Sowally bukja
◼ Ýygnak duşuşyklary peýdaly bolar ýaly näme edip bileris?
Käbirleriň pikirine görä, ýygnak duşuşyklarynyň gowy geçirilmegine diňe ýaşulular we gulluk kömekçileri jogapkär, çünki duşuşyklary olar alyp baryp, onuň köp punktlarynda çykyş edýärler. Aslynda, duşuşyklaryň peýdaly we gyzykly bolmagyna biziň ählimiz ýardam edip bileris. Biz şu aşakdaky on maslahata eýersek, ýygnak duşuşyklarynyň has hem täsirli geçirilmegine kömek edip bileris.
Öňünden taýýarlan. Eger biz gowy taýýarlansak, duşuşyklar gyzykly geçer. Eger-de ählimiz taýýarlansak, onda duşuşyklar has joşgunly bolup, köp peýda getirer. Yzygiderli gatnaş. Duşuşyklara yzygider gatnaşsak, her kesi ruhlandyryp, ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmagyň wajypdygyna düşünmäge kömek edýär. Wagtynda gel. Eger biz ýygnak başlanmazyndan öňürti ýerimizde otursak, onda dogan-uýalar bilen bilelikde ilkinji aýdymy aýdyp, doga goşulyp, duşuşykdan uly peýda alyp bileris. Gerekli zatlary getir. Eger biz ýanymyz bilen duşuşyk üçin gerek bolan Mukaddes Ýazgylary we edebiýatlary getirsek, onda programma ünsli bolup, ara alyp maslahatlaşylýan materialy gowy özleşdirip bileris. Ünsüňi başga zatlara sowma. Eger biz öňki hatarlarda otursak, ünsli diňläp bileris. Pyşyrdy we hajathana tiz-tizden gatnamaklyk, bizi-de, başgalary-da ünsden sowmagy mümkin. Jogap ber. Ýygnak duşuşygynda näçe köp el galdyrylyp, jogap berilse, şonça-da dogan-uýalar ruhlanar we imanlary berkär. Gysgaça jogap ber. Bu köplere gatnaşmaga mümkinçilik döredýär. Öwrenilýän materiala görä gysgaça jogap bermeli. Ýumuşlara taýýarlan. Teokratik gulluk mekdebine ýa-da gulluk duşuşygyna gatnaşanyňda, oňa gowy taýýarlan, berlen ýumşy öňünden oňat repetisiýa geçir, mümkin boldugyndan çykyşyňy goýmajak bol. Çykyş edýänleri öw. Başgalara edýän tagallalarynyň gymmat saýylýandygyny aýt. Bu olary ruhlandyrar we indikide ondan hem has gowy taýýarlanmaga höweslendirer. Bir-biriňizi ruhlandyryň. Ýygnak duşuşygyndan öň we soň aýdylýan mähirli sözler, abatlaýjy gürrüňler ýygnak duşuşygyndan has köp şatlyk hem-de peýda almaga bize kömek eder.