Diliňizi abatlyk üçin ulanyň
«Agzymyň sözleri... Seniň göwnüňden tursun, ýa Reb». ZEB. 19:14
1, 2. Diliň ot bilen deňeşdirilmegi näme üçin ýerlikli?
1871-NJI ýylyň oktýabr aýynyň başynda ABŞ-nyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Wiskonsiniň gür tokaýynda güýçli ýangyn bolýar. Barha lowlaýan oduň ýalny hem-de gyzgyn howry agaçlaryň iki milliarda golaýyny ýakyp kül edýär we 1 200-den gowrak adam ölýär. ABŞ-nyň taryhynda öň hiç haçan şeýle elhenç heläkçilik getiren ýangyn bolmandy. Bu ýangynyň döremegine geçip barýan otlulardan syçran kiçijik uçgunlar sebäp bolupdy. Hawa, Ýakup 3:5-de aýdylyşy ýaly, «Kiçijik uçgun nähili uly jeňňeli tutaşdyryp goýberýär!» Aslynda, Ýakup şägirt muny näme üçin aýtdyka?
2 Ol 6-njy aýatda: «Dil otdur» diýip düşündirýär. Dil biziň geplemek ukybymyzy aňladýar. Edil ot ýaly, dilimiz hem uly zyýan ýetirip bilýär. Mukaddes Ýazgylarda: «Ölüm we ýaşaýyş diliň ygtyýaryndadyr» diýilýär (Sül. tym. 18:21). Emma biz oduň ýetirip biljek zyýanyndan gorkup, ony ulanmagy bes etmeýşimiz ýaly, ýaramaz bir zat aýdaryn diýip asla geplemän oturmaýarys. Esasy zat seresaply bolmakdyr. Eger biz oda gözegçilik etsek, ony nahar bişirmek, ýylanmak ýa-da gijesine yşyk üçin peýdalanyp bilýäris. Şonuň ýaly-da, dilimize ünsli bolsak, ony Hudaýy şöhratlandyrmak we başgalara kömek etmek üçin ulanyp bileris (Zeb. 19:14).
3. Geplemek babatda haýsy üç aýratynlyga serederis?
3 Biz pikirlerimizi we duýgularymyzy söz bilen beýan etsek-de, elimiz bilen yşarat edip düşündirsek-de, bu Hudaýyň bize beren ajaýyp sowgadydyr. Biz bu sowgady başgalary göwnüçökgünlige düşürmän, gaýtam, abatlamak üçin nädip ulanyp bileris? (Ýakup 3:9, 10-njy aýatlary okaň). Geliň, geplemek babatda üç wajyp zada, ýagny haçan geplemelidigine, näme diýmelidigine we nädip geplemelidigine seredeliň.
HAÇAN GEPLEMELI?
4. Biz haýsy ýagdaýlarda dymmaly? Mysal getiriň.
4 Geplemek gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi bolsa-da, bu biziň hemişe geplemelidigimizi aňlatmaýar. Mukaddes Ýazgylarda: «Dymmagyň öz wagty bar» diýilýär (Wag. 3:7). Biz başgalara hormat goýup, olaryň gürleýän wagty dymýarys (Eýýup 6:24). Şeýle-de gizlin zatlar babatda syr saklap, özümize erk edip bilýändigimizi we düşünjelidigimizi görkezýäris (Sül. tym. 20:19). Biziň göwnümize degenlerinde-de, sesimizi çykarmasak, paýhasly hereket etdigimiz bolar (Zeb. 4:4).
5. Hudaýyň beren geplemek ukybyna minnetdarlygymyzy nädip görkezip bileris?
5 Mukaddes Ýazgylarda geplemegiň hem öz wagtynyň bardygy aýdylýar (Wag. 3:7). Eger dostumyz bize owadan sowgat berse, biz ony gowy ulanmak isleýäris. Geplemek ukybymyzy hem paýhasly ulansak, Ýehowanyň beren sowgadyna minnetdardygymyzy görkezýäris. Biz bu sowgat arkaly duýgularymyzy beýan edip, zerurlyklarymyz barada aýdýarys we birek-biregi ruhlandyryp, Hudaýy şöhratlandyrýarys (Zeb. 51:15). Emma haçan geplesek has ýerlikli bolar?
6. Mukaddes Ýazgylarda ýerlikli wagty geplemegiň wajypdygy haýsy mysal arkaly düşündirilýär?
6 Süleýmanyň tymsallary 25:11-de: «Ýerinde aýdylan sözler kümüş gabyň içindäki altyn almalar kimindir» diýilýär. Altyn almalar şeýle-de owadan, emma olary kümüş gabyň içine salanyňda has-da gözel görünýär. Şonuň ýaly-da, ýerlikli wagty geplemek adamyň gürrüňiniň has peýdaly hem-de abatlaýjy bolmagyna ýardam edýär. Nädip?
7, 8. Ýaponiýadaky dogan-uýalar Isanyň göreldesine nädip eýerdiler?
7 Biziň sözlerimiz wajyp bolsa-da, olary ýerlikli wagty aýtmasak, manysyz bolmagy mümkin (Süleýmanyň tymsallary 15:23-i okaň). Mysal üçin, 2011-nji ýylyň mart aýynda Ýaponiýada bolan ýertitreme we sunami köp şäherleri tutuşlygyna weýran etdi. Şonda 15 müňden gowrak adam heläk boldy. Ýehowanyň Şaýatlary ýakynlaryny ýitirip, ejir çekseler-de, gaýgy-hasratda oturan adamlara Mukaddes Ýazgylar arkaly teselli bermek üçin, elinde baryny etdiler. Emma ýerli ýaşaýjylaryň köpüsi buddizm dinine ýüregi bilen berlipdi we olar Mukaddes Ýazgylar barada kän bilmeýärdiler. Şol sebäpli doganlarymyz ahy-nala çekýän adamlara sunamiden soň derrew direliş barada wagyz etmegiň wagty däl diýip pikir etdiler. Olar geplemek ukybyny adamlara göwünlik bermek üçin ulanyp, Mukaddes Ýazgylar arkaly bigünä adamlaryň näme üçin şeýle elhenç betbagtçylyklara uçraýandygyny düşündirdiler.
8 Isa dymmagyň hem-de geplemegiň wagtyny bilýärdi (Ýahýa 18:33—37; 19:8—11). Bir gezek ol şägirtlerine: «Size aýtjak ýene köp zatlarym bar, ýöne häzir siz olary göterip bilmersiňiz» diýdi (Ýahýa 16:12). Ýaponiýadaky dogan-uýalar hem Isanyň göreldesine eýerdiler. Olar sunamiden iki ýarym ýyl geçensoň, bütindünýä kampaniýa gatnaşyp, «Aradan çykan adamlar direlermi?» diýen kitapçany ýaýratdylar. Şonda köp adamlar direliş baradaky teselli beriji habary ýürekden diňläp, kitapçany höwes bilen aldylar. Elbetde, halklaryň medeniýeti we dini ynançlary biri-birinden tapawutlanýar. Şol sebäpli biz adamlar bilen ýerlikli wagty gepleşmek üçin paýhasly bolmaly.
9. Haýsy ýagdaýlarda ýerlikli wagty geplesek gürrüňimiz has abatlaýjy bolar?
9 Käbir ýagdaýlarda geplemegiň wagtyna has-da üns bermeli bolýar. Mysal üçin, kimdir biriniň ýagşy niýeti bolsa-da, biziň göwnümize degiji sözleri aýtmagy mümkin. Şonda oňa dessine gödek jogap bermän, gaýtam, onuň aýdan zatlary barada gepleşmek gerekmi diýip oýlanyp bileris. Eger onuň bilen gürleşmek zerur bolsa, onda gaharymyz köşeşýänçä garaşsak gowy bolar (Süleýmanyň tymsallary 15:28-i okaň). Biz iman etmeýän dogan-garyndaşlarymyza wagyz edenimizde hem paýhasly bolmaly. Elbetde, biz olaryň Ýehowany tanamagyny isleýäris. Emma sabyrly bolup, oýlanyşykly hereket etmeli. Ýerinde aýdylan sözler olaryň ýüregindäkini bilmäge kömek eder.
NÄME DIÝMELI?
10. a) Biz näme üçin aýdýan sözlerimize ünsli bolmaly? b) Biz nämeden gaça durmaly?
