Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 12/05 sah. 1
  • Ýaşaýşa eltýän bilim

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýaşaýşa eltýän bilim
  • Hudaýa gullugymyz — 2005
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowanyň Şaýatlary bilime nähili seredýärler?
    Ýehowanyň Şaýatlary barada köplenç berilýän soraglar
  • Hudaý gymmatly bilim berýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Ýehowanyň «gullary» bolmak
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
Hudaýa gullugymyz — 2005
km 12/05 sah. 1

Ýaşaýşa eltýän bilim

1 Adamlar Hudaýyň Sözündäki hakykata düşünip ugranda, olaryň gözünde şatlyk görmek nähili ýakymly! Dogrudanam, adamlara Hudaý we onuň niýeti barada bilim bermek bizi-de ruhlandyrýar. Şeýle bilim adamy ebedi ýaşaýşa eltýär (Ýahýa 17:3).

2 Bu bilim näme üçin deňsiz-taýsyz? Biziň günlerimizde islendik ugur boýunça her hili bilim alyp bolýar (Wag. 12:12). Emma şeýle bilimi «Hudaýyň uly işleri» baradaky bilimiň gymmaty bilen deňäp bolmaz (Res. iş. 2:11). Dünýäde Ýaradyja ýakynlaşdyrýan we onuň niýeti bilen tanyşdyrýan bilim barmyka? Dünýewi bilimler adam ölenden soň, oňa näme bolýandygyna we näme üçin horluklaryň şeýle köpdügini düşündirýärmi? Adamlara umyt berýärmikä? Maşgala durmuşyny gowulandyrmaga kömek edýärmikä? Ýok. Diňe Hudaýyň bilimi durmuşdaky iň wajyp soraglara jogap berýär.

3 Hudaýyň berýän bilimi häzirki dünýäde ýetmezçilik edýän zady, ýagny ahlak taýdan arassa bolmagy öwredýär. Hudaýyň Sözüniň taglymatlaryny kabul edýän we oňa eýerýän adamlar ýüregindäki jynsparazlygy, tire-taýpa duşmançylygy we milletparazlygy sogrup aýrar (Ýew. 4:12). Hudaýyň bilimi erbet häsiýetleri taşlap, «täzelenen täze ýaradylyşy geýinmäge» höweslendirýär (Kol. 3:9—11; Mika 4:1—3). Galyberse-de, bu bilim millionlarça adamlaryň süňňüne ornaşan, Hudaýa ýaramaýan erbet endikleri we häsiýetleri düzetmäge güýç berýär (1 Kor. 6:9—11).

4 Näme üçin gaýragoýulmasyz? Beýik Mugallymymyz häzir biziň ähmiýetli döwürde ýaşaýandygymyzy duýdurýar. Onuň öňden aýdan hökümleri bütin ýer ýüzüne yglan edilmeli döwrebap habardyr (Ylh. 14:6, 7). Isa Mesih häzir gökde höküm sürýär, ýalan diniň dünýä şalygy tizden ýok ediler, Hudaýyň Patyşalygy ýerdäki ähli hökümetleriň soňuna çykar (Dan. 2:44; Ylh. 11:15; 17:16). Şonuň üçin adamlar Hudaýyň häzirki höküm sürýän Patyşasyna tabyn bolup, Beýik Babyldan çykmaly we Ýehowanyň adyny iman bilen çagyrmaly (Zeb. 2:11, 12; Rim. 10:13; Ylh. 18:4). Ýaşaýşa eltýän bilim barada adamlara gürrüň bermek üçin elimizden gelenini edeliň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş