Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w16 Dekabr sah. 18
  • Ýadyňyzdamy?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýadyňyzdamy?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Meňzeş maglumat
  • Ýadyňyzdamy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Ýadyňyzdamy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Alada etmegiňizi bes ediň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2018
  • Alan terbiýäňiz Ýehowa gulluk etmäge päsgel bermesin
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2023
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
w16 Dekabr sah. 18

Ýadyňyzdamy?

Siz «Garawul diňi» žurnalynyň soňky sanlaryny ünsli okadyňyzmy? Onda aşakdaky soraglara jogap bermäge synanyşyň.

Isa Matta 18:15—17-nji aýatlarda nähili günäni göz öňünde tutdy?

Ol bir adamyň başga birine garşy eden günäsini göz öňünde tutdy. Eger olar bu meseläni çözmeseler, onda agyr günä eden adam ýygnak gatnaşygyndan kesilýär. Muňa töhmet we kezzaplyk ýaly günäler degişli bolup biler. w16.05 sah. 7.

Mukaddes Ýazgylary okanymyzda has köp peýda almak üçin näme edip bileris?

Munuň üçin okan zatlarymyzdan sapak edinmeli; özümize: «Başgalara kömek etmek üçin muny nädip ulanyp bilerin?» diýen soragy bermeli; gözleg geçirmek üçin elýeterli bolan esbaplary ulanmaly. w16.05 sah. 24—26.

Özüňi Hudaýa bagyş etmegiň we suwa çümdürilmegiň nähili tapawudy bar?

Özüňi Ýehowa bagyş etmek Hudaýa ebedi gulluk etjekdigiňi aýtmagy aňladýar. Suwa çümdürileniňde, ýekelikde doga edip, özüňi Ýehowa bagyş edendigiňi başgalaryň öňünde tassyklaýarsyň. w16.03 sah. 6, 7.

Ezekiýel kitabynyň 9-njy babynda agzalýan ýazuw esbaply adam we eli ýaragly alty adam kimleri aňladýar?

Bilşimize görä, Ierusalim ýok edilende, oňa gökdäki perişdeler gatnaşypdy. Olar Armageddon söweşine hem gatnaşar. Şu günler bolsa ýazuw esbaply adam halas boljak adamlara bellik goýýan Isa Mesihi aňladýar. w16.06 sah. 16, 17.

«Çydamly bolmak bilen, özüňizi doly terbiýelärsiňiz» diýmek nämäni aňladýar?

Kynçylyklar bize gowşak taraplaramyzy görmäge we özümizi terbiýelemäge kömek edýär. Eger biz synaglarda çydamly bolsak, özümizi ruhy taýdan berkideris. Meselem, biz has-da sabyrly, minnetdar we rehimdar bolmagy öwreneris. w16.04 sah. 17.

Mesihçiler durmuşyny sadalaşdyrmak üçin nämeleri edip biler?

Zerur zatlaryňyzy anyklaň, gerekmejek zatlary satyn almaň. Çykdajylaryňyzy hasaplaň. Ulanmaýan zatlaryňyzy saklamaň we bergi etmäň. Iş sagadyňyzy azaldyp, köpräk gulluk etmegi maksat ediniň. w16.07 sah. 10.

Mukaddes Ýazgylara görä, gyzyldan we kümüşden gymmatly zat näme?

Eýýup 28:12, 15-nji aýatlarda Hudaýyň akyldarlygynyň gyzyldan we kümüşden hem gymmatlydygy aýdylýar. Ony agtaranyňyzda, pesgöwünli bolmaga we imanyňyzy berkitmäge çalşyň. w16.08 sah. 18, 19.

Şu günler doganlar üçin sakgal goýbermek ýerliklimi?

Käbir medeniýetde sakgal ösdürip, oňa timar bermek ýerlikli hasaplanýar we bu Patyşalyk habarynyň gymmatyny gaçyrmaýar. Emma şonda-da käbir doganlar sakgal ösdürmeýär (1 Kor. 8:9). Käbir medeniýetlerde bolsa sakgal goýbermeklik Ýehowanyň Şaýatlary üçin ýerliksiz hasaplanýar. w16.09 sah. 21.

Biz Ýehowanyň pikirine nädip düşünip bileris?

Hudaýyň Sözi, oňa esaslanan edebiýatlar we ýygnak duşuşyklary Ýehowanyň pikirine düşünmäge kömek edýär. Öwrenen zatlarymyz barada oýlanmak Ýehowanyň pikirine has gowy düşünmäge we onuň garaýşyny özümiziňkiden ýokary tutmaga ýardam edýär. w16.05 sah. 16.

Bilimli, düşünjeli we paýhasly adamlar nämede tapawutlanýar?

Bilimli bolmak haýsydyr bir maglumaty ýa-da zady bilmegi aňladýar. Düşünjeli adam bolsa bir maglumaty başga bir maglumat bilen baglanyşdyryp bilýär. Emma paýhasly adam bilimini we düşünjesini baglanyşdyryp, olary durmuşynda ulanýar. w16.10 sah. 18.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş