Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w17 Iýun sah. 3
  • Ýadyňyzdamy?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýadyňyzdamy?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Pespäl bolmak näme üçin wajyp?
  • Ýadyňyzdamy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Ýadyňyzdamy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Ýadyňyzdamy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Ýadyňyzdamy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
w17 Iýun sah. 3

Ýadyňyzdamy?

Siz «Garawul diňiniň» soňky sanlaryny ünsli okadyňyzmy? Onda aşakdaky soraglara jogap bermäge synanyşyň:

Etrap gözegçileri we ýygnak ýaşululary Hudaýyň guramasyndan görkezme alanda näme etmeli?

Olar haýal etmän oňa eýermeli. Olar özlerine şeýle soraglary berip biler: «Men dogan-uýalaryň ruhy taýdan ösmegine ýardam edýärinmi? Berilýän görkezmeleri derrew kabul edip, olary goldaýarynmy?» (w16.11 sah. 11).

Mesihçiler Wawilon ýesirligine haçan düşdüler?

Resullaryň aradan çykanyna biraz wagt geçensoň, «şägirtleri yzyna eýertjek bolup hakykaty ýoýýan adamlar çykdylar». Şeýle-de hristian buthanasy bilen Rim hökümeti ýakyndan hyzmatdaşlyk edip başlady. Şol sebäpli hakyky mesihçiler Wawilon ýesirligine düşdüler; olaryň «sesi» zordan çykýardy. Emma onlarça ýyl geçensoň, ýagny 1914-nji ýylda mesh edilen mesihçiler azatlyga çykyp başladylar (w16.11 sah. 23—25).

Biz Asa, Ýehoşapat, Hizkiýa we Ýoşyýa patyşanyň ýalňyşyndan nähili sapak edinip bileris?

1) Ynsan akyldarlygyna bil baglamazlygy, 2) erbetler bilen gatnaşyk etmezligi, 3) tekepbir bolmazlygy we 4) Hudaýyň islegini göz öňünde tutman karara gelmeli däldigini öwrenýäris (w17.03 sah. 27).

«Ten höwesleri barada pikirlenmek» bilen «ruhy zatlar barada pikirlenmekligiň» nähili tapawudy bar? (Rim. 8:6)

Ten höwesleri hakda pikirlenip, bikämil bedeniniň islegini kanagatlandyrjak bolýan adam hemişe şol barada gürrüň edýär we ony islendik zatdan ileri tutýar. Hudaýyň isleýşi ýaly ýaşap, onuň pikirlerine eýermek isleýän adam bolsa ruhy zatlaryň pikirini edýär; şeýle mesihçi Hudaýyň mukaddes ruhunyň görkezmesine eýerýär. Şeýlelikde, «ten höwesleri barada pikirlenmeklik ölüme eltýär, ruhy zatlar barada pikirlenmeklik ýaşaýşa we parahatlyga eltýär» (w16.12 sah. 15—17).

Aladalaryň hötdesinden gelmäge haýsy ädimler kömek eder?

Wajyp zatlary birinji orunda goýuň, özüňizden köp zada garaşmaň, düzen gün tertibiňize eýeriň, Ýehowanyň ýaradan zatlaryna syn ediň, degişmegi unutmaň, wagtly-wagtynda maşk ediň we wagtynda ýatyp, dynjyňyzy alyň (w16.12 sah. 22, 23).

Ýükümizi Ýehowanyň üstüne atmaga haýsy dört ädim kömek edýär?

Ýürekden doga etmek, Hudaýyň Sözüni okamak we oýlanmak, Ýehowanyň mukaddes ruhuny dilemek hem-de duýgularyňy ynamdar adama aýtmak (w16.12 sah. 19).

Pespäl bolmak näme üçin wajyp?

Pespäl bolmak özüne dogry baha bermegi we mümkinçiliginiň çäklidigine düşünmegi öz içine alýar. Biz özümizi alyp barşymyzyň başgalara nähili täsir edýändigi hakda oýlanmaly we adamlaryň ünsüni özümize çekjek bolmaly däl (w17.01 sah. 18).

I asyrdaky ýaly şu günlerem Ýolbaşçylyk maslahatyna Ýehowanyň görkezme berýändigi nämeden görünýär?

Mukaddes ruhuň kömegi bilen olar Mukaddes Ýazgylardaky çuňňur hakykatlara düşündiler; perişdeleriň kömegi bilen amala aşyrýan ägirt uly wagyz işine gözegçilik edýärdiler we Hudaýyň Sözündäki görkezmelere eýerýärdiler. Bu zatlary şu günlerem görse bolýar (w17.02 sah. 26—28).

Edýän işiňi başgalar bilen paýlaşmak näme üçin peýdaly?

Ýehowany şöhratlandyrarys; başgalary öwretmek şatlyk berýär; Ýehowanyň olara kömek etjekdigine ynanýandygymyzy we onuň ähli zada gözegçilik edýändigini görkezeris; köp wagtymyzy tygşytlarys (w17.01 sah. 28).

Mesihçi bir karara gelende, ony üýtgetmelimi?

Biz beren sözümizde durmaly. Emma käte gelen kararymyzy üýtgetmeli bolýarys. Ninewiýalylar toba edip, garaýşyny özgerdende, Ýehowa-da gelen kararyny üýtgedipdi. Käte ýagdaýlar üýtgände ýa-da başga bir maglumat ýüze çykanda, bizem şeýle edip bileris (w17.03 sah. 16, 17).

Gybat etmegiň nähili zyýany bar?

Gybat etsek ýagdaýy has-da kynlaşdyrarys. Aslynda, biz hakly bolsak-da, bolmasak-da, ýüze çykan meseläni gybat bilen çözüp bolmaýar (w17.04 sah. 21).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş