Sowally bukja
● Näme üçin edebiýatlarymyzy toplamak gerek?
Munuň esasy sebäbi, Ýehowanyň Güwäçileri üçin şahsy okuw örän wajyp hasaplanýar (Ýahýa 17:3). Öýde toplaýan edebiýatlarymyz bize haýsy hem bolsa bir meseläni çuňňur öwrenmäge, soraglaryň jogabyny tapmaga we ýygnaklara taýýarlanmaga kömek edýär. Biz Mukaddes Ýazgylara esaslanan maglumatlary şeýle aňsat ýol bilen tapyp bilýändigimiziň gadyryny bilmeli.
Edebiýatlarymyzy toplamalydygymyzyň ýene bir sebäbi, her mesihçi «öz ýüküni özi götermeli» (Gal. 6:5). Bir sorag ýüze çykan ýagdaýynda, onuň çözgüdini şol bada başgalardan soraman, ilki bilen onuň jogabyny özi gözlemegi endik edinmeli. Şahsy edebiýatlarymyzy elmydama ulansak, Hudaýyň Sözüni çuňňur öwrenip, oňa gowy düşünip bileris (Ýew. 5:11—14).
Käbir çagalar ene-atalarynyň kömegi bilen şahsy edebiýatlaryny toplaýar we olaryň hem häzir, hem gelejekde gerek boljakdygyna düşünýärler. Öýde toplanýan edebiýatlar mesihçiler üçin gymmat hazynadyr!