Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w18 Aprel sah. 32
  • Okyjylaryň sowallary

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Okyjylaryň sowallary
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Meňzeş maglumat
  • «Täze dünýä terjimesiniň» 2013-nji ýylda çykan täzeden seredilen görnüşi
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • Hudaýyň Sözüniň täsirli terjimesi
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • A3 Mukaddes Kitap — ynama mynasyp
    Mukaddes Kitap
  • A1 Mukaddes Kitabyň terjime edilişi
    Mukaddes Kitap
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
w18 Aprel sah. 32

Okyjylaryň sowallary

Zebur 144:12—15-nji aýatlardaky sözler Hudaýyň halkyna degişlimi ýa-da 11-nji aýatda agzalýan «kesekilere»?

Bu aýatda agzalýan ýewreý sözüniň birnäçe manysy bar. Aşakda getirilen subutnamalar bu sözüň manysyna dogry düşünmäge kömek edýär.

  1. Mezmuryň kontekstine üns beriň. 12-nji aýatdaky «şeýdip» diýen söz 12—14-nji aýatlardaky bereketleriň 11-nji aýatdaky «azat et, kesekileriň elinden halas et» diýen sözleri aýdan dogry adamlara degişlidigini görkezýär. Bu pikir 15-nji aýatda hem agzalýar. Ondaky iki gezek agzalýan «bagtly» diýen söz şol bir adamlara, ýagny «Hudaýy (Ýehowa) bolan halka» degişli.

  2. Bu pikir Ýazgylaryň beýleki ýerlerinde agzalýan Hudaýyň wepaly gullukçylaryna beren wadalaryna gabat gelýär. Bu mezmurda Dawudyň ajaýyp umydy beýan edilýär. Ol Hudaýyň ysraýyllylary duşmanlarynyň elinden halas edensoň, olara bagt we abadançylyk berjekdigine umyt edýärdi (Lew. 26:9, 10; Kan. tag. 7:13; Zeb. 128:1—6). Meselem, Kanun taglymaty 28:4-de: «Hudaýyňyz Reb her bir etjek işiňize bereket berer, köp ogul-gyzly bolarsyňyz, mal-garalaryňyzyň sany artyp, topragyňyzyň hasyly bol bolar» diýilýär. Dogrudan-da, Dawudyň ogly Süleýmanyň patyşalyk eden döwri halk parahat we howpsuz durmuşdan lezzet alyp ýaşady. Has wajyby bolsa, Süleýmanyň patyşalygy Mesihiň hökümdarlygynyň nusgasydy (1 Pat. 4:20, 21; Zeb. 72:1—20).

Diýmek, 144-nji mezmurdaky sözler erbetler ýok edilensoň, ebedi höküm sürjek parahat we howpsuz durmuşda ýaşamaga umyt edýän Ýehowanyň gullukçylaryna degişli (Zeb. 37:10, 11).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş