen, bary-ýogy 25 ýaşly we tejribesiz oglandym. Emma men Ýehowa bil baglaýardym. Biz Kanadanyň gazaply gyşynda ençeme tejribeli aýlanýan gözegçiler bilen agşamky otla mündük. Şol doganlar öňki bellenen ýerlerine barýardylar. Olar bizi örän ruhlandyrypdylar! Hatda doganlaryň biri Ewelin ikimiz bütin gije otluda oturyp gitmez ýaly, bize öz ýerini hem bermekçi boldy. Ertesi gün irden biz Hornpeýndäki, ýagny makalanyň başyndaky gürrüň edilen kiçijik topara bardyk. Şol wagt biziň toý tutanymyza bary-ýogy 15 gün bolupdy.
Ewelin ikimize gelejekde has köp özgerişlikler garaşýardy. 1960-njy ýyllaryň ahyrynda welaýat gözegçilik gullugyndakak, maňa Gilead mekdebiniň 36-njy klasyna 10 aýlyk okuwa çakylyk geldi. Bu okuw Nýu-Ýorkyň Bruklin şäherinde 1961-nji ýylyň fewral aýynda başlanmalydy. Elbetde, men bu çakylyga örän begendim, emma Eweliniň mekdebe çagyrylmandygyna diýseň gynandym. Doganlar Ewelinden 10 aýlyk menden aýra düşmegine razydygyny tassyklaýan hat ýazmagyny haýyş etdiler. Şeýle haty başga-da uýalar ýazýardy. Ewelin gynanyp aglasa-da, ol meniň Gilead mekdebinde wajyp tälim aljakdygyma örän begendi.
Men Gileadda okaýarkam, Ewelin Kanadanyň filialynda gulluk edýärdi. Onuň Margaret Lowell atly mesh edilen uýa bilen bir otagda ýaşamaga mümkinçiligi boldy. Elbetde, biz birek-biregi gaty küýseýärdik. Emma Ýehowanyň kömegi bilen biz wagtlaýyn ynanylan ýumuşlary ýerine ýetirip başladyk. Eweliniň janaýamazlyk ruhuny bildirip, Ýehowa we onuň guramasyna has köp kömek edip bilmegimiz üçin ikimiziň aýralygymyza razy bolandygy maňa güýçli täsir etdi.
Gileadda okaýanyma üç aý töweregi wagt geçensoň, bütin dünýä boýunça alnyp barylýan wagyz işine ýolbaşçylyk edýän Neýtan Norr dogan maňa üýtgeşik teklip bilen ýüzlendi. Ol maňa Gilead mekdebini häziriň özünde goýup, Kanada dolanmagy we filialda Patyşalyk gullugynyň mekdebinde wagtlaýyn mugallym bolup gulluk etmegi teklip etdi. Norr dogan meniň bu teklibi kabul etmän hem bilýändigimi aýtdy. Şeýle-de ol meniň Gilead mekdebini doly tamamlasam, missioner gullugyna bellenip biljekdigimi aýtdy. Emma men Kanada dolanmaly diýen karara gelsem, onda Gilead mekdebine täzeden hiç haçan çagyrylmajakdygymy we kim bolup gulluk etjekdigimiň belli däldigini düşündirdi. Norr dogan bu babatda aýalym bilen maslahatlaşyp, belli bir karara gelmegi teklip etdi.
Eweliniň Ýehowanyň guramasynyň tabşyrýan işlerine nähili garaýandygyny bilýärdim. Şol sebäpli men Norr dogana dessine şeýle diýdim: «Ýehowanyň guramasy biziň näme etmegimizi islese, biz ony höwes bilen ýerine ýetireris». Biziň özümiziň isleglerimiziň bardygyna garamazdan, biz hemişe Ýehowanyň guramasynyň tabşyrýan ýumşuny berjaý etmek üçin nirä gitmeli bolsa-da taýýardyk.
1961-nji ýylyň aprelinde men Bruklinden Kanada, ýagny Patyşalyk gullugynyň mekdebinde mugallym bolmaga gitdim. Birnäçe wagtdan soň, biz Beýtel maşgalasynyň agzasy bolup gulluga başladyk. Soňra maňa gelen çakylyga men diýseň haýran galdym. Meni Gilead mekdebiniň 1965-nji ýylda başlanjak 40-njy klasyna çagyrdylar. Ewelin ýene-de özüniň menden wagtlaýyn aýra düşmäge razydygyny görkezýän haty ýazmaly boldy. Emma birnäçe hepdeden Ewelin üçin hem Gilead mekdebinde okamaga çakylyk geldi. Biz muňa örän begendik.
Gilead mekdebine baranymyzda, Norr dogan fransuz dilinde gepleýänleriň klasynyň Afrikada gulluk etmäge ugradyljakdygyny aýtdy. Ewelin ikimiz bolsa fransuz klasa degişlidik. Emma mekdebi tamamlanymyzda, bizi ýene-de Kanada ýolladylar. Meni filialyň gözegçisi (häzir filial komitetiniň koordinatory) edip bellediler. Men şonda bary-ýogy 34 ýaşymdadym. Men Norr dogana: «Men entek ýaş ahyryn» diýdim. Emma ol meni hemme zadyň gowy boljakdygyna ynandyrdy. Men filialda gulluk edip başlan badyma, Beýtelde wajyp kararlara gelmeli bolanymda, uly ýaşly we has tejribeli doganlar bilen maslahatlaşýardym.
BEÝTELDE HEM ÖWRENÝÄRIN, HEM ÖWREDÝÄRIN
Beýtelde gulluk etmeklik bize dogan-uýalardan köp zatlary öwrenmäge ajaýyp mümkinçilik berdi. Men filial komitetiniň agzalaryna çuňňur hormat goýýardym we guwanýardym. Şeýle-de Beýtelde we ençeme ýygnaklarda gulluk eden döwrümiz ýüzlerçe erkekdir aýallaryň, ýaşdyr gartaşanlaryň ajaýyp göreldesi Ewelin ikimize örän güýçli täsir etdi.
Kanadadaky Beýtelde ertirki seždäni geçirýärin
Şeýle-de Beýtel gullugy maňa dogan-uýalara tälim bermäge we olaryň imanyny berkitmäge mümkinçilik berdi. Pawlus resul Timoteosa şeýle diýipdi: «Sen... öwrenen, doly ynanýan zatlaryňa bagly gal». Şeýle-de ol: «Birtopar şaýatlaryň ýanynda menden eşiden sözleriňi beýlekilere-de öwredip biljek adamlara tabşyr» diýdi (2 Tim. 2:2; 3:14). Käte dogan-uýalar menden Beýtelde 57 ýyl bäri gulluk edip, nämeleri öwrenendigimi soraýarlar. Şonda men olara: «Ýehowanyň kömegine bil baglamagy we onuň guramasynyň isleýän zadyny höwes bilen hem-de haýal etmän berjaý etmegi öwrendim» diýip, ýönekeýje jogap berýärin.
Meniň utanjaň we tejribesiz ýaş oglan bolup, Beýtele ilkinji gezek gelenim ýaňy ýalydy. Emma Ýehowa ýyllar boýy meniň «sag elimden» tutup gelýär. Esasan-da, dogan-uýalaryň mähir bilen we gerekli wagtynda berýän goldawy meni Ýehowanyň: «Gorkmaň, ýardam ederin» diýen sözlerine hemişe ynandyrýar (Iş. 41:13).
a 1945-nji ýylyň 22-nji maýynda Kanadada biziň wagyz işimiz gadagan edildi.