10 Söz adama hem ýara salyp, hem şypa berip bilýär (Süleýmanyň tymsallary 12:18-i okaň). Şeýtanyň dünýäsindäki adamlar köplenç ýürege ýara salýan awuly sözleri aýdýarlar. Olar «dillerini gylyç kimin ýiteldýärler» we «ajy sözlerini» peýkam ýaly çeneýärler (Zeb. 64:2, 3). Olaryň köpüsi muny telegepleşiklerden we kinofilmlerden öwrenýär. Emma mesihçiler şeýle ýaramaz endikden gaça durmaly. «Ajy sözlere» adama göwnüýetmezçilik edip, üstünden gülmek maksady bilen aýdylýan ýaňsyly gürrüňler hem degişlidir. Ýaňsylamak köplenç degişmä salyp, kimdir birini äsgermezçilikli sözler bilen kemsitmegi aňladýar. Mesihçiler ýaňsylaýjy sözlerden «daş bolmaly». Degişmeklik biziň gürrüňimiziň gyzykly bolmagyna ýardam etse-de, biz başgalary güldürmek üçin oýun edip, kimdir birini kemsitmekden ýa-da onuň göwnüne degiji sözleri aýtmakdan seresap bolmaly. Mukaddes Ýazgylarda: «Agzyňyzdan hiç haçan hapa söz çykarman, gaýtam, eşidenler peýdalanar ýaly, gerekli abatlyk üçin oňat sözler aýdyň» diýip maslahat berilýär (Efes. 4:29, 31).
11. Sözleri dogry saýlamaga näme kömek eder?
11 Isa: «Agyz ýüregiň dolulygyndan sözleýändir» diýdi (Mat. 12:34). Hawa, biziň aýdýan zatlarymyz ýüregimizden çykyp, başgalar babatda nähili garaýyşdadygymyzy aýan edýär. Eger biz adamlary ýürekden söýüp, aladasyny edýän bolsak, onda olara aýtjak sözlerimizi dogry saýlarys. Şonda biziň gürrüňdeşligimiz peýdaly hem-de abatlaýjy bolar.
12. Sözleri dogry saýlamak ukybymyzy artdyrmaga bize näme kömek eder?
12 Sözleri dogry saýlamak üçin köp oýlanmaly we tagalla etmeli. Akyldar patyşa Süleýman hem «gözleg geçirip, öwrenip... ýakymly sözleri tapmaga çalyşdy. Onuň ýazanlary dogry we hak sözlerdi» (Wag. 12:9, 10). Eýsem, size köplenç «ýakymly sözleri» tapmak kyn bolýarmy? Eger şeýle bolsa, onda söz baýlygyňyzy artdyrmaga çalşyň. Munuň üçin Mukaddes Ýazgylarda we biziň edebiýatlarymyzda ulanylýan sözlere üns berip bilersiňiz. Nätanyş sözleriň manysyna düşünjek boluň. Esasanam, olary başgalara kömek etmek üçin nädip ulanmalydygyny öwreniň. Mukaddes Ýazgylarda Ýehowa bilen onuň ilkinji doglan Oglunyň gatnaşygy barada şeýle diýilýär: «Mejalsyzlara söz bilen ýardam ederim ýaly Hökmürowan Reb maňa (Isa) dana dil berdi» (Iş. 50:4). Biz hem aýtjak zatlarymyz barada öňünden oýlansak, sözleri dogry saýlap bileris (Ýakup 1:19). Şol sebäpli özümize şeýle soraglary bermeli: «Meni diňleýän adam aýtjak bolýan zatlaryma düşünermi? Bu sözler oňa nähili täsir eder?»
13. Düşnükli geplemek näme üçin wajyp?
13 Gadymy Ysraýylda çadyrda ýaşaýan adamlary bir ýere ýygnamak hem-de olary öýli-öýüne ibermek ýa-da esgerleriň hüjüme geçmelidigini görkezmek üçin surnaý çalynýardy. Oýlanyp görüň, eger surnaý näbelli ses çykarsa, onda şol goşuna näme bolardy? Mukaddes Ýazgylarda surnaýyň aýdyň sesi düşnükli geplemek bilen deňeşdirilýär. Eger biziň aýdýan zatlarymyz düşnüksiz ýa-da aýlawly bolsa, onda adamlar oňa nädogry düşünmekleri mümkin. Emma biz düşnükli geplemäge çalyşsak-da, gödek ýa-da sypaýyçylyksyz bolmak islemeýäris (1 Korintoslylar 14:8, 9-njy aýatlary okaň).
14. Isa nädip düşnükli dilde gepledi? Mysal getiriň.
14 Isa ýerlikli sözleri saýlamakda ajaýyp görelde galdyrdy. Geliň, Mattanyň 5—7-nji baplaryndaky Isanyň gysga, ýöne çuň manyly sözlerine seredeliň. Isa gödek, göwne degiji, düşünmesi kyn ýa-da gerekmejek sözleri ulanman, gaýtam, diňleýjileriniň ýüregine täsir etmek üçin sada we düşnükli dilde öwretdi. Meselem, ol adamlaryň gündelik çöregi barada çendenaşa biynjalyklanmaly däldigini düşündirmek üçin, Ýehowanyň gögüň guşlaryny nädip iýmitlendirýändigini agzap geçdi. Soňra ol diňleýjilerini guşlara deňäp: «Siz olardan gymmatly dälmisiňiz?» diýdi (Mat. 6:26). Eýsem, bu sada we düşnükli sözler ýüregiňe jüňk bolmaýarmy näme?! Geliň, indi geplemek babatda üçünji wajyp aýratynlyga seredeliň.
NÄDIP GEPLEMELI?
15. Biz näme üçin mähirli gepleşmeli?
15 Biziň bir zady nädip aýdýandygymyz hem örän wajypdyr. Isa önüp-ösen şäheri Nasyranyň sinagogasynda wagyz edende, adamlar «onuň agzyndan çykýan mähirli sözlere» haýran galdylar (Luka 4:22). Eger biz hem adamlar bilen mähirli gepleşsek, olar biziň aýdýan zatlarymyzy ünsli diňläp, höwes bilen kabul ederler (Sül. tym. 25:15). Biz mylakatly hem-de sypaýy bolup, başgalaryň duýgusyny göz öňünde tutsak, Isanyň göreldesine eýereris. Isa ony diňlemäge gelen uly märekäniň köp tagalla edendigini görende, ýüregi awap, «olara köp zatlary öwretmäge başlady» (Mar. 6:34). Ol hatda sögülende-de gödek jogap bermedi (1 Pet. 2:23).
16, 17. a) Biz maşgala agzalarymyz ýa-da ýygnakdaky ýakyn dostlarymyz bilen gepleşenimizde Isanyň göreldesine nädip eýerip bileris? (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) Mähirli gepleşmegiň peýdalydygyny görkezýän mysal getiriň.
16 Gowy tanaýan adamlarymyz bilen ýumşak we sypaýy gepleşmek kyn bolmagy ahmal. Biz maşgala agzalarymyz ýa-da ýygnakdaky ýakyn dostlarymyz bilen has arkaýyn gepleşsek hem bolýar diýip pikir etmegimiz mümkin. Emma Isa şägirtleri bilen has ýakyndan gatnaşýandygy üçin, olar bilen gödek gürleşsemem bolýar diýip pikir etdimikä? Elbetde, ýok! Resullar aralarynda kimiň uludygy barada gaýta-gaýta jedelleşseler-de, Isa bir çagany mysal getirip, olara mähir bilen düzediş berdi (Mar. 9:33—37). Ýygnak ýaşululary hem Isanyň göreldesine eýerip, «ýumşaklyk ruhy bilen» maslahat berip bilerler (Gal. 6:1).
17 Kimdir biri biziň göwnümize degiji sözleri aýtsa-da, mähirli jogap bersek, gowy netije berip bilýär (Sül. tym. 15:1). Mysal üçin, çagasyny ýeke terbiýeleýän bir uýamyzyň ýetginjek ogly ikiýüzli durmuş alyp barýar. Başga bir uýa ýagşy niýet bilen onuň ejesine: «Gynansak-da, sen çagaňa gowy terbiýe berip bilmänsiň» diýýär. Şonda oglanyň ejesi biraz oýlanyp: «Hawa, häzir-ä ýagdaý öwerlik däl, ýöne onuň terbiýesi heniz tamamlananok. Biz muňa Armageddondan soň doly göz ýetirip biläýmesek» diýip jogap berýär. Uýamyzyň ýumşaklyk bilen jogap bermegi olaryň arasynda parahatlygyň saklanmagyna ýardam etdi. Şeýle-de uýamyzyň ogly bu gürrüňdeşligi eşidip, ejesiniň ondan umydyny üzmeýändigine begenýär. Şeýdip, ol ýaramaz dostlary bilen arasyny kesýär we wagtyň geçmegi bilen, suwda çokundyrylyp, soňra Beýtelde gulluk edip başlaýar. Bizem dogan-uýalarymyz, maşgala agzalarymyz ýa-da tanamaýan adamlarymyz bilen gepleşsek-de, hemişe «sözümiz duz bilen tagamly edilip, ýakymly bolmaly» (Kol. 4:6).
18. Isanyň göreldesine eýermek dilimizi abatlyk üçin ulanmaga nädip kömek eder?
18 Dogrudan-da, pikirlerimizi we duýgularymyzy söz bilen beýan etmeklige hakyky gudrat diýse bolar. Geliň, Isanyň göreldesine eýerip, ýerlikli wagty geplemäge, sözleri dogry saýlamaga we mähirli bolmaga jan edeliň. Şonda biziň aýdýan sözlerimiz başgalara şypa berip, geplemek ukybyny sowgat beren Ýehowa Hudaýyň göwnünden turar.