Ýehowa maşgalaňyzy gorap saklasyn
«Reb saklamasa, garawulyň oýa durmagy biderekdir». ZEB. 127:1b
1, 2. a) 24 müň ysraýylly nädip ajaýyp berekedini ýitirdi? b) Bu wakanyň biziň üçin nähili ähmiýeti bar?
WADA EDILEN diýara girmeziniň öňüsyrasynda ysraýyllylaryň müňlerçesi «mowaply aýallar bilen zyna etdiler». Netijede, Ýehowanyň elinden 24 müň ysraýylly heläk boldy. Ysraýyllylar ahlaksyzlygyň duzagyna düşüp, ençeme ýyl garaşan bereketlerinden mahrum boldular (San. 25:1—5, 9).
2 Bu zatlaryň bary «döwürleriň soňuna ýeten bize ündew üçin ýazyldy» (1 Kor. 10:6—11). Şu «soňky günler» Hudaýyň gullukçylary hem adalatly täze dünýäniň bosagasynda durlar (2 Tim. 3:1; 2 Pet. 3:13). Gynansak-da, Ýehowanyň käbir gullukçylary onuň goragyndan mahrum boldular. Olar ahlaksyzlyga baş goşup, onuň ajy miwesini datdylar. Eger olar toba etmeseler, Jennetde ebedi ýaşamak mümkinçiligini hem ýitirerler.
3. Är-aýal näme üçin Ýehowanyň görkezmesine we goragyna mätäç? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
3 Bu dünýäde ahlaksyzlygyň giňden ýaýrandygy sebäpli, är-aýal maşgalasyny goramak üçin Ýehowanyň görkezmesine we goragyna mätäç bolýar (Zebur 127:1-i okaň). Biz şu makalada är-aýalyň ýüregini goramak, Hudaýa ýakynlaşmak, täze ýaradylyşy geýinmek, ýürekden gürrüňdeş bolmak we är-aýallyk borjuny ýerine ýetirmek bilen maşgalasyny nädip gorap bilýändigine serederis.
ÝÜREGIŇIZI GORAŇ
4. Käbir mesihçiler nädip ahlaksyzlygyň duzagyna düşdüler?
4 Mesihçi nädip ahlaksyzlygyň duzagyna düşüp biler? Bu köplenç adamyň görýän zadyndan başlaýar. Isa: «Bir aýala azgyn nebis bilen bakan adam öz ýüreginde eýýäm onuň bilen zyna edendir» diýdi (Mat. 5:27, 28; 2 Pet. 2:14). Agyr günä eden mesihçileriň köpüsi pornografiýa, Internetde azgyn zatlary görüp, ahlaksyz kitap-žurnallary okap, ahlak taýdan gowşadylar. Olaryň käbiri ahlaksyz filmleri, teatr oýunlaryny we telegepleşikleri gördüler. Käbirleri bolsa, gijeki klublara, ahlaksyz we wejera tomaşalary görkezilýän ýa-da jynsy höwesleri oýarmak üçin massaž edilýän ýerlere bardylar.
5. Biz näme üçin ýüregimizi goramaly?
5 Käbir mesihçiler ýanýoldaşy bolmadyk adamdan mähir gözläp, ahlaksyzlyk etdiler. Biz özüne erk edip bilmeýän we ahlaksyzlyk etmekden keýp alýan adamlaryň arasynda ýaşaýarys. Şeýle-de bikämil ýüregimiziň hilegär we halys ýoldan çykandygy üçin, ýanýoldaşyň bolmadyk adama aňsatlyk bilen duýgy döremegi mümkin (Ýermeýa 17:9, 10-njy aýatlary okaň)a. Isa-da: «Erbet pikirler, adam öldürme, azgynlyk, zynahorlyk... ýürekden çykýar» diýdi (Mat. 15:19).
6, 7. a) Ýüregimizde erbet höwes kök ursa näme bolar? b) Ýehowa garşy günä etmez ýaly näme etmeli?
