Adamlara Ýehowanyň deňsiz-taýsyz häsiýetlerini bilmäge we minnetdar bolmaga kömek et
1 Biz wagyzda adamlara diňe bir Mukaddes Ýazgylaryň esasy taglymatlaryny öwretmeýäris. Biz Ýehowany şahsyýet hökmünde tanamaga we onuň deňsiz-taýsyz häsiýetleriniň gadyr-gymmatyny bilmäge kömek edýäris. Haçan-da akýürekli adam Hudaý barada bilim alanda, oňa güýçli täsir edýär. Şonuň üçin ol «Rebbe mynasyp ýagdaýda gezip, Ony her babatda hoşnut etmek» üçin öz durmuşyny üýtgedip başlaýar (Kol. 1:9, 10; 3:9, 10).
2 Öwrenmek üçin täze edebiýat. «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär» atly kitap ilkibaşdan Ýehowanyň häsiýetlerine ünsüňi çekýär. Kitabyň birinji baby şeýle soraglara jogap berýär: Hudaý seniň aladaňy edýärmi? Hudaý nähilikä? Hudaýa ýakynlaşyp bolýarmy? Şeýle-de bu bapda Ýehowanyň mukaddesligi (abz. 10), adalatlylygy we gamhorlugy (abz. 11), söýgüsi (abz. 13), güýji (abz. 16), onuň rehimdarlygy, mähribanlygy, geçirimliligi, sabyrlygy hem-de ynamdarlygy barada aýdylýar (abz. 19). 20-nji abzas şeýle sözler bilen tamamlanýar: «Ýehowa barada bildigiňçe, onuň bardygyna göz ýetirersiň, oňa bolan söýgiň artar hem-de ýakynlaşasyň geler».
3 «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär» diýen kitap arkaly Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adama biz nädip Ýehowa ýakynlaşmaga kömek edip bileris? Ol adam bilen Hudaýyň häsiýetleriniň biri barada gürrüň edip, oňa şeýle sorag berip bolar: «Şahsyýet hökmünde Ýehowa barada näme bildiňiz?» ýa-da «Bu Hudaýyň sizi söýýändigini nädip görkezýär?» Okuw wagty şeýle soraglary berip, biz öwrenýän adama bilýän zatlary barada oýlanmaga kömek edýäris we Ýehowanyň deňsiz-taýsyz häsiýetlerine onuň söýgüsini ösdürýäris.
4 Gaýtalamak üçin çarçuwa. Her baby ara alyp maslahatlaşanyňyzdan soň, öwrenýän adama «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen çarçuwanyň her bir parçasy babatda öz pikirini aýtmagyny haýyş et. Mukaddes Ýazgylardan getirilen aýatlara üns ber. Öwrenýän adamyň ýüregine täsir etmek üçin, «Bu babatda Mukaddes Ýazgylarda aýdylýan zatlara nähili garaýaňyz?» diýip, wagtal-wagtal sorap dursaň gowy bolar. Şeýle soraglar babyň esasy pikirlerini diňe bir nygtap geçmäge däl-de, öwrenýän adamyň ynamynyň nähilidigini bilmäge-de kömek edýär. Şeýle usullar arkaly Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adam Ýehowa ýakynlaşyp başlar.