15-nji aýdym
Ýaradylan zatlar Ýehowany şöhratlandyrýar
(Zebur 19)
1. Eý Ýehowa, ýaň salýar şöhratyň,
Ýyldyzlar wasp edýär seniň adyň.
Olar gije-gündiz gürrüň edýär,
Pespällere sözsüz bilim berýär.
Olar gije-gündiz gürrüň edýär,
Pespällere sözsüz bilim berýär.
2. Ýyldyzlary ýaratdyň Aý, Güni,
Goýduň ägirt ummanlaň çägini.
Göge bakyp, görsem giň älemi,
Şükür edip, beýgeldýärin seni.
Göge bakyp, görsem giň älemi,
Şükür edip, beýgeldýärin seni.
3. Päk hem dogry kada-kanunlaryň,
Örän wajypdyr ýatlatmalaryň.
Baldan süýji, gowudyr altyndan,
Pähim berýär aýrylmasaň ondan.
Baldan süýji, gowudyr altyndan,
Pähim berýär aýrylmasaň ondan.
(Şeýle-de Zeb. 12:6; 89:7; 144:3; Rim. 1:20 serediň.)