Mylakatly bolup, ýürekden gyzyklanýandygyňy görkez
1 «Reb mähriban» (Zeb. 145:8). Ol älemiň hökümdary bolsa-da, bikämil adamlaryň ýagdaýyna düşünip, özüni mylakatly we sypaýy alyp barýar (Bar. 13:14; 19:18—21, 29). Biz mähirli Hudaýymyzdan görelde alyp, hoş habary wagyz edişimizi gowulaşdyryp bileris (Kol. 4:6). Bu biziň ýöne bir sözümizde sypaýy we hormatly bolmagymyzy aňlatmaýar.
2 Öýden-öýe. Eger biziň gelen wagtymyz öý eýesi üçin biwagt bolsa ýa-da biziň bilen gürrüňdeş bolmaga wagty bolmasa näme etmeli? Biz onuň ýagdaýyna düşünip, juda gysgaça gürrüň bersek ýa-da başga bir gün gürrüňdeş bolmagy teklip etsek, gowy bolardy. Eger adamlar biziň edebiýatymyzy almak islemese, onda biz sypaýy bolup, olara mejbur etmekden saklanmaly. Adamlara hormat goýsak, olaryň gapysyny ýa-da derwezesini ýapmagy-da unutmarys, şeýle etmegi çagalarymyza-da öwrederis. Öý eýesi öýünde bolmasa bir edebiýat galdyrsak, ony geçene görner ýaly etmeris. Hawa, mylakatly bolsak, özümize näme edilmegini islesek, başgalara-da şeýle ederis (Luka 6:31).
3 Köçede. Köçede wagyz edenimizde, salykatly bolup, pyýada ýolagçylaryň ýolunda böwet bolmarys we söwda merkezleriniň öňünde üýşüp durmarys. Biz adamlaryň ýagdaýyna düşünip, howlukmaç barýan adamlary saklaman, kimiň biraz wagty bar bolsa, şolara wagyz ederis. Käte biz köçedäki goh sebäpli sözümiz eşidiler ýaly, gatyrak gürlemeli-de bolmagymyz mümkin. Emma şonda-da biz başgalaryň ünsüni özümize çekmez ýaly, hormatly äheňde gürlemeli (Mat. 12:19).
4 Telefonda. Başgalara hormat goýsak, telefonda wagyz edenimizde goh-galmagalyň ýok ýerinde ederis. Eger biz dessine özümizi tanadyp, jaň etmegimiziň sebäbini düşündirsek, sypaýydygymyz görner. Telefonuň trubkasyna ýakyn we ýakymly ses bilen gürleşsek, adamlar Mukaddes Ýazgylar barada gürrüňe başlamaga razy bolar (1 Kor. 14:8, 9). Biz her bir zatda sypaýy we mylakatly bolup, adamlaryň ýagdaýyna düşünsek, mähirli Hudaýymyz Ýehowanyň göreldesine eýereris.