Siziň «hawa» sözüňiz «hawa» bolsun
«Siziň - „Hawa“ diýen sözüňiz „Hawa“, „Ýok“ diýeniňiz „Ýok“ bolsun» (MAT. 5:37).
1. Isa ant içmek barada näme diýdi we näme üçin?
ADATÇA mesihçilere ant içmek hökman däl, sebäbi olar Isanyň: «Siziň - „Hawa“ diýen sözüňiz „Hawa“... bolsun» diýen tabşyrygyna eýerýärler (Mat. 5:33—37). Isa beren wadaňy hökman berjaý etmäge höweslendirdi. Ýöne munuň öň ýanyndan: «Asla ant içmäň» diýdi. Sebäbi köp adamlar oýlanman ant içip, söz bermegi endik edipdi. Sözünde tapylmaýan şeýle adamlar barada näme diýip bolar? Bu olaryň ynamdan gaçyp, iblisiň täsiri astyndadygyny görkezýär (Matta 5:33—37-nji aýatlary okaň).
2. Näme üçin ant içmek hemişe nädogry däl? Düşündir.
2 Isanyň sözleri hiç wagt ant içmeli däldigini aňladýarmy? Ýok. Sebäbi geçen makaladan Ýehowa Hudaýyň we Onuň wepaly gullukçysy Ybraýymyň wajyp meselede ant içendigini bildik. Şeýle-de Hudaýyň kanunyna laýyklykda, käbir kyn meseleleri çözmek üçin ant içmelidi (Müs. çyk. 22:10, 11; San. 5:20—22). Mesihçilerden hem kazyýetiň öňünde hakykaty aýdýandygyny tassyklamak üçin ant içmegi talap etmekleri mümkin. Ýa-da nämedir bir işi etjekdigiňi ynandyrmak üçin ýa bir kynçylygy çözmek üçin ant içmeli bolmagy mümkin. Haçanda baş ruhany Isadan ant içmegi talap edende, ol ýazgarmady, gaýtam, ýehudy mejlisine hakykaty aýtdy (Mat. 26:63, 64). Elbetde, Isa Mesihe ant içmek gerek däldi, sebäbi ol hemişe hakykaty aýdýardy. Şeýle-de bolsa, ol aýdýan sözleriniň hakykatdygyny tassyklamak üçin: «Hakykatdan-da, dogrusyny aýdýaryn» diýerdi (Ýahýa 1:51; 13:16, 20, 21, 38). Geliň, Isanyň, Pawlusyň we «hawa» sözi «hawa» bolan başga adamlaryň mysalyndan näme öwrenip biljekdigimize seredeliň.
ISA — IŇ GOWY GÖRELDE
Jesus’ baptism and his death
3. Isa Hudaýa näme wada berdi we gökdäki Atasyndan nähili jogap aldy?
3 «Seniň islegiňi berjaý etjek bolup, Eý Hudaýym, ine, Men geldim» (Ýew. 10:7). Isa doga edip, Hudaýyň islegini ýerine ýetirjekdigini wada berdi. Ol şol dogasynda Nesil barada aýdylan ähli zatlary berjaý etmäge, hatda Şeýtanyň öz «dabanyndan çakmagyna-da» razydygyny aýtdy (Gel. çyk. 3:15). Hiç kim hiç haçan şeýle uly jogapkärçiligi öz üstüne almandy. Ýehowa Oglundan sözünde tapylmak üçin ant içmegi talap edip durmady we gökden gürläp, doly ynanýandygyny görkezdi (Luka 3:21, 22).
Isa suwda çokundyrylmagyndan tä ölýänçä Atasyna beren wadasyna görä ýaşady
4. Isanyň «hawa» sözüne laýyk ýaşandygy nämeden görünýär?
4 Isanyň «hawa» sözi hemişe «hawady». Ol başga hiç zada ünsüni sowman, Hudaýyň tabşyran işini ýerine ýetirdi. Ol Atasynyň özüne çeken adamlaryny şägirt etmegi we hoş habary wagyz etmegi dowam etdi (Ýahýa 6:44). Ýehowanyň islegini ýerine ýetirip, Isanyň beren wadasynda durandygyny Injil hem tassyklaýar: «Hudaýyň ähli wadalary Mesihde «hawadyr» (2 Kor. 1:20). Isa Atasyna beren wadasyny aýdyşy ýaly berjaý edip, iň gowy görelde görkezdi. Indi bolsa Isa Mesihiň göreldesine eýermäge çalyşan başga biriniň mysalyna seredeliň.
PAWLUS — SÖZÜNIŇ EÝESIDI
5. Palus resul bize nähili görelde galdyrdy?
5 «Ýa Reb! Men näme etmeli?» (Res. iş. 22:10). Bu sözleri Saul aýdypdy. Şonda Isa oňa görnüp, mesihçileri yzarlamagy bes etdirmek isledi. Netijede, Saul kiçigöwünlilik bilen toba edip, suwda çokundyryldy we özge milletlere hoş habary wagyz etmek üçin aýratyn jogapkärçiligi aldy. Soňra Pawlus diýip atlandyrylan Saul bütin ömrüniň dowamynda Isa Mesihe «Reb» diýdi we şol sözlerine laýyk ýaşady (Res. iş. 22:6—16; 2 Kor. 4:5; 2 Tim. 4:8). Pawlus Isanyň: «Näme üçin Maňa „Ýa Reb! Ýa Reb!“ diýip-de, aýdanlarymy etmeýärsiňiz?» diýen adamlaryna meňzemeýärdi (Luka 6:46). Pawlusyň sözünde tapylyşy ýaly, Isany «Reb» hökmünde kabul eden beýleki adamlar hem sözünde tapylmaly.
6, 7. a) Näme üçin Pawlus Korintosa gitmegini soňa goýdy we käbirleriniň ony tankytlamagy näme üçin nädogry? b) Biz jogapkär doganlara nähili garamaly?
6 Pawlus Kiçi Aziýada we Ýewropada Patyşalyk habaryny yhlas bilen ýaýratdy. Ol köp ýygnaklary döredip, olary gaýtadan idäp çykdy. Käwagt ol aýdýanlarynyň dogrudygyny ynandyrmak üçin ant içmeli bolýardy (Gal. 1:20). Haçanda käbir korintoslylar onuň aýdýanlaryna şübhe edenlerinde, Pawlus öz sözleriniň hakykatdygyny tassyklamak üçin şeýle diýdi: «Biziň size gowşuran sözümiziň hem „hawa“, hem „ýok“ däldigine Hudaýyň ynamdarlygyndan ant içýärin» (2 Kor. 1:18). Bu sözleri ýazanda Pawlus Makedoniýa baryp, soňra Korintosa barmak üçin Efesosdan ýola düşüpdi. Başda ol öňürti Korintosa baryp, soňra Makedoniýa barmakçydy (2 Kor. 1:15, 16). Ýöne häzirki aýlanýan gözegçileriň käwagt barmaly ýygnagyna däl-de, başga ýygnaga gitmeli bolşy ýaly, Pawlus hem başga şähere gitdi. Aýlanýan gözegçiler planlaryny öz bähbitleri ýa ýönekeýje zatlar üçin däl-de, gaty wajyp meselede üýtgedýärler. Pawlusyň hem Korintosa barmandygynyň degerli sebäbi bardy. Bu olaryň peýdasyna bolup çykdy. Näme üçin?