6 Mesihçi ýanýoldaşy bolmadyk adam bilen ysnyşyp, onuň ýüreginde erbet höwes kök urýar. Olar diňe är-aýalyň arasynda bolmaly gürrüňleri edip başlaýarlar. Olar bir-biri bilen köpräk görüşmek üçin bahana gözleýärler, soňra hamala tötänden sataşan ýaly özlerini aklaýarlar. Olaryň biri-birine duýgusy barha güýjäp, ahlak taýdan gowşaýarlar. Olar günä edýändigine düşünse-de, bir-birine ysnyşandygy üçin, özlerini saklap bilmeýärler (Sül. tym. 7:21, 22).
7 Olar erbet höwesleri sebäpli, Ýehowanyň ahlak kadalaryny bütinleý unudýarlar. Netijede, olaryň edýän gürrüňleri bir-biriniň elinden tutmak, ogşaşmak, jynsy höweslerini oýarmak üçin sypalamak ýaly hereketleriň üstünden eltýär. Bu bolsa diňe är-aýalyň arasynda bolmaly. Olar «höwesleri tarapyndan çekilýärler», höwes bolsa bogaz bolup, «günäni dogurýar». Şeýdip, olar zyna edýär (Ýakup 1:14, 15). Gör, nähili gynançly ýagdaý! Eger olar Ýehowanyň aýdyşy ýaly maşgalasyny mukaddes saýyp, oňa hormat goýan bolsalar, Hudaýa garşy günä etmezdiler. Mesihçiler nika nädip hormat goýup biler?
HUDAÝA ÝAKYNLAŞYŇ
8. Hudaý bilen dostlugymyz ahlaksyzlykdan nädip goraýar?
8 Zebur 97:10-y okaň. Hudaý bilen dostlugymyz ahlaksyzlykdan goraýar. Biz Hudaýyň gowy häsiýetlerini öwrensek, «söýgüli çagalar ýaly bolup, Hudaýdan görelde alyp... söýgüde gezmek» üçin tagalla ederis. Şonda biz «zyna, her hili hapalygy» ret etmegi berk ýüregimize düweris (Efes. 5:1—4). Är-aýal «Hudaýyň ahlaksyzlary, zynahorlygy höküm etjekdigini» bilip, nikasyna hormat goýar we onuň mukaddesligini depelemez (Ýew. 13:4).
9. a) Ýusup ahlaksyzlykdan nädip gaça durdy? b) Biz Ýusubyň mysalyndan näme öwrenip bileris?
9 Hudaýyň käbir wepaly gullukçylary işden soň ýa-da iş wagty Ýehowanyň Şaýady bolmadyk işgärleri bilen wagtyny geçirip ahlak taýdan gowşadylar. Gadymy döwürde ýaşan Ýusup atly görmegeý ýaş ýigit hojaýynyň aýalynyň oňa göz gyzdyrýandygyny bilýär. Ol aýal her gün Ýusubyň ünsüni özüne çekjek bolýar. Ahyry bir gün ol Ýusubyň «eşiginden tutup: „Meniň bilen ýat“ diýýär». Emma Ýusup ondan gaçyp gidýär. Ýusuba şeýle agyr synaga döz gelmäge näme kömek etdi? Ol Ýehowa bilen dostlugyny gymmat saýýardy. Ýusup ahlaksyzlyk etmändigi üçin işini ýitirdi we bigünä türmä basyldy. Emma Ýehowa ony patalady (Gel. çyk. 39:1—12; 41:38—43). Şol sebäpli biz işde ýa-da nirede bolsak-da, ahlaksyzlyga iterip biljek ýagdaýlardan gaça durmaly.
TÄZE ÝARADYLYŞY GEÝNIŇ
10. Täze ýaradylyşy geýsek maşgalamyzy nädip gorarys?
10 Är-aýal «çyn dogrulyk hem mukaddeslikde Hudaýyň meňzeşliginde döredilen täze ýaradylyşy geýseler» zyna etmezler (Efes. 4:24). Täze ýaradylyşy geýenler «zyna, hapalyk, şehwet, höwesler we husytlyk ýaly» ten höweslerini öldürýärler (Koloseliler 3:5, 6-njy aýatlary okaň). «Öldürmek» diýen söz ahlaksyz höweslere garşy durmalydygyny aňladýar. Biz ýanýoldaşymyz bolmadyk adam bilen zyna etmäge iterýän ähli zatdan gaça durmaly (Eýýup 31:1). Eger biz Hudaýyň islegine görä ýaşasak, «erbetligi ýigrenip, ýagşylyga ýapyşmagy» öwreneris (Rim. 12:2, 9).
11. Är-aýal täze ýaradylyşy geýip maşgalasynyň agzybirligini nädip berkider?
11 Täze ýaradylyşy geýenler Ýehowanyň häsiýetlerine eýerýärler (Kol. 3:10). Är-aýal «rehimdarlygy... ýagşylygy, kiçigöwünliligi, ýumşaklygy we sabry» görkezseler, maşgalasynyň agzybirligini berkider we Ýehowanyň berekedini alar (Kol. 3:12). Şeýle-de olaryň «ýüreginde Mesihiň parahatçylygy» höküm sürse, agzybir ýaşaýandygyna begenerler (Kol. 3:15). Är-aýal birek-biregi «ýürekden söýseler», bir-birini «özünden ýokary saýyp», hormat goýarlar (Rim. 12:10).
12. Maşgalanyň batly bolmagy üçin nähili häsiýetler wajyp?
12 Bir mesihçi är-aýaldan maşgalasynyň bagtly bolmagyna nähili häsiýetleriň kömek edýändigini soraýarlar. Şonda Sid dogan: «Söýgi häsiýeti elmydama kömek edýär. Şeýle-de ýumşak bolmagyň örän wajypdygyna göz ýetirdik» diýýär. Aýaly Sonýa oňa goşulyp: «Mähribanlyk häsiýeti hem örän wajypdyr. Käte aňsat bolmasa-da, biz kiçigöwünli bolmaga hem jan edýäris» diýýär.
ÝÜREKDEN GÜRRÜŇDEŞ BOLUŇ
13. Maşgalanyň agzybirligini berkitmek üçin näme etmeli we näme üçin?
13 Ýumşak dil — maşgalanyň agzybirligini berkidýär. Gynansak-da, käbirleri ýanýoldaşyna garanyňda keseki adamlar bilen mähirli gürleşýär. Maşgalada bolýan «kine, gahar, gazap, galmagal we ýamanlama» är-aýalyň arasyny bozýar (Efes. 4:31). Är-aýal bir-birini tankytlamagyň we awuly sözleri aýtmagyň deregine mähirli, ýumşak we göwünlik beriji sözleri aýtsalar, bir-birine ýakynlaşar (Efes. 4:32).
14. Biz nämeden gaça dursak paýhasly bolar?
14 Mukaddes Ýazgylarda «dymmagyň öz wagty bar» diýilse-de, bu ýanýoldaşyň bilen gürleşmegi bes etmelidigini aňlatmaýar (Wag. 3:7). Sebäbi är-aýal maşgalasynyň bagtly bolmagy üçin bir-biri bilen gürrüňdeş bolmaly. Germaniýaly bir uýa şeýle diýýär: «Ýanýoldaşyň bilen gürrüňdeş bolmasaň, bu oňa erbet täsir edýär. Käte ýadanymyzda rahatlygy saklamak kyn bolsa-da, gaharyňy çykaranyň bilen köşeşip bolmaýar. Gaharyňa aýdan sözleriň we eden işleriň ýanýoldaşyň ýüregine ýara salyp, ýagdaýy öňküsindenem beter erbetleşdirýär». Gödek gürleşmek ýa-da dymmak bilen düşünişmezligi çözüp bolmaýar. Är-aýal jedelleşmän, düşünişmezligi derrew çözseler, maşgalasynyň agzybirligini berkider.
15. Är-aýal ýürekden gürrüňdeş bolsa maşgalasyny nädip berkider?
15 Är-aýal ýürekden gürrüňdeş bolmak üçin wagt tapsalar, bir-birine ysnyşarlar. Biz aýdýan sözlerimize we olary nädip aýdýandygymyza üns bermeli. Şol sebäpli düşünişmezlik bolanda, diýýän sözlerimize we äheňimize üns berip, mähirli gürleşmek üçin jan etmeli. Şonda ýanýoldaşyňa seni diňlemek aňsat bolar (Koloseliler 4:6-ny okaň). Är-aýal «gerekli abatlyk üçin oňat sözler aýdyp», ýürekden gürrüňdeş bolsa maşgalasyny berkider (Efes. 4:29).
Är-aýal ýürekden gürrüňdeş bolsa, maşgalasyny berkider (15-nji abzasa serediň)
ÄR-AÝALLYK BORJUŇYZY ÝERINE ÝETIRIŇ
16, 17. Näme üçin är-aýallyk borjuňy ýerine ýetirmek wajyp?
16 Är-aýal bir-biriniň peýdasyny gözlese, maşgalasynyň agzybirligini berkider (Flp. 2:3, 4). Olar bir-biriniň duýgy we jynsy zerurlyklaryny kanagatlandyrmaly (1 Korintoslylar 7:3, 4-nji aýatlary okaň).
17 Käbir maşgalada söýgi we mähir bildirmegi halamaýarlar. Hatda käbir erkek adamlar ýanýoldaşy bilen mähirli bolmagy ýerliksiz hasaplaýarlar. Injilde erkek kişä aýalynyň duýgusyna düşünmelidigi barada aýdylýar (1 Pet. 3:7). Ol är borjuny ýerine ýetirmeklige diňe aýaly bilen jynsy gatnaşykda bolmagy aňlatmaýandygyna düşünmeli. Ol aýaly bilen hemişe mähirli bolmaly. Şonda aýaly jynsy gatnaşykdan lezzet alar. Är-aýal bir-birine söýgi bildirse, olara duýgy we jynsy zerurlyklaryny kanagatlandyrmak aňsat bolar.
18. Är-aýal bir-birine nädip has-da ysnyşyp biler?
18 Elbetde, maşgalada biwepalygy aklap bolmaýar. Emma käbir adamlar ýanýoldaşynyň mähir bildirmeýändigi üçin, ony başga ýerden gözleýär (Sül. tym. 5:18; Wag. 9:9). Ine, şol sebäpli Injilde är-aýala: «Ylalaşyga görä, wagtlaýynça bolmasa, bir-biriňizi är-aýallyk hakyndan mahrum etmäň» diýip maslahat berilýär. Näme üçin? Sebäbi «Şeýtan nebsiňize buýurmak babatda sizi synaga salyp» biler (1 Kor. 7:5). Är-aýalyň biri Şeýtana ýol berip, özüne erk edip bilmän zyna etse, nähili gynançly bolar. Emma olar «öz peýdasyny gözlemän, başgalaryň peýdasyny gözlese» we är-aýallyk borjuny borç hökmünde däl-de, söýgi bilen ýerine ýetirse, bir-birine has-da ysnyşarlar (1 Kor. 10:24).
MAŞGALAŇYZY GORAŇ
19. Biz näme etmegi ýüregimize berk düwmeli we näme üçin?
19 Biz täze dünýäniň öňüsyrasynda Mowap düzlüginde 24 müň ysraýyllylar ýaly heläk bolmazlygymyz üçin ten höweslerine garşy durmaly. Injilde bu gynançly waka barada aýdylansoň: «Men dogrudyryn diýip pikir edýän adam öz ýykylmagyndan ägä bolsun» diýip duýduryş berilýär (1 Kor. 10:12). Şonuň üçin gökdäki Atamyza we ýanýoldaşymyza wepaly bolup, maşgalamyzy berkitmeli (Mat. 19:5, 6). Häzir «parahatlykda tegmiltsiz, müýnsüz boljak bolup gaýrat etmegiň» tüýs wagtydyr (2 Pet. 3:13, 14).
a Ýermeýa 17:9 Ynsan ýüregi ähli zatdan hilegärdir, halys ýoldan çykandyr. Oňa kim düşünip biler? 10 Men Reb her ynsana tutan ýoluna, eden işlerine görä jeza bermek üçin, ynsanyň ýüregini barlaýaryn, pikirlerini synaýaryn.