«Täze dünýä terjimesiniň» 2014-nji ýylda çykan täzeden seredilen görnüşi
ENÇEME ýyllaryň dowamynda «Mukaddes Ýazgylaryň Täze dünýä terjimesine» birnäçe gezek gaýtadan seredildi, emma onuň 2013-nji ýylda çykan neşiri has-da tapawutlanýar. Bu iňlisçe terjimedäki sözler öňküden 10 göterim gysgaldyldy. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylarda ulanylýan esasy jümleleriň käbiri üýtgedildi. Belli bir baplar goşgy görnüşinde ýazyldy we giňişleýin düşündiriş berilýän çykgytlar goşuldy. Şu makalada bu özgerişikleriň ählisi barada gürrüň edip bilmesek-de, geliň, esasy üýtgeşmeleriň birnäçesine seredeliň.
Mukaddes Ýazgylardaky haýsy esasy jümleler çalşyldy? Geçen makalada bellenip geçilişi ýaly, «şeol», «gades» hem-de «jan» sözleri çalşyldy we başga-da birnäçe jümleler üýtgedildi.
Mysal üçin, ýigrenji zatlary aňladýan grek sözi «ahlaksyz» däl-de, «haýasyz işler» diýip terjime edildi (Mat. 20:19; 27:31). Şeýle-de öňki terjimelerde duş gelýän «çydamlylyk» diýen söze uzak wagtlap jebir-süteme çydamak diýip nädogry düşünmekleri mümkin. Şol sebäpli onuň manysyny dogry bermek üçin, «sabyrlylyk» diýen söz ulanyldy. «Içgi meýlisleri» diýen jümle bolsa, şu günler has düşnükli bolar ýaly, «keýpi-sapaly oturyşyklar» diýip terjime edildi (Gal. 5:19—22). «Merhemet» sözüniň deregine, manysyny dogry berýän «wepaly söýgi» diýen jümle goýuldy. Bu jümle Mukaddes Ýazgylarda köplenç «wepadarlyk» sözi bilen manydaş ulanylýar (Zeb. 36:6; 89:2, MK).
Öňler hemişe şol bir sözler bilen terjime edilen käbir jümleler indi kontekste görä edilýär. Meselem, «ömürlik» diýip terjime edilen «olam» diýen ýewreý sözi «ebedi» diýmegi hem aňladýar. Bu sözüň Zebur 90:2-de we Mika 5:2-de dürli manyda ulanylýandygyny görse bolýar.
«Tohum» diýip terjime edilen ýewreý we grek sözleri Mukaddes Ýazgylarda ekerançylyk bilen bagly hem-de «nesil» diýen manyda duş gelýär. «Täze dünýä terjimesiniň» öňki neşirlerinde bu aýatlaryň ählisinde, şol sanda Gelip çykyş 3:15-de hem «tohum» sözi ulanylýardy. Emma şu günler iňlis dilinde «tohum» diýen sözüň «nesil» manyda kän bir ulanylmaýandygy üçin, täzeden seredilen terjimede Gelip çykyş 3:15-de we munuň bilen bagly başga-da aýatlarda «nesil» sözi goýuldy (Gel. çyk. 22:17, 18; Ylh. 12:17). Başga duş gelýän ýerlerinde bolsa, kontekste görä terjime edildi (Gel. çyk. 1:11; Zeb. 22:30; Iş. 57:3).
Sözme-söz terjime edilen ýerleriniň köpüsi näme üçin üýtgedildi? 2013-nji ýylda çykan neşiriň goşmaça maglumatynda aýdylmagyna görä, «sözme-söz terjime edilende sözüň ýa jümläniň manysy ýoýulsa, ýa-da düşnüksiz bolsa, onuň manysyny dogry berýän» terjimä Mukaddes Ýazgylaryň gowy terjimesi diýse bolar. Eger asyl nusgadaky idiomalar başga dillerde düşnükli bolsa, onda olar göni terjime edilýär. Mysal üçin, Ylham 2:23-däki «ýürekleri barlaýan» diýen jümle köp dillerde düşnükli bolýar. Emma şol aýatdaky «böwrekleri barlaýan» diýen jümlä düşünmek kyn bolmagy mümkin. Şol sebäpli «böwrekler» diýen sözüň asyl manysy berlip, «çuň pikirler» diýip terjime edildi. Şonuň ýaly-da, Kanun taglymaty 32:14-däki göni manyda «bugdaýyň böwrek ýagy» diýmegi aňladýan idiomanyň has düşnükli bolmagy üçin, «saýlama bugdaý» diýen jümle ulanyldy. Şeýle-de köp dillerde düşnüksiz bolýandygy sebäpli, «Dodaklarym sünnetsiz» diýen jümle «Men sakawlap gepleýärin» diýen sözlere çalşyldy (Müs. çyk. 6:12).
