Hudaýa ýaramly endikler bol bereket berýär
1. Ruhy işlerimiziň gün tertibine näme üçin seretmeli?
1 Sen ýaňy mesihçi bolanyňda, Mukaddes Ýazgylary öwrenmek, ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmak, wagyz etmek hem doga etmek ýaly, ruhy işleriň gün tertibini ýola goýmak üçin köp tagalla eden bolsaň gerek. Seniň tagallalaryňy Ýehowa patalany üçin, sen ruhy taýdan ösdüň. Belki, seniň çokundyrylanyňa köp wagt bolandyr. Sen häzir hem başdaky ýaly ruhy işlere gowy üns berýäňmi?
2. Mukaddes Ýazgylary günde okamaklygyň nähili peýdasy bar?
2 Gün tertibiňe täzeden seret. Sen Mukaddes Ýazgylary günde okaýaňmy? Okaýan bolsaň saňa, gör, nähili bol bereketler garaşýar! (Ýeş. 1:8; Zeb. 1:2, 3). Gadymy Ysraýyldaky patyşalaryň her biri Kanundan özlerine göçürip almalydy we ony «ömrüniň her güni» okamalydy. Näme üçin? Şeýdip, patyşa öz ýüreginde kiçigöwünliligi ösdürýärdi we Ýehowanyň tabşyryklaryndan daşlaşmaz ýaly, Ondan gorkmagy öwrenýärdi (Kanun. 17:18—20). Häzirem şeýle. Mukaddes Ýazgylary günde öwrenmegimiz, bu günäli we bozuk dünýäde aýypsyz hem çirksiz galmaga kömek edýär. Mundan başga-da wagyz gullugyna doly taýyn bolmaga kömek edýär (Flp. 2:15; 2 Tim. 3:16).
3. Ýygnak duşuşyklaryna gatnamaklygyň nähili peýdasy bar?
3 Isa endigi boýunça sinagoga gidýärdi. Ol ýerde Mukaddes Ýazgylary öwrenýärdiler (Luka 4:16). Elbetde, bu ony agyr synaglara bäs geler ýaly berkidendir. Häzir ýygnakda berilýän ruhy taglymatlar we «bilelikde teselli tapmagymyz» bize-de güýç berýär (Rim. 1:12). Imandaş doganlar bilen duşuşsak, bu soňky günlerde kynçylyklary ýeňip geçeris (Ýew. 10:24, 25). Sen öňki ýaly ýygnak duşuşyklarynyň hemmesine gatnaýarsyňmy?
4. Biziň her hepdede wagyz etmegimiziň nähili peýdasy bar?
4 Mukaddes Ýazgylarda resullar «her gün ybadathanada we öýden-öýe» hoş habary wagyz edýärdiler diýilýär (Res. iş. 5:42). Belki, biz her gün wagyz edip bilmeris. Ýöne biz her hepdede gullugyň bir görnüşinde bolmagy ýola goýup bilerismi? Munuň bize Hudaýyň Sözüniň ökde mugallymlary bolmaga kömek etjekligi gürrüňsiz. Şeýle-de biz Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty başgalara gürrüň berenimizde gullukdan ruhlanýarys.
5. Ýehowa wagtly-wagtynda doga etmek näme üçin juda wajyp?
5 Daniýel pygamber bütin ömrüne Ýehowa «yzyny üzmän» gulluk edeni sebäpli bol bereket aldy. Meselem, Daniýeliň Ýehowa wagtly-wagtynda doga etmek endigi bardy (Dan. 6:10, 16, 20). Şonuň ýaly bizem wagtly-wagtynda Ýehowa ýürekden doga etsek, ol bize mukaddes ruhuny berer (Luka 11:9—13). Onuň üstesine-de Ýehowa bize ýakynlaşar we onuň bilen ýakyn gatnaşygymyz bolar (Zeb. 25:14; Ýakup 4:8). Gör, nähili uly sylag! Şonuň üçin peýdaly ruhy işlere endik etsek, biz Ýehowadan bol bereketleri alarys.