Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w14 15/5 sah. 21—25
  • Ýehowa — guramaçylykly Hudaý

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa — guramaçylykly Hudaý
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • HUDAÝYŇ GEÇMIŞDÄKI GULLUKÇYLARY GURAMAÇYLYKLY HEREKET EDÝÄRDI
  • I ASYRDAKY HUDAÝYŇ YHLASLY GULLUK EDÝÄN GURAMASY
  • KÖPLER HELÄK BOLDY, EMMA HUDAÝYŇ HALKY HALAS BOLDY
  • Siz Ýehowanyň guramasy bilen öňe ýöreýärsiňizmi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Ýehowa guramasyna ýolbaşçylyk edýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Hudaýyň guramasy näme üçin gerek?
    Hudaýyň hoş habary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
w14 15/5 sah. 21—25

Ýehowa — guramaçylykly Hudaý

«Hudaý tertipsizlik Hudaýy däl-de... parahatlyk Hudaýydyr». 1 KOR. 14:33

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Gökde Ýehowanyň nähili guramasy bar?

  • Ýehowa Nuhy we Rahaby näme üçin patalady?

  • Gadymy ysraýyl halky we I asyrdaky mesihçiler bilen bolan wakalar Ýehowanyň guramaçylykly Hudaýdygyny nädip görkezýär?

1, 2. a) Hudaý ilkibaşda kimi ýaratdy we Ýehowa ol arkaly näme etdi? b) Perişdeleriň guramaçylykly hereket edýändigi nämäni görkezýär?

ÄLEM-JAHANYŇ Ýaradyjysy Ýehowa ähli zady guramaçylykly ýerine ýetirýär. Mukaddes Ýazgylarda Onuň ilkinji ýaradylan ruhy Ogluna «Söz» diýilýär, sebäbi ol Hudaýyň baş wekilidi. «Söz» Ýehowa ençeme ýyllaryň dowamynda gulluk edýär. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ozal-başda Söz bardy, Söz Hudaý bilendi... Hemme zat Ol arkaly ýaradyldy, ýaradylan zatlaryň hiç biri Onsuz ýaradylmandy». 2 000 ýyl töweregi mundan öň, Hudaý «Sözi» ýer ýüzüne iberdi. «Söz», ýagny kämil ynsan Isa Mesih gökdäki Atasyna wepaly gulluk etdi (Ýahýa 1:1—3, 14, TD).

2 «Ogul» ýer ýüzüne gelmezden öň, Hudaýa «ussa kimin» wepaly gulluk edýärdi (Sül. tym. 8:30). Ýehowa Ogly arkaly gökde millionlarça ruhy şahsyýetleri, ýagny perişdeleri ýaratdy (Kol. 1:16). Ol perişdeler barada Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Müňlerçe müňler Oňa (Ýehowa) hyzmat edýärdi. On müňlerçe on müňler huzurynda dik durýardy» (Dan. 7:10). Hudaýyň perişdelerine Ýehowanyň guramaçylykly hereket edýän «goşuny» hem diýilýär (Zeb. 103:21).

3. Ýyldyzlaryň we planetalaryň sany näçe we olar nädip guramaçylykly hereket edýär?

3 Eýsem, göze görünýän zatlar, ýagny sansyz-sajaksyz ýyldyzlar we planetalar hakda näme diýse bolar? Tehas ştatynyň Hýuston şäherinde çykýan «Hronika» gazetinde ýyldyzlar babatda geçirilen barlaglar hakynda şeýle habar berilýär: «Olaryň sany 300 sekstilion ýa-da alymlaryň çak edişinden hem üç esse köp bolmaly». Bu sanyň näçe aňladýandygy şol gazetde şeýle düşündirilýär: «3-iň yzynda 23 sany nul bar. Ýa-da 3 trilliony 100 milliarda köpeltmeli». Ýyldyzlar galaktikalarda tertip-düzgünli hereket edýär. Galaktikalaryň hersinde milliardlarça, hatda trilliardlarça ýyldyzlar we planetalar bar. Galaktikalar hem öz gezeginde galaktikalaryň toplumyny we galaktikalaryň ägirt uly toplumyny emele getirýärler.

4. Näme üçin Hudaýyň ýer ýüzündäki gullukçylary guramaçylykly hereket edýär diýse bolar?

4 Göze görünmeýän wepaly perişdeler ýaly, gökdäki göze görünýän zatlar hem tertip-düzgünli hereket edýär (Iş. 40:26). Onda Ýehowanyň ýerdäki gullukçylary-da guramaçylykly hereket edýär diýse bolar. Dogrudan-da, Hudaý öz halkynyň guramaçylykly hereket etmegini isleýär, sebäbi olar örän wajyp işi ýerine ýetirýärler. Ýehowanyň gullukçylarynyň öz gullugyny geçmişde nädip ýerine ýetirendigi we olaryň häzirki döwür nädip hereket edýändigi «Hudaýyň tertipsizlik Hudaýy däl-de... parahatlyk Hudaýydygyny» hem-de Ýehowanyň öz halkyny goldaýandygyny birkemsiz subut edýär (1 Korintoslylar 14:33, 40-njy aýatlary okaň).

HUDAÝYŇ GEÇMIŞDÄKI GULLUKÇYLARY GURAMAÇYLYKLY HEREKET EDÝÄRDI

5. Hudaýyň ilkinji ynsan maşgalasynyň ýer ýüzüni doldurmak babatdaky niýeti nädip bökdeldi?

5 Ýehowa Adam ata bilen How enäni ýaradanda, olara şeýle diýdi: «Örňäp, köpelip, ýer ýüzüni dolduryň we oňa eýeçilik ediň; balyklaryň, guşlaryň we ýer ýüzünde hereket edýän bütin jandarlaryň üstünden höküm sürüň» (Gel. çyk. 1:28). Ilkinji ynsan maşgalasy guramaçylykly hereket edip, ýer ýüzüni adamlardan doldurmalydy we bütin ýeri Jennete öwürmelidi. Emma Adam ata bilen How enäniň gulak asmandygy sebäpli, Hudaýyň bu niýeti wagtlaýynça amala aşmady (Gel. çyk. 3:1—6). Birnäçe wagtdan Ýehowa «adamyň erbetliginiň ýer ýüzünde köpdügini we ýüreginiň pikir-hyýalynyň günuzyn diňe erbetlikdigini gördi». Netijede, «ýer ýüzi bozulypdy we... zorlukdan dolupdy». Şol sebäpli Hudaý Tupan arkaly hudaýsyz adamlary ýok etmek isledi (Gel. çyk. 6:5, 11—13, 17).

6, 7. a) Nuh Ýehowanyň nazarynda näme üçin gowy adam bolupdy? (Makalanyň başyndaky surata serediň.) b) Nuhuň günlerindäki hudaýsyz adamlara näme boldy?

6 Emma «Nuh Hudaýyň nazarynda merhemet gazandy», sebäbi ol «dogry we öz döwürdeşleriniň arasynda kämil adamdy». «Nuh Hudaýyň huzurynda gezendigi» sebäpli, Ýehowa oňa uly gämi ýasamagy buýurdy (Gel. çyk. 6:8, 9, 14—16). Bu gämi adamlaryň we haýwanlaryň halas bolmagy üçin gowy gurnalypdy. «Nuh hemmesini Hudaýyň özüne tabşyryşy ýaly ýerine ýetirdi» we öz maşgalasynyň kömegi bilen guramaçylykly hereket edip, gäminiň gurluşygyny tamamlady. Nuhuň maşgalasy we haýwanlar gämä girensoň, «Reb... gapyny ýapdy» (Gel. çyk. 7:5, 16).

7 B. e. öň 2370-nji ýylda Ýehowa Tupan arkaly «ýer ýüzünde ýaşaýan her zady süpürip aýyrdy», emma wepaly Nuhy we onuň maşgalasyny gämi arkaly halas etdi (Gel. çyk. 7:23). Şu günler ýer ýüzünde ýaşaýan ähli adamlar Nuhuň, onuň ogullarynyň we olaryň aýallarynyň nesilleridir. Emma «dogrulyk wagyzçysy Nuhuň» aýdan sözlerine gulak asmadyk we gämä girmedik hudaýsyz adamlaryň ählisi heläk boldy (2 Pet. 2:5).

Guramaçylykly edilen işler Tupanda sekiz adama halas bolmaga kömek etdi (6, 7-nji abzaslara serediň)

8. Hudaýyň ysraýyl halkyny Wada edilen diýara guramaçylykly alyp barandygy nämeden görünýär?

8 Tupandan sekiz asyrdan gowrak wagt geçensoň, Hudaý ysraýyllylary aýratyn bir halk edip gurnady. Şol wagt Ýehowanyň guramasy ysraýyllylaryň durmuşyna, esasanam, olaryň edýän seždesine täsir edýärdi. Ysraýyl halkynda ençeme ruhanylardan we lewilerden daşary, «Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde hyzmat edýän aýallar» hem guramaçylykly gulluk edýärdiler (Müs. çyk. 38:8). Emma Ýehowa ysraýyl halkyny Kengan topragyna alyp barýarka, bu halk Hudaýa biwepalyk etdi. Şonda Ýehowa: «Olaryň hiç biri-de Meniň size ornaşmaga söz beren ýurduma girmez» diýdi. Muňa garamazdan, Ýehowa: «Oňa diňe Ýepunnäniň ogly Kalep bilen Nunuň ogly Ýeşuwa girip biler» diýdi, sebäbi olar Wada edilen diýardan gelenlerinde, halka gowy habar aýdypdylar (San. 14:30, 37, 38). Birnäçe wagtdan soň, Musa Ýehowanyň görkezmesi bilen, Ýeşuwany özüne derek belledi (San. 27:18—23). Ýeşuwanyň ysraýyl halkyny Kengan topragyna alyp barmagynyň öňüsyrasynda, Musa oňa şeýle diýdi: «Dözümli hem mert bol! Gorkma we dowla düşme, çünki sen nirä gitseň-de, nirede bolsaň-da, Hudaýyň Reb seniň bilendir!» (Ýeş. 1:9).

9. Rahap Ýehowa we onuň halky barada näme pikir edýärdi?

9 Dogrudan-da, Ýeşuwa nirä gitse-de, Ýehowa onuň bilendi. Mysal üçin, geliň, ysraýyllylaryň Kengan topragyndaky Ýeriho şäheriniň golaýynda düşlänlerinde bolan waka seredeliň. B. e. öň 1473-nji ýylda Ýeşuwa Ýeriho şäherine iki içalyny iberýär. Şonda olar bu şäherde Rahap atly kemçin aýala duşýarlar. Bu iki içaly Ýeriho şäheriniň patyşasynyň ugradan adamlarynyň eline düşmez ýaly, Rahap olary öz öýüniň üçeginde gizleýär. Şonda Rahap bu içalylara: «Rebbiň bu ýurdy size berendigini men bilýärin... Rebbiň siziň öňüňizde Gyzyl deňziniň suwuny guradandygyny biz eşitdik... Amorlaryň Sihon hem-de Og diýen iki hanyny siziň bütinleý ýok edendigiňizden hem habarymyz bar». Soňra ol sözüni şeýle jemledi: «Siziň Hudaýyňyz Reb gökde hem, ýerde hem Hudaýdyr» (Ýeş. 2:9—11). Rahabyň Ýehowanyň guramasyna goşulmak isleýändigi sebäpli, ysraýyllylar Ýerihony basyp alanlarynda, Hudaý Rahaby we onuň maşgala agzalaryny halas etdi (Ýeş. 6:25). Rahap Ýehowa iman etdi hem-de Hudaýa we onuň halkyna hormat goýdy.

I ASYRDAKY HUDAÝYŇ YHLASLY GULLUK EDÝÄN GURAMASY

10. Isa ýehudylaryň dini ýolbaşçylaryna näme diýdi we näme üçin?

10 Ýeşuwanyň ýolbaşçylyk etmegi bilen, ysraýyl halky Kengan topragyndaky şäherleri yzly-yzyna basyp alyp başlady. Emma ysraýyllylara birnäçe wagtdan soň näme boldy? Ençeme asyr geçensoň, olar Hudaýyň kanunlaryny kesirlik bilen bozup başladylar. Wagtyň geçmegi bilen, Ýehowa ýer ýüzüne öz Ogluny ugratdy. Ysraýyl halkynyň Hudaýa we onuň ugradýan pygamberlerine gulak asmaýandygy sebäpli, Isa Iýerusalime «pygamberleri öldürýän» şäher diýipdi (Matta 23:37, 38-nji aýatlary okaň). Hudaý ýehudy halkynyň dini ýolbaşçylaryny biwepalygy üçin ret etdi. Şol sebäpli Isa olara: «Hudaýyň Patyşalygy sizden alnyp, Onuň miwelerini öndürjek millete berler» diýdi (Mat. 21:43).

11, 12. a) Ýehowa I asyrda ýehudy halkyndan ýüz öwrüp, başga guramany patalap başlandygyny nädip görkezdi? b) Hudaýyň ýalkaýan täze guramasy kimlerden ybaratdy?

11 B. e. I asyrynda Ýehowa biwepa ysraýyl halkyndan ýüz öwürdi. Emma bu Hudaýyň ýer ýüzünde wepaly gullukçylaryndan ybarat bolan guramasynyň bolmajakdygyny aňlatmaýar. Ýehowa Isa Mesihe we onuň taglymatlaryna yhlasly eýerýän täze guramany patalap başlady. Bu gurama b. e. 33-nji ýylynda Pentikost güni döredildi. Şol wagt Isanyň 120-ä golaý şägirtleri Iýerusalimde ýygnanyşypdy we «birden asmanda güýçli ýeliň sesine çalymdaş ses peýda bolup, ol olaryň oturan öýlerini bütinleý doldurdy». Soňra «olara oduň ýalynlary kimin bölnen diller aýan bolup, olaryň her biriniň üstüne gondy. Olaryň bary Mukaddes Ruhdan dolup, Ruhuň gepledişine görä, başga dillerde gepläp başladylar» (Res. iş. 2:1—4). Şol waka Mesihiň şägirtlerinden ybarat bolan bu täze guramany Hudaýyň goldaýandygynyň ajaýyp subutnamasy boldy.

12 Şol tolgundyryjy gün Isanyň şägirtlerine «üç müňe golaý adam goşuldy». Şeýle-de «Hudaý... gutulanlaryň sanyny günsaýyn köpeldýärdi» (Res. iş. 2:41, 47). I asyrdaky bu wagyzçylaryň alyp barýan işi şeýle üstünliklidi welin, «Hudaýyň sözi ýaýylyp, Iýerusalimde şägirtleriň sany barha köpelýärdi». Hatda «ruhanylaryň uly topary-da imana uýýardylar» (Res. iş. 6:7). Täze dörän guramanyň ýerine ýetirýän wagyz işi köp akýürekli adamlara hakykaty kabul etmäge kömek etdi. Biraz wagtdan soň, Ýehowa olary goldaýandygyny görkezmek üçin «başga milletleri-de» gurama getirip başlady (Resullaryň işleri 10:44, 45-nji aýatlary okaň).

13. Ýehowanyň täze guramasy nähili işi ýerine ýetirýärdi?

13 Biz Mesihiň şägirtleriniň Hudaý tarapyndan tabşyrylan işi ýerine ýetirendigine ynanyp bileris. Sebäbi Isanyň özi-de suwda çokundyrylandan soň, «Gögüň Patyşalygy» barada wagyz edip başlap, şägirtlerine görelde görkezdi (Mat. 4:17). Isa şägirtlerine wagyz etmegi ündäp, şeýle diýdi: «Iýerusalimde, bütin Ýahudada, Samariýada, Ýeriň tä soňuna çenli Meniň şaýatlarym bolarsyňyz» (Res. iş. 1:8). Dogrudan-da, Isanyň I asyrdaky şägirtleri olardan näme talap edilýändigini bilýärdiler. Meselem, Pawlus bilen Barnabas Pisidýanyň Antakiýa şäherinde olara garşy çykan ýehudylara batyrgaýlyk bilen şeýle diýdiler: «Hudaýyň sözi ilki size wagyz edilmelidi. Ýöne siz ony ret etdiňiz, özüňizi ebedi ýaşaýşa mynasyp görmediňiz. Şonuň üçin, ine, biz özge milletlere tarap ýüzlenýäris. Çünki Reb bize şeýle tabşyrdy: „Ýeriň ujuna çenli gutulyş daşamagyň üçin, Men Seni milletlere nur etdim“» (Res. iş. 13:14, 45—47). Ýehowanyň ýerdäki guramasy I asyrdan başlap, adamlara gutulyş hakynda wagyz edýärdi.

KÖPLER HELÄK BOLDY, EMMA HUDAÝYŇ HALKY HALAS BOLDY

14. I asyrda Iýerusalime näme boldy we şonda kimler halas boldy?

14 Umuman aýdanyňda, ýehudy halky hoş habary kabul etmedi we şol sebäpli betbagtçylyga uçrady. Isa bu barada şägirtlerine şeýle duýduryş beripdi: «Iýerusalimi goşunlaryň gurşanyny göreniňizde, onuň weýran ediljek wagtynyň golaýdygyny biliň. Şonda Ýahudadakylar daglara gaçsyn, şäheriň içindäkiler çyksyn, töweregindäkiler şähere girmesin» (Luka 21:20, 21). Isanyň aýdan pygamberligi berjaý boldy. Ýehudy halkynyň turzan gozgalaňy sebäpli, b. e. 66-njy ýylynda Sestiý Galyň ýolbaşçylygynda Rim goşuny Iýerusalimi gabady. Emma bu goşun duýdansyz yza çekildi we Isanyň aýdyşy ýaly, mesihçilere Iýerusalimden hem-de Ýahudadan gaçmaga mümkinçilik döredi. Taryhçy Ýewsewiniň aýtmagyna görä, olaryň köpüsi Iordan derýasyndan geçip, Pereýanyň Pella şäherine gitdiler. B. e. 70-nji ýylynda general Titusyň baştutanlygynda Rim goşuny Iýerusalime dolanyp, ony derbi-dagyn etdi. Emma Isanyň duýduryşyna eýeren wepaly mesihçiler halas boldular.

15. Haýsy zatlara garamazdan mesihçileriň sany köpelýärdi?

15 Kynçylyklara, yzarlamalara we başga-da synaglara garamazdan, I asyrda ýaşan mesihçileriň sany köpelýärdi (Res. iş. 11:19—21; 19:1, 19, 20). Olar ruhy taýdan gowy ösýärdiler, sebäbi Hudaý olary patalaýardy (Sül. tym. 10:22).

16. Ruhy taýdan gowy iýmitlenmek üçin her bir mesihçiden näme talap edilýärdi?

16 I asyrdaky mesihçileriň her biri ruhy taýdan gowy iýmitlenmek üçin tagalla edýärdi. Şonda Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenmek, Ýehowa sežde etmek üçin yzygiderli ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmak we Patyşalyk barada yhlasly wagyz etmek ýaly çäreler esasy orunda goýulýardy. Şeýle çäreler Ýehowanyň halkynyň ruhy saglygyna we agzybirligine goşant goşýar. Ýehowanyň häzirki gullukçylary-da bu çäreleri geçirýärler. Ýehowanyň I asyrdaky guramaçylykly hereket edýän ýygnaklary bilen aragatnaşyk saklaýan adamlara aýlanýan gözegçiler we gulluk hyzmatçylary höwes bilen kömek edýärdiler (Flp. 1:1; 1 Pet. 5:1—4). Pawlus ýaly aýlanýan gözegçiniň ýygnaklary idemegi dogan-uýalary, gör, nähili begendirendir! (Res. iş. 15:36, 40, 41). Şu günler biziň hem Hudaýa edýän seždämiz I asyrdaky mesihçileriňkä örän meňzeşdir. Ýehowanyň geçmişde we häzir öz gullukçylaryna guramaçylykly hereket etmäge kömek edýändigine biz örän minnetdar!a

17. Indiki makalada näme hakda gürrüň ediler?

17 Şu günler Şeýtanyň dünýäsiniň ýok edilmeginiň bosagasynda, Ýehowanyň guramasynyň ýerdäki bölegi örän uly depginde öňe barýar. Sen Hudaýyň guramasy bilen deň ýöreýärmiň? Sen ruhy ösüşleri etdiňmi? Biz indiki makalada muny nädip edip bolýandygy barada gürrüň ederis.

a 2002-nji ýylyň 15-nji iýulynda çykan «Garawul diňiniň» (rus.) «Mesihçiler ruhda we hakykatda sežde edýärler» we «Olar hakykatda gezmegini dowam edýärler» atly makalalaryna serediň. Hudaýyň guramasynyň ýerdäki bölegi hakda «Ýehowanyň Şaýatlary — Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edýärler» (rus.) kitabynda giňişleýin gürrüň edilýär.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş