Ýehowa adamlar bilen gepleşýär
«Indi maňa gulak assana, men geplejek». EÝÝUP 42:4
1—3. a) Hudaýyň pikirleri we gepleýşi näme üçin ynsanyňkydan has ýokary diýse bolar? b) Biz şu makalada näme barada gürrüň ederis?
ÝEHOWA perişdelerdir ynsanlary ýaşaýyşdan lezzet alyp, bagtly bolmaklary üçin ýaratdy (Zeb. 36:9; 1 Tim. 1:11). Ýahýa resul Ýehowanyň ilkinji ýaradan perişdesine «Söz» hem-de «Hudaýyň ýaradanlarynyň başy» diýdi (Ýahýa 1:1; Ylh. 3:14). Ýehowa Hudaý ilkinji doglan Ogly bilen pikirlerini we duýgularyny paýlaşýardy (Ýahýa 1:14, 17; Kol. 1:15). Pawlus resul perişdeleriň hem gepleşýändigini aýtdy; olaryň dili ynsanyňkydan düýpgöter tapawutlanýar (1 Kor. 13:1).
2 Ýaradyjymyz Ýehowa milliardlarça perişdeleri we adamlary gowy tanaýar. Her minutda oňa dürli dilde gepleýän millionlarça adamlar doga edýär. Ýehowa diňe bir adamlaryň dogasyny diňlemän, eýsem, perişdeler bilen hem gürrüňdeş bolup, olara-da görkezme berýär. Bu zatlar Hudaýyň pikirleriniň we gepleýşiniň ynsanyňkydan has ýokarydygyny görkezýär (Işaýa 55:8, 9-njy aýatlary okaň)a. Görşümiz ýaly, Ýehowa adamlaryň düşünmegi üçin, olar bilen has sada dilde gepleşýär.
3 Biz şu makalada paýhasly Hudaýymyzyň adamlar bilen düşnükli dilde gepleşmek üçin nähili ädimleri ädendigi barada gürrüň ederis. Şeýle-de onuň ynsanlar bilen gürrüňdeş bolmak usullaryny zerurlyga we ýagdaýa görä nädip üýtgedýändigini bileris.
HUDAÝ YNSANLAR BILEN GEPLEŞÝÄR
4. a) Ýehowa Musa, Şamuwel we Dawut pygamber bilen haýsy dilde gepleşdi? b) Mukaddes Ýazgylarda nämeler beýan edilýär?
4 Ýehowa Erem bagynda Adam ata bilen ynsanlaryň dilinde gepleşdi. Hudaý onuň bilen gadymy ýewreý dilinde gepleşen bolmaly. Soňra Ýehowa ýewreýçe geplän Musa, Şamuwel we Dawut ýaly Mukaddes Ýazgylary ýazan pygamberlere pikirlerini aýan etdi. Olar hem muny öz sözleri bilen beýan etdiler. Olar diňe bir Ýehowanyň tabşyryklaryny däl, eýsem, Hudaýyň öz halky bilen gatnaşygy barada hem ýazdylar. Mukaddes Ýazgylarda olaryň Hudaýa imany hem-de söýgüsi, goýberen ýalňyşlary we nädogry hereketleri barada-da aýdylýar. Bularyň ählisi biziň peýdamyz üçin ýazyldy (Rim. 15:4).
5. Ýehowa halkyndan diňe ýewreý dilinde geplemegi talap etdimi? Düşündiriň.
5 Ýagdaýlaryň üýtgeýändigi sebäpli, Hudaý adamlar bilen diňe ýewreý dilinde gepleşmedi. Babyl ýesirliginden soň, ysraýyllylaryň käbiri gündelik durmuşynda arameý dilinde gürleýärdi. Şol sebäpli Ýehowa Danyýel, Ýermeýa pygambere we Ezra ruhana Mukaddes Ýazgylaryň kitaplaryny arameý dilinde ýazdyran bolmalyb.
6. Töwrat, Zebur we Pygamberler ýazgylary näme üçin grek diline terjime edildi?
6 Isgender Zülkarneýin dünýäniň köp ýerlerini basyp alansoň, grek (koýne) dili giňden ýaýraýar we ýehudylaryň köpüsi şol dilde gepläp başlaýar. Şonuň üçin Töwrat, Zebur we Pygamberler ýazgylary grek diline terjime edilýär. Ol Mukaddes Ýazgylaryň ilkinji hem-de has giňden ýaýran terjimesi bolup, oňa «Septuaginta» diýilýär. Ony 72 sany adam terjime eden bolmalyc. Şol terjimeçileriň käbiri sözme-söz, käbirleri bolsa manysyna görä terjime etdiler. Şeýlelikde, Septuaginta terjimesi Mukaddes Ýazgylaryň asyl nusgasyndan biraz tapawutlansa-da, onuň manysy ýoýulmandyr. Şol sebäpli grek dilinde gepleýän ýehudylaram, mesihçilerem Septuagintany Hudaýyň Sözi hasaplaýardylar.
7. Isa şägirtleri bilen haýsy dilde gepleşen bolmaly?
7 Mukaddes Ýazgylara görä, Hudaýyň Ogly Isa ýer ýüzünde ýaşanda, ýewreý dilinde geplän bolmaly (Ýahýa 19:20; 20:16; Res. iş. 26:14). I asyrda ýewreý diline arameý diliniň täsiri ýetendigi üçin, Isa käbir jümleleri arameý dilinde aýdan bolmagy mümkin. Isa Musanyň we beýleki pygamberleriň geplän gadymy ýewreý dilini hem bilýärdi. Pygamberleriň ýazgylary her Sabat güni sinagogada okalýardy (Luka 4:17—19; 24:44, 45; Res. iş. 15:21). Ysraýylda ýaşaýan adamlar grekçe-de, latynça-da gepleýärdi. Emma Mukaddes Ýazgylarda Isanyň şol dillerde gepländigi barada hiç zat aýdylmaýar.
8, 9. Mesihçileriň köpelmegi bilen näme üçin esasan grek dilinde gepläp başladylar? Bu Ýehowa barada nämäni aýan edýär?
8 Isanyň ilkinji şägirtleri ýewreý dilinde gepleýärdiler. Emma Isa ölenden soň, mesihçileriň arasyna başga dilde gepleýän adamlaram goşuldy (Resullaryň işleri 6:1-i okaň). Olaryň sany köpeldigi saýyn, mesihçiler, esasan, grek dilinde gepleşýärdiler. Isanyň öwreden zatlary hem-de eden işleri barada aýdylýan Matta, Markus, Luka we Ýahýa kitaplary hem grek dilinde ýazyldy. Şonuň üçin şägirtleriň köpüsi ýewreý dilinde däl-de, grek dilinde gepleýärdid. Pawlus resulyň hatlary we Injiliň beýleki kitaplary hem grek dilinde ýazyldy.
9 Injili ýazan adamlar Töwrat, Zebur we Pygamberler ýazgylaryndan sitata getirenlerinde, köplenç Septuagintadan alýardylar. Käte bu sitatalar ýewreý ýazgylarynyň asyl nusgasyndakydan biraz tapawutlanýardy. Septuagintany bikämil adamlar terjime eden bolsa-da, olaryň terjimesi Hudaýyň Sözüniň bir bölegi boldy. Bu bolsa Ýehowanyň bir dili ýa medeniýeti başgasyndan ýokary tutmaýandygyny görkezýär (Resullaryň işleri 10:34-i okaň).
10. Ýehowanyň öz Sözüni adamlara ýetirişinden Onuň nähili Hudaýdygyny bilýäris?
10 Görşümiz ýaly, Ýehowa adamlar bilen gepleşende, olaryň zerurlygyny we ýagdaýyny göz öňünde tutýar. Hudaý biziň ony tanamagymyz we niýetini bilmegimiz üçin, belli bir dili öwrenmegimizi talap etmeýär (Zakarýa 8:23e; Ylham 7:9, 10-njy aýatlary okaň). Ýehowa Mukaddes Ýazgylary ýazan adamlary ylhamlandyrsa-da, olara öz sözleri bilen beýan etmäge mümkinçilik berdi.
HUDAÝYŇ SÖZI BIZIŇ GÜNLERIMIZE GELIP ÝETDI
11. Adamlaryň dürli dilde geplemegi näme üçin Hudaýyň ynsanlar bilen gepleşmegine päsgel bermeýär?
11 Adamlaryň dürli dilde geplemegi we käbir terjimeleriň biri-birinden az-kem tapawutlanmagy Hudaýyň ynsanlar bilen gepleşmegine päsgel berýärmi? Ýok. Mysal üçin, Mukaddes Ýazgylarda Isanyň asyl nusgadaky dilde aýdan käbir sözleri bar (Mat. 27:46; Mar. 5:41; 7:34; 14:36). Muňa garamazdan, Ýehowa Isanyň sözleriniň grek we başga dillere terjime edilmeginiň aladasyny etdi. Soňra ýehudylar we beýleki mesihçiler Mukaddes Ýazgylaryň gadymy golýazmalaryny gaýta-gaýta göçürip aldylar. Şeýdip, Hudaýyň Sözi biziň günlerimize gelip ýetdi. Şol göçürilen golýazmalar ençeme dillere terjime edildi. B. e. takmynan IV asyrynda ýaşan Ioann Zlatoust Isanyň taglymatlarynyň siriýa, müsür, hindi, pars, efiop ýaly başga-da köp halklaryň diline terjime edilendigini belläp geçdi.
12. Mukaddes Ýazgylary terjime edenler nähili garşylyklara duş geldiler?
12 Mukaddes Ýazgylary terjime eden hem-de ýaýradan adamlaryň köpüsi güýçli yzarlamalara duş geldiler. Meselem, b. e. 303-nji ýylynda Rim imperatory Diokletian Mukaddes Ýazgylaryň ähli golýazmalaryny ýakmagy buýurýar. XVI asyrda Uilýam Tindal Mukaddes Ýazgylary ýewreý we grek dilinden iňlisçä terjime edip başlaýar. Ol bilimli adamlaryň birine ýüzlenip: «Eger Hudaý ömrümi biraz uzaltsa, men ýene-de birnäçe ýyldan Ýazgylary azal bilen ýer sürüp ýören oglanjygam sizden gowy biler ýaly ederin» diýýär. Emma yzarlamalar sebäpli, Tindal Mukaddes Ýazgylary terjime edip, çap etmek üçin, Beýik Britaniýadan Ýewropa gaçyp gitmeli bolýar. Ruhanylar Mukaddes Ýazgylary ýok ýetmek üçin elinde baryny etseler-de, Tindalyň terjimesi köp adamlara ýaýradylýar. Emma Tindala haýynlyk edip, bogup öldürýärler, jesedini bolsa ýakýarlar. Muňa garamazdan, onuň terjimesi biziň günlerimize gelip ýetdi. Onuň terjimesini «Korol Ýakowyň terjimesini» edenlerinde hem köp ulandylar (2 Timoteos 2:9-y okaň).
13. Alymlar gadymy golýazmalary öwrenip nämä göz ýetirdiler?
13 Elbetde, Mukaddes Ýazgylaryň irki neşirlerinde biraz nädogry we asyl nusgadan tapawutlanýan ýerleri bar. Emma Mukaddes Ýazgylary öwrenýän alymlar şol öňki terjimeleri gadymy golýazmalar bilen deňeşdirip, çuňňur öwrendiler. Şeýlelikde, olar diňe käbir aýatlaryň sähelçe tapawutlanýandygyna göz ýetirdiler. Umuman aýdanyňda, Mukaddes Ýazgylaryň asyl manysy üýtgedilmändir. Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylary öwrenýän akýürekli adamlar Mukaddes Ýazgylary Ýehowanyň ýazdyrandygyna doly ynanýarlar (Iş. 40:8).
14. Şu günler Mukaddes Ýazgylar nähili möçberde ýaýradylýar?
14 Duşmanlaryň zalymlyk bilen garşylyk görkezendigine garamazdan, Ýehowa öz Sözüniň adamzat taryhynda iň köp dile terjime edilen kitap bolmagynyň aladasyny etdi. Şu günler köp adamlar Hudaýa iman etmese-de, Mukaddes Ýazgylar giňden ýaýraýar. Ol tutuşlygyna we bölekleýin 2 800-den gowrak dilde bar. Başga hiç bir kitap Mukaddes Ýazgylar ýaly şeýle köp möçberde ýaýradylmaýar. Mukaddes Ýazgylaryň käbir terjimeleri biraz nädogry ýa-da düşünmesi kyn bolsa-da, olaryň ählisinde hem ebedi ýaşaýşa umyt berýän habar beýan edilýär.
MUKADDES ÝAZGYLARYŇ TÄZE TERJIMESI GEREK BOLÝAR
15. a) 1919-njy ýyldan bäri edebiýatlarymyz bilen bagly nähili özgerişik boldy? b) Edebiýatlarymyz näme üçin ilki iňlis dilinde ýazylýar?
15 1919-njy ýylda Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň kiçijik topary «sadyk hem akylly hyzmatkär» bellenilýär. Şol döwürde olar «öýdäki hyzmatkärlere» ruhy iýmiti iňlis dilinde taýýarlaýardy (Mat. 24:45). Emma şu günler Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlar 700-den gowrak dilde çap edilýär. Sadyk hyzmatkär ruhy iýmiti, mümkin boldugyndan, köp dile terjime etmek üçin elinde baryny edýär. Häzir iňlis dili I asyrdaky grek dili ýaly söwda-satyk işlerinde we bilim ulgamynda giňden ulanylýar. Şol sebäpli edebiýatlarymyz ilki iňlis dilinde ýazylyp, soňra başga dillere terjime edilýär.
16, 17. a) Hudaýyň halky nämä göz ýetirdi? b) Olaryň zerurlygy nädip kanagatlandyryldy? w) Norr dogan «Täze dünýä terjimesi» babatda nämä tama edýärdi?
16 Edebiýatlarymyzyň hemmesi Mukaddes Ýazgylara esaslanýar. 1611-nji ýylda iňlis dilinde çykan «Korol Ýakowyň terjimesi» XX asyryň ortalarynda giňden ulanylýardy. Emma bu terjimäniň könelişendigi üçin, oňa düşünmek kyndy. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylaryň gadymy golýazmalarynda Hudaýyň ady müňlerçe gezek duş gelse-de, «Korol Ýakowyň terjimesinde» bary-ýogy birnäçe aýatda bardy. Galyberse-de, onuň käbir ýerleri ýalňyşdy we oňa asyl nusgada duş gelmeýän aýatlar goşulypdy. Mukaddes Ýazgylaryň iňlis dilindäki başga terjimeleriniň hem şonuň ýaly kemter taraplary bardy.
17 Görşümiz ýaly, asyl nusgadaky sözleri häzirki zaman dilde beýan edýän Mukaddes Ýazgylaryň dogry terjimesi gerekdi. Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylaryň Täze dünýä terjimesiniň komiteti döredildi we 1950—1960-njy ýyllarda onuň alty tomy çykaryldy. 1950-nji ýylyň 2-nji awgustynda terjimäniň birinji tomy çykanda, Neýton Norr dogan kongresde şeýle diýdi: «Hakykatyň aýan bolmagy bilen, asyl nusgadaky sözleriň manysyny ýitirmän, bize mundan beýläk-de hakykaty öwrenmäge ýardam etjek terjimäniň gerekdigine göz ýetirdik. Isanyň şägirtleriniň döwründäki golýazmalaryň sada hem-de garamaýak adamlara düşnükli bolşy ýaly, biziň okyjylarymyza-da düşnükli bolar ýaly, häzirki zaman dilde ýazylan Mukaddes Ýazgylaryň gerekdigine düşündik». Norr dogan bu terjimäniň millionlarça adamlara ruhy taýdan ösmäge kömek etjekdigine tama edýärdi.
18. Mukaddes Ýazgylaryň terjimesi nädip çaltlandyryldy?
18 1963-nji ýylda Norr doganyň tamasy ödeldi. «Injiliň Täze dünýä terjimesi» golland, fransuz, nemes, italýan, portugal we ispan dillerinde çykaryldy. 1989-njy ýylda Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahaty Mukaddes Ýazgylaryň terjimesini has-da çaltlandyrmak üçin baş edarada ýörite bölüm döretdi. Soňra 2005-nji ýylda Mukaddes Ýazgylary «Garawul diňi» žurnalynyň çykarylýan dillerine terjime etmäge rugsat berildi. Häzir «Täze dünýä terjimesi» tutuşlygyna we bölekleýin 130-dan gowrak dilde bar.
19. 2013-nji ýylda nähili ähmiýetli waka boldy we indiki makalada nämä serederis?
19 «Mukaddes Ýazgylaryň Täze dünýä terjimesi» iňlis dilinde çykarylandan bäri iňlis diliniň has-da kämilleşendigi üçin, bu terjimä täzeden seretmeli boldy. 2013-nji ýylyň 5-nji we 6-njy oktýabrynda, şenbe hem-de ýekşenbe günleri geçirilen Ýehowanyň Şaýatlarynyň 129-njy ýyllyk duşuşygyna 31 ýurtdan 1 413 676 adam gatnaşdy. Käbirleri ony wideoaragatnaşyk arkaly gördüler. Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy «Täze dünýä terjimesiniň» iňlis dilinde täzeden seredilen görnüşiniň çykandygyny bildiriş edende, diňleýjileriň ählisi begendi. Olaryň köpüsi Mukaddes Ýazgylaryny eline alanda, şatlykdan ýaňa aglady. Şonda aýatlar Mukaddes Ýazgylaryň täzeden seredilen görnüşinden okalansoň, diňleýjiler bu terjimäniň öňkülerden has gowudygyna göz ýetirdiler. Biz indiki makalada şol täzeden seredilen terjimäniň käbir aýratynlyklary we onuň başga dillere nädip terjime edilýändigi barada bileris.
a Işaýa 55:8 «Meniň pikirlerim siziň pikirleriňiz däl, siziň ýollaryňyz Meniň ýollarym däl» diýýär Reb. 9 «Gökler ýerden nähili beýiklikde bolsa, Meniň ýollarym-da siziň ýollaryňyzdan, Meniň pikirlerim-de siziň pikirleriňizden beýikdir».
b Ezra 4:8—6:18; 7:12—26; Ýermeýa 10:11 we Danyýel 2:4b—7:28-nji aýatlar arameý dilinde ýazylypdyr.
c «Septuaginta» sözi «ýetmiş» diýmegi aňladýar. Ol takmynan b. e. öň III asyrda Müsürde terjime edilip başlanyp, b. e. öň 150-nji ýylda tamamlanan bolmaly. Septuaginta häzirem giňden ulanylýar, sebäbi alymlar käbir ýewreý sözleriň we jümleleriň manysyna düşünmek üçin oňa salgylanýarlar.
d Käbirleri Matta kitaby ilki ýewreý dilinde ýazylyp, soňra onuň özi ony grek diline terjime edendir diýip pikir edýärler.
e Zakarýa 8:23 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol günlerde dürli dillerde gepleýän ähli milletlerden on adam ýahudalynyň eteginden tutup: „Özüň bilen gitmäge bize ygtyýar et, sebäbi Hudaýyň seniň bilendigini eşitdik“ diýerler».