«Ysraýyl ogullary» we «ýetim oglanlar» diýen jümleler indi näme üçin «ysraýyllylar» hem-de «ýetim çagalar» diýip terjime edilýär? Adatça, ýewreý dilindäki sözleriň erkege ýa aýala degişlidigini kesgitlemek üçin, kim barada gürrüň edilýändigine üns berilýär. Emma erkek adamlar bilen bagly ulanylýan käbir sözler aýallara-da degişli bolup bilýär. Meselem, käbir aýatlaryň kontekstinden «Ysraýyl ogullary» diýen jümläniň erkeklere-de, aýallara-da degişlidigini bilse bolýar. Şol sebäpli bu jümle indi köplenç «ysraýyllylar» diýip terjime edilýär (Müs. çyk. 1:7; 35:29; 2 Pat. 8:12).
Şeýle-de «Täze dünýä terjimesiniň» öňki neşirlerinde Gelip çykyş 3:16-daky «oglanlar» diýmegi aňladýan ýewreý sözi «çagalar» diýip terjime edilipdi. Emma indi şol söz Müsürden çykyş 22:24-de hem: «Çagalaryňyz (ýewreýçede «ogullaryňyz») bolsa ýetim galar» diýip üýtgedildi. Başga ýagdaýlarda-da bu düzgüne eýerilip, «ýetim oglanlar» diýen jümle «ýetim çagalar» ýa-da «ýetim» diýip terjime edildi (Kan. tag. 10:18; Eýýup 6:27). Grek «Septuagintasynda» hem şeýle edilipdir. Galyberse-de, Wagyz kitaby 12:1-däki «juwanlygyňda» diýen söz «ýaşlygyňda» sözüne çalşyldy.
Köp ýewreý işlikleri näme üçin sadalaşdyrylyp terjime edildi? Ýewreý dilinde işligiň, esasan, iki görnüşi, ýagny dowamly hereketi aňladýan tamamlanmadyk we gutarnykly hereketi aňladýan tamamlanan görnüşi bar. «Täze dünýä terjimesiniň» öňki neşirlerinde dowamly ýa-da gaýtalanýan hereketi görkezmek üçin, ýewreý işliginiň tamamlanmadyk görnüşi «başlamak» we «dowam etmek» ýaly kömekçi işlikler bilen terjime edilýärdi. «Hökman», «elbetde» we «dogrudan-da» diýen ýaly tassyklamagy bildirýän sözler bolsa, gutarnykly hereketi aňladýan ýewreý işliginiň tamamlanan görnüşi üçin ulanylýardy.
2013-nji ýylda çykan neşirde sözlemiň manysyna goşmaça ýokundy bermedik ýagdaýynda kömekçi sözler ulanylmady. Mysal üçin, Hudaýyň: «Ýagtylyk bolsun!» diýen sözlerini gaýtalanyp duran hereket ýaly nygtamak gerek däl, şonuň üçin täzeden seredilen terjimede «diýmek» diýen işlik dowamly hereket ýaly terjime edilmedi (Gel. çyk. 1:3). Emma Ýehowa Adam atany ençeme gezek çagyran bolmaly. Şol sebäpli muny nygtamak üçin, Gelip çykyş 3:9-da «çagyrýardy» diýen söz ulanyldy. Umuman aýdanyňda, ýewreý dilindäki işlikleriň gutarnykly we gutarnyksyz taraplaryna däl-de, bolup geçýän herekete üns berlip, işlikler sadalaşdyrylyp terjime edildi. Bu bolsa ýewreý dilinde gysgaça beýan edilýän zatlara has gowy düşünmäge kömek edýär.
Baplaryň köpüsi asyl nusgadaky ýaly goşgy görnüşinde ýazyldy
Baplaryň köpüsi näme üçin şygyr bilen ýazyldy? Aslynda, Mukaddes Ýazgylaryň köp bölegi goşgy görnüşinde ýazylypdyr. Häzirki şygyrlar köplenç soňky setirleriniň kapyýalaşmagy bilen tapawutlanýar. Ýewreý dilinde bolsa, deňeşdirme getirmek hem-de gapma-garşylygy görkezmek goşgularyň esasy aýratynlygy bolup durýar. Ýewreý şygyrlary sözleriň kapyýalaşmagy bilen däl-de, pikiriň yzygiderli beýan edilmegi netijesinde sazlaşykly bolýar.
