Wagyz etmek üçin girişler
«Nähili pikir edýärsiňiz, biziň kynçylyklarymyza garamazdan, bagtly ýaşap bolarmyka? [Jogabyna garaş]. Mukaddes Ýazgylarda durmuşdaky kynçylyklary üstünlikli çözmek üçin ygtybarly görkezme bar. Şeýle-de ol kitapda berk umydyň berýän güýji barada aýdylýar». (Ylham 21:3, 4-nji aýatlary oka).
«Häzir dünýä betbagtçylykdan doly welin, köp adamlar: «Näme üçin durmuş kynçylykdan doly? Eger Hudaý bar bolsa, onda näme üçin horluklaryň soňuna çykmak üçin hiç zat etmeýärkä?» diýip soraýar. Siz şu soraglar bilen gyzyklanypmydyňyz? [Jogabyna garaş]. Bu soraglaryň jogabyny Mukaddes Ýazgylardan tapyp bolar». 2 Timoteos 3:16, 17 oka.
Şu günler köp är-aýallar agyr kynçylyklara sezewar bolýarlar. Siziň pikiriňizçe, olara Hudaýyň maslahaty kömek edip bilermikä? Siz Mukaddes Ýazgylardan nikada bagtly bolmaga kömek edýän we durmuşda barlanyp görlen prinsipleri taparsyňyz». [Efesliler 4:32 oka we jogabyna garaş].