7 Pawlus Efesosda gulluk edip ýörkä, korintosly ýygnakdaky kynçylyklar barada eşidýär. Ol ýerdäki doganlar agzybir däldi we ýygnagyň käbir agzalary ahlaksyz ýaşaýardylar (1 Kor. 1:11; 5:1). Pawlus ýüze çykan kynçylygy çözmek üçin korintosly doganlara ýazan birinji hatynda berk maslahat berdi. Soňra Efesosdan göni Korintosa gitmän, berilen maslahaty ulanmak üçin dogan-uýalara wagt berdi. Netijede, Pawlus baranda olar has-da ruhlanardy. Doganlara näme üçin barmandygynyň sebäbini düşündirip, Pawlus ikinji hatynda şeýle ýazdy: «Hudaýy janyma güwä tutýaryn, şu çaka çenli Korintosa gelmedigimiň sebäbi sizi aýamakdy» (2 Kor. 1:23). Geliň, Pawlusa garşy çykanlara meňzemäliň, gaýtam, jogapkär doganlara çuňňur hormat goýalyň! Pawlusyň Mesihden görelde alşy ýaly, bizem ondan görelde alalyň (1 Kor. 11:1; Ýew. 13:7).
BAŞGA GOWY MYSALLAR
8. Rebeka bize nähili görelde galdyrdy?
8 «Hawa, gitjek» (Gel. çyk. 24:58). Ejesi we dogany Ybraýymyň ogly Yshaga durmuşa çykmaga razylygyny soranlarynda, Rebeka şeýle jogap beripdi. Ol 800 kilometrlik uzak ýola nätanyş adam bilen gitmelidi (Gel. çyk. 24:50—58). Rebekanyň «hawa» sözi «hawady». Ol Yshagyň Hudaýdan gorkýan wepaly aýaly boldy. Rebeka ömrüniň ahyryna çenli Wada edilen ýurtda ýat adam hökmünde çadyrlarda ýaşady. Hudaý ony sözünde durany we wepaly bolany üçin sylaglady. Ol Isa Mesihiň nesil eneleriniň biri boldy (Ýew. 11:9, 13).
9. Rutyň «ýok» sözi nädip «ýok» boldy?
9 «Ýok, biz seniň bilen bile seniň halkyň arasyna gideris» (Rut 1:10). Bu sözleri mowaply dul aýallar Rut we Orpa öz gaýynenesi Nagoma aýdypdylar. Şonda Nagomy Mowapdan Beýtullahama dolanyp gelýärdi. Nogamy olardan öz ýurduna dolanmagy haýyş etdi. Ahyry Orpa yzyna dolandy, emma, Rutyň «ýok» sözi «ýok» boldy (Rut 1:16, 17-nji aýatlary okaň)a. Şeýdip Rut hemişelik öz maşgalasyndan we Mowabyň ýalan dininden geçmeli bolsa-da, Nagoma wepaly galdy. Ol Ýehowa wepaly gulluk etdi we sylaglandy. Rut Matta kitabynda sanalýan Mesihiň bäş sany nesil eneleriniň biri boldy (Mat. 1:1, 3, 5, 6, 16).
10. Işaýa bize nähili görelde galdyrdy?
10 «Ine, men; meni iber!» (Iş. 6:8). Şu sözleri aýdanda Işaýa pygamber tagtda oturan Ýehowa barada görnüş gördi. Görnüş görüp duran wagty Ýehowanyň: «Kimi ibereýin? Biziň üçin kim gider?» diýen sesini eşidýär. Ýehowa gulak asmaz halkyna habaryny ýetirmäge kimdir birini ibermek isleýärdi. Işaýa sözünde tapyldy, ýagny «hawa» sözi «hawa» boldy. Ol halky paş edip, soňra hakyky seždäniň dikeljegini aýdyp, 46 ýyldan gowrak pygamber bolup wepaly gulluk etdi.
11. a) Sözüňde tapylmak näme üçin wajyp? b) Kimler sözünde tapylmandyr?
11 Ýehowa ýokarda agzalan mysallary näme üçin ýazdyrdy? Biziň «hawa» sözümiziň «hawa» bolmagy şeýle wajypmy? Injilde «wepasyz», ýagny, sözünde durmaýan adamyň «ölüme mynasypdygy» aýdyň aýdylýar (Rim. 1:31, 32). Onda Müsür faraonynyň, ýehudy patyşasy Zedekiýanyň, Hananýanyň we Safiranyň «hawa» sözüniň «hawa» bolmandygy aýdylýar. Netijede, olaryň hemmesi heläk boldy. Bu mysallar bize sapak bolmaly (Müs. çyk. 9:27, 28, 34, 35; Ezek. 17:13—15, 19, 20; Res. iş. 5:1—10).
12. Beren sözümize wepaly bolmaga näme kömek eder?
12 Biz «soňky günlerde» «Hudaýyň ýolunda ýörän bolup, bu ýoluň güýjüni inkär edýän» wepasyz adamlaryň arasynda ýaşaýarys (2 Tim. 3:1—5). Mümkin boldugyndan, şeýle adamlar bilen gatnaşmajak bolmaly. Gaýtam, hemişe «hawa» sözi «hawa» adamlar bilen ýygnaklara yzygiderli gatnaşmaly (Ýew. 10:24, 25).
IŇ WAJYP «HAWA» SÖZÜŇ
13. Isa Mesihiň şägirtleri haýsy ýagdaýlarda iň wajyp «hawa» sözüni aýdýar?
13 Adam özüni Hudaýa bagyş edende iň wajyp wadany berýär. Kim Isanyň şägirdi bolmak isleýän bolsa, üç ýagdaýda berlen soraga «hawa» diýip, jogap berýär (Mat. 16:24). Haçanda biri wagyzçy bolmak isleýän bolsa, iki ýaşuly onuň bilen gürleşip, ondan: «Sen hakykatdanam Ýehowanyň Güwäçisi bolmak isleýärmiň?» diýip soraýarlar. Soňra ol ruhy taýdan berkäp, suwda çokundyrylmak islese, ýaşulylar oňa: «Sen doga edip, özüňi Ýehowa bagyş etdiňmi?» diýip, sorag berýärler. Ahyry çokundyrylmaly gün gelip ýetende, çokundyryljak wagyzçy şu soraga jogap bermeli: «Isa Mesihiň töleg gurbany esasynda günäleriňe toba gelip, Hudaýyň islegini ýerine ýetirmek üçin özüňi Ýehowa bagyş etdiňmi?» Şeýlelikde, çokundyryljak adam hemmeleriň öňünde Hudaýa ebedi gulluk etjekdigini «hawa» diýip, wada berýär.
Baptism candidates saying ‘Yes’
14. Biz wagtal-wagtal özümizi nädip barlamaly?
14 Sen ýaňy ýakynda çokundyryldyňmy ýa-da Hudaýa onlarça ýyl bäri gulluk edýäňmi, tapawudy ýok, sen özüňe şu soraglary berip, wagtal-wagtal barlap durmaly: «Men Isa Mesihe meňzeýärinmi we meniň iň wajyp „hawa“ sözüm „hawa“ bolup, Ýehowa beren wadamy saklaýarynmy? Isa Mesihiň „wagyz ediň, şägirt taýýarlaň“ diýen tabşyrygy meniň durmuşymda häzirem esasy orundamy?» (2 Korintoslylar 13:5-i okaň).
Sen iň wajyp «hawa» sözüňe wepalymy?