«Täze dünýä terjimesiniň» öňki neşirlerinde Eýýup we Zebur kitaplarynyň, aslynda, aýdym edip ýa-da ýatdan aýtmak üçin niýetlenendigini görkezer ýaly, bu aýatlar goşgy görnüşinde ýazyldy. Goşgy setirlerinde käbir zatlary nygtamak üçin şahyrana sözler ulanylýar we olary ýatda saklamak aňsat bolýar. 2013-nji ýylda çykan neşirde Süleýmanyň tymsallary, Nagmalar nagmasy we pygamberlik kitaplarynyň köp baplary hem goşgy görnüşinde terjime edildi. Sebäbi asyl nusgada bu aýatlar deňeşdirme getirilip, gapma-garşylyk görkezilip, şygyr bilen ýazylypdyr. Muňa Işaýa 24:2-nji aýat mysal bolup biler. Bu aýadyň her setiri biri-birine sepleşýär we hiç bir adamyň Hudaýyň gazabyndan gaçyp-gutulyp bilmejekdigini nygtamak üçin yzygiderli beýan edilýär. Okyjy şeýle aýatlary şygyr görnüşinde okanda, Mukaddes Ýazgylary ýazan adamyň şol bir diýenini ýöne gaýtalap durman, eýsem, Hudaýyň habaryny nygtamak üçin goşgy setirlerini ulanandygyna göz ýetirýär.
Mukaddes Ýazgylaryň terjimeleri goşgy görnüşinde terjime edilen aýatlar babatda biri-birinden tapawutlanýar. Şonuň üçin, aslynda, ýewreý dilinde haýsy sözleriň kyssa ýa-da şygyr görnüşinde ýazylandygyny käte anyklap bolmaýar. Haýsy aýatlaryň goşgy ýaly çap ediljekdigini terjimeçileriň özleri çözýär. Käbirleri manysyny dogry bermek üçin, şahyrana sözler bilen çeper beýan edip, şorta sözleri hem-de deňeşdirmeleri ulanyp, kyssa görnüşinde terjime edýärler.
Täzeden seredilen terjimede her kitabyň başynda gysgaça mazmuny görkezilýär, bu bolsa Nagmalar nagmasyndaky ýaly gadymy goşgularda ýygy-ýygydan gezekleşip gepleýän adamlaryň kimdigini anyklamaga kömek edýär.
Gadymy golýazmalaryň öwrenilmegi terjimä nähili täsir etdi? «Mukaddes Ýazgylaryň Täze dünýä terjimesi» edilende, esasan, ýewreý masoret ýazgylaryna we Westkotyň hem-de Hortyň ýokary baha berilýän grek terjimesine esaslanyldy. Gadymy golýazmalaryň çuňňur öwrenilmegi käbir aýatlara has gowy düşünmäge ýardam etdi. Öli deňzinden tapylan golýazmalar elýeterli boldy. Grek golýazmalarynyň hem köpüsi çuňňur öwrenildi. Ýaňy-ýakynda tapylan golýazmalardaky maglumatlar elektron görnüşinde goýuldy. Bu bolsa golýazmalary deňeşdirip, olaryň tapawudyny görmäge hem-de ýewreý we grek golýazmalarynyň haýsysyndan terjime edilse gowy boljakdygyny anyklamaga kömek edýär. Täze dünýä terjimesiniň komiteti bu mümkinçiliklerden doly peýdalanyp, aýatlary çuňňur öwrendi we käbir özgerişikleri girizdi.
Mysal üçin, grek «Septuagintasynda» 2 Şamuwel 13:21-de şeýle diýilýär: «Emma ol ogly Amnonyň göwnüne degmek islemeýärdi, sebäbi ilkinji perzendi bolany üçin, ony gowy görýärdi». Masoret ýazgylarynda bu sözleriň ýokdugy üçin, «Täze dünýä terjimesiniň» öňki neşirlerinde hem goýulmady. Emma olar Öli deňzinden tapylan golýazmalarda duş gelýär. Şol sebäpli bu sözler 2013-nji ýyldaky täze terjimä goşuldy. Şeýle-de 1-nji Şamuwel kitabynyň bäş ýerinde Hudaýyň ady dikeldildi. Galyberse-de, grek golýazmalarynyň öwrenilmegi netijesinde, Matta 21:29—31-nji aýatlardaky pikirleriň yzygiderliligi üýtgedildi. Şeýdip, grek golýazmalaryndan göni terjime edilmän, gadymy golýazmalardaky aýdyň subutnamalaryň esasynda käbir özgerişikler girizildi.
Bu sanlyja özgerişikler «Täze dünýä terjimesiniň» has düşnükli we aňsat bolmagyna ýardam etdi. Hawa, bu terjime ynsanlar bilen gepleşýän Hudaýyň adamlara beren gymmatly sowgadydyr.