HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR
«Ynha men, iber meni!»
Biz Işaýa pygamberiň yhlasly gullugyndan görelde almaly. Ol käbir zatlara düşünmese-de, kömek gerek ýere gitmäge derrew seslenip, iman edýändigini görkezdi (Iş 6:8). Siz wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk etmek üçin käbir özgerişlikleri edip bilersiňizmi? (Zeb. 110:3). Elbetde, bir ýere göçmek üçin «çykdajylary hasaplamaly» bolar (Lk 14:27, 28). Ýöne wagyz etmek üçin käbir zatlardan geçmäge-de taýyn bolmaly (Mt 8:20; Mr 10:28—30). «Kömek gerek ýere göçüň» diýen wideodan görnüşi ýaly, Ýehowa gulluk etmek üçin geçen zatlarymyzdan alýan bereketlerimiz has-da köpdür.
WIDEONY GÖRENIŇIZDEN SOŇ, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
Ekwadorda gulluk etmek üçin Wilýamslaryň maşgalasynyň her biri nämelerden geçdiler?
Olar gulluk etjek ýerini saýlanda nämeleri göz öňünde tutdular?
Olar nähili bereketleri aldylar?
Siz kömek gerek ýerde gulluk etmek üçin köpräk maglumaty nireden tapyp bilersiňiz?
MAŞGALA OKUWYNDA ŞU SORAGLARA SEREDIŇ:
Biz maşgalamyz bilen nädip köpräk gulluk edip bileris? (km 8/11 sah. 4—6)
Kömek gerek ýerde gulluk edip bilmesek-de, öz ýygnagymyza nädip kömek edip bileris? (w16.03 sah. 23—25)