Sowally bukja
● Ýygnagyň kitap öwrenilýän duşuşygynda mesihçiler özüni nädip edepli alyp barmaly?
Bizi köplenç goňşularymyz synaýarlar. Olar käwagt biz hakda öz pikirlerini aýdyp, hatda biziň özümizi alyp barşymyza gaharlanýarlar (1 Kor. 4:9-y deňeşdir). Olaryň, biz, Ýehowanyň Güwäçileri hakda gowy pikirde bolmagyny hem-de gahar etmezligini isleýäris (1 Pet. 2:12). Bu ýygnagyň kitap öwrenilýän duşuşygyna degişlidir. Şol duşuşyklaryň köpüsi hususy jaýlarda geçirilýär, şol sebäpli her bir zatda özümizi edepli alyp barmaly. Maşyn goýmaga ýer az bolsa, goňşularyň gahary gelmez ýaly, beýlekiler bilen gepleşip, bir maşynda gelsek gowy bolardy. Adamlarda nägilelik ýa oňaýsyzlyk döretmezlik üçin, biz maşynymyzy päsgel bermez ýaly goýup, goňşulara bolan söýgimizi görkezeris.
Biz birek-biregi görüp örän begenýäris. Şol sebäpli duşuşykdan öň ýa-da soň köplenç gaty sesli gürleşip başlaýarys (Mika 2:12). Edep-ekramly bolup, adamlara sylag-hormat goýsak, onda sesimiziň badyna üns bereris (Mat. 7:12; Gal. 6:10). Şeýle-de çagalarymyzy howluda ylgaşyp ýörmekden we kesekiniň emlägini zaýalamakdan saklasak, mesihçilere mahsus söýgüni bildireris (Sül. tym. 29:15; 1 Kor. 13:4, 5). Kitap öwrenilýän duşuşygy geçirilýän öýde hem özümizi şeýle edepli alyp barmaly. Kimdir biri özüni edepsiz alyp barsa, onda ýaşulular haýal etmän ýumşaklyk bilen, ýöne açyk maslahat bermeli. Ýogsam, goňşular arz-şikaýat etse, myhmansöýerlik bilen duşuşyk üçin jaýyny beren öý eýesini agyr ýagdaýa salarys we duşuşyga gelýänler oňaýsyz ýagdaýa düşer.