Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w17 Oktýabr sah. 32
  • Şuny bilýäňizmi?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Şuny bilýäňizmi?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Meňzeş maglumat
  • Okyjylaryň sowallary
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Siziň «hawa» sözüňiz «hawa» bolsun
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Hudaýyň wadalarynyň ýerine ýetişini görmek üçin gulak asyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
w17 Oktýabr sah. 32

Şuny bilýäňizmi?

Isa näme üçin «ant içmäň» diýdi?

Bir adam ybadathanada ant içýär

MUSANYŇ kanunynda ant içmek barada berlen tabşyryk ýerlikli hasaplanylýardy. Emma Isanyň günlerinde ýehudylar her bir aýdan sözüniň dogrudygyny görkezjek bolup ant içýärdiler. Olar ant içmeklige sowuk-sala garap başladylar. Şeýdip, bu babatda berlen tabşyrygyň gymmatyny gaçyrdylar. Şonuň üçin Isa ant içmek barada iki gezek görkezme berdi. Ol: «Siziň „Hawa“ diýen sözüňiz „Hawa“, „Ýok“ diýeniňiz „Ýok“ bolsun» diýip öwretdi (Mat. 5:33—37; 23:16—22).

Bir kitapda: «Ýehudylar aýdan sözüni tassyklamagy örän wajyp hasaplaýardylar. Şoňa görä-de her bir zat üçin ant içýärdiler» diýilýär (Theological Dictionary of the New Testament). Ine, şonuň üçinem Talmudda haçan ant içmeli we haçan içmeli däldigi barada ýörite sanawy berlen bolmaly.

Ýehudylaryň bu nädogry garaýşy barada diňe Isa aýtmandy. Meselem, taryhçy Iosif Flawiýiň aýtmagyna görä, ýehudylaryň dini topary ant içmekligi ýalan sözlemekdenem agyr günä hasaplaýardylar. Olar diňe ýalançy adam birini ynandyrmak üçin ant içýär diýýärdiler. Ýehudylaryň apokrifik (toslama) kitabynda, ýagny Siharyň pähiminde: «Ant içýän adam baryp ýatan günäkär» diýilýär. Isa edil şeýle sözleri aýtmasa-da, ant içmeklige sowuk-sala garamaly däldigini aýtdy. Eger biz hemişe dogry sözlesek, onda aýdýan sözlerimizi tassyklamak üçin ant içmek gerek bolmaz.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş