«Mübärek Hudaýymyz» Ýehowadan görelde al
1 Ýehowa adamlaryň bagtly bolmagyny ýürekden isleýär. Onuň Sözi bize gelejekde garaşýan ajaýyp patalary göz öňüne getirmäge kömek edýär (Iş. 65:21—25). Adamlar biziň «mübärek Hudaýyň... şöhratly Hoş Habaryny» gürrüň berip, şatlyk tapýandygymyzy görmeli. (1 Tim. 1:11). Patyşalyk baradaky habary wagyz edenimizde, biziň hakykata bolan söýgimiz we gürrüňdeş bolýan adamlarymyz bilen ýürekden gyzyklanýandygymyz görünmeli (Rim. 1:14—16).
2 Dogry, käwagt şatlykly ýagdaýyňy saklamak kyn düşýär. Käbir ýerlerde hoş habara juda az adam seslenýär. Biziň öz durmuşymyzda-da kyn günler bolýar. Şatlygyňy ýitirmezlik üçin, ýaşaýan ýerimizdäki adamlaryň hoş habara näçeräk mätäçdigi barada oýlanmak gerek. (Rim. 10:13, 14, 17). Şeýle etsek, rehimli Ýehowanyň adamlary halas etmek üçin näme edenini mundan beýlägem şatlyk bilen gürrüň bereris.
3 Gowy zatlara üns ber. Biz aýdýan zatlarymyza-da üns bermeli. Hatda gürrüňimiziň başynda adamlary biynjalyk edýän bir kynçylygy ýa-da täzeligi belläp geçsek-de, erbet zatlar barada gaýtalap durmaly däl. Biziň işimiz — «ýagşy zatlaryň hoş habaryny» wagyz etmek (Iş. 52:7; Rim. 10: 15). Hoş habarda bagtly gelejek baradaky Hudaýyň wadasy bar (2 Pet. 3: 13). Şuny ýatda saklap, Mukaddes Ýazgylary «ýüregi synyklara şypa berer» ýaly ulan (Iş. 61: 1, 2). Bu biziň her birimize öz şatlygymyzy we gowy garaýşymyzy saklamaga kömek eder.
4 Wagyzda adamlar biziň şatlygymyza hökman üns berer. Şonuň üçin ýaşaýan ýeriňdäki adamlara Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edeniňde, hemişe «mübärek Hudaýymyz» Ýehowanyň häsiýetlerini görkezmäge çalyş.