Sen kömek gerek ýerde gulluk etmäge taýynmyň?
1 Sen wagyzçylaryň az ýerine göçmek barada oýlanyp gördüňmi? Eger senden kömek etmek üçin göçmegi haýyş etseler, Pawlus resul ýaly seslenermidiň? (Res. iş. 16:9, 10). Köp ýygnaklarda ruhy taýdan berk maşgalalaryň azlygy sebäpli, şol ýerde wagyz etmek üçin pionerleriň kömegi gerek, şeýle hem ýaşulular we gulluk hyzmatçylary gerek. Biziň territoriýamyzdaky uly şäherlerde-de şeýle zerurlyk bar. Käbir ýygnaklaryň territoriýasynda biri-birinden uzakda ýerleşýän kiçeňräk şäherler we obalar bar. Golaýdaky Patyşalyk zaly has daşda bolmagy ahmal. Iş tapmak hem aňsat däl. Howa-da hemişe gowy bolup duranok. Şeýle kynçylyklara garamazdan, sen göçmäge taýynmyň? Täze ýerde sen nädip bereket alyp bilersiň?
2 Ýehowa bil baglamaly we ynam etmeli. Ybraýym Hudaýyň tabşyrygyna gulak asyp, doglan Ur şäherini goýdy-da, aýaly, ýegeni we garry atasy Terah bilen 1 000 kilometr daşda ýerleşýän Harana ugrady (Bar. 11:31, 32; Neh. 9:7). Terah aradan çykansoň, Ýehowa 75 ýaşly Ybraýyma Harany we garyndaşlaryny goýup, görkezjek ýurduna gitmegi buýurdy. Ybraýym, Sarra we Lut Hudaýa gulak asyp gitdiler (Bar. 12:1, 4, 5). Elbetde, Ybraýym kimdir birine kömek etmek üçin göçmedi. Ýöne Ybraýyma şeýle janaýamaz bolmaga näme kömek etdikä?
3 Sebäbi Ybraýym Ýehowa ynam edýärdi we bil baglaýardy. Ol pikir-düşünjesini we ýaşaýşyny hem üýtgetmeli boldy. Kömek etjek garyndaşlaryny hem goýup gaýtdy. Ýöne Ybraýym Ýehowanyň özüne we maşgalasyna kömek etjekdigine ynanýardy. Şu günler hem doganlaryň we uýalaryň köpüsi Ýehowa ynam edýärler.
4 Gysga wagtlaýyn bellenmek. Sen hiç bir ýygnaga bellenilmedik ýerde wagyz edip, bol bereket alyp gördüňmi? Geçen ýyl Orsýetde 600-e golaý topar hiç bir ýygnaga bellenilmedik ýere gitdiler. Bir ýylyň dowamynda şeýle wagyz gullugyna 4 177 wagyzçy gatnaşdy. Wagyz etmeli ýerine barmak üçin käbir wagyzçylar uzak ýol geçdiler. Olaryň azaby ýerine düşdümikä?
5 Köp wagyzçylar minnetdarlyk bildirip, hat ýazdylar. Ine olaryň käbiri: «Wagyz etmek üçin bize 250-ä golaý jaý berdiler. Territoriýa uly bolmanlygy sebäpli, biz onda pugta wagyz etdik. [...] Bizi dostlary kimin ugratdylar hem-de ýene-de gelmegimizi haýyş etdiler. Hatda olaryň käbiri aglady. Biziň ýaşan köçämizdäki adamlaryň ählisi diýen ýaly bizi ugratmaga çykdylar. Biz ruhlandyk we örän şatlandyk, şeýle hem köp täze dost edindik». Bir uýa şeýle ýazdy: «Wagyz wagty adamlaryň köpüsi hat alyşmaga isleg bildirdiler. Biz 77 sany Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başladyk, indi ony hat üsti bilen dowam ederis. [...] Meniň üçin şu iki hepde has uzaga çekdi. Bu bir gymmatly wagtdy, sebäbi men Ýehowa öňküden-de köp bil baglamagy öwrendim we onuň kömek edişini hem-de dogalara jogap berşini duýdum». Wagyzçylaryň köpüsi kömek gerek ýere gysga wagtlaýyn bolsa-da göçüp, Hudaýa gulluk etmegiň gadyryny has-da köp bildiler. Hiç bir ýygnaga bellenilmedik ýere gidenlerden sorap gör. Olar ruhy taýdan berkändigini, mümkinçilik bolsa, daş ýerlere ýene-de wagyz etmäge gitjekdigini aýdarlar.
6 Onsoňam, eger sen wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde wagtlaýynça wagyz etmek isleseň, onda saňa uzak wagtlyk göçmek üçin «harjy hasaplamak» aňsat bolar (Luka 14:28).
7 Ýehowanyň islegine görä, dünýäniň soňy gelýänçe hoş habar «dünýäniň ähli ýerinde» wagyz edilmeli (Mat. 24:14). Şonuň üçin ýagdaýyňa görä, ýaşaýan ýeriňden kömek gerek ýere göçmäge taýynmyň? Häzir köp ýerlerde kömek gerek.
8 Kömek gerek ýere göçüp biljekmi? Sen pensiýadamyň? Seniň yzygiderli girdejiň barmy? Sen hyzmat ediş işlerinde işläp biljekmi? Kompýuterde işläp biljekmi? Dellek, aýakgap ussasy, köçe süpüriji bolup işläp biljekmi? Maşgalaň bilen täze ýere göçmek barada oýlanyp gördüňmi? Eger özüň göçüp bilmeseň-de, maşgalaňdan biri daş ýerde wagyz etmek islese, kömek edip bilermiň?
9 Eger sen doga edip, göçmeli diýen karara gelen bolsaň, onda maşgalaň hem-de ýaşulylar bilen hem maslahatlaş. Soňra hat ýazyp, ýaşulylara ber, olar ony ibermezinden öň hödürnama goşarlar (od-U s. 111—112; km-U 9/00 s. 4).
10 Hatda näme görkezmeli? Ýaşyňy, suwda çokundyrylan wagtyňy, ýygnakdaky borjuňy we maşgala ýagdaýyňy. Şeýle hem kämillik ýaşyna ýetmedik çagaň bar bolsa, şony hem ýazmaly. Öz ýagdaýyňa görä, nirede wagyz edesiň gelýän ýerleri görkez. Mysal üçin, sen howa ýagdaýy üýtgäp durýan ýerde ýaşap biljekmi? Sen gaty yssa çydap biljekmi? Başga şäherde ýaşamaga öwrenişip biljekmi? Sen türkmen dilinden başga-da dil bilýärmiň?
11 Sen yhlasly wagyzçymyň? Seniň göçmäge ýagdaýyň barmy? Onda aýgytly bol, şonda sen Ýehowanyň kim oňa ynam etse we janaýamazlyk etse, hemişe bol bereket berýändigini görersiň! (Zeb. 33:9; Mal. 3:10).