Saklamaly
Men ganyň fraksiýasy we öz ganym bilen ulanylýan bejergiler hakda nähili karara gelmeli?
Mukaddes Ýazgylar mesihçilere «gandan gaça durmagy» tabşyrýar (Res. iş. 15:20). Şol sebäpli, Ýehowanyň Güwäçileri ganyň özüni we onuň üç esasy komponentini, ýagny eritrositi, leýkositi, trombositi hem-de plazmany özüne guýdurmaýarlar. Şeýle-de olar başga adamlara gan bermeýärler ýa-da özüne guýdurmak üçin ganyny başga bir ýerde saklatmaýarlar (Lew. 17:13, 14; Res. iş. 15:28, 29).
Ganyň fraksiýasy näme we ony ulanmak babatda näme üçin her bir mesihçiniň özi çözmeli?
Ganyň fraksiýasy — ganyň düzümine girýän kijiçik böleklerdir. Ol «fraksionirowaniýe» atly usul bilen bölünip alynýar. Meselem, plazma — ganyň dört esasy komponentiniň biridir. Plazmanyň düzümine şular girýär: suw (91% töweregi); albumin, globulin we fibrinogen ýaly beloklar (7% töweregi); ýokumly maddalar, gormonlar, gazlar, witaminler, madda çalşygynyň önümleri we elektrolitler (1,5% töweregi).
Gandan gaça durmak baradaky tabşyryk, ganyň fraksiýalaryndan gaça durmagy hem aňladýarmy? Bu sowal barada kesgitli jogap ýok. Mukaddes Ýazgylarda ganyň fraksiýalary hakda hiç hili maslahat berilmeýär.a Şeýle bolsa-da, fraksiýalaryň köpüsi donorlyk gandan alynýar. Şoňa görä-de, her bir mesihçi bejergi üçin gandan alynýan maddalary ulanmalymy ýa-da ulanmaly däldigini özi çözmeli.
Bu meselede bir karar gelmek üçin, şu aşakdaky sowallaryň üstünde oýlanyp gör: «Men ganyň ähli fraksiýalaryndan ýüz öwürmek bilen käbir dermanlary hem ulanmaýandygyma düşünýärinmi? Sebäbi käbir dermanlar wirusly ýokanç keselleri we beýleki keselleri bejermek, şeýle-de ganyň lagtalanmagyny çaltlandyrmak, ganyň akmasyny duruzmak üçin ulanylýar. Lukmana ganyň käbir fraksiýalaryndan näme üçin ýüz öwrürýändigimi düşündirip bilerinmi?»
Öz ganyň bilen ulanylýan käbir bejergiler hakda näme üçin her kimiň özi çözmeli?
Mesihçiler özüne ýa başgalara goýbermek üçin gan bermeýärler. Ýöne öz ganyň bilen ulanylýan käbir bejergi we derňewler, Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine gös-göni garşy gelmeýär. Diýmek, her bir adam, öz gany bilen ulanylýan käbir bejergiler hakda aňly-düşünjeli we oýlanyşykly karara gelmeli.
Şeýle karara gelmek üçin özüňe aşakdaky sowallary berip gör: «Ganymyň bir bölegi bedenimden çykyp, mümkin, ganyň akymy wagtlaýynça durzulsa, eýsem, şol gany bedenimiň bir bölegi hasaplap, ony «topraga dökmezlige» ynsabym çatarmy? (Kanun. 12:23, 24). Bejergi wagty meniň ganymyň bir bölegi alnyp, üýtgedilip, soňra ýene-de bedenime guýulsa, meniň Mukaddes Ýazgylar esasynda terbilenen ynsabym ezýet bermezmi? Öz ganyň bilen ulanylýan bejergileriň ählisinden ýüz öwrüp, gemodializ we emeli gan aýlanyş usullaryndan hem ýüz öwürýändigime düşünýärinmi? Belli bir karara gelmänkäm, men şu barada Hudaýa doga edip, dogry ýoly görkezmegini haýyş etdimmi?»b
Men nähili karara gelmeli?
Indiki sahypalarda berilýän iki jedweli gözden geçir. 1-nji jedwelde gandan alynýan käbir fraksiýalar we olaryň medisinada ulanylyşy sanalýar. Şol fraksiýalaryň her biri hakda gelen kararyňy belle. 2-nji jedwelde öz ganyň bilen ulanylýan käbir bejergiler sanalýar. Şol bejergiler babatda gelen kararyňy belläp çyk. Bu jedweller ýuridiki dokument däl, ýöne seniň jedweldäki jogaplaryň «Bejermek üçin görkezmäni» doldurmaga kömek eder.