15. Durmuşyň haýsy ýagdaýlarynda biziň «hawa» sözümiz «hawa» bolmaly?
15 Hudaýa özüňi bagyş edeniňde beren wadaňa wepalydygyňy başga wajyp meselelerde hem görkezmeli. Mysal üçin, maşgalaly bolsaň, sen öz ýanýoldaşyňa: «Men seni hemişe söýerin we mähir bilen aladaňy ederin» diýen wadaňa görä ýaşamaly. Eger siz iş bilen baglanyşykly şertnama baglanyşan bolsaňyz ýa-da Hudaýa gullugyň haýsy-da bolsa bir görnüşine gatnaşmak üçin arza ýazan bolsaňyz, alan jogapkärçiligiňize wepaly boluň we beren wadaňyzy berjaý ediň. Ýa-da siz pukaraja birine myhmançylyga barmagy söz beren bolsaňyz, emma size has gowurak bolup görünýän başga biri hem myhmançylyga çagyrsa, başdaky sözüňizde duruň. Eger siz öýden-öýe wagyz edeniňizde kimdir birine ýene-de geljekdigiňiz barada söz beren bolsaňyz, onda «hawa» sözüňiz «hawa» bolar ýaly hökman baryň, şonda Ýehowa siziň gullugyňyzy patalar (Luka 16:10-y okaň).
BAŞ RUHANY WE PATYŞA KÖMEK EDÝÄR
16. Eger biz sözümizde tapylmadyk bolsak, näme etmeli?
16 Injiliň aýtmagyna görä, bikämil adamlar «köp büdreýär», esasanam, dilini nädogry ulanýar (Ýakup 3:2). Eger-de beren sözümizde durup bilmesek, näme etmeli? Hudaýyň ysraýyl halkyna beren kanunyna laýyklykda, «soňuny saýman», ýagny oýlanman gürlän adama rehim edilýärdi (Lew. 5:4—7, 11). Beren wadasynda durup bilmedik mesihçileriň hem günäsi geçilýär. Eger wadamyzy berjaý etmändigimizi Ýehowanyň öňünde boýun alsak, ol rehim edip, bagyşlar. Baş ruhany Isa Mesih bize ýene-de Hudaýy razy etmäge kömek eder (1 Ýahýa 2:1, 2). Mundan beýläk-de Hudaýy razy etmek üçin ýürekden toba edip, günä etmegi endik edinmeli däl we oýlanman bir zat aýdyp, zyýan ýetiren bolsak, ýagdaýy düzetmäge çalyşmaly (Sül. tym. 6:2, 3). Elbetde, edip bilmejek zadyňy wada bermänkäň, ymykly oýlansaň, has-da paýhasly bolar (Wagyzçy 5:4-i okaň, TD).
17, 18. «Hawa» sözüni «hawa» etmäge jan edýänlere nähili ajaýyp gelejek garaşýar?
17 «Hawa» sözüni «hawa» etmäge jan edýän Ýehowanyň ähli gullukçylaryna nähili ajaýyp gelejek garaşýar! 144 müň mesh edilenler gökde Isa «bilen bile müň ýyl höküm sürer» we ölmän ýaşarlar (Ylh. 20:6). Millionlarça adamlar bolsa Mesihiň Patyşalygy astynda ýeri miras alyp, ebedi ýaşarlar. Olar akyl hem beden taýdan kämillige ýeterler (Ylh. 21:3—5).
18 Eger biz Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynyň soňundaky ahyrky synagda wepaly bolsak, şondan soňra hiç kimiň sözüne şübhelenmeli bolmarys (Ylh. 20:7—10). «Hawa» sözümiz «hawa», «ýok» sözümiz «ýok» bolar, sebäbi hemmeler kämil bolup, gökdäki mähirli Atamyz, «hakykat Hudaýy» Ýehowa meňzär (Zeb. 31:5).
a Rut 1:16 Emma Rut: «Seni terk edip ýanyňdan gitmegi menden haýyş etme. Sen nirä gitseň, menem şol ýere gitjek. Sen nirede bolsaň, menem şol ýerde boljak. Seniň halkyň — meniň halkym, seniň Rebbiň meniň Rebbim bolar. 17 Sen nirede ölseň, men-de şol ýerde ölüp, şol ýerde jaýlanjak. Eger-de ölümden başga zat meni senden aýyrsa, onda, goý, Reb maňa mundan hem beterini görkezsin» diýdi.