Gulluk duşuşygynyň tertibi
Gorkut aýynyň 10-ynda başlanýan hepde
Aýdym 2 (15).
10min: Ýerli bildirişler. 4-nji sahypadaky ýa-da siziň territoriýaňyz üçin ýerlikli bolan wagyz etmegiň başga usullary arkaly 2 sany sahna taýýarla. Olaryň birinde «men musulman» diýip, wagyzda sözümizi bölenlerinde nähili jogap bermelidigini görkez. («Mukaddes Ýazgylar hakda gürrüňe başlamak we dowam etmek» diýen broşýura seret).
15 min: Ýygnak nädip tertipleşdirildi we oňa nädip ýolbaşçylyk edilýär. «Ýehowanyň islegini guramaçylykly ýerine ýetirýäris» diýen kitabyň 4-nji babyna esaslanan çykyş we diňleýjiler bilen söhbet.
20 min: «Adamlara Ýehowanyň deňsiz-taýsyz häsiýetlerini bilmäge we minnetdar bolmaga kömek et»a. Sahna-da taýýarla. Wagyzçy Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adama, «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitabyň 1-nji babynyň ahyryndaky çarçuwada gaýtalamak üçin ýazylan sözleriň üstünde oýlanmaga, sorag arkaly kömek edýär.
Aýdym 26 (212) we jemleýji doga.
Gorkut aýynyň 17-sinde başlanýan hepde.
Aýdym 17 (187).
10 min: Ýerli bildirişler. «Hudaýa gullugymyzdaky» bildirişler. 2000-nji ýylyň Alp Arslan aýynyň 15-ine çykan «Garawul diňi» (rus.) žurnalynyň 32-nji sahypasyna gysgaça seredip geç. Mukaddes Ýazgylary her gün okamaklygyň hatda dynç güni ýa-da gün tertibiň bozulan wagty-da getirýän peýdasyna üns ber.
15 min: Söýgi we kiçigöwünlik— wagyz etmek üçin wajyp häsiýetler. 2002-nji ýylyň Alp Arslan aýynyň 15-ine çykan «Garawul diňi» (rus.) žurnalynyň 18—20-nji sahypalaryndaky makala esaslanan çykyş, 13—20-nji abz. ser.
20 min: «Mübärek Hudaýymyz» Ýehowadan görelde al»b. Diňleýjileriň wagyz edýän ýerlerinde şatlygy we dogry garaýşy saklamaga näme kömek edýändigini sora.
Aýdym 16 (143) we jemleýji doga.
Gorkut aýynyň 24-inde başanýan hepde
Aýdym 15 (127)
15 min: Ýerli bildirişler. 4-nji sahypadaky ýa-da siziň territoriýaňyz üçin ýerlikli bolan wagyz etmegiň başga usullary arkaly 2 sany sahna taýýarla. Her sahnadan soň, adamy gyzyklandyrmak üçin aýdylan giriş sözlerini gaýtala.
10 min: «Olar wepalylygyň göreldesini görkezýär». Çykyş. Biziň edebiýatlarymyzdaky ýörite pionerleriň durmuşyndan birnäçe mysal getir ýa-da siziň ýygnagyňyzdaky ýörite pionerlerden interwýu al. («Garawul diňiniň edebiýatlarynyň indeksi», «Ýörite pionerler» diýen sözbaşa ser.)
20 min: Elmydam berk, durnukly boluň. (1 Kor. 15:58). Ýehowa köp ýyllaryň dowamynda wepaly gulluk edýän iki-üç wagyzçydan ýa-da pionerlerden interwýu al. Olar hakykata nädip geldiler? Olar ýaňy wagyzçy bolanlarynda wagyz işleri nähili alnyp barylýardy? Nähili kynçylyklary başdan geçirdiler? Ýehowa berk, durnukly gulluk edip, olar nähili bereketleri aldylar?
Aýdym 9 (37) we jemleýji doga.
Gorkut aýynyň 31-inde başlanýan hepde.
Aýdym 4 (43).
10 min: Ýerli bildirişler. Wagyzçylara Gorkut aýynyň wagyz gullugy baradaky hasabaty tabşyrmagy ýatlat.
15 min: Ýerli zerurlyklar.
20 min: «Hudaýa ýaramly endikler bol bereket berýär»c. Diňleýjilerden sora: ruhy işleriň gowy gün tertibini ýola goýmak üçin we ony ýerine ýetirmek üçin näme etdiler? Ol nähili bereketler getirdi?
Aýdym 22 (130) we jemleýji doga.
Alp Arslan aýynyň 7-sinden başlanýan hepde
Aýdym 12 (113).
10 min: Ýerli bildirişler. «Hudaýa gullugymyzdaky» wagyz üçin girişleri nädip ýaşaýjylaryň ýagdaýyna gabat getirmelidigi barada gysgaça gürrüň ber. (2005-nji ýylyň Türkmenbaşy aýyndaky «Hudaýa gullugymyz» rus. 8 sah. ser.)
15 min: Söýgä we oňat işlere höweslendirýän duşuşyklar. 2002-nji ýylyň Nowruz aýynyň 15-ine çykan «Garawul diňi» (rus.) žurnalyna esaslanan doklad, 24, 25 sah. Wagyzçydan kiçijik interwýu al. Ol ýygnaklara yzygiderli gatnaşmak üçin nähili tagallalar edýär we onuň tagallalary nähili netije getirýär?
20 min: Ugurtapyjy we uýgun wagyzçy bol. 2005-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 1-inde çykan «Garawul diňi» žurnalynyň 2-nji makalasyna esaslanan doklad we diňleýjiler bilen söhbet. 6—11-nji abzaslara seredeniňde wagyz etmek we şägirt taýýarlamak işinde Pawlusyň synçyl, ugurtapyjy hem-de uýgun bolandygyna üns ber. Soňra diňleýjilere 12—14-nji abzasdaky soraglary ber we temany ýerli ýagdaýlar üçin ulan. Sahna hem taýýarla. Sahnada wagyzçylar ýaşaýan ýerlerindäki adamlaryň aslyny, ýagdaýlaryny we zerurlyklaryny göz öňünde tutup, wagyz edişlerini üýtgedýärler.
Aýdym 24 (185) we jemleýji doga.
[Çykgytlar]
a Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýt-da, sorag-jogap görnüşinde geçir.
b Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýt-da, sorag-jogap görnüşinde geçir.
c Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýt-da, sorag-jogap görnüşinde geçir.