Bu meseleleri seniň hut özüň çözmeli, başga biri seniň üçin çözmeli däl. Onsoňam, mesihçiniň gelen kararyny hiç kim tankytlap ýazgarmaly däl. Şu mesele boýunça «her kim öz ýüküni özi götermeli» (Gal. 6:4, 5).
[Çykgytlar]
a Bu tema boýunça peýdaly maglumaty «Garawul diňi» žurnalyndan tapyp bilersiňiz (Oguz 15, 2004 ýyl sah. 29—31).
b Bu tema boýunça peýdaly maglumaty «Garawul diňi» žurnalynda (Garaşsyzlyk 15, 2000 ýyl, sah. 30, 31) we «Gansyz bejerişiň görnüşleri. Ylmy-dokumental filmleriň ýygyndysy» atly DVD-de tapyp bilersiňiz.
[5-nji sahypadaky surat]
1-NJI JEDWEL
MESIHÇILERE HER KIMIŇ ÖZI ÇÖZMELI
BOLANOK
ARASSA FRAKSIÝALAR Özüň
GAN çözmeli
PLAZMA ALBUMIN— PLAZMANYŇ 4%-I
Plazmanyň düzümine girýän belok.
Albuminiň käbir görnüşleri
ösümliklerde we azyk
önümlerinde bar. Meselem,
süýtde, ýumurtgada hem-de
ene süýdünde. Käwagtlar
gandan alnan albumin — Albumine razy
şok ýagdaýyndaky ýa-da ýa-da
agyr ýanykly syrkawlaryň — Albumine razy däl
gan möçberini artdyrmak
üçin ulanylýar. Şol
dermanlaryň düzüminde
25%çenli albuminiň
bolmagy mümkin.
Albuminiň örän az
mukdary beýleki
dermanlaryň, şol
sanda eritropoetiniň (EPO)
käbir görnüşleriniň
düzüminde hem bar.
IMMUNOGLOBULIN — PLAZMANYŇ 3%-I
Käbir dermanlaryň düzümine
girýän beloklar wirusly we
beýleki ýokanç keselleri,
meselem, difteriýany, bürme
keselini(stolbnýagy),wirus — Immunoglobuline razy
gepatiti we guduzlamany ýa-da
bejermek üçin ulanylýar. — Immunoglobuline razy däl
Şeýle-de immunoglobulinler
enäniň göwresindäki
düwünçege howp salýan
ýagdaýyň öňüni almak
üçin hem-de ýylan ýa
möý çakanda zähere
garşy serişde
hökmünde ulanylýar.
LAGTA GANYŇ GÖRNÜŞLERI —
PLAZMANYŇ 1%-DEN AZ MUKDARY
Gan akmasyny duruzmak üçin
gana lagtalanmaga kömek edýän
dürli beloklar. Şol beloklaryň — Gandan alnan lagta gana razy
käbirini gany haýal lagtalanýan ýa-da
syrkawlara sançýarlar. — Gandan alnan lagta gana razy däl
Şeýle-de operasiýadan soňra ýarany
bejermek we gan akmany
duruzmak üçin ulanylýan
medisina ýeliminiň
düzümine girýär.
Meselem, kriopresipitat
dermany lagta gandan
durýar. Bellik: Häzir
lagta ganlaryň käbirini
gandan alanoklar.
ERITROSIT GEMOGLOBIN — 33% ERITROSITIŇ DÜZÜMI
Bedende kislorody daşaýan
we kömürturşy gazyny — Gemoglobine razy
öýkene eltýän belok. ýa-da
Adamyň ýa-da haýwanyň — Gemoglobine razy däl
gemoglobininiň esasynda
taýýarlanan dermanlar
ganazlygyň agyr
görnüşlerinde we
köp gan ýitirilende
ulanylýar.
GEMIN — 2% GOLAÝ ERITROSITIŇ DÜZÜMI
Gemoglobinden alynýan ferment-ingibitor. Nesil
yzarlaýan gan keselleriniň
seýrek görnüşleriniň
käbirini (olara porfiriýler — Gemine razy
ýa-da
— Gemine razy däl
diýilýär), ýagny, iýmit
siňdiriş, nerw we gan
aýlanyş sistemlaryna
täsir edýän görnüşlerini
bejermek üçin ulanylýar.
LEÝKOSIT INTERFERON — LEÝKOSITIŇ
DÜZÜMINDÄKI MAÝDA FRAKSIÝALAR
Wirusly ýokanç kesellere we raga
garşy göreşýän beloklar.
Köplenç interferon gandan alynmaýar. —Gandan alynýan interferona razy
Käbirleri bolsa, adamyň ýa-da
leýkositlerinden alynýar. — Gandan alynýan interferona razy däl
TROMBOSIT Häzir medisinada
trombositden alynýan fraksiýalaryň
hiç biri-de ulanylmaýar.
[6-njy sahypadaky surat]
2-NJI JEDWEL
HER KIMIŇ ÖZI ÇÖZMELI
ÖZ GANYŇ BILEN ULANYLÝAN BEJERGILER
*Bellik: Şu bejergileri her lukman her hili ulanýar. Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine we seniň ynsabyňa laýyk gelýändigine göz ýetirmek üçin, lukmandan bejerginiň nämeden ybaratdygyny jikme-jik düşündirmegini haýyş et.
BEJERGINIŇ BEÝANY Seniň
ADY gelen kararyň
(Belki, bejergilere
razylyk bermänkäň,
lukman bilen
gepleşip görersiň.)
REINFUZIÝA Gan ýitirmesini azaldýar.
Operasiýa wagty
ýaradan akýan — Men razy
gan ýa-da beden boşlugyndaky — Razylyk bermegim mümkin*
gan ýygnalýar, arassalanýar — Men razy däl
ýa-da süzülýär, soňra bolsa,
arasy kesilmän, gaýtadan
bedene guýulmagy mümkin.
GEMODILÝUSIÝA Gan ýitirmesini azaldýar.
Operasiýa wagty gan ýörite
gaplara akdyrylýar we ganyň
möçberini artdyrýan dermanlar
bilen çalşyrylýar. Netijede, — Men razy
syrkawyň bedenindäki gan — Razylyk bermegim mümkin*
bilen garylyp, ondaky — Men razy däl
eritrositleriň möçberini
azaldýar. Operasiýa wagty
ýa-da operasiýadan soňra,
bedenden alnan gan
gaýtadan syrkawyň
bedenine guýulýar.
EMELI GAN Gan aýlanyşy dowam etdirýär.
AÝLANYŞ ENJAMY Gan emeli gan aýlanyş
enjamyna akdyrylýar,
kislorod bilen baýlaşdyrylýar, — Men razy
soňra bolsa — Razylyk bermegim mümkin*
syrkawyň bedenine guýulýar. — Men razy däl
GEMODIALIZ Organyň işini ýerine ýetirýär.
(«EMELI BÖWREK») Gemodializ usulynda gan
enjamyň içinden geçip,
süzülýär we arassalanýar, — Men razy
soňra bolsa syrkawyň — Razylyk bermegim mümkin*
bedenine guýulýar.— Men razy däl
EPIDURAL BOŞLUGYNY Oňurga ýiliginiň suwuklygynyň
PLOMBALAMAK akmasyny duruzýar.
Oňurga ýiliginiň daşyndaky
dokuma syrkawyň öz ganynyň
biraz mukdary sanjylýar. — Men razy
Punksiýa alnandan soňra, — Razylyk bermegim mümkin*
oňurga ýiliginiň — Men razy däl
suwuklygynyň akmasyny
duruzmak üçin ulanylýar.
PLAZMAFEREZ Bejergi.
Gan syrkawyň bedeninden çykarylyp,
ondan plazmany aýyrmak üçin süzülýär.
Soňra plazmanyň ýerini tutýan ergin goşulyp,
gan ýene-de syrkawyň bedenine guýulýar. — Men razy
Käbir lukmanlar syrkawyň — Razylyk bermegim mümkin*
plazmasyny başga bir adamyň — Men razy däl
plazmasy bilen çalşyrýar
— bu mesihçilere bolanok.
GANY BELGILEMEK Anyklaýyş we bejergi.
Biraz möçberde gan alnyp,
derman bilen garylýar,
soňra gaýtadan syrkawyň bedenine — Men razy
guýulýar. Alnan gan bedene — Razylyk bermegim mümkin*
guýulýança birnäçe wagt — Men razy däl
geçmegi mümkin.
TROMBOSITLI GEL; Ýarany ýelmeýär,
AUTOLOGIK («ÖZ GANYŇDAN» gan akmany azaldýar.
DIÝMEGI AŇLADÝAR) Ganyň bir bölegi alnyp,
ondan trombosite we leýkosite
baý ergin alynýar.
Şol ergin bedeniň — Men razy
operasiýa edilýän ýerine — Razylyk bermegim mümkin*
ýa-da ýara çalýarlar. — Men razy däl
Bellik: Käbir ýagdaýlarda
şeýle geli taýýarlamak üçin
iri şahly mallaryň gan
lagtasy alynýar.