Wagyzda gowy endikler Hudaýy şöhratlandyrýar
1 Pawlus resul korintoslylara: «Biz gullugymyz käýinje sezewar bolmaz ýaly, hiç zatda biriniň büdremegine sebäp bolmalyň» diýdi (2 Kor. 6:3). Şeýle-de ol filipililere: «Hoş Habara mynasyp bolmagy» maslahat berdi (Flp. 1:27). Bu Hudaý tarapyndan berlen maslahat mesihçilere gowy endik edinmegiň wajypdygyny görkezýär. Siziň endikleriňiz Hudaýy şöhratlandyrýarmy?
2 Endik näme? Bu biziň ýagdaýymyzy, adamlar bilen gatnaşygymyzy we özümizi ýerlikli alyp barşymyzy aňladýar. Gowy endik edepli, ünsli, mähirli, sypaýçylykly bolmak bilen bagly. Käbir adamlara garanyňda, mesihçiler edepli bolmagy wajyp hasaplaýarlar. Biz mesihçi hökmünde gowy endiklerimiz bolmasa, köp gazanan zatlarymyzyň biderek boljakdygyna düşünýäris.
ÖÝDEN-ÖÝE WAGYZ EDENIMIZDE
3Siz öýden-öýe wagyz edeniňizde mesihçiler ýaly özüňizi mynasyp alyp barýarmysyňyz? Siziň daş keşbiňiz we özüňizi alyp barşyňyz wagyz edýän habaryňyzyň hakykatdygyny görkezýärmi? Elbetde, biz çagalarymyzy wagza äkitmegi isleýäris, ýöne olar özlerini mynasyp alyp barýarmy? Wagyzçy wagyz edip durka, olar oýnaman, ünsli diňleýärmi? Eger çagalar gulak asmaýan bolsa ýa-da özüni alyp barşy bilen gyzyklanýan adamyň ünsüni bölse, ol wagyzçynyň aýdýan sözlerine doly düşünermi? Gowy terbiýelenen çagalar Ýehowanyň, ata-enesiniň we ýygnagyň abraýyny artdyrýar. Iki ýaş dogan bir aýala wagyz edenlerinden soň, ol: «Şeýle arassa geýnen ýaş oglanlar bilen... gepleşmek maňa örän ýarady. Men ýaşlaryň olaryň göreldesine eýermegini isleýärin» diýdi. Görşümiz ýaly aýala doganlaryň daş görnüşi we gowy endikleri gowy täsir galdyran bolmaly.
4 Gepleşenimizde gowy endiklerimizi nädip görkezmeli? Petrus resul «ýumşaklyk, saýhallyk bilen» gepleşmeli diýdi (1 Pet. 3:16). Bu örän wajyp, esasanam, paýhassyz adam bilen gepleşenimizde ýumşak bolmaly. Eger biz çürt-kesik, gödek we buýruk äheňde gepleşsek, endigimiz Hudaýy şöhratlandyrarmy? Gowy endik sypaýy we mylakatly bolmagy talap edýär. Eger adam edebiýaty almak ýa-da habarymyzy eşitmek islemese, çendenaşa tutanýerli bolmaly däl. Şeýle-de biz gowy diňleýji bolmaly, sebäbi bu mesihçilere degişli endik. Söhbetdeşimiz gürrüň berende, biz ünsli diňlemeli. Şeýtmek bilen, ony sylaýandygymyzy görkezýäris. Onuň nämeler barada pikir edýändigini bilsek, oňa gowy kömek edip bileris (Sül. tym. 18:13).
5 Topar bilen meýdançada wagyz edenimizde, gowy endigimiz boýunça kiçi ýolda ýa-da jaýyň öňünde uly topar bolup üýşmeris. Ötegçilere päsgel bermeris. Köçede wagyz edenimizde hem bu barada unutmarys.
IKILENÇ IDEGDE WE MUKADDES ÝAZGYLAR OKUWYNDA
6 Adamlaryň öýünde mesihçilere ýaraşýan endik boýunça, myhman hökmünde özümizi gowy alyp bararys, myhmansöýerlige minnetdarlygymyzy bildireris we edepli bolarys. Mukaddes Ýazlgylar okuwyny alyp baranymyzda ýa-da ikilenç ideg edenimizde, adamyň wagtyny göz öňünde tutup, öz wagtynda gelip gideris. Wagyzçy çagasyny alyp baranda, öý eýesine we onuň emlägine hormat goýmaly. Biz kimdir biriniň büdremegine ýa-da bahana gözlemegine sebäp bolmak islemeýäris (2 Kor. 6:3).
7 Wagyzda gowy endikler Ýehowany şöhratlandyrar. Mundan beýlägem ählimiz özümizi «Hoş Habara mynasyp» alyp baralyň (Flp. 